20:49 Täze ýyl gijesi / hekaýa | |
TÄZE ÝYL GIJESI
Hekaýalar
Gelin bolup, aňryňy bakyp otyrkaň ýanýoldaşyň bilen Aşgabat ýaly owadan şähere gezelenje gitmegiň nähili bagtdygyny bir bilsediňiz. Gaýynymyň eltisi meni çörege çagyrdy şonda. Biz Meret bilen iki bolup Aşgabada geldik. Dogrusy, men Aşgabada ozalam kän gezek gelipdim, ýöne henize çenli Aşgabadyň täze ýylyň öň ýanyndaky gözelligini görmek bagty miýesser etmändi. Ulagdan düşenimizden men jennetiň gapysyndan girendiris öýdüpdirin. Köçeleriň ugryndaky owadan arçalar, dürli yşyk bilen bezelen meýdanlar meni aňk etdi. Meniň bolup durşumy gören Meret ýuwaşlyk bilen gotugyma gysyldy-da: --Aýnur, bu gözelligi agşam synlarys. Häzir gelnejem bize garaşyp oturandyr, tizräk barmasak, alada eder—diýdi. Biz myhman ýerimize baranymyzda heniz iňrik garalmandy. Men baran ýerimde ýetişip oturan gyzlaryň bardygyna begendim. Gapydan girenimizden olar meni öz dünýälerine alyp gitdiler. Maňa olar bilen düşünişmek maňa aňsat düşjekdi. Esli salymdan soň, baldyzlarymyň ulyjasy şähere gazelenje gitmäni teklip etdi. Men uýaljaňlyk bilen: --Ejeň birhili göräýmesin. Men-ä täze gelin, senem ulugyz. Öňümizem gije. -- Wiý, gelnejemi, gije bolany gowy-da. Bu gün şäheriň baş arçasynyň ýanynda uly konsert bolýa. iň gowy aýdymçylar çykyş etjekmiş. Meredem garşy bolup durmaz,gideli. Täze ýylyň ýň ýanynda Aşgabada gelip, onuň gijeki gözelligini görmeseň, günä bolar. Bu habar meni begendirdi. Indi men baldyzymyň ejesinden idin almagyna howlukdym. Eltim gyzynyň gaňryşyna gaýdyp durmady. Ýöne berk sargamany=da ýadyndan çykarmady: Şähere diýip ugdanymyzdan, Meret biz bilen gitjek bolup hyýallandy. Baldyzym usullyk bilen Merediň öýde galmagyny haýyş etdi-de: --Arkaýyn bol, gelnejemi ynjytman saňa gowşuraryn—diýdi. – Menem Aşgabat agşamyny synlaýjakdym. -- Bize galtaşjak bolma-da, Begenç bilen gidiber. Öňi-soňy ýeke özüm diýip, ikirjiňläp dur. Biz iki bolup, şähere çykdyk. Şäheriň gijeki gözelligi gündizkiň hem çaky däldi. Niräňe seretseň, lowurdap duran çyralar, otjagazlaryň üstünde müň dürli öwüsýän çyrajyklar, şaýollaryň iki gyrasyndaky asman ýyldyzlaryny ýada salýan arçalar üýtgeşik bir mähir bilen bakýan ýalydy. Baş arçanyň ýanyna ýetip-ýetmänkak, görmegeý ýigit gapdalymyza gelip, salam berdi. Şobada baldyzymyň ýüzi açylyp gitdi. Men şo pursat baldyzymyň meni näme üçin gezelenje alyp gaýdandygyna düşündim. Çinki meniň özümem edil ýap-ýaňy-da onuň şu pursatdaky az wagtlyk wysal üçin dünýe malyny bermäge razydym. Sebap diýseň, bir pursatlyk didar üçin müň ezýete razy köňlüm diňe Myradyň zaryny çekýärdi. Toýdan soň hemme zat başgaça diýýänleri çyn eken. Indi men Myradyň diňe özümiňkidigine durşum-düýrmegim bilen ynanýardym. Biz toýdan bäri birek-biregiň mährinden ganamzokdyk. Men kalbymy dolduryp duran tutuş bir älemi ýylatjak söýgimi diňe Merede bagyşlapdym. Şonda men peçiň gözünde ýylpyldap ýanýan ot bir içerini ýyladanda, meň öz söýgim bilen bir kalby ýaladyp bilmenmi diýen duýgy dünýäme dolupdy. Indi men baldyzymyň kalbynda dörän şatlygyň sebäbine göz ýetirdim. Baldyzym bizi tanyşdyrdy. --Azat, bu meniň gelnejem. Obadan galdi. Menem şäheri göreli diýip alyp gaýdyberdim. --Alla gowy edipsiň. Häzir üç bolup şähere aýlanarys. Şäheriň bu ýylky arçalary biri birinden owadan, biri beýlekisinden syratly. Şondan soň, biz baş arçanyň ýanynda kän eglenmedik. Azadyň ulagynda şähere gezelenje çykdyk. Men öz ýanymdan bir bahana tapyp, az salymlyk bolsa-da aşyk-magşuklary ýeke galdyrasym gelip, ýüregim ýarylyp barýardy. Ýöne Azat gaty wäşi ýigit eken. Onuň degişmelerine gülüp-gülüp, wagtyň geçendiginem duýmandyrys. Biz ullakan bir arçanyň ýanynda aýak çekdik. Men olara bildirmän, bir gyra çekildim. Şol mahal ýaňyja aýak bitten çagajyk bir ýerden aglap çykdy. Men onuň ýanyna baryp, gujagyma aldym. Ol şo bada tapba sesini goýdy-da meniň gülýakamyň şelpelerini oýnap başlady. Bu gyzjagazyň derrew özüme ylykmsyny gowulyga ýordum. Gyzjagazy goltugyma alyp, arçanyň beýleki tarapyna aýlandym. Ol boýnumdan mäkäm gujaklap, meni sypdyrmajak bolýardy. Oňa çenli bir gelniň alakjap ýörenine gözüm düşdi-de oňa tarap ýöneldim. Ol gyzyny görenden bize tarap topuldy. Gele- gelmäne-de, çagasyny garbap aldy-da, maňa alkyş okap başlady. --Taňry ýalkasyn, gelin, men aňryma öwrülýänçäm, eýýäm ýok-da bi şeýtan. ýüregim ýaryldy, azaşandyr öýdüp. Hernä kösenmän tapaýdym. Gyzjagazyň ejesi bilen gürrüňimiz alşyp gitdi. Men baldyzym bilen Azada azar bermejek bolup, gelniň ýanynda köp oturdym. Göwnüme bolmasa, gije ýarymdan agan ýalydy. Gürrüňdeş gelnimem ýaş çagalydygyna garamazdan, öýe howlugarly däldi. Ahyry ol näme üçin oturandygynyň sebäbini düşündirdi. --Baldyzym halys haýyş edip duransoň, howa sowugam bolsa, gyzjagazymy alyp gaýdyberdim. Ýaşlar şu gün täze ýylyň öň ýanynda kösenmesin diýdim-dä. Onsoňam baldyzym täze ýyl agşamyny nähili geçirseň, tutuş ýylyň şonuň ýaly bolýarmyş diýip, halys özelendi durdy-da Men gülüp başladym. --Bahanamyz-a bir eken, menem baldyzym bilen gelip, olara azar bermejek bolýan. Özümem ýaňyrak durmuşa çykanymdan soň, arzylyň bilen duşuşmagyň lezzetini gaty gowy bilýän. Biz Jeren bilen kän oturdyk. Ahyry bir ýerden ilki meň baldyzym, soňam Jereniň baldyzy geldi. Olaryň ikisiniňem şatlykdan ýaňa erni bir ýere gelenokdy. Baldyzym gelşine meniň gujagyma doldy. --Gelneje jan, bu Täze ýyl agşamynyň maňa nähili bagt eçilendigini bir bilseňdiň. Azat ikimiz ömürbaky size minnetdar. Jereiň baldyzy hem öz ýeňňesine alkyş baryny okady. Şondan bäri Aşgabada geldigim Jerenler-de hökman myhman bolýan. Şonda biz öz baldyzlarymyz barada, olaryň Täze ýyl arzuwlary barada söhbet açýas. Bu biziň iki sany ýeňňäniň öz baldyzlaryna haçandyr birmahal eden kömegi barada däl-de, söýgi diýen mähir-muhabbetiň biziň gelin kalbymyzy şöhlelendirip duranlygy üçindi. Şol dünýäniň howasyndan dem almak, öz ýüregiňde onuň bir bölejigini görmek, edil Täze ýyl gijesindäki gözel Aşgabadyň ýalkymy ýaly süýjüligi kalba guýýar eken. Munuň üçin ilki bilen-ä söýgi diýen duýga wepaly bolmaly, yzyndanam her ýyl Täze ýyl gijesi Aşgabadyň gözelligine tüýs ýürekden guwanmany başarmaly. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |