SÜÝJILIK SUWY
Sen maňa “Geçen bireýýäm geçip gitdi, şu günüň bilen ýaşamaly” diýýämiň? Başaryp bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Ýöne käte-käte geçeni ýatlamak, şol süýji günlere dolanmak göwne, ýürege teselli berýär. Senem şony bilmän duran dälsiň. Ine, häzirem seniň şol birmahalky ýazan hatlaryňy elime aldym. Henize çenli olary ýyrtman saklap ýörenime geň galýarmyň? Olaryň meň üçin neneňsi gymmatlydygyny, belki, bilýänem dälsiň. Ýöne olaryň hersi bir dünýä, hersi bir ýürek. Şol dünýälere dolup, ýürekleriň gürsüldisini diňlemek, meniň üçin häzirem uly bagt.
“Ezizim, ýene men saňa hat ýazmaga oturdym. Men her gün sapakdan soň, öýüňize ugradamda-da saňa bulary aýdyp bilerdim. Ýöne seniň gözleriňe gözüm düşende aýtjak sözlerimiň bary huşumdan uçýa. Onsoňam ýüregiňdäki iň gizlin duýgyňy ak kagyzyň ýüzüne geçirmek aňsat. Kagyz hemme zady göterýä, hemme söze çydaýa. Bulary seniň mähirden dolup, balkyldap duran gözleriňe seredip, aýtmak meniň ýaly çekinjeň ýigide aňsat däl. Seniň meň bagtym bolup dünýä geleniňe ynanýan. Sen meň ýüregimiň töründe baky orun tutan şu sözlere ynan:
Ýyldyzlar gyz bolup alsa daşymy,
Ynan, gülüm, galdyrmaryn başymy.
Bu meniň seniň öňüňdäki ähti-wepam…
Mergen.”
Seniň söýgi-mähirden doly hatlaryň meniň kalbymy ýyladýandygyny gizläp duramokdym. Senem muny aňýardyň. Çünki, erkek adamlar söýgini gözi bilen görýär, gulagy bilen eşidýär diýýänleri çyn eken. Zenan maşgalalar weli, şol duýgyny kalby bilen syzýar.
Şol ýagyşly gün ýadyňdamy? Biz uniwesitetden çykyp, pyýadalap ugradyk. Baharyň hoştap howasy diňe bir öýkeniňe däl, tutuş bedeniňe dolup, ökjäňi ýere degrenokdy. Ýaňyja ýapraklan daragtlar ýoluň iki gyrasyndaky bägüller, ýanýodalary jäheklap oturan owadan güller göwnüňi göterýärdi. Biz ýuwaşjadan ädimläp barşymyza il gözünden gizlenmek üçin çolarak köçeleriň birine öwrüldik. Aslynda-da bu köçe indi ikimiziň duşuşyk mekanymyza öwrülipdi. Sen her gezek meni öýümize ugradanyňda, şu köçeden gidýärdik. Onuň her daban ýeri ikimiz üçinem nukaddesdi. Ine, häzirem biz egin deňäp barýas. Meniň üçin şu pursatyň gadyr-gymmatyny ölçemek kyndy. Sebäbi şol wagt bagtyň çürdepesine çykyp, bu durmuşyň süýjüliginden ganýan täk özümmikäm öýdýärdim. Onsoň, seniň jadyly nazaryňdan syçrap gaýdýan mähriň alawyna tutuş süňňüm galpyldaýardy, Şonda men bu duýgyny zenan maşgalanyň ýüregi bilen duýup bilýändigini aklyma-da getirip bilemokdym. Birdenem öýlänçi geldi-de dem salymda dünýäni suw sil etdi. Çabga geçýänçä biz ullakan bagyň aşagynda gizlendik. Ýagyş kiparlaberende garryja zenan sebedini gülden dolduryp, howlusyndan çykdy. Biziň deňämize gelenden, ol saňa öz söýgüliň üçin gül almagy teklip etdi. Sen ikirjiňlenip durman, ol daýzanyň gülleriniň baryny satyn aldyň. Men gujagymy mahmal bägülden dolduryp, gapydan girenimden ejem:
- A gyz, bazarda özüňden soňkulara gül galdyrdyňmy?—diýdi.
Men begenjimi içime sygdyryp bilmedim:
- Bu gülleri maňa sowgat etdiler. Özem ýaňy ýagyşdan gaçyp, bir agajyň aşagynda durkak, bir daýza getirdi. Ýaňyja ýolnan bägüller. Görsene bi mahmal bägülleriň reňkini. Biri gyzyl, biri sary. Olaň arasynda garasam bar eken weli, Mergen yrym edip, ony almady. Muň reňkine bir seretsene, melewşe sary. Ysam gaňşyrawygyňy tütedip, bihuş edip barýa. Bägüller solandan soňam bulary zyňlak däl-de, köýneklerimiň ýakasyndan dakyp goýjak. Isnendik duhiden gowy bulaň ysy. Onsoňam ilkinji gezek sowgat berlen mahmal bägülleriň başga-da bir syrly tarapy barmyş. Ony ýaňky bägül satan daýza aýtdy. Şü melewşe bägülleri sowgat alan gyzlar bagtly bolýarmyş. Solandan soňam bular şol jadyly güýjüni ýitirmeýärmiş. Şoň üçinem ekeje ýapragynam yrýa etjek däl.
- Hakyky zat-da bular. Ysam başga, owadanlygam. Men-ä dogrusy, henize çenli bular ýaly üýtgeşik owadan bägülleri görmändim. Gyzym,seň bagtyňam edil şü bägüller ýaly owadan bolsun-da.
- Bagtam bolar ýörer-dä. Esasy zat okuwymy bir azaldaýyn.
- Beý diýme, gyzym, türkmen “ölümden başga zadyň iri ýagşy” diýýär.Gyzam, oglanam ýetişensoň, maşgala gursa ýagşy. Gyzly bolsaň-a bü hasam uly alada. Gyz maşgalanyň ýeňsesi näçe ir ýapyldygyça, ene şonça arkaýyn bolýar. Onsoňam bu zatlary ene bolup duýmak bir başga, seň ýaly ulygyzyň pikiri bir aýra.
- Mergen ejemi gudaçylyga iberäýeýin diýip, özelenýä weli, men ýer depip durun-da. Okuwymyň agramyny aşyr ataýaýyn diýýän.
- Gudaçylyga gelneni bilenem nika wagtyna barmasa, hiç zat bolmaz. Durmuş gurmak üçin nika gyssamaly. Nika gyssasa, okuwyňam bilmez, beýlekiňem.
- Oň ýaly bolsa, nika entekler bir gyssamawersin, eje jan.
- Öňem biriniň ‘Gelin bolmasagam, gädikden garapdyk” diýşi ýaly, aşyk-magşuk bolup, birek-biregiň üstünde kökenek bolmasagam, kakaň ikimizem baý, ogryn-dogryn bakyşypdy-ga. Şonda telwas urýan ýürekleriňň joşguny bizi arzuw atyna ataryp, al asmana çykrypdy. Dem salymlyk wysal üçin ýeriň aňry ujuna gitmäge razydym. Indi, bu ýaşda o zatlar barada agzamagam birhili. Hamala, şol süýji pursatlar bolmadyk ýaly. Ýöne söýgi diýen süýji duýgynyň ýüregiňde ýaşaýany gowy zat. Ýöne bu duýgynyň lezzetinden mahrum bolmagy ezýet bilýän adamlaram kän. Onsoň men käte oturyp-oturyp oýlanýan weli, bir göräýmäge, durmuş guran günüň söýgi gutarýar diýleni çyn ýaly bolup dur. Başga bir tarapdan seretseň, beýle-de däl. Şondan soň, başga bir durmuş--maşgala aladasy başlanýar. Onuňam öz süýjüligi, lezzeti bar. Çagam diýýäň, öýüm diýýäň, garaz, ol durmuşyň öz gyzygy, öz lezzeti bar. Şony duýup bilseň, iň bagtly adam sen. Bagtyýar adam işine-de, durmuşa-da höwesli. Seň şu çak nika gyssamasyn diýeniňe geň galýan. Gaýta nika, onda içirilýän süýjülik suwy iki juwany has ýakynlaşdyrýar. Munda süýjülik suwunyň bir gudraty bar bolarly. Türkmen ýöne ýere nikada ilki bilen ýaşlara, soňam olaryň töweregindäkilere süjülik suwuny berýän däldir. Bu däbiň aňyarsynda ýaşlaryň durmuşy süýji bolsun, şol süýjüligem tutuş ömrüňe ýetsin diýýändir. Şeýdip ömrüň, durmuşyň manysyna süýjülik gatýandyr. Onsoňam häzir siziň biri-biriňiziň didaryndan ganmajak wagtyňyz bolsa, nikadan soň, has-da ysnyşarsyňyz. Ejem bolup, maňa bu zatlary aýdyp otyr diýme, başga birinden eşideniňden ene mekdebini geçseň, gowy bolar…Okuwym diýip aýak depip durma-da, ol ýigidiň raýyny ýykma.
Ejemiň aýdanlary maňa uly mekdep boldy. Ejeň gudaçylyga gelenden, toýa taýýarlanyp başladyk. Biziň töýumyz talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýynda bolupdy. Şonda ene-atalaryň şatlygy bir ýaňady, biziň bagtyýarlygymyzam bir ýaňa. Edil şu pursat bu jahanda diňe söýgi bardy. Onuň alawly ody hem diňe ikimizi çoýýardy. Şol ýakymly duýgy, süýjülikm suwy bilen başlanan agşamyň süýjüligi bu görlen lezzet däldi. Ejem janyň aýdäyşy ýaly, toýdan soň başga, has üýtgeşik, has ýakymly durmuş başlandy.
Ondan bäri är ömri geçipdir. Indi çagalarymyz söýgi oduna ulaşyp başlady. Seň oňa nähili garaýanyň-a bilemok, men weli, olaryň bu ýakymly duýgynyň alyna aldanmazlygy üçin aladada. Elbetde, seňem ony az ünji etmeýäniňi bilýän. Ýöne erkek adamlaryň öz duýgusyna erk edýänliginem ýatdan çykaramok. Seniň çagalar baradaky aladalaň gözbaşy hakyky atanyň ýüreginiň emir bilen dolýan bolarly. Oturyp-oturyp seniň şol erkiňe haýran galýan. Hamana, seniň özüň söýgi şerbedini içmedik, onuň köprüsinden geçmedik ýaly. Belki, bu meniň erkek adamynyň dünýäsine düşünmeýänligim üçindir. Belki-de, haçandyr birwagt seniň söýgiden püre-pür bolan kalbyňdan gözbaş alan çeşmäniň suwundan gananym üçindir. Ýöne näme üçindir sen indi öňki Mergen däl ýaly. Hamana, sen ýetmiş ýaşy arka atan peşeneli, pähim-parasatly goja ýaly görünýäň. Munuň sebäbine düşünip bilemok. Ýogsam söýginiň her ýaşda bir hili bolýandygyny alymlar häli-şindi nygtaýarlar. Seň kalbyňdaky hyjywyň, söýgiň egsilerli däldiginem duýýan. Onsoň men şo halat seniň şol birmahalky hatlaryňy gaýtadan okaýan-da, ak baharyň ak öýlänçisini ýatlaýan. Bir sebet güli gujaklap, öýe gelen putsatyma dolanýan. Bu meniň zenan kalbymyň näzik duýga baky wepalylygyndan, şol duýgyny tä ömrüň ahyryna çenli aýap bilýänliginden bolmagam ahmal, ýa-da seniň maňa bakan çagyň gözleriňde joş urýan mähriň häli-häzire çenli alawynyň öçmänliginden bolmagam ähtimal. Belki bü nika gyýlanda ýaşlaraä içirilýän süýjülik suwunyň gudratydyr. Onçasyny seljerjegem bolamok. Ýöne ogluň ora, gyzyň gyra ýetensoň, käte-käte özüň şol gizlin duýgularyň kalbyňy dörjeleýändigini duýýan ekeniň. Şeýle halat ýene öz-özüme basalyk bolýan-da, ynsan balasynyň tä ömrüniň ahyryna çenli şol şirinlige süýjilik suwunyň gudratyna ymtylýandygyna ynanýan. Belki , bu hakykatdanam şeýledir…
Ogulgerek USSAÝEWA.
Hekaýalar