WÄŞI
Nijeme ýyl bäri sirk wäşisi hünäri hiç kesiň, hatda özüniň-de derkaryna ýaramadyk, şonuň üçinem özüniň köneje hususy ulagynda kireý edip güzeranyny aýlaýan Kadyra-da öz ugry boýunça iş tapyldy. Ol işe yhlas bilen ýapyşdy. Sahnany, köpçüligiň gülki bilen garşy alyp, gülki bilen ugratmagyny küýsäp giden Kadyr durky-düýrmegi bilen söýgüli kärine berlip ýörşüne dünýäni unutdy. Ýöne adam diýeniň diňe işi däl, maşgalasy hem, daş-töweregi hem bar…
Bu gün bolsa irdenden bäri onuňky ugruna däldi.
Düýn gijara işden gelse, gyzjagazy tekjeden ýykylyp, aýagyny döwdüripdir. Hassahana äkitdi. Em etdiler. Seýiklediler. Ýagdaýy oňat bolansoň “öýde serederin” diýip alyp gaýtdy. Ilki bir gowudy hem, agyrysyny undup, gülşüp-degşip ýatyrdy. Emma gije ýarymdan agyberenden soň welin, ýykylanda gorkupdyrmy nämemi, gaýsar bolup üşüdip-gyzdyryp ugrady. Haýdan-haý “Tiz kömegi” çagyrdylar. Lukman tejribeli ekeni. Sanjym-beýleki etdi-de, “gorkuly zat ýok, häzir uklar, ertire çenlem ýatar, ýöne ertir, adamçylyk, hassahana eltip, lukmana görkezäýiň” diýip olary köşeşdirip, çykyp gitdi.
Irden bolsa giç ýatanlygy zerarly gijem oýandy. Turanyndanam işe gijä galyp barýanlygyny görüp, göýä, ol günäkär ýaly, aýalyna nagarasyny döwüp başlady. Ilki bir sesini çykarmasa-da yzly-yzyna suňşurylýan sözler degnasyna degiberenden soň ol hem geplemän durup bilmedi. Är-aýalyň şunuň ýaly sene-menesinde diýläýjek zatlaryň ählisini birnäçe gezek ýanjap-ýanjap gaýtalady.
...Nämäňe gygyrýarsyň? Otuz ýaşap geçen halyňa ile meňzeş hünär edinip bilmediň. Il güldürýän wäşi-masgarabaz! Wah, gara bagtym! Ile çykara ýüzüm ýok. Heý ýüzüň bolarmy, äriň bökejin maýmyn ýaly, aýlawyň içinde bökjekläp, dyrnak ýaly çagalara çenli üstünden güldürip ýörse…
Dawanyň başy özünden bolsa-da ol erkek nadaralygyny edip, aýalyny jenjeliň sebäpkäri edip goýdy-da, öterägem geçip, oňa diýmesiz sözleri bir-iki agyz artygragam aýtdy. Soňam öýden çykyp gitdi. Basgançakdan düşüp gelýärkä-de, dar ýerde, aşaky gatda ýaşaýan, Hudaýyň beren güni serhoş goňşusy bilen süsüşdi. Ol hem, dogup-döräli bäri zährimaryň humaryndan açylman ýören zaňňar, gahar bilen jabjynyp goýberdi. Bu hem gaýtargysyny berdi. Gyzdylar. Birsellem diýilmeli zatlary diýşenlerinden soň, sowadylar. Her haýsy öz ugruna gidip barýarka-da, goňşusy yzyndan: “Indi haýsydyr bir masgarabaz hem şeýdip gomparan bolup ýörse” diýip hüňürdedi. Muny eşidip ol yzyna topulaga-da ýaňkynyň petigulusyny beräýjegem boldy. Emma näme üçindir, sesini çykarman gidiberdi.
Ýollar dürli görnüşlerdäki ulaglardan ýaňa hyryn-dykyn bolandygy sebäpli işine-de mazaly gijä galyp bardy. “Hudaýyň uranyny pygamber hasasy bilen dürter” diýenleri, sirkiň ymaratyna girenindenem döredijilik toparynyň ýolbaşçysy bilen pete-pet geldi. Ol “ýolbaşçy” adyny güne ýatyp almandygyny gaýym subut etdi. Bolanja keýpine sogan dogralan Kadyr iş otagyna girdi-de, eşiklerini çalyşdy. Ýüzüne dürli reňkleri çalyp, çykyş edýän keşbini çekdi. Sirkiň sahnasy tarapdan gelýän goh-galmagal, aýdym-saz tutuş ymarata ýaň salyp, ony göçüräýjek bolýardy. Tomaşa suwsan adamlaryň şowhuny sirki sandyradýardy. Indiki çykyş etmek nobaty onuňkydy. Ýene-de bäş minutdan ol äpet gümmeziň ýap-ýagty astyna ylgap çykyp, gülmelidi, bökjeklemelidi, elinde baryny edip, tomaşaçylary güldürmelidi.
Ýöne özüň şadyýan bolmasaň nädip adamlara şatlyk paýlajak?! Ýüregiňde gahar-gazap, öýke-kine, gaýgy-alada ýaly garaňky duýgular tupan turuzýarka, nädip özgelerde ýagty duýgulary oýarjak?!
Içini hümledip oturşyna ähli zat Kadyryň hakydasyna geldi. Şu käri saýlap alandygyny, şol ugur boýunça-da okamak isleýändigini aýdanynda kakasynyň, agalarynyň gazaply närazylygy, ejesiniň igenmesi, wagtal-wagtal ot alyp galýan aýalynyň iňirdileri… Hemmesi göz öňüne geldi. Dessine-de onuň göwnünde: “şu käre baş goşup ýalňyşan bolaýmaýyn” diýen müňkürlik döredi.
Ýogsa-da, dogrudanam ol bu käri näme üçin saýlap aldyka?! Ýa näme, başga ýerden bir döwüm çörek tapmaryn öýtdümikä?!
-Wäşi! Hany wäşi! Kadyr, sahna!
Alyp baryjynyň özüni çagyrýan sesini eşidende bar zat huşundan uçdy. Ol hüžžerip duran ötürtme saçyny gyssanmaçlyk bilen kellesine geýdi-de, sahna tarap ylgady. Sahna çykaýmanka galyň perdelere gizlenip, jyklady. Tomaşaçylaryň käbiriniň ýüzi aladalydy. Käbiri oňa garaşýar, käbiri bolsa öz pikirleri bilen gümra. Ol bolsa olaryň ählisiniň ünsüni özünde jemlemeli. Aladalaryny, pikirlerini undup, arkan-ýüzin gaýşyp gülmäge mejbur etmeli. Şeýdibem, şatlyk paýlap, gülki ýygyp, olaryň ömrüni uzaltmaly…
Ine näme üçin ol özüne bu käri saýlap aldy! Ine nirde ol özüni tükeniksiz bagt ummanynda ýüzüp ýören ýaly rahat duýýar!
Adamlaryň şatlygyna, olary şatlandyryp bilýändigiňe şatlanmak… Oňa şundan başga bagt nämä gerek ahyry!
Ol özüni unutdy. Birdenem:
-Ine-de men adamlar! Sizi gözläp men asyl azaşaýypdyryn ekenim-ä!-diýip sesinden baryny edip gygyrdy-da, aşyr atyp sahna çykdy.
Hekaýalar