11:24 Siwiilizasiýanyñ taryhyndan bir parça / satiriki hekaýa | |
SIWILIZIÝANYÑ TARYHYNDAN BIR PARÇA
Pikir edilşi ýaly, biziñ ata-babalarymyz bolan ilkinji adamlar ýolbars, gaplañ, möjek ýaly ýyrtyjy jandarlary eldekileşdirip bilmändikleri üçin olara ýanaşan däldirler öýtmäñ. Ilkinji adamlar olardan peýdalanyp bolmajakdygyny gowy bilýändikleri üçin eldekileşdirjegem bolmandyrlar. Ýogsam bolmasa adam ogly diýeniñ peýdadyr bähbidi bar ýerde jandarlara-da tälim-terbiýe berip, mumly ýüplük ýaly edýär ahyryn. Aslynda, hormatly Prezident hem gowy adam. Hormatly Prezidentiñ gowy adamlygyna söz ýok welin, onuñ ýanyndakylar erbet. Görýän welin, gowy prezidentleriñ töweregini mydama erbet kişiler gurşap alýan bolara çemli. Hormatly Prezident ýurduny söýýär. Ýurdumyz söýmez ýaly ýurtmy näme. Bu ýurdy meniñ kakamam söýýärdi. Ýurdumyzyñ çar tarapynda ýylyñ dört paslynda ýaşap bolýar. Meselem hyýardyr pyrtykaly, kädidir sogan-sarymsagy bir saçakdan tapyp bolýar. Hormatly Prezident halkynam söýýär. Halkymyz söýmez ýaly halkmy näme. Bular ýaly halky meniñ kakamam söýýärdi. Agzyna ur, al lukmasyny! Syrtyna ýelme, sypyr hyrkasyny! "Gyýk" diýmez, "hyýk" diýmez, hak diýmez, hukuk diýmez... Hormatly Prezident heleýinem söýýär. Söýmez ýaly heleými näme. Bular ýaly heleýi meniñ kakamam söýer. Howadan asylyp duran kädi ýaly gollary, paluda deý boýny, beýi ýaly göbegi bar, edil ýöne arasyna girip ýatmaly butlaryna seredi-i-ipp, iýmän-içmän ýatybermeli... Ýurt gowy, halk gowy, hormatly prezident gowy, prezidentiñ heleýi gowy (Allajan hemmesine gowluk berewersin!). Ýöne ykdysadyýetiñ ýagdaýy gowy bolup gidiberenokdy. Ykdysady ýagdaýy gowy däl bolsa, jemgyýetiñ ýagdaýy-da ýaramazlaşyberýär. Hemme mesele hem şundady: Ykdysady ýagdaýyñ gowy däldigini we jemgyýetiñ bozulyp barýandygyny hormatly prezidente haýsy demir ýürekli ýigit aýtmaga het edip bilerkä? Demir ýürekli ýigitleriñ birmahaldan bäri muzeýlik bolandygy sebäpli, muny aýtmazdan, çalajadan jytlatma ýoly arkaly duýdurmagy dogry hasapladylar. Şonuñ üçinem nobatdaky toplanşykda ýürekliräk agzalaryñ biri: - Jyt! - diýdi-de, jytlap goýberdi. Hormatly Prezident Hubert: - Kim-aý o jytlan? Maña nämäni jytlajak bolýarka? - diýip sorady. Hiç kimden ses çykmansoñam Prezident: - Jytlan kimem bolsa, eger özüni erkek hasap edýän bolsa çyksyn orta! - diýip abaý-syýasat edenden, pessaýrak bir ses eşdildi: - Hormatly Prezidentimiz, men barmagymy jyrkyldatdym. - Jyt-jyt eden bolup, maña bir zat diýjek bolduñmy? - Ýurdumyzda ykdysady ýagdaýyñ öwerlik däldigini, jemgyýetiñ hem barha bozulyp barýandygyny, şonuñ üçinem garamaýak halkyñ arasynda tolgunşyklaryñ döräp başlandygyny mälim etmek isläpdim. Hormatly Prezident dessine jaña basdy. Ol ylgaşlap gelen çaýça ýumuş buýurdy: - Bize bir-ä demini alan ajyja çaý, birem ykdysatçy getir! Hormatly Prezidentiñ ykdysadyýetden başga bilmeýän zady ýokdy. Kän wagt geçmänkä çaýçynyñ yzyna düşüp ykdysatçy hem geldi. Çaýçy gurultaýa gatnaşyjylara birlaý çaý paýlap çykdy. Hormatly Prezident ykdysatçydan näme üçin nyrhlaryñ galýandygyny, näme üçin haryt nyrhlarynyñ ýönekeý halka elýeter däldigini, ykdysady ýagdaýyñ we jemgyýetiñ barha gowşamagynyñ sebäplerini, näme sebäpli halk tolgunşyklarynyñ döreýändigini sorady. Ykdysatçy: - Hormatly Prezidentimiz - diýdi. - Ýakyn wagtda halk tolgunşyklarynyñ öñüni alarys. - Nädip aljak bolýañyz? - Hormatly Prezidentimiz, eger rugsat berseñiz men muny ylmy taýdan düşündirmäge synanşaýyn. Hormatly Prezidentiñ ýüzi kürşerdi: - Aý-waýeý, muny bize düşnükliräk görnüşde aýdyp bolmaýarmy? Adam şekilli düşündiribersene, ylym-pylym diýip durman. - Baş üstüne! Oñ ýalam aýdyp bolýa. - Aýt onda. - Mesele däl. Ykdysatçy düşündirmäge durdy: - Gadyrdan, şugünki gün ýagdaýyñ näme üçin ýaramazdygyna düşünmek üçin siwilizasiýanyñ ösüş taryhyny yzarlamak gerek. Adamzadyñ tebigaty boýun egdirip we tebigy güýçleri öz hökmi astyna alyp, öz islegine görä ulanyp başlamagy öz-özünden bolan zat däl. Meselem, adamzadyñ ýabany haýwanlary nädip eldekileşdirendigine üns berip göreliñ. Pikir edilşi ýaly, biziñ ata-babalarymyz bolan ilkinji adamlar ýolbars, gaplañ, möjek ýaly ýyrtyjy jandarlary eldekileşdirip bilmändikleri üçin olara ýanaşan däldirler öýtmäñ. Ilkinji adamlar olardan peýdalanyp bolmajakdygyny gowy bilýändikleri üçin eldekileşdirjegem bolmandyrlar. Ýogsam bolmasa adam ogly diýeniñ peýdadyr bähbidi bar ýerde jandarlara-da tälim-terbiýe berip, mumly ýüplük ýaly edýär ahyryn. Muña derek olar peýdalanyp boljak birentek ýabany haýwanlary eldekileşdiripdirler. Ýöne şol ýabany haýwanlara-da baş öwretmek añsat bolmandyr. Bu iş juda uzak wagta, birnäçe asyra çekipdir. Biziñ hemmämize iñ ýuwaş haýwan hökmünde görünýän goýundan mysal alalyñ. Iñ bärkisi goýubam eldekileşdirilýänça adama hupbat baryny berendir. Iri şahly mallaryñ, dowardyr towuklaryñ öýdekileşdirilmegi üçin ençeme asyrlap zähmet çekilipdir. Pişigi eldekileşdirmegem kyn düşüpdir. It iñ soñunda eldekileşdirilendigi üçin özüniñ bu gijä galyşyny örtmek üçin beýleki eldeki haýwanlardan adama has wepaly bolup galypdyr. Baş öwredilen ýabany haýwanlaryñ içinde iñ kyn düşeni, adamzada iñ kyn baş egeni at bolupdyr. At adama tabyn bolmajak bolup her ýola baş urupdyr. Haýwanlaryñ içinde erkinligi iñ gowy görýäni atdyr, ol haýwanlaryñ iñ mertebelisidir. Şonuñ üçin ol eldekileşdirilende, iñ köp baş galdyryp dik gaýşan haýwan boluodyr. Aty terbiýelemäge adamzat müñlerçe ýylyny sarp edipdir. Hormatly Prezident başlyklaýyn, ýygnakda oturanlaryñ kimsiniñ içi geçip, kimsiniñ ukusy tutup başlapdyr. Prezident: - Atly-eşekli gürrüñi goýup, esasy meselä geç. Näme sebäpli halkda tolgunşyklar döreýär? Näme üçin ýagdaýlar ýaramaz? Şony aýtsana bize! - diýip gygyrdy. Ykdysatçy nutugyna dowam etdi: - Atyñ eldekileşdirme prosesindenem halkyñ tolgunşyklarynyñ nädip öñüni almalydygyny öwrenip bileris, hormatly prezidentimiz. Ata-babalarymyzyñ ilkidurmyş obşinasynda ýaşaýan döwründe şeýle bir adam ýaşap geçipdir. Ol adam gowaklarda ýaşaýan adamlaryñ jadygöýi, tansçysy, palçysy, aýdymçysy, öñdengörüjisi, aý garaz, hemme zadydy, danasydy. Bu dana ynsan adamlaryñ ýüküni daşamak, üstüne münüp gitjek ýeriñe çalt gitmek, awda, uruşda we başga birnäçe işlerde ulanmak maksady bilen haýwanlaryñ iñ mertebelesi we erkinligi halaýany bolan aty eldekileşdirmegi niýetine düwdi. Haýwanlaryñ içinde atyñ deregini tutup biljegi ýokdy. Eşegiñ at ýaly ýüwrükligi ýokdy. Gäwmişiñem berkligi atyñkyça ýokdy. Özem atyñ eti iýlip, süýdü-de içilýärdi. Dana adam keýik buýnuzyndan edilen börügini geýip golaý-goltumdaky gowaklarda ýaşaýanlary ýygnanşyk geçirilýän ýere toplapdyr. Dana kişi adamlardan bir urkaçy we bir erkek bolan iki sany at tutup bermeklerini haýyş edipdir. Ol atlary nähili tutmalydygyny-da salgy beripdir. Ýumşak we uzyn-uzyn şahalardan, berk ýapraklardan uzyn halatlar, ýüpler we torlar ördüler. Soñra atyñ ugruna çykdylar. Olar ýabany atlaryñ ýaşaýan daglaryny, tokaýlary çar tarapdan gabapdyrlar. Gabaw halkasyny barha daraldyp atlara ýakynlaşypdyr. Bu gabaw birnäçe gije-gündize çekipdir. Ýabany atlar bilen gadymy ata-babalarymyzyñ arasynda aldym-berdimli garpyşyk başlanypdyr. Haýwanlaryñ iñ mertebelisi bolan at mertebesini goramak üçin hiç haýwanyñ üstüne topulmazdy, bela-beterden gaçardy. Onuñ özüni goramasy diñe gaçmakdy. Ol özüne topulan adamlardanam gaçýardy. Gaçan gaçdyda halas bolan boldy. Emma taýçanakly bir baýtal taýçanagyny goýup gaçmady, ýaby bolsa baýtalyny göýup gitmedi. Adamlar taýçanagy bilen galan baýtaldyr aýgyryñ daşyny gurşap alypdyrlar we halkany barha daraldypdyrlar. Aýgyr garaýagyz tenli we ak ýally bolupdyr. Dor baýtalyñ bolsa bir aýagy sekillimişin. Taýçanak üstüne atylan demiri üzüp taşlapdyr. Ata-babalarymyz kementlerini atlaryñ üstüne oklapdyrlar. Taýçanagyñ üstüne abanan howpy gören baýtal şeýle bir kişñäpdir welin, adamlar baýtalyñ sesinden gorkunjyna ýürekleri agzyna gelipdir. Olar hernäçe ýabany durmuşda ýaşasalaram, barybir adam ahyryn. Sagrysyna, ýelesine Günüñ şöhlesi düşüp ýalpyldap duran dor baýtal adam halkasynyñ daralyp barýanyny görüp kementleriñ ortasyna düşjegini duýdy we ýer-gögi lerzana saljak derejede kişñäp iki aýagynyñ üstüne galdy. Soñra bir gapdala towsup özüni gabap duranlaryñ üstünden bökdi. Onuñ zarbyna birnäçe adam agdarylyp gitdi. Garaýagyz aýgyr bolsa bir eýläk, bir beýläk çapyp kişñedi, agzyndan ak köpük saçdy. Soñra bäş-on sany adamy depgiläp gabaw halkasyny böwüsdi. Gabawda diñe taýçanak galypdy. Baýtal taýçanagynyñ ele düşjegini bilip uzaga gidip bilmedi, ol adamlaryñ golaýynda ýer peşäp duruberdi. Kim özüni tutmak üçin öñünde golaýlaşsa, ebeteýine geleni gapdy, yzyndan geleni depdi. Adamlar ýüplerdir torlar, kementler bilen taýçanagy elin tutdular. Yzyndanam aýgyryñ we baýtalyñ ugruna düşdüler. Baýtal we aýgyr ýallaryny ýele ykjadyp gaýadan gaýa, depeden depä gaçmak gaçdylar. Garañky gatlyşansoñam tokaýa siñdiler. Olar yzlaryny ýitirip adamlardan gaçybam bilýärdiler. Ýöne baýtal taýçanagyny goýup uzaklara gidesi gelmedi. Ertesi güni dañ atyp atmanka tokaýy gabap alan adamlar aldym-berdimli garpyşykdan soñ kement atyp, tor gurup, ýüp tutup baýtaly-da, aýgyry-da ele saldylar. Garpyşyk diýseñ gandöküşikli bolup geçdi. Atlary ele salýança adamlaryñ otuzy öldi, ellä golaýy bolsa ýaralandy. Ýöne hemişe bolşy ýaly ýeñiş bu gezegem adamyñ tarapyndady. Olar bar ýerinden baglanan aýgyry, baýtaly we taýçanagy idenekläp gowaga äkidipdirler. Adamlar dana kişiniñ ýolbaşçylygynda şol gije daña çenli atlaryñ daşynda aýdym aýdyp tans edipdirler, ýüz-gözlerine, tenlerine ot-çöpdür gum sürtüp bolubilenlerini bolupdyrlar. Hormatly Prezident Hubert bilen ýygnaga gatnaşýanlar hekaýatyñ gyzykly ýerine gelende tolgunýardylar. Ykdysatçy bolsa gürrüñini dowam etdirdi: - Baýtaly, aýgyry we taýçanagy eldekileşsdirmek üçin dana kişi näme diýse etdiler, ýöne peýdasy bolmady. Şonuñ üçin adamlar beýleki ýabany we iñ ýyrtyjy haýwanlary eldekileşdirende ulanan ähli emellerini ulandylar. Barybir oñarmadylar. Nätselerem, atlary boýun egdirip bilmediler. Atlaryñ buýsançly başy mydama ýokardady, gulaklary mydama dikdi, ýallary mydama seçelenip durdy. Baş egenoklardy. Hormatly Prezident Hubert hekaýatyñ içine şeýle bir çümüpdi welin, munuñ näme üçin gürrüñ berilýändigini, ara alyp maslahatlaşýan ykdysasy ýagdaýyñ ýaramazlygyny hem unudypdy. Bir owurt suw içip bokurdagyhy öllän ykdysatçy bolsa gürrüñini dowam etdi: - Haýwanlaryñ iñ mertebelisi bolan atlar şunça tälime garamazdan baş egmedik ýagdaýynda adam mertebesiniñ pese düşjekdigini ýatladan dana kişi eýdip-beýdip atlaryy boýun egdirmegiñ gerekdigini aýtdy. Adamlar atlaryñ buýsanjyny ýok etmek üçin iñ sonky çykalga ýüz urdular. Dana kişi şeý diýdi: "Iýmini, suwuny kemeldiñ. Her gün öñküsinden az ot-suw beriñ. Muny tä olaryñ dik başlary egilýänçä, buýsançlary döwülip, täze şertlere uýgunlaşýançalar dowam etdiriñ". Jadygöý, aýdymçy, gowak diwarlarynyñ suratçysy, palçy we bilgiç bolan Dana kişiniñ aýdanyny gylyny gymşatman berjaý etdiler. Aýaklaryndan, boýnundan dañylgy duran atlara berilýän ot-suwy günde biraz kemeldipdir. Erkinligiñ aşygy bolan ýabany atlar birnäçe gezek ýüpüni üzenem bolsalar, gaýtadan has berk ýüpler bilen mäkäm saraldylar. Olaryñ üçüsi-de açlyga, suwsuzlyga garşy mertlik bilen döz gelýärdiler. Ýöne gynansak-da, taýçanak görgüli baýtaldyr aýgyr ýaly soñuna çenli çydap bilmedi. Başam egmedi. Ol dik başlylygyny şirin jany bilen ödäp öldi. Baýtaldyr aýgyr bolsa çydamlylyk görkezmäge dowam etdiler. Çala gymyldasalaram, Dana kişi olary her gezekde sanyny artdyryp gamçylatdy. Taýakdan we aç-suwsuzlukdan ýaña atlar çöküp galypdy. Birwagtky otlukly gözler buz ýaly sowap galypdy. Seçelenip duran tüýleri ilki durkuny ýitirdi, soñ döküldi. Gapyrga süñkleri biri-biriniñ içinden geçdi. Guýrugynyñ gyllary döküldi, ýallary bürüşip galdy. Göräýmäge iññäniñ gözünden ötüräýmeli bolan boýunlaryny gymyldadyp kişñäýjek ýaly bolsa-da, olaryñ arkasyndaky gamçy yzlary syzlaşyp, mejaldan gaçyrýärdi. Dalaw-dalaw bolan gamçy yzlarynyñ ýaralaryndan gan sarkýardy. Gamçylanma, açlyga, suwsuzlyga ilkinji baş egen baýtal boldy. Baş egen badyna-da iými artdyryldy, gamçylanmadan halas boldy. Ýöne aýgyr henizem boýun sunanokdy. Ol aç-suwsuzlyga, gamçylanma döz gelip, käte bir zordan diýen ýaly kişñäp goýberýärdi. Şonuñ üçin Dana kişi aýgyryñ bütinleý mertebesini ýok etmek ûçin erkekliginden mahrum edilip biçilmegini, hem muny baýtalyñ gözüniñ öñünde edilmegini talap etdi. Baýtalyñ gözüniñ öñünde aýgyryñ haýalaryndan ýumurtgalaryny söküp aýyrdylar. Bu masgaraçylykly çäre aýgyryñ bar buýsanjynyñ soñuna nokat goýdy, şeýdibem ol adamyñ gullugyna durdy. Dana kişi: - Indi boldy, atyñ mertebesini ýokladyk, adamyñ mertebesini-de halas etdik. Ýeñiş adam nesliniñ tarapynda! Indi münüñ ata, çapyñ. Ýüküñiz bolsa ýükläñ arkasyna. Sagyp süýdüni içiñ. Atlanyp awa gidiñ. At münüp duşmanlaryñyzy kowalañ ýa-da olardan gaçyp janyñyzy halas ediñ - diýdi. Agzyny jylawladylar welin, at janawar boýun boldy duruberdi. Ykdysatçy azajyk säginip, ilki hormatly prezident Huwertiñ, soñra beýleki oturanlaryñ ýüzüne seredip çykdy. Soñra her sözüne agram berip şeýle diýdi: - Dogry düşündirip bildimmi? Meñ näme diýjek bolýanyma düşündiñiz dämi, hormatly prezidentimiz? Hormatly Prezident we beýleki oturanlar "Düşnükli" diýen manyda ýüzlerini aşak salladylar. Hormatly Prezident: - Ýerlikli çykyşyñ üçin minnetdarlygymy bildirýärin - diýdi. Hemme zat ara alnyp maslahatlaşylandan soñ, dessine şo ýerde; ýedi göterimden ýigrimi göterime çenli tölegleriñ nyrhynyñ galdyrylmagy we Jenaýat kodeksindäki käbir maddalarda görkezilen etmişlere berilýän jezalaryñ agyrlaşdyrylmagy makul bilindi. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. # Çeşme: "Gerçeğin Masalı". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |