02:07 Toýçular / satiriki hekaýalar | |
■ Alyjyny öýkeletseň...
Satiriki hekaýalar
Işiň ahyrynda magazin müdiri satyjylaryň barysyny ýygnady-da, gysgajyk, ýöne uly ähmiýetli bir bildiriş yglan etdi. -Ýoldaşlar, ertir biziň magazinimize barlagçy geljek, ýöne näwagt geljek – belli däl. Onuň adaty alyjy hökmünde islendik wagt geläýmegi juda mümkin. Şonuň üçin hem her bir alyjy bilen örän sypaýy bolmaly. Öz üst-başyňyza hem oňat serediň. Umuman, wezipe düşnükli dälmi? – diýip, ol işgärleriniň ýüzüne birlaý seretdi. Müdire sowal beren bolmady. Şonuň bilen hem şol günki ýygnak tamam boldy. Ertesi ir bilen magazinde adaty söwda başlandy. Magaziniň islendik bölüminden zat satyn alyp gidýän alyjylar, hatda zat almadyklar hem satyjylardan diýseň hoşal bolup gidýärler. Asyl hoşal bolmabilseň hem bolma, sebäbi satyjylaryň haýsy biriniň ýanyna barsaň, olar hut gujak açyp garşy alýardy. Olaryň gadyrlylygy asyl hiç bir babatda-da gaýyn bilen giýewiňkiden pes oturar ýaly däldi. Öz medeniýetli söwdalary bilen alyjylardan alkyş baryny alan satyjylar arakesmä zordan ýetdiler. Şobada olar müdire soragly nazarlaryny dikdiler. Sowal düşnüklidi. Müdir egnini gysdy – diýmek, jogap aýdyňdy. Arakesmeden soň medeniýetli söwda ýene-de şol depginde dowam edip başlady. Magaziniň haýsy burçuna barsaň “Geliň-geliň, baş üstüne!” diýen mylakatly sesler eşidilip durdy, ap-ak ýektaýly satyjylaryň ýüz-gözleri birgeňsi mähribandy... Iş wagty tamam boldy. Iň soňky alyjylar çykyp gidenden soň magazin içinden kiltlendi. Hemmeler ýene-de müdire tarap ýiti-ýiti seredişdiler. Müdiriň bolup durşy ýene-de egnini gysarlydy. Ýöne ol şeýtmäge-de ýetişmedi – öz kabinetindäki telefonyň jyňňyrdysyny eşitdi-de ylgap gitdi. Müdir trubkany gulagyna ýetiren badyna düýnki gürleşen adamynyň sesi eşidildi: “Ýoldaş müdir, men düýnki barlagçy diýip jaň eden adam. Men sizden çuňňur ötünç soraýaryn hem-de özümiň hiç hili barlagçy däldigimi, ýönekeý studentdigimi, ýöne, siziň gödek satyjylaryňyzdan nägile bolamsoň içimiň ýangyjyna “barlagçy” diýip jaň edendigimi aýtmak isleýän. Ýerliksiz oýun edenligim üçin bagyşlaweriň. Satyjylaryňyzyň şu günki medeniýetli söwdasy üçin bolsa köp-köp sag boluň. Olar bu gün tüýs sagbolsunlara mynasyp işlediler”. Müdir satyjylaryň arasyna gaýdyp gelende, olar ondan haýsydyr bir täzeligi eşitjek bolýan ýaly hüşerilişdiler. Müdiriň getiren habarynyň welin hakykatdan-da täzelik kemi ýokdy. - Ýoldaşlar, bizi barlagçy geljek diýip aldapdyrlar... Hemmeler duran-duran ýerlerinde özlerini lampa aşak goýberdiler. Birhaýukdan soň kassir-kontrolýor Üzümgül daýza jibrinip başlady: - Wah, azabam azap welin, ilde tapdyrmaýan fransuz duhusyndan dünýäňkini sepinipdim-dä, artyp, şoňa gynanýan. - Menem gijäniň ýarymyna çenli ýatman dyrnaklarymy bejerdim, soňam öten agşamky ýasadan priçýoskamy bozmajak bolup dik oturyşyma gözümiň awysyny alypdyryn...Heý şeýdibem bir adamlary aldamak bolarmy diýsene – diýip, çakyr-arak bölüminiň satyjysy Şemşat gyz uludan pallady-da jidir-jidir zeýrendi. - Men-ä gije ýatanymda-da käte bir: “Baş üstüne!” diýip ýylgyrar ýatarmykam diýýän... Baý-baý-ow, işimiz-ä gördüler-ow – diýip, pälwan sypat etçi Güýç zeýrenme gezegini boş geçirmedi. – Ýeri, şu Aman şerçi näme? Şoňa-da “ Goýnuň islän ýerinden tut, agam, gapyrga gerekmi, jylka gerekmi – baş üstüne” diýmeli boldy-da. Olam gözümiň içine ýiti-ýiti seredip: “Öňki Güýj-ä däl öýdýän sen” diýen bolýar. Başga bir wagt bolaýsa bilýän-le oňatja tanatjagymy! Soňra ol “ Wah, bary biderek boldy” diýip bir nagara çekdi-de ýalaw ýaly paltasyny aýlap-aýlap çapgydan saldy welin, tamdyr ýaly äpet çapgy çym-pytrak bolup, bütin magaziniň içine dargap gitdi... * * * ■ Berk käýinç Kabinetiň içindäki uzyn stoluň töwereginde bäş-alty sany adam otyr. Ýygnagy alyp barýan başlyk öňündäki kagyza seredip oturyşyna şeýle diýýär: - Satyjy Myratlyýew söwda düzgünini bozan wagtynda ele düşüpdir, ynha, indi bolsa ýoldaşlar, biz oňa çäre görmeli. Myratlyýew, sen günäňi boýun alýaňmy? Myratlyýew ýerinden turýar. - Hawa, ýoldaş direktor. - Heý şeýle-de bir iş etmek bolarmy? - Bolmaz, ýoldaş direktor. - Onda näme üçin beýle iş edipsiň? - Indikide gaýtalaman. Soňra oturanlaryň içinden ýene biri oňa käýýäp başlaýar: - Heý, beýle-de bir zat etmek bolarmy? Utanmadyňmy? - Utandym – diýip, satyjy has naýynjar jogap gaýtarýar. - Ýeri, seniň aýlyk- günlügiň iliňkiden azmy ýa-da sen iliň şaýysyna zarmy? - Zar däldirin, ýoldaş orunbasar – diýip, ol bu gezek burnuna salybrak jogap gaýtardy. - Onda näme alyjyny çürkäpsiň? - Indi çürkemen, aga, söz berýän. - Hany, ýoldaşlar, Myratlyýewe nähiliräk çäre görmeli diýip hasap edýärsiňiz – diýip, başlyk ýene söz alýar. - Indikide gaýtalamaz ýaly etmeli. - Berk käýinç bermeli. - Kapasanyň aňyrsynda durup, nähili işlemelidigini mazalyja bildirmeli. - Goý, bu oňa ymyklyja sapak bolsun! Ýene-de direktor söz alýar: - Onda ýoldaşlar, şeýle: Myratlyýewiň söwda sistemasynda alty aý bäri işlemek bilen, şol döwrüň içinde diňe ýekeje gezek ýalňyşlyk goýberendigini göz öňünde tutmak, onsoňam, onuň gowy adamdygyny hem-de zähmetsöýerligini göz öňünde tutmak bilen, ony täze açylan azyk harytlary magazinine müdir edip geçirmegi teklip edýärin. Oturanlar teklibe goşulýarlar: - Ozaldan şeýtmek gerek. - Goý, nähili işlemelidigini öwrensin. - Indikisine berk sapak bolsun. Begençdenmi ýa-da gynançdan – Myratlyýewiň gözlerinden ýaş paýrap gidýär. - Indikide gaýtalaman, ýoldaşlar, söz berýän! * * * ■ Dialog - Salamälik! - Äliksalam! - Gurgunja otyrmysyňyz? - Şükür, gurgundyrys. - Öý-içerileriňiz, daşyňyz-içiňiz hem gurgunmy? - Hawa, şükür, gurgun. - Çagajyklaryňyzam gurawmy? - Şükür, gurawdyr. - Klasdan klasa-da ýykylman-sürüşmän geçdilermi? - Geçdiler. - Tüweleme, bolaýypdyr, biziňkilerem şeýtdiler..Onsoň olary ötüki lager-sägire-hä iberen dälsiňiz? - Iberdik-le. - Şony keýgim oňarypsyňyz! Asyl ynha, ýüz-gözleri bir geňsi bolup geläýer olar. Ol ýerlerde deriň daşyňa çykanok diýýärler welin, gaty salkyn bolmaly. Bildir biziňkileriňem biri lägirde dynç alyp geldi welin, tüweleme, ýüzi-gözi jozzuk ýaly boldy geläýdi. Asyl özümem tanamajak boldum. Siziňkilerem ynha, inşalla şeýle bolup geler. - Belki... - Tüweleme, jaýlaryňyzam giňeldipsiňiz öýdýän, asyl howlyňyz gelşigine gelip duruberipdir. - Wah, jaýyň-a şol bir wagtky gurluşy gurluşydyr. - Ýa şeýlemi? Onda-da häzir öňküsinden-ä kaşaň görünýär bu jaý. Gaty oňatja timaram berlipdir-dä. - ... - Ýogsa-da gyz, neme, Ogulmaral jan-a öýde ýokdur? - Kim ol Ogulmaral? - Wiý, Ogulmaral-da. Oba Sowetiniň başlygy? - Wiý, olar-a aňyrrakda, indiki köçede ýaşaýandyrlar. - Wah, asyl şeýlemidi, häli aýtsaň bolmadymy, ertirden bäri şo-o-ol gürletdiň durduň... - Soramasaňyz men nä düýşürgäp bileýinmi, gyz? - Sorab-a iki-üçem sorandyryn welin, asyl seniň aýdasyň gelenok. Şo-o-ol sakyrdadyň durduň, sakyrdadyň durduň. Halys huşuň gutaraýypdyr-ow, garry! - Toba-toba ogurlyk eden uýalmaz... - Boldy-boldy, bizaram etdiň, sag bolawereý, garry! - Salamat bolawereý, kempir! * * * ■ Toýçular - Salawmaleýkim – diýip, ýeňsesinden itilen ýaly kürsäp içeri giren ýigit otagyň ortasynda saklandy. - Waleýkimessalam. Onuň yzy bilen elleri dürli saz gurally ýetginjekler girip başladylar. - Salawmaleýkim. - Zarow. - Salow... Ýaňy saçagyň başyna geçen üç goňşymam, menem aňka-taňka bolduk. - Geliň, hezzetiň başyna – diýip, zordan mürähet etmäge dilim öwrüldi. - Ýok, ýaşuly, siz arkaýyn alyberiň, biz ynha, bu ýere geçeris – diýip, olar uly otagyň töründe goşlaryny ýazdyrdylar. - “Güjük süňki söýer, bagşy çüňki” diýip eşitmänmidiňiz näme?... Hany, ýogsa-da, Şatdyň özi ýokmydy? Otaga ilki giren murtluja ýigit olaryň ekabyrragy bolmaga çemeli. Hemmelere derek onuň bir özi gürleýärdi. - Bu ýerde Şatdy diýilýän adam ýaşanok. - Wah onuň bu ýerde ýaşamaýanyny bilýän-le, ýöne ol bizi şu toýa hezil bermeli diýip çagyrypdy. Haýran galdym. - O nähili toý? - Elbetde, gelin toýy. Biz üçin şondan çemeliräk toý barmy näme – diýip, ol penjegini çykardy-da diwanyň üstüne oklady. Ýüregim ýerine geldi, sebäbi bularyň ýalňyşyp geleni görnüp durdy. - Wah, gelin toýy bolsa, oňa ýetesi zat ýok-la. Ýöne, siz oglanlar barmaly ýeriňizi ýalňyşaýypsyňyz öýdýän. Bu otagda gelin toýunyň tutulanyna 9 ýyl bolup gelýär. - Bagyşlaň welin, henize çenli adres ýalňyşan ýerimiz ýokdur. Hany, oglanlar, gurallary taýýarlaşdyryň. Ol oýlanýan ýaly, penjireden daşary ep-esli wagt seredip durdy, soň oglanlara görkezme berişdirdi-de gelip, meniň ýanymda dyzyny epdi. - Çary jan, görýän welin, öý eýesi sen öýdýän. - Men Çary däl. - Tapawudy ýok-la, Çary bolmasaň Bäşimsiň , ýa Alty, belki-de Ýedisiň. O hiç. Bu ýerde esasy zat başga. Şatdyny gaty oňat göremsoň, ýüzünden geçip bilmän biz-ä ynha, toýa diýip geldik. Siz bolsa bu ýerde toý ýok diýip, şol bir depen ýeriňizi depip dursuňyz. Beýle boljagyny bilen bolsak, başga toýa giderdik. Ýöne indi etjek alajyň ýok. Sebäbi şu gyssagarada toýy nireden tapjak?! Şonuň üçin hem biz şu ýerde bir mydar etjek bolmaly borus. Ýedi günden bir gezek etýän şenbäni köýdürip bilmeris ahyryn. Sebäbi, biziňki hem özbaşyna firma ýaly bir zat. Şonuň üçin hem biziňki öz hyzmatymyzy hödürlemek bilen, siziňki bolsa... – Ol başam barmagy bilen süýem barmagyny bir-birine süýkäp goýberdi. Soňra sazandalaryň ýanyna bardy-da eýýäm taýyn edilen mikrofony eline alyp, şoňa tarap gürläp başlady. - Gadyrly ýoldaşlar, käbir säwlikler we düşünmezlikler sebäpli, biz şu gün täze çatynjalaryň uly toýundan sowa düşüpdiris. Hawa, gynansak-da bu şeýle bolupdyr. Ýöne, ajap arzuwlardyr hoşniýetli islegler bilen bu ýere gelen “Loňk” atly wokal-instrumental ansamblymyz myhmansöýer Çary janyň bereketli öýüni taşlap gitmekligi özüne uslyp bilmedi. - Ýagşy ýigit, birinjiden-ä, meniň adym Çary däl, ikinjidenem... – Gaharyma ýerimden turup ugrajak boldum welin, alyp baryjy sözümi böldi. - Ýeri-ýeri, giňräk bolsaňyzlaň, ýanyňyzda myhman-mediwan bar, beýleki bar, gaharlanmak nämä gerek. Häzir hemmesi düzeler – diýip, alyp baryjy mikrofonyň agzyny tutup, maňa igendi. Häliden bäri içki otagyň işiginde bu zatlara haýran bolup duran garry enem bilen aýalym hem maňa kinaýa bilen seredişdiler. Enemiň “Gaharlanyşmak nämä gerek, oglum!” diýen sözleri bolsa alyp baryja has uly goltgy berdi. Uly otagy ýarpylan goňşularymyzyň hem-de öz çagalarymyzyň “Daýy, çalsaňyz-la” diýşip özelenmeleri hem munuň üstüne. Şonuň üçin hem murtluja ýigit birneme ekezlendi-de, mikrofony agzyna salaýjak bolup gürrüňini dowam etdi. - Hawa, gadyrly ýoldaşlar, biz häzir ýüze çykan şol säwligi aradan aýyrmak baradaky pähimden ugur almak bilen, şeýleräk bir pikiriň bardygyny size aýtmalydyrys. Ýap-ýaňyja Çarynyň öz aýtmagyna görä... – diýip, ol maňa tarap seredende, onuň gözleri gazaply nazar bilen çaknyşdy. - Hawa, ýap-ýaňyja öý eýesiniň aýtmagyna görä, onuň öz söýgüli aýaly bilen nikalaşanyna 9 ýyla golaý wagt bolupdyr. 9 ýyl! Munuň özi uly agzybirligiň, bir-birege bolan çäksiz söýginiň gözli şaýady däl-de, eýsem näme?! Ine, şonuň üçin hem täze çatynjalaryň, bagyşlaň, köne çatynjalaryň agzybirlikli durmuşynyň 9 ýyllyk ýubileý toýuny açyk diýip hasap edýäris. Tüş! Ol şeý diýip, iň soňky sözüne bat berip goýberdi welin, öýümiziň içinde turdy bir goh. Akkordeonçy akkordeonyny üzere getirip çekse, deprekçi depini edil ary köýen ýaly ýenjýärdi. Tüýdükçini görüb-ä agzymy açaýypdyryn: boýnundaky damarlar oklaw ýaly bolup galan bu neressäniň gözleri hanasyndan gaçaýjak-gaçaýjak bolup durdy. Bu üçlügiň şeýle yhlas bilen çalan sazyndan welin güýçli kompozitor-beýleki bolaýmasaň, baş çykarjak gümanyň ýok. Çagajyklar hezil edip, el çarpyşdylar, “ura” diýip gygyryşdylar. - Ýuwaşrak, bir azajyk ýuwaşrak boluň – diýip, alyp baryjy hamala diýersiň, at gaýtarym mähelläniň öňünde duran ýaly, gygyryp, çagalary köşeşdirdi. Soňra aýalymyň ýanyna baryp bir zatlar diýdi welin, ol içki otagdan seçekli ýaglyk getirip berdi. Murtluja ýigit ýaglygy sazandalaryň öňünde ýazdy-da ýene “märekä” ýüzlendi: - Indi bolsa, täze çatynjalary, bagyşlaň, köne çatynjalary gutlamak bilen, men olara berk jan saglygyny hem-de goç-goç ogullarynyň, Aýyň parasy ýaly gyzlarynyň bolmagyny arzuw edýärin. Men çagalaryň arasyndan özümiňkileri birlaý gözden geçirýän. “Tüweleme, öňem-ä ep-eslije bar ýaly-la”. - ... Şondanky ötri, toýuň hatyrasyna köne puldan 100 manat goýmak bilen, “Loňk” ansamblyndan ýaş-juwanlaryň, olaryň päk söýgüsiniň hatyrasyna bir oňat aýdym aýtmagyny, begenjimden ýaňa özüm ilkinji bolup, haýyş etmekçi. Murtluja ýigit şeý diýdi-de, jübüsinden şakyrdap duran gyzyl onlugy çykaryp, sazandalaryň öňünde rejelenip goýlan ýaglygyň üstüne oklady. Häliki güpürdi ýene-de başlandy. Ep-esli wagta çeken sazdan soň depçi stuldan galdy-da, aýdyma başlady: Düýe şofýor bolup, MAZ maşyn sürse, Tekeri ýarylyp, çöl ýerde galsa. Möý slesar bolup, maşyn bejerse, Şonda bir hezillik bolsa gerekdir. Aýdymyň bir bendi gutaran bada dört kişi dört ýerden iýmine ýetjek bolýan örkli düýäňki ýaly, boýunlaryny mikrofona tarap süýndürip “Loňk, loňk, loňk-loňk-loňk” diýşip, loňkuldaşyp durlar. Çagalar hezil edişip gülüşýärler, aýallara-da bu tomaşa kem ýaramaýan ýaly. Horaz pyýan bolup, çäşerip ýatsa, Kellesi agyrsa, “analgin” atsa, Garynja bazarda pomidor satsa, Şonda bir hezillik bolsa gerekdir. Loňk, loňk, loňk-loňk-loňk. Pile trusi bilen maýka geýdirseň, Doňza motor berip, ýüzden sürdürseň, Pyşdyly gyjyklap, gaty güldürseň, Şonda bir hezillik bolsa gerekdir. Pyşdyl için tutup gülse gerekdir. Loňk, loňk, loňk-loňk-loňk. Elkyssa, ahyrsoňy ýürege düşüp giden “loňkuldylardan” soň aýdym tamam boldy. Alyp baryjy ýene-de dowam etdi. - Hawa, bu gün öýde toý, hemmeleriň ýüzünde şatlyk. Ýöne şu ýerde aýratyn bir bagtly adam bar, ol hem öýlenýän ýigidiň, bagyşlaň öýlenen ýigidiň enesi bolmaly. Onuň ogly bilen gelni indi 9 ýyl bäri aýrylyşman ýaşaşyp gelýärler. Ýeri, aýrylyşýan bolsalar nätjek?! Aýrylyşman oňarypdyrlar. Munuň özi uly döwletlilikdir, daýza jan, döwletlilik! Şonuň üçin hem häzir siziň islegiňiz boýunça aýdymçymyz özüne goýan bir aýdymyny aýdyp berýär. Eçileniňizi beräýmeli. – Ol şeý diýip, enemiň ýanyna şeýle bir naýynjar halda bardy welin, ýüregi ýuka garrynyň gözlerinden tas ýaş paýrapdy. Ol gysymyndaky tokgalanan puluň arasyndan bir bäşligi çykardy-da özi ýaglygyň üstüne oklap gaýtdy. Ine, şeýdip, sarnama aýdymlaryň birnäçesini “it otlan” ýaly edip aýtdylar. Murtluja ýigit bolsa gaty medeniýetlilik bilen dilegçilik edip, öýümizdäkileriň ählisini edil sogan ýaly soýdy, hatda çagajyklara-da öýlerinden pul getirden ýaly. - Ýoldaşlar, toýa gelen köp sanly myhmanlaryň islegi boýunça indi şaýyly tansa tomaşa edeliň. Bu tansda her kim öz göwnünden çykaran ownuk puluny, kagyz pul bolsa-da zeleli ýok, orta atmaly, tansçy bolsa ony elini degirmäni ýerden götermeli. Jynssyz saz çalnyp başlandy. Ine, hälki alyp baryjynyň özi orta çykyp, iki elini gerdi-de, suwdan çykan it ýaly silkinip başlady, soň kepjebaş ýylan kimin gaýyşyp, agzyny keçä ýetirdi-de orta atylan pullary ýuwdup ugrady welin, duran bir sorujy maşynyň bar-da! Keçämizi ýuwutmasa kaýyl boldum. Hernä orta oklanan pul wagtynda gutaraýdy, başga atmaga welin karz diläýmesek zat galmandy. Soňra tansyň hörpi üýtgedi. Onuň nähili tansdygyny-ha biler ýaly däl welin, ýöne juda wejerady: bökjeklemek, sandyramak, ýüzin ýatmak, soň arkan towlanmak, käte “hassa” diýip jansyz gygyrmak, iki dyzyňy sandyratmak... Asyl bu zatlar hem hiç ekeni. Ol horaz ýaly petekesini gaýşardyp hekgerdi-de, aýal maşgalalary tansa çagyryp başlady, göwnemedigini çekeläp ugrady. Häliden olaryň göwnüne degmejek bolup çalşan enem biçäre indi “toba, toba” diýip, ýakasyna tüýküre-tüküre öl-suw boldy... Mundan artyk çydamak mümkin däldi. Şonuň üçin hem sazandalaryň golundan tutup, ýekän-ýekän daş çykaryp başladyk. Alyp baryjy welin durar ýerde durmady, kakynlan ýaly, agzyny köpürjikledip, şol loňkuldap ýör. Tutjak bolup, eliňi uzatsaň hem bir zat berilýändir öýdüp, eliň içine seredýär. Şo barmana daş çykarylan sazandalaryň biri işigi açyp gygyrdy: - Şatdy, puly galdyraýmaweri! Asyl, onuň ertirden soraýan Şatdysy özi bolsa nätjek?! Rejäň geň däldigini bilen Şatdy pully ýaglygy dolap bagryna gysdy-da süzüberdi. Işige ýetende bolsa yzyna gaňrylyp: - Arkaýyn bolaýyň, bujagaz dagy nämejik, uly-uly toýlardanam kowlup görüpdik, ýaşuly! – diýip heňkirdi. Goňşym oňa tarap topuldy welin, ol köçä tarap zyp berdi. Otagyň içi dym-dyrslyk boldy. Hemmeler agzyny açyp otyrdy... # "Laçynyň yzy bilen" (powest hem satiriki hekaýalar) kitaby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |