TAGZYM
Maňa näme üçin şeýle sorag berendigiňe indi-indi düşünýän... Başardygymdam oňa jogap berjek bolaýyn. “Adam özün bilmez ham-hyýal bolar” diýilýäni çyn eken. Eýsem näme? Magtymguly ýaly dana şeýle diýen bolsa, heý-de onuň yrýasy bolarmy? Hawa, men o zatlara şol pursat akyl ýetirip bilmändirin. Şol bir öz diýenimi tutup durupdyryn. “Men okamak isleýän. Meniň okasym gelýär...” Ine, meniň dünýäm, ine, meniň arzuwym. Ýaňy onýyllygy gutaran gögele gyzyň tüýs arzuw edäýjek zady bu. Eýsem näme? Öz kalbyň saýlan kärinden ýokary bilim almak! Gör, nähili bagtyýarlyk. Şol pursat özümiňkini gögerdesim gelip, ejemiň-kakamyň aňyna şonuň hakykatdygyny ýetirjek bolup, baý, jan çekipdim-ä. Ahyram olary razy edip, Aşgabada okuwa gaýtdym.
O döwürler başgady. Onýyllygy gutaryp okuwa gelen gyzlar ýokary okuwlara hiç bir synagsyz kabul edilýärdi. Synagdan geçseňem-geçmeseňem barybir sen eýýäm talypdyň. Ýöne orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlamsoň, özüme ynamym bardy. Giriş synaglaryndan geçip, talyplyk döwri başlandy. Ynsan ömrüni böleklere bölmeli bolsam, iň arzyly pursaty ýagşylyga bererdim. Ýaşlyk-juwanlyk gaýtalanmajak bagtyýarlyk, owadanlyk! Ine, şol owadanlygyň goýnundakaň, özüňden başga adam bardyr öýdeňok ekeniň. Dogrusy, ýagşyny-ýamany saýgarjak bolup, kitap baryny dörýäň, ylmyň üsti bilen şol zatlara göz ýetirjek bolýaň. Ýöne “Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer” diýleni ýaly, her zadyň öz wagty, pursaty bar.
Şol talyplyk döwrümizden bäri är ömri geçipdir. Ýöne şol ýyllaryň ýagşy ýatlamalary häzirem göwün güzerimi dolduryp, tolkun atyp dur. Eýsem meniň dünýäme girip, onuň töründe orun alan ýigidiň özüme bagyşlan bagtyýarlygyny men unudyp bilmerinmi? Birek-birege göwün berip, birek-birege goldaw berip, ýaşalan döwür, şol süýjüligiň miwesi perzentler meniň dünýäme altyn röwüş çaýmadymy näme? Şol bagty apalap, şol durmuşa guwanyp, ýaşalan günler biziň ömrümize ömür goşmadymy näme? Şol bagtyýarlykdan ganan kalbym bu durmuşyň, bu topragyň gadryny bilmeýärmi näme? Sen bolsa menden başga-başga zatlary soraýaň. Men şu pursat, hawa, hawa hut şuş-şu mahal şol ajaýyplygyň dünýäsine dolup, bagtyň çürdepesine çykyp, agtyjaklarym bilen täze ýyl arçasyny bezeýän. Meniň göwnüme bolmasa, arça agajy bize diňe bir öýümiziň bezegi bolman, ol bakylygyň nyşany ýaly bolup asman bilen zemini birleşdirip dur. Dogrusy, şeýdip, täze ýyl arçasyny bezämizde her gezek öz çagalygymyza, ýaşlygymyza dolanýas. Edil çaga ýaly şol gije süýji-süýji arzuwlar edip, tutuş ýyllap onuň hasyl bolaryna garaşýas...
Şol ýakymly duýgulary kalbymyza guýýan pursatlar barada oýlananymda, ýene seniň şol soragyň öňümde keserýär duruberýär. “Sen öz ykbalyňdan razymy?” Elbetde, men bu soraga ýeke sözde “Hawa” diýip, jogap berip bilerdim. Ýöne seniň soragyň bütin ömrümi göz öňümde janlandyryp, ýagşyny-ýamany aýyl-saýyl etmäge itergi berdi.
Ýadyňdamy, talyp ýyllary ikimiz jan ýaly jora bolmasagam, garynja gatnaşygymyz bardy. Sen şol mahalam şöhraty gowy görerdiň. Komsomol işlerine, çeper höwesjeňlere höwes bilen gatnaşardyň. Men weli tersine, öz dünýäm bilen ýaşaýardym. Küýüm-köçäm kitaplardady. Sen meni-de şol işlere çekjek bolup, azara galýardyň. Meniňem şol kejeňekligim. Yňan ýerime yňdarylýan-da, kitaplardan bir dem aýra düşüp bilemok. Okuwymyzy tamamlan badymyza seni ýokary işe çekdiler. Menem mekdepde mugallymçylyk edip başladym.
Men öz günüm, öz dünýäm bilen ýaşaýardym. Dogrysy, mugallym bolup, çagalara öz bilýän zadyňy öwretmek, olary dünýäň syrlaryna aralaşdyrmak meniň üçin uly bagtyýarlykdy. Özüň pikirlenip gör, adama bagtly bolmak üçin näme gerek? Meniň pikirimçe, ilki bilen agzybir maşgala. Yzyndanam göwün beren käriňde işlemek, parahat Watan - şolaryň üçüsi-de mende bardy. Onsoň men bagtly bolman, kim bolsun!
Senem öz dünýäňden hoşaldyň. Saňa şäherde häli-şindi gabat gelýärdim. Seniň daşyňdan seredip, kamatyňa guwanýardym. Eger-de şeýle ýakyndan tanamaýan bolsam, seni dünýäde iň bagtly zenan hasap ederdim. Ýöne ýanýoldaşdan ýaramadyk boýdaşym bolansoň, döwür hakda, durmuş, maşgala hakda janygyp berýän gürrüňleriň mende başga-başga duýgulary oýarýardy. Şonda öz oňmadyk bagtynyň öwezini iş-alada bilen dolmak isleýän zenan bolup görünýärdiň gözüme. Käte-käte maňa jaň edip, ýanýoldaşyňdan zeýrenerdiň. Onuň işleýän ýeri-de, özüni alyp barşy-da saňa ýaranokdy. Onuň gowşaklygyna-da gaharyň gelýärdi. Mahal-mahal onuň gepleýşine janyň ýanýandygynam gizläp duraňokdyň.
Şonda men türkmen zenanynyň geçirimliligini, onuň sabyrlylygyny hut seniň mysalyňda görýärdim-de, saňa tagzym edýärdim. Ýaşlarymyzam birçene bardy. Ýöne seniň henizem şol işim diýip, ylgap ýörşüň. Men seň iş- alada diýip, şeýdip ýörşüňe heniz-henizem haýran. Öňem biriniň “Sen ýanmasaň, men ýanmasam bu dünýäni kim ýyladar” diýşi ýaly, işe janyň bilen berilmegiň nusgasyny sende görýän. Saňa guwanýan. Elbetde, halan käriňde işlemek bagt. Oňa ýetesi zat ýok. Ýöne men zenan bagtyny maşgalada görýänim üçin maňa sen biir syrly dünýä ýaly görünýäň. Belki-de, men oňa düşünýän däldirin. Ýöne her kimiň öz dünýäsi diýleni. Meniň dünýäm zenan maşgalanyň-enäniň dünýäsi. Şol söýgi bilen açylýan dünýä barha gözelleşip gidip otyr. Onsoň ol dünýä-de özünde iň oňat zatlary jemläp, barha giňäp, özüne iň oňat duýgulary siňdirip, kalbyňa juwanlyk eçilýär. Şol kalba siňen süýjüligiň lezzetinden ganmak isläp, bu jahana, töwerek-daşa mähir-söýgi eçilesiň gelýär. Sebäp söýülmek üçin söýmeli, hormatlanmak üçin hormatlamaly. Öz dünýäňde mekan eýlän ýagşy umytlaryň bilen bu jahany, bu dünýäni apalamaly. Men gep oýnatmak islämok. Ýöne söýýän ýürek öz duýgusyny söýgi diýen söz bilen däl-de, hereketi bilen subut etmeli. Ana, şonda barha kämilleşýän ynsan aňynyň paýhasdan doludygyna düşünmek bolar. Zenan dünýäsi bolsa şol kämilligiň bir ülüşidir...Zenan dünýämi gaplap alan söýgi meniň üçin bakylykdan nyşan bolup, onuň goýnunda ähli ajaýyplyklar jemlenýär. Sebäbi ol meniň dünýäme bimöçber şatlyk eçilip, onuň bakylygyny subut edýär... Ykbalymy öz durky bilen ýagtylandyryp, ýagşylyklara ýaran edýär. Durmuşyň manysam şonda dälmi näme?..
Men ýene seň soragyňdan daşlaşaýdym öýdýän. Men seň soragyňa jogap gözläp, gaýta saňa sowal baryny ýagdyraýdymmykam? Ýöne sen bu sözleriň manysyny tirip bilseň, öz soragyňa jogap taparsyň. Bu zatlar saňa adaty ýaly görünse-de, meniň üçin-ä ol durmuşyň, dünýäň hakyky ýüzi... Öz dünýäňe uýup ýaşamak, dünýäň gözelliklerine, ýaşaýyşa aşyk bolmakdyr. Hawa, men bu gözel dünýäň aşygy. Mukamlaryň ynsan ýüregini özüne örkleýşi ýaly, meniň hem bütin barlygym,dünýäm, durmuşym şu topraga, maşgalama, ilime-günüme örkli... Meniň ykbalym şol mukaddesliklere baky tagzymymdyr.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar