18:08 Soltan Süleýman Kanuny | |
SOLTAN SÜLEÝMAN KANUNY
Taryhy şahslar
• Osman türkmenleriniň soltany Süleýman Kanuny hakynda Kanunlar — döwletiň aýrylmaz bölegi. Jemgyýetde asudalygy, düzgün-tertibi üpjün edýän kanunlar, döwletiň goragynda durýan goşun, kanunlaryň bozulmagyna garşy göreşmek üçin kazyýet ulgamy bolmasa, döwleti dokuzy düzüw, bitewi görnüşde göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyzdan miras galan döwlet dolandyryş dessurymyza ser salanymyzda, türkmen hökümdarlarynyň elmydama adalata gol ýapmak, kanunlaryň rüstemligini gazanmak syýasatyny ýöredendigine göz ýetirýäris. Döwletde ýönekeý raýatlardan başlap, soltana çenli kanunlara boýun egip ýaşamagyny gazanyp bilen, hut şonuň üçin hem «Kanuny» lakamyny alan, özüniň kanunlar ýygyndysy arkaly tutuş dünýä meşhur bolan Osman türkmenleriniň soltany Süleýman Kanunynyň hökümdarlygy hem türkmenleriň eýýäm orta asyrlarda hukuk döwletini gurandygyna şaýatlyk edýär. Osman taryhy çeşmelerinde «Gazy» we «Kanuny», Ýewropa çeşmelerinde bolsa «Ajaýyp», «Beýik» lakamlary bilen meşhur bolan Süleýman I (1494 — 1566 ý.) Osman türkmenleriniň döwletiniň 10-njy soltanydyr (hökümdarlyk ýyllary 1520 — 1566 ý.) Ol Selim I-niň Hafsa soltan atly aýalyndan bolan ogludyr. 26 ýaşynda soltanlyk tagtyna geçýänçä, Şebingarahisar, Bolu, Kafa, Saryhan sanjaklarynyň begi bolupdyr. Süleýmanyň tagta çykmagyndan birnäçe hepde soň, Stambula gelen wenesiýaly ilçi Bartolomeo Kontarini ony şeýle häsiýetlendiripdir: «Onuň 26 ýaşy bardy, boýy uzyndy, berdaşlydy, ýüz keşbi mylakatlydy. Boýny birneme uzynrakdy, ýüzi näzikdi, bürgüt burunlydy. Reňki solgunrak bolsa-da, owadan ýüz keşbi bardy. Onuň okamagy, öwrenmegi halaýan parasatly hökümdardygyny, ähli adamlaryň onuň ýurdy oňat dolandyrjagyna ynanýandyklaryny aýdýarlar». Süleýman I Osman türkmenleriniň döwletiniň çäklerini has giňelden soltandyr. Onuň hut özi 13 sany harby ýörişe gatnaşyp, şolaryň 10-synyň Ýewropanyň çäklerinde bolmagy Osman döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugrunyň nirä gönükdirilendigini aýdyň görkezýär. 27 ýaşynda (1521 ý.) Wengriýany, 28-29 ýaşynda (1522 — 1523 ý.) Rodos adasyny eýeläpdir. Rodos adasy we töweregindäki 12 ada türkmenleriň eline geçipdir. Rodosdaky 214 ýyllap dowam eden haçparaz döwleti ýykylypdyr. Süleýman Rodosyň we töweregindäki adalaryň halkyny 5 ýyl salgytdan boşadypdyr, olara bu ýerde galmaga ýa-da gitmäge erkinlik beripdir. 32 ýaşynda (1526 ý.) Budapeştiň 170 km günortasyndaky Mohaç obasyndaky ýeňşi Süleýman Kanunynyň Ýewropada gazanan ajaýyp ýeňişleriniň biridir. Süleýman Kanuny Mohaç söweşinde dünýä harby sungatynda topuň, ýewropalylaryň oýlaýşy ýaly, diňe bir galalary goramakda ulanylýan ot açyjy serişde däl-de, eýsem, onuň meýdan söweşlerinde hem hüjüm ediji ýaragdygyny subut edipdir. Mohaç ýeňşinde Baly beg ýaly ençeme türkmen serkerdeleri harby ussatlygyň ajaýyp nusgasyny dünýä görkezipdir. Mohaç ýeňşini Süleýmanyň Buda şäherini eýelemegi dowam etdi (1526 ý.). 35 ýaşynda (1529 ý.) Awstriýa guran sapary şowsuz tamamlanypdyr. Wenany eýeläp bilmedik Osman türkmenleriniň goşuny yza dolanypdyr. Esasy maksadyna ýetip bilmedigine garamazdan, Osman türkmen goşuny Ýewropanyň has jümmüşine ýörişler edipdir. Bu ýörişde ilkinji we iň soňky gezek Osman türkmen esgerleri Reýn derýasynyň boýuna çykmagy başarypdyrlar. 38 ýaşynda (1532 ý.) Germaniýa ýöriş gurap, german imperatory bilen baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, Wengriýa ikä bölünip, bir bölegi Germaniýanyň, beýlekisi bolsa Osman türkmen döwletiniň tabynlygyna geçipdir. 43 ýaşynda (1537 ý.) Italiýa ýörişiniň netijesinde Korf adasyny eýeläpdir. Emma Wenesiýa Respublikasy bilen ylalaşyk baglaşylansoň, yzyna çekilipdir. 44 ýaşynda (1538 ý.) Moldawiýa (Bogdan) ýörişiniň netijesinde Prut we Dnestr derýalarynyň aralygyndaky ýerleri Osman türkmenleriniň döwletine tabyn edipdir. 46 ýaşynda (1540 ý.) Wenesiýa bilen ýaraşyk şertnamasyna gol çekip, oňa görä Wenesiýa Osman türkmenlerine 300 müň dukat öwez tölegini tölemäge, Neapol güzerini we beýleki möhüm ýerleri bermäge borçlanypdyr. Süleýman Kanunynyň 40-41 ýaşynda Sefewilere garşy ýörişinde Yrak Osman türkmenlerine doly tabyn edilipdir. Töwriz gaýtadan eýelenipdir. «Nahçywan ýörişi» adyny alan soňky ýörişiň netijesinde Osman we Sefewi döwletleriniň arasynda Amasyýa şertnamasyna gol çekilipdir (1555 ý.). Töwriz merkez bolmak şerti bilen Häzirbegjan, Gündogar Anadoly, Yragy-Arap Osman türkmen döwletiniň golastyna geçipdir. Süleýman Kanunynyň hökümdarlygy Osman türkmenleriniň döwletiniň iň bir gülläp ösen döwrüne gabat gelýär. Bu döwürde Osman döwleti Germaniýa we Russiýa imperiýalaryndan, Polşa korollygyndan, Wenesiýa Respublikasyndan salgyt alypdyr. Osman imperiýasy Ýewropada çetleşdirilen Fransiýa korollygyny öz hemaýatyna alypdyr. Kanunynyň döwründe tutuş Ýewropa Osman döwleti bilen aýratyn gyzyklanypdyr. Kanunynyň 35 ýaşynda mahaly, ýagny diňe 1529-njy ýylda Ýewropada Osman döwletine degişli 56 sany kitabyň neşir edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Süleýman Kanuny öz döwrüniň hökümdarlarynyň arasynda Günbatarda-da, Gündogarda-da uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Oňa günbatarly awtorlaryň soltana beren bahalary-da güwä geçýär. S.N.Fişer ol barada şeýle ýazýar: «Döwrüniň hiç bir hökümdary hem, Ýowuz Selimiň ýeke-täk mirasdüşeri Kanuny Süleýman ýaly oňat bilim alyp, uly döwleti edara edip biljek şekilde ýetişmändir». Süleýman Kanuny Osman türkmenleriniň döwletini hukuk döwletine öwürmek barada uly aladalar edipdir. Süleýman Kanunynyň emri bilen onuň kanunlarynyň ýygyndysy «Kanun-nameýi a:li Osman» ady bilen neşir edilipdir. Iňlis koroly Genri VII-niň bu döwletiň hukuk, kanunçylyk işlerini öwrenmek üçin ýörite topar ýollap, bu oňyn tejribäni öz ýurdunda giňden ulanmagy ýöne ýere däldir. Süleýman kanunlar ýygyndysyny taýýarlamagy Halapdan bolan çuň bilimli kazy Ybraýyma tabşyrypdyr. Göwrümi boýunça uly bolan bu kanunlar ýygyndysy XX asyryň kanunçylyk özgertmelerine çenli hereket edipdir. Osman döwletine tabynlykdaky Müsüri dolandyrmak üçin onuň baş kanuny (konstitusiýa) hasaplanýan täze kanunçylyk toplumy işlenip düzülipdir. Beýleki musulman döwletlerinde dünýewi kanunçylygyň entek ýok mahaly, onuň ýerine şerigatyň hereket edýän wagty Süleýman Kanunynyň döwründe döwletiň her bir etraby üçin kanunnamalar, ýagny kanunlaryň ýygyndysy düzülipdir. Döwletiň ähli ýerleri üçin umumy kanunlaryň ýygyndysy bolsa döwletiň ähli kazylaryna (musulman kanunçylygyna seredýän adamlar) iberilipdir. Dürli dini ynançdaky, medeniýetdäki we jemgyýetçilik-ykdysady däplerdäki halklary öz içine alýan ägirt uly döwleti dolandyrmak üçin şol halklaryň aýratynlygyny göz öňünde tutmalydy. Süleýman öz özgertmeleri bilen täze hukuk gurluşyny döretmekçi bolmandyr — ol täze şertlere hem-de çäkleri giňelen döwletiň talabyna laýyklykda, öňki kanunlary döwrebaplaşdyrypdyr. Şol bir wagtyň özünde çylşyrymly adat hukugy ulgamyny we hukuk tejribesini sadalaşdyrypdyr we anyklaşdyrypdyr. Ol öz kanunçylyk özgertmesinde iki zada — döwlet dolandyryş edaralaryna (sekulýar we ýerine ýetiriji edaralar) we musulman edaralaryna (dini we kanun çykaryjy guramalara) daýanypdyr. L.Kinross Süleýmanyň döwründe döwlet gullukçylarynyň köpüsiniň hristian gelip çykyşly ýaşlaryň arasyndan taýýarlanylandygyny, olaryň soltana: «Men Beýik Jenabyň guludyryn» diýip ýüzlenmegi özlerine bagt bilendigini ýazýar. Munuň özi Süleýmanyň döwlet dolandyryşynda onuň çäklerinde ýaşaýan dürli dini ynançdaky beýleki milletleriň wekilleriniň başarnygyndan hem ýerlikli peýdalanandygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde, döwlet gullukçylarynyň esasy bölegi — kazylar, dini ulamalar, müderrisler diňe musulmanlaryň arasyndan taýýarlanypdyr. Olar yslamyň mukaddes kanunlaryny goraýjylar we ata-babalardan gelýän däp-dessurlary saklaýjylar bolupdyr. Döwletiň esasy sütüniniň adalata daýanmalydygyna ynanan Süleýman ýönekeý raýatlardan başlap, ähli döwlet gullukçylarynyň kanuna gulluk etmegini gazanmak isläpdir. Döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek üçin gullukçylaryň dogry saýlanyp alynmagy barada aladalanypdyr. Döwlet gullukçylaryndan döwlete wepaly gulluk etmegi, adalatly bolmagy, para almazlygy talap edipdir. Wezipä bellemezinden öň olaryň başarnygyna we ukybyna magat göz ýetiripdir. Şonuň üçin hiç kim soltana tanyşlyk arkaly wezipä adam hödürlemekden çekinipdir. Kanuny salykatly, berk erkli adam bolupdyr. Hiç bir meselede-de gyssanmaçlyk etmändir, belli bir karara gelmezden öňürti ol barada oýlanyp, ölçerip-döküp, töweregindäki wezirleri bilen maslahatlaşyp, soň netijä gelipdir. Şondan soň gelen kararyndan hiç wagt ýüz öwürmändir. Şol sebäpli hökümet agzalary hem karara gelmezden öň ol barada kelle döwmäge mejbur bolupdyrlar. Süleýman Kanuny öz bähbidini döwletiň bähbidinden ileri tutan adamlary, eger ol iň ýakyn, gowy görýän adamlary bolsa-da, sylap goýmandyr. Döwletiň abraýyna zeper ýetirjek hiç bir zada rugsat bermändir. Muny öz töweregindäkilerden hem berk talap edipdir. Süleýman Kanuny günäsiz ýere hiç kime jeza berilmegine ýol bermändir. Onuň döwründe günäsi subut edilmedik hiç bir gullukçy wezipesinden boşadylmandyr. Bir gezek wezipesinden boşadylan adam gaýdyp döwlet gullugyna alynmandyr. Kanunynyň döwründe köşk halk üçin elmydama açyk bolup, halk öz derdini soltana ýetirip bilipdir. Süleýmana «Kanuny» lakamynyň berilmegi onuň kanunlary kabul etmeginde dälde, kanunlaryň rüstemligini gazanmagynda hem-de raýatlaryna kanunlar boýunça ýaşamak endigini gazandyryp bilendigindedir. Waşingtonda ABŞ-nyň Kongresiniň galereýasynyň öňünde Süleýman Kanunynyň heýkeliniň goýulmagynyň özem kanunlarynyň rüstemligini gazanan bu türkmen hökümdaryna tutuş dünýäniň goýýan hormatyndan nyşandyr. Süleýman Kanunynyň döwründe Osman türkmenleriniň döwletiniň dolandyryş ulgamy doly resmileşdirilipdir. Onuň döwründe ägirt uly döwleti merkezden dolandyrmagy ýeňilleşdirmek üçin her bir welaýatyň ýerli aýratynlyklary göz öňünde tutulypdyr. Merkeze gönüden-göni tabyn bolan welaýatlar käbir içerki dolandyryş aýratynlyklary bilen tapawutlanypdyr: olar her ýyl merkezi gazna salgyt töläpdirler, öz çäklerinde ýanyçar goşunyny (täze nusgadaky goşun) saklap, döwletiň alyp baran ýörişlerine gatnaşypdyrlar. Käbir aýratyn hukukly welaýatlar bolsa öz üstünden soltanyň ýokary häkimiýetini ykrar etmek şerti bilen doly özbaşdaklygyny saklapdyrlar. Döwlet gurluşy, salgyt ulgamy we ýere eýeçilik etmegiň we ondan peýdalanmagyň düzgünleri doly düzgünleşdirilipdir. Süleýman ýer eýeçiligini hem düzgünleşdiripdir. Täze kanunçylyga laýyklykda, welaýat häkimlerine diňe harby gulluk üçin berilýän kiçeňräk mülkleri — «timar ýerlerini» paýlamaga rugsat berlipdir. «Kanunnama» döwletiň çäklerindäki hristian ilatynyň hukuklaryny we borçlaryny hem kesgitläpdir. «Raýat kodeksi» diýlip atlandyrylan bu kanuna görä, hristian ilaty sypaýylara, ýagny harbylara paýlanyp berlen ýerlerde zähmet borçlaryny ýerine ýetirmeli bolupdyr. Olardan jan başyna salgyt we önümiň ondan biri möçberinde salgyt alnypdyr. Zähmet borçlaryny ýerine ýetirýän hem-de salgydyny töleýän daýhanlar şahsy taýdan doly erkin bolupdyr. Orta asyr Ýewropasynda daýhanlaryň ýeriň eýesine, ýagny feodala «Krepostnoýçylyk hukugy» arkaly şahsy taýdan berkidilen hem-de kemsidilmelere we ten jezasyna sezewar edilýän zamanasynda Osman türkmenleri ýer eýeçiligi babatda iň ynsanperwer syýasaty ýöredipdirler. Osman döwletiniň tabynlygyndaky daýhanlaryň erkinligini görüp, köp hristian döwletlerindäki daýhanlar gaçyp, bu döwletiň tabynlygyna geçipdirler. Bu barada döwürdeş hristian awtorlaryň biri şeýle ýazypdyr: «Men öz öýlerini ýakyp, aýalyny, çagalaryny we iş gurallaryny alyp, Osman döwletiniň mülklerine gaçyp geçen wenger daýhanlarynyň ençemesini gördüm. Täze baran ýerinde hasylyň ondan birini tölänsoň, olar başga salgyt tölemändir we hiç bir zuluma sezewar edilmändir». Bu ýagdaýyň özi Osman türkmenleriniň döwletinde hiç hili dini kemsitmeleriň ýa-da Günbatar çeşmeleriniň käbirinde nygtalýan «türk zulumynyň» bolmandygyny görkezýär. Süleýman Kanuny jenaýat kanunçylygyny hem düzgünleşdiripdir, has takygy, ony ynsanperwerleşdiripdir. Her bir jenaýat üçin bellenen jerimeler ulgamy öňki ten jezalaryny çalyşmaga gönükdirilipdir. Ölüm jezasy azaldylypdyr. Ýalan görkezme bermek, resminamalaryň galplaşdyrylmagy, galp pullary ýasamak ýaly etmişler üçin sag eliň bognundan çapmak jezasy welin, saklanyp galypdyr. Täze kanunçylyk söwdany we önümçiligi höweslendirmek babatda hem birnäçe özgerdişleri girizipdir. Salgyt ulgamy kämilleşdirilipdir. Karz bermegiň iň ýokary göterimi 11 göterim diýlip kesgitlenipdir. Döwlete hyýanat eden ýokary wezipeli adamlaryň emlägi we toplan baýlygy döwletiň haýryna geçirilipdir. Harby ýörişleriň netijesinde alnan olja, tabyn hristian döwletleriniň töleýän salgytlary döwlet hazynasyny baýlaşdyrypdyr. Süleýman döwlet häkimiýetini has-da berkidipdir. Häkimiýetiň dürli şahalarynyň ygtyýarlyklary anyk kesgitlenilipdir. Soltan döwletiň baş ymamynyň, ýagny şyhulyslamyň ygtyýarlyklaryny we ýeňilliklerini giňeldipdir. Onuň hukuklary weziriňki bilen deňleşdirilipdir. Bu bolsa döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalarynyň arasyndaky deňagramlylyga getiripdir. Dini ulamalar salgytdan boşadylypdyr, olaryň emlägi döwlet haýryna geçirilmändir. Süleýman Kanunynyň özgerdişleri bilim ulgamyny hem öz içine alypdyr. Mekdepler medreseleriň ýanynda bolup, olar dini guramalaryň gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilipdir. Mekdebi gutaran çagalar okuwyny medreselerde dowam etdiripdirler. Soltanyň hemaýaty bilen birnäçe mekdepler we medreseler açylypdyr. Iňlis awtory L.Kinrossyň sözlerine görä, Süleýman Kanuny Gündogar dünýäsiniň mukaddes beýikligini Günbataryň korollyk zynaty bilen ajaýyp utgaşdyryp, Stambuly binagärlik babatda XVI asyryň gülläp ösýän siwilizasiýasynyň iň bir ajaýyp şäherine öwürmäge synanyşypdyr. Onuň öz ady bilen baglanyşykly Stambuldaky Süleýmaniýe metjidi Süleýman I-niň Mimar Sinana gurdurdan ajaýyp binasydyr. Kakasy Selimiň, ogullary Mämmediň we Jahangiriň hormatyna metjitler gurdurypdyr. Edirnegapy we Üsküdar metjitlerini gyzy Mährimahyň hormatyna saldyrypdyr. Süleýmanyň aýaly Hürrem soltanyň (Roksolananyň) hormatyna gurduran Haseki Soltan metjidi, medresesi we hassahanasy Stambula aýratyn görk beripdir. Süleýman Kanuny döwlet işlerinden daşgary şygryýet bilen hem meşgullanypdyr. Süleýman Kanunynyň döwlet dolandyrylyşynda haýsy ýörelgelerden ugur alandygyna onuň aşaky setirlerem güwä geçýär: Dolandyrjak bolsaň sen, goşun gerek döwlete, Goşuny saklamaga bolsa baýlygyň hökman. Döwletiň baý bolmaga raýatyň baý bolmaly, Halky baýat adalat ýolundan hiç wagt çykman. Ýetmese eger biri, ýykylar olaryň bary. Her bir işinde adalaty ýokarda goýan Süleýman Kanunynyň döwlet dolandyryş tejribesi türkmen hökümdarlarynyň baryp orta asyrlarda bu günki siwilizlenen dünýäniň gurmak isleýän hukuk döwletini döretmäge synanyşandygyny, munuň bolsa olara başardandygyna güwä geçýär. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |