19:50 Sensiz günler | |
SENSIZ GÜNLER
Gussadan don geýen agras pikirleň Yzy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Kerwen günleň çep gursakda göterlen Közi ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Çykyp senli günleň ýatlamasyndan, Nädeýin, yşk ykbalymdan asylsa. Öňküsi deý aýlanyp dur pasyllar, Ýazy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Aýralygyň tygy ursa-da şine, Ne-hä garaşmak bar, ne-de bar kine. Günleriň ysgynsyz heňi bar, ýöne Sazy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Gör, henizem öňkim ýaly söýýärin, Çünki sowulmaýar söýgiň eýýamy. «Dünýäm» ýok, «Janym» ýok, Hem şol «Dünýäniň» Özi ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Birsydyrgyn däldir ýaşlygam, näme? Islesem, didämi ýaşlaýan, näme? Ýaşaýan. Ýaşajak. Ýaşaman näme? Duzy ýok diýmeseň, hiç zat üýtgänok. Agageldi ITALMAZOW. | |
|
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Hakyky şahyr / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |