11:35 Söýgi kalba dolanda / hekaýa | |
SÖÝGI KALBA DOLANDA
Hekaýalar
Özümi bilip ugranymdan dutaryň gümmürdili owazyna imrinip başlanym ýadymda. Deň-duşlarym başga halklaryň aýdymlaryna höwesekdi. Men weli, dutaryň owazynyň, halk mukamlarynyň ölemenidim. Radioda mukam ýaňlanyp başladygy, men onuň ýanynda dikilgazyga dönerdim. Ejemiň buýran ýumuşlary-da tä saz gutarýança, maňa garaşmalydy. Ilki-ilkiler ejem maňa gatyrganardy. Galan işleri özi edişdirerdi. Şonda men ejeme sazyň gudratyny, onuň kalbyňa guýýan şirinligini düşündirjek bolýardym. Ýöne öz ýüregimdäki joşguny, onuň özboluşly ýakymyny söz bilen beýan etmek maňa aňsat düşenokdy. Şeýle ýagdaýda men ejemiň ellerini mähir bilen öperdim-de, özümi bagyşlamagyny sorardym. Ene ýüregi-dä. Derrew ýazylardy. Menem gaýdyp ony käýindirmezlige çalyşardym. Şonda ejem ýuwaşjadan: – Gyzym, sazy gowy görşüňe, oňa maýyllygyňa düşünýän. Babaň pahyr dutar çalardy. Men heniz aga-gara düşünmänkäm, dutaryň sazlarynyň şirinligine göz ýetiripdim. Sazy, onda-da mukamlary menem gowy görýän. Ejem pahyr bolsa “Gyzy goýberseň, tamdyraça gider” diýip, meniň saza ýykgyn edýänimi halamazdy. Sazy söýmek, oňa kalbyň bilen berilmek, aňrymyzda bar. Şonuň üçinem saz ugrundan okanyňy, şol umman ýaly şirinlige aralaşanlygyňy kem göremokdym. Ýöne ykbaldyr-da, sen başga käri saýladyň. Kesbiňden kemal tapmak üçin edil mukamlary söýüşiň ýaly söýmelidir ony. Şonda yhlasyň ýerine düşer – diýerdi. Men käbäm ejemiň her gezek gaýtalap-gaýtalap aýdýanlaryny ýat tutupdym. Onuň ynamyny ödemäge çalyşýardym. Ýogsa-da, ejem ikijigimiz edil jora ýalydyk. Birek-birekden syr saklamzokdyk. Belki, bu kakamyň has ir öz dünýäsini täzelänligi üçindir. Belki-de, ejem ikimiziňem türkmeniň şirin mukamlarynyň muşdagylygymyzdandyr. Onçasyny biljek däl. Ýokary hünär edinip, işläp başlanyma-da birki ýyl bolupdy. Şol gün joralarym bilen şähere gezelenje çykdyk. Bahar pasly bolansoň, gyzyl-ala bolup oturan güller, ýaňy ýaprak çykaran baglar göze, göwne rahatlyk eçilýärdi. Gün-günden gözel görke gelýän şäherimiziň owadanlygyny diýsene! Haýsy ýere seretseň, saz-söhbet, gül – gunça, suw çüwdürimleri. Biz ýuwaşjadan ädimläp bu gözelligi synlap barşymyza Garaşsyzlyk seýilgägine ýetenimizem duýmandyrys. Gyrymsy agaçlaryň, owadan gülleriň arasyndan dutaryň şirin owazy çalajadan eşidilip ugrady. Biz iki jora bolup, biri-birimize seretdik-de, ýuwaşjadan şol tarapa ýöneldik. Daş-töweregini mahmal bägüller bürän oturgyçda bir ýigit başyny galdyrman, saz çalýardy. Biz esli salymlap, onuň ýanyna barmaga, ajaýyp sazlaryň arasyny käsmäge milt edip bilmän, ýaýdanyp durdyk. Mukamlar weli, yzly-yzyna ýaňlanýardy. Ine, “Goňurbaş mukamy” gümmürdäp başlady. Göýä töwerek-daşymyzdaky güller şol ajap mukama baş goşýan ýaly adaja öwüsýän şemala ygşyldaşýardylar. Gümmürdäp çykýan saz türkmen sährasynyň, onuň gözel ýaýlalarynyň owazyny äleme ýaýamak isleýän ýalydy. Şirinden-şirin saýraýardy. Ýigit bolsa, göýä dutara dil bitirmek isleýän ýaly, başyny galdyrman çalýardy. “Awçy mukamy”, “Maýagözel”, “Söýli halan”, “ Aýralyk mukamy”, “Şadilli”, “Gyrmyzy...” yzly-yzyna gidip otyrdy. Şeýdip, şol sazlara maýyl bolup näçe duranymyzam unudypdyrys. Ýigit başyny galdyryp, dutaryny gapdala goýdy. Bizem iki gyz bolup, onuň ýanyna bardyk. Ol bizi göreninden zöwwe galdy. – Salam, gyzlar! – Salam, salam. Ikimiz iki ýerden ýigide ýüzlendik. – Saz-a gowy çalýan ekeniňiz. Diňläp hezil etdik. Ýigit boz-ýaz boldy. – Nätdiiňiz-aý, gyzlar muny. Siz haçandan bäri diňläp dursyňyz? Biz ony utandyrmazlyk üçin gümmi-sümmä urduk. – Ýok-la, ýaňyrak geldik. Sazyňyzy bölmäge dözmän, azajyk garaşdyk. – Aý, men entek öwrenje. Ýaňy çalyp başladym. Men saklanyp bilmedim: – Öwrenjä meňzänok çalyşyňyz. Dutara gaty ezber ýapyşýaňyz. Ýigit bilesigelijilik bilen gözüni oýnatdy. – Siziň sazdan başyňyz çykýan ýaly-la, ýa sizem sazandamy? – Ýok, sazanda däl, ýöne sazyň muşdagy. Ýigit gülümsiredi. – Diňe sazyňmy? – Hawa, diňe sazyň. – Onda saz çalybermeli-dä... – Hawa, siz çalyp ýadamasaňyz, biz diňläp ýadamarys. Ýigit gapdala goýan dutaryny eline aldy-da, mylaýym ses bilen. – Diňläň onda – diýdi. Indi biz ýigidiň edil alkymynda oturyp saz diňleýärdik. Men henize çenli sazandanyň edil gapdalynda oturyp saz diňlemändim. Şonuň üçinem onuň üýtgeşik ýakymyny ýeterlik duýmaýan ekenim. Indi men edil örklenen ýalydym. Bu ýerden, bu lezzetden aýrylasym gelenokdy. Şuş-şu pursat men ýigidiň gujagyna dolasym, onuň ellerinden ogşasym gelip, ýüregim böküp durdy. Men öz duýgularyma zordan erk edip oturşyma şu pursatyň hiç haçan soňlanmazlygyny isleýärdim. Ýöne hemme zadyň soňy bar. Ine, sazam gutardy. Ýigit bize ýüzlendi: – Gyzlar, şu günlükçe bes edäýsek, nähili borka? Bize razylaşmakdan başga alaç ýokdy. Ýöne biz ertir edil şu wagtlar şu ýerde duşuşmagy wadalaşyp hoşlaşdyk. Meniň aýagym ýere degenokdy. Özümi ho-ol al-asmanda gaýyp ýören ak bulutlaryň üstünde ýaly saýýardym. Bu duýgy meni idirdikledip alyp gidip barýardy. Begenjime aýdyma gygyrasym gelýärdi. Dünýäni, bütin älemi özümiňki hasaplap barşyma ertire etmäge howlugýardym. Ertirem, birgünem Şirgeldiň şirin sazlaryny diňledik. Saz Şirgeldi ikimizi bir kakyşa baglap goýana meňzeýärdi. Men onuň sazlarynyň ölemen aşygy, olam meň ugrumda kökenek. Bir gün Şirgeldi bir sazy çalyp boldy-da. – Gülüm, hany gel, çep gapdalyma geç – diýdi. Men onuň ýüzüne soragly bakdym. Ol meniň geňirgenenimi düýdy: – Sen ýekeje gezek şeýdip saz diňläp gör. Onuň nähili ajaýyplygyny şonda duýarsyň, hany, bol geç – diýdi. Men çep gapdalyna geçdim-de, oňa gysmyljyradym. Ol maňa mähirden püre-pür nazaryny dikip, dutaryň sapyny aşagrak düşürdi-de – Ujundan dişle – diýdi. Men hiç zada düşünmesemem, çaga ýaly bolup, dutaryň sapyndan dişledim. Şirgeldi dytar çalyp başlanyndan, beýnimde uly gümmürdi ýaňlanyp gitdi. Soňam şol ajap mukam aýratyn şirinlik bilen bütin süňňümde aýlanyp başlady. Ozallar dutary radioda diňlän halatym üýtgeşik duýgulara berilýädim weli, edil häzir göwün güzerimde dörän harasaty neneňsi düşündirjegimi bilmedim. Saz bütin durkumy gaplap alyp, meni başga bir dünýä idirdikledip barýardy. Özümi bagtyýarlygyň çürdepesinde duýdum. Saz gutarýança, kalbyma guýlan şirinlik bütin ömre barabar bolan lezzeti bagyş etdi. Saz gutardy. Şirgeldi gülümsiräp, maňa söz gatdy: – Gülüm, sazy neneň gördüň? Men şu çak özümiň ýüzi açylmadyk ulugyzdygymy unudana döndüm-de onuň ellerinden ogşadym. – Meni şu bagtyýarlyga ýetireniň üçin ol günki diýeniňe razy. Ejeňi gudaçylyga iberiber... Ondan bäri esli ýyl geçenem bolsa, häli-häzirem maý tapsam Şirgeldi saz çaldygy, dutaryň sapyndan dişlänimi duýman galýan. Şonda mukamlaryň şirinligi bütin kalbymy gaplap alýar-da, meni bagtyýarlygynyň gujagyna oklaýar. Onsoň bu jenneti mekanyň ähli gözelligi göz öňümde janlanýar. Bu Watana, bu durmuşa, bu topraga, söwer ýara, şirin mukamlara söýgümi türkmeniň bahar paslynyň mylaýym elleri äleme ýaýýar. Sebäbi, türkmeniň dünýäsine, onuň ysly mährine düşünjek bolsaň, ilki bilen onuň şirin mukamlaryna kalbyňdan orun bermeli, olary söýmeli. Sebäp söýgi bar ýerinde bagtyýarlyk höküm sürýär eken... Ogulgerek Ussaýewa. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |