19:01 Türkeşler döwleti | |
TÜRKEŞLER (ýa-da "10 OKLAR") DÖWLETI Türkeşler döwleti (699-766) gysga ömürli hökmürowanlyk süren türkmen döwletidir. Olara "Türgişler" ýa-da "On oklar" hem diýilýär. ■ Taryhy Türkeşler döwleti iki sapar gurulyp, iki sapar ýykylan döwletdir. Şonuñ üçinem bu döwlete "Birinji Türkeş döwleti" we "Ikinji Türkeş döwleti" diýip at berilýär. ■ Birinji Türkeş döwleti Türkeşler (türgişler) gelip çykyşy boýunça göktürk(men)leriñ "On-Ok" boýundandy. Oturýan ýerleri Yssykkölüñ töweregidi. Göktürk(men) imperiýasynyñ düýbüni tutujy Bumin kagan 552-nji ýylda Istemini On oklara beg edip belleýär. 630-njy ýylda Göktürk(men) imperiýasynyñ dargamagy bilen Baka Tarhan Türkeşleriñ garaşsyzlygyny yglan edýär we ähli On oklulary döwlet gurmaga gatnaşmaga çagyrýar. Gysga wagtyñ dowamynda On oklar güýçlerini birikdirýärler we 140 müñ adamlyk goşun düzýärler. Häzirki Gyrgyzystanyñ ähli territoriýasy diýen ýaly şol wagt Türkeşleriñ düzümindedi. Şeýle-de bolsa, Göktürk(men) döwleti ýañadan dikeldilýär we öñki ýerleri bolan bu ýerleri almak isleýärler. Türkeşler bolsa eýelän ýerlerini Göktürk(men)lere bermek islemänsoñ, Türgiş-Göktürk(men) uruşlary başlaýar. ■ Ikinji Türkeş döwleti Türkeşler garaşsyzlygyny gazanmak üçin gaýtadan aýaga galýarlar. Bu gezek olar gahryman serkerde Külteginiñ ýolbaşçylygyndaky goşunyñ garşysynda ýeñilmäge mejbur bolýarlar. ■ Içki gapma-garşylyklar we döwletiñ dargamagy Hytaý türkeşleriñ güýçlenmegini islemeýärdi we olaryñ arasynda içki gapma-garşylyklary döretmäge çalyşýardy. Hytaýlylar belli bir derejede bu maksatlaryna-da ýetdiler. Netijede türkeş kagany Sulu Çor öz serkerdesi Kül Çory 738-nji ýylda öldürdi. Bu gynandyryjy hadysadan soñ ýurtda gapma-garşylyklar bat aldy. Halk ikä, "sarylara we "garalara" bölündi. Gandöküşikli söweşleriñ netijesinde Kül Çoruñ ýolbaşçylygyndaky "Sary türkeşler" ýeñiş gazandy. Kül Çor öz adyny "Baka Tarhan" diýip üýtgetdi. "Gara türkeşleriñ" başynda bolsa Tumoça atly bir beg bardy. Hytaý bu ikinji topary goldaýardy. Hytaýa arkalanan "Gara türkeşler" hem garaşsyzlygyny yglan edýärler. Şeýlelik bilen olaram edil Göktürk(men) imperiýasynda bolşy ýaly "Sary türkeş döwleti" we "Gara türkeş döwleti" atly iki döwlete bölünýärler. Ikä bölünensoñam agzalalygyñ soñy gelmeýär we olar biri-birine garşy uruşýarlar. Pursatdan peýdalanmak islän garlyklar bolsa, olaryñ ikisine-de garşy hüjüme geçýär. Garlyklar 766-njy ýylda içki gapma-garşylyklardan we biri-birine garşy uruşmakdan ýaña halys tapdan düşen bu iki dogan döwleti añsatlyk bilen basyp alýar. Şunuñ bilenem Türkeşler dolulygyna garlyklaryñ tabynlygyna girýär. ■ Türgiş ýazgylary Fergana jülgesinde we Goçgar obasynda Türkeşlere degişli taryhy ýazgylar tapyldy. Hususanam Goçgardaky daşa ýazlan täze ýazuw ýadygärlikleri çarwa we oturymly türkmen taýpalaryna degişli täze maglumatlary anyklamaga kömek etjek gymmatly çeşmelerdir. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1). Rysbek ALYMOW "Goçgardaky türkeş ýazgylary" (türkologiýa makalalary); 2). Öwez GÜNDOGDYÝEW "Suluk Çabyş Çor", saýtdaky linki: 3). Osman ÖDE "Gorkut ata eýýamynyñ beýik serkerdeleri", saýtdaky linki: Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |