11:29 Ýalňyz şaýat / detektiw powest | |
Ýalňyz şaýat.
Detektiw proza
...Wakanyň bolan ýerine ugramyzda ýalançynyň ýüzi ýaňy çyzylyp başlapdy.Käbir işikde eli kündükli ýaşulularyň göze ilmegi eýýäm obanyň örüp ugranyndan habar berýärdi.Nobatçy milisioneriň aýtmagyna görä,biziň häzirki barýan ýerimizde welin bu gije ine-gana uky alyp bilen ýok bolarly. Howlynyň daş işiginde bizi iki-üç sany adam bilen ýeňini dişläp duran on-onki ýaşlaryndaky gyzjagaz garşy aldy. -Ynha,şu ýeri-diýip,ýaňky duranlaryň biri şol howla tarap elini salgady. –Bu bolsa,şo gelniň gyzy. -Hany,ýör,öýüňizi görkez-diýip,raýon milisiýasynyň jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi maýor Ymamguly Berdiýew gözüni tegeläp duran gyzjagaza ýüzlendi.Ol howla giräýen ýeriňdäki kaşaň uly tamyň düýbünden geçdi-de,aýaguçdaky horaşaja jaýa tarap ýöneldi.Iki otagly şol jaýyň içkisine girensoň bolsa ýaňky gyz howsalaly gözlerini bize dikip duruberdi. -Hawa,näme boldy?-diýip,maýor Berdiýew bolan zatlardan eýýäm bir dereje habarly bolsa-da,onuň özüne ýüzlendi.Ol jogaba derek ýüzüni sallap,ýene hälki ýaly,ýeňini dişledi duruberdi.Şol wagt hälki daş gapydaky goňşularyň biz bilen içeri giren biri oňa kömege ýetişdi. -Bu gyzyň kakasyna Daňatar diýýäler,çopan,onuň inisi Atajan bolsa ynha,şu jaýda ýaşaýar-diýip,ol uly tamy görkezdi.-Munuň aýtmagya görä,öten gije Atajan munuň ejesini urup-ýenjipmi,horlapmy,alyp gidipmi,garaz bir başagaýlyk bolupdyr.Biz-ä zat eşitmändiris.Ynha,ýaňy Mähriň özi bize gelip,şeýle-şeýle boldy,milisiýä jaň edip beriň diýdi. Kärdeşim,jenaýaty agtaryşyň uly operupolnomoçennysy Şäherli Gelenow ikimiziň gulagymyz gürrüňde bolsa-da,gözümiz içerdäki akan-dökänlikdedi:näme üçindir owadan gülli şkafyň üstündäki yorgan-düşek ýykylypdyr,diwardan asylgy halynyň bir çeti gopup sallanypdyr,ýere ýazylgy keçeleriň hem käbiri ýerinden gozgalypdyr.Işigiň gapdalynda bolsa palta ýatyr.Her näme-de bolsa gan-beýleki-hä göze ilenok,şoňa-da şükür. Goňşynyň aýdyp duran zatlarynda nobatçy bölüme ýetirilen maglumatdan artyk zat ýokdy.Şonuň üçin hem maýor Berdiýew ýene bir gezek Mährä ýüzlendi. -Sen bu ýerde nämeleriň bolup geçenini gördüňmi?Hany özüň aýdyp ber,Atajan kakaň haçan geldi?Ol sehoş dagymydy? Onuň dil ýarman durşuny goňşy özüçe delile getirdi. -Bu gaty gorkan bolaýmasyn... Sähel ara düşen dymyşlygy oslagsyz ýerden ykan iňňildi bozdy.Her kim gulagyna ynanmaýan ýaly bir-biriniň ýüzüne seredişdi.Şäherli bolsa derrew şifoneriň agzyny açyp gördi.Ýöne onuň içinde mata-marlykdyr,egin-eşikden başga zat ýokdy.Iňňildi welin mesaňa aýdyň eşidilip başlandy.Içerde ýaňky şifonerden başga güman eder ýaly ýer hem ýokdy.Şol ses soňky gezek eşidilende Ymamguly aga aşak oturdy-da,keçeleriň biriniň gyrasyny galdyrdy.Soňra: -Poluň açylýan ýeri barmy-diýip,Mährä ýüzlendi.Ol zordan başyny atdy.Şobada ähli keçeleri birýana syrdyk.Poluň gädigine atylan dört-bäş sany tagta bölegini aýramyzsoň iňňildiniň nireden gelýäni anyk boldy:eli-aýagy daňylgy,agzyna hem esgi dykylgy gelin ynha,şu ýerde ýatyrdy! Goňşy “tiz kömege” habar etmek üçin öýlerine ylgady. “Bendilikden” boşan gelin birsellem başyny diwara goýup oturdy-da,kem-kemden özüne gelişdi.Tanajak bolýan ýaly ýüzümize birlaý äňedip çykdy.Gyzynyň getiren suwly kündüginden ýene bir gezek bokurdagyny öllänsoň birzatlar diýjek boldy-da,yzyny üzmän üsgürmäg durdy.Gyzynyň kömegi bilen ýene suw owurtlady.Şondan soň birneme özüne gelen ýaly boldy. -Jigi,nämeler bolup geçdi?-diýip,maýor şobada wakany anyklamaga gyssandy.-Heý ýadyňa düşýärmi? Gelin jogaba derek diňe arkasyny däl,kellesini hem diwara ýaplap gözüni ýumdy.Onuň häzirki perişan halyny göreňde suwytly birzat aýdyp biljege meňzänokdy.Garaz,her nämede bolsa demligine deger ýaly zat bolmandyr,şoňa-da şükür edäýmeli.Iç işikde ýatan paltany göreniňde-hä,dogrusy,birbada has mojuk zatlar hem göwnüme gelmän durmandy. -Ýoldaş maýor,Atajanlarda-ha hiç kim ýok öýdýän,näçe kaksamam gapy açylanok-diýip,uçastok inspektory Mülliýew ikinji gezek hem ozalkysy ýaly habar bilen gaýdyp geldi. -Meýdi ýanan,öýünde oturarmy indi?-diýip aharyna bäs gelip bilmän oturan gelin ahyrsoňy ýaryldy.-Şo ýerçekeniň gözüni türmeden açdyrmasaňyz men yrza däldirin! -Hany,köşeşiň,ýogsa-da siziň adyňyz kim?-diýip,Ymamguly aga onuň gapdalynda aýagyny epdi. -Hesel. -Hesel,sen bu bolup geçen zatlary düşündirip biljekmi? Ol ýene-de serpmeden gaýdan ýaly bolup,öňküsi ýaly,ýeňsesini diwara söýedi-de gözüni ýumdy.Megerem,ol heniz doly aýňalyp bilerli däldi.Şonuň üçin hem onuň häzirki zoraýakdan aýtjak bolýan zatlaryndan netije çykardaýsa ýagşydyr diýip oýlandym.Şol wagt merkezi raýon keselhanasyndan gelen maşyn heniz ýola düşmedik sorag-jogabyň çürt-kesik bellisini etdi. -Muny derrew keselhana alyp gitmesek bolmaz.-Ak halatly adamlar şu gürrüň bilen girip,şonuň bilen hem çykyp gitdiler... Jenaýatyň bolan ýerindäki iş onçakly köp wagty almady:polisiýa habar eden adamyň gysgaça düşündirişi,gözegçilik protokoly,zerur hasap edilen ýerleriň suraty...Bu işler birýanlaýyn bolansoň gyzjagazyň ýekeje özi näme işlejegi alada goýdy.Ýöne ol mesele hem derrew çözüldi.Mähriniň häzirlikçe goňşularynda galjakdygyny eşidip,şondan soň biz hem yza dolandyk.Ýöne edara ýetýänçäk ähli gürrüň şu töweregiň gürrüňi boldy. -Atajan diýilýän näme, beýle ganojakmy?-diýip,sürüjiniň gapdalynda oturan maýor Berdiýew kellesini çala yza,Mülliýewe tarap öwürdi. -Aý ýok,kän bir betligiň gyrasynda görnüp ýörenlerden-ä bolmaly däl. -Edip ýören zatlar-a juda bir gowulygyň gyrasynda görünýäne-de meňzänok.Ýeri,heý gelnejeňi şeýle güne salarsyň-da,onsoň idili bolarmyň diýsene!..Ýa öňden dawalary-zady barmyka? -Bilmedim-ow men-ä... -Senem ýöne bilmedim diýäýýäň-aý.Sen bilmeseň kim bilmeli?!Şu zatlary bilmek üçin uçastkowoý goýýalar-a! -Ol aýdýanyňyz-a dogry welin,Ymamguly aga,uçastok gaty uly.Eşdişime görä,öň her oba bir adam bellener eken welin,häzir-ä gaty kyn,iki oba bir özüm ýetişmeli.Obalaram nähili oba,özlerem barha ulalyp gidip otyr.Hersiniňem birnäçe uçastogy bar.Mülliýewiň aýdyp oturan zatlarynyň jany bar bolarly,maýor onuň gürrüňine ýagşydan-ýamandan jogap gaýtarmady-da,ýene öňki meselä dolandy. -Ol Atajan diýilýän näme iş edýär? -Öz-ä edarada oturyp işleýär.Ykdysatçy bolaýmasa.Ýekşenbe güni bolansoň häzir onuň iş ýeriniň anyklananynyň hem peýdasy ýokdy.Şonuň üçin,islesek-islemesek işi bir günlik gaýra goýmaly bolup durdy.Dogry,jebir göreniň ýagdaýynyň juda agyr bolan halatynda ol bir günlüg-ä däl,bir sagatlyk hem gaýra goýulmazdy,ýöne her näme-de bolsa, onuň ýagdaýynyň juda bir elhal däldigi şeýle arakesmä puryja bermän hem duranokdy... *** Duşenbe güni ir bilen Şäherli ikimiz Heseliň yzyndan gitdik.Çak edilişi ýaly,onuň ýagdaýynyň ganymatdygyny baş wraç hem ýaşzytdy.Ýöne her näme-de bolsa,uzak sorag edip,surnukdyrmazlygy haýyş etdi. Ynha biz onuň bilen aýratyn bir otagda üç bolup otyrys.Bugdaý reňk,at ýüzli,käse ýaly gözleri oýnaklap duran bu gelin häzir edil poluň aşagyndan çykandaka asla meňzäbem duranokdy. -Biz-ä polisiýadan,iki bolup seň ýanyňa geldik-diýip,Şäherli tanyşlyk açan dessine ol: -Näme,ýeke gelmäge gorkduňyzmy?-diýdi.Näme üçindir onuň ilkinji aýdan gepi “görk bilen akyl ikisi mydama bir ýerde jemlenýän däldir”diýlen gürrüňi ýatlatdy. Garaşylmadyk ýerden oklanan bu gepe näme jogap berjegini bilmedik Şäherli oňä kän bir pitiwa hem bermedik ýaly,öz soragyna geçmek bilen boldy. -Hany,şo gije nämeler bolup geçdi,aýdyp beriň-dä? -Siz ol meýdi tutduňyzmy,özi näme diýýär?Ýa boýun alanokmy? -Onuň gitjek ýeri ýok.Hany,näme boldy,aýdyň-da? -Gördüňiz-ä näme bolanyny-diýip,ol gaýta ýene göni soragyň öňünden birýana sowlanyny kem görmedi. -Hawa,gördük,ýöne şoňa çenli näme boldy? Şäherli ikimiziň öňümizde häliden bäri hekgerip,gözümizi çokaýjak bolup oturan gelin birdenkä ýüzüni sallady.Megerem,ol şo wakalary ýekän-ýekän göz öňünden geçirmäge başlan bolarly.Birsellem dymyp oturansoň ahyry özi gürrüň açdy. -Gije sagat näçelerdigini-hä bilemok,ýuwaşlyk bilen işik kakyldy.Zähräm ýarylan ýaly boldy.Sebäbi adamym gumda bolansoň ol ýene on-onki günden gelmelidi.Kimkä diýip,işigiň ýanya baryp diňşirgendim.Gapy ýene tyrkyldady. “Kim?” diýip soradym. “Gelneje aç,bu men Atajan” diýdi. “Näme gerek boldy?” “Hiç zat,aç”.Menem açdym.Näbileýin o meýdiň niýetini erbede düwüp gelenini.Içerik girdi-de: “Men şu gün şu ýerde,seň ýanyňda ýatjak” diýdi.Şo gepini diýenden menem ony daşaryk itekledim. “Çyk,ýok bol,ýerçeken!” diýip.Ýöne ol gider ýaly däl.Gaýta duýman durkam ýumrugy bilen şu ýerime urdy-diýip,ol sag gözüniň aşak ýanyndaky gögerip duran ýeri görkezdi. –Menem diň arkan ýykyldym.Ýeňsäm bir zada-ha bijaý degdi öýdýän,şo wagt essim aýylyp,özümden gidipdirin.Soň näme-näme boldy,habarym ýok... -Diýmek biz baran uçurlarymyz özüňe gelen ekeniň-dä? -Bilmedim,şeýledir-dä. -Atajanda şeýle häsiýet öňem barmydy? -Ýer çekmişi näme,men öň tanaýanmy?! -Adamyňyzyň ady kim? -Daňatar. -Sen onuň bilen näçe wagt ýaşaýaň? -Ýarym ýyl bolup gelýär. -Ol näçe ýaşlarynda? -Otuz bäş öýdýän. -Çopan bolup işleýärmi? -Hawa. -Seň özüň näçe ýaşyňda? -Ýigrimi sekiz. -Daňatar öň öýlenmänmi? -Öýlenipdir.Ýöne soň aýrylyşypdyrlar. -Onsoň ol saňa nädip öýlendi,ýagny,nädip duşuşdyňyz? Ol ýüzüni galdyrdy-da,göni Şäherliniň göreçlerine seretdi. -Sizi maşgala durmuşym gyzyklandyrýarmy ýa-da düýnki waka? -Elbetde,düýnki waka.Ýöne biz onuň sebäplerini,ýagny,nämeden gelip çykanyny kesgitlemek üçin başga-da käbir zatlary anyklap bileris ahbetin. -Wah,ol ýerçeken eýýäm ähli ýerini baglandyr-la,bilýän-ä.Sebäbi şäherde tanşy kän-dä.Iki bolup meni çekeläp oturmaň-da,gaýratyňyz çatýan bolsa baryň,ana,şony tutup basyň.Asyl oňarmarsaňyz-a. “Men hiç zat edemok” diýen bor,şoň bilenem ähli zat gutarar-diýip,ol edil möňňürmese-de,gözüni sykmaga oturdy. Şäherli töweregini ýaltaklady welin,megerem,baş wraçdan heder eden bolsa gerek.Käbir zatlary bellik edip oturşyma menem sypaýyçylyk bilen gürrüňe goşuldym: -Bu ýerde gözýaş nämä gerek.Eger ýagdaýyňyz bolmasa biz soň gelibem bileris. Gelin sesini çykarmady.Sähel salymlyk dymyşlyk oňa megerem,dem dürsemäge puryja bolandyr diýip çakladym: -Ýogsa-da geliň,gowsy şo gijeki gürrüňe geçeliň.Atajan siz bilen daşky otagda gürleşdimi ýa içkide? -Daşky otagda. -Gyzyňyz nirede ýatyrdy? -Içkide. -Diýmek,ähli waka-da daşky otagda bolupdyr-da? -Aýdýan-a men soň näme bolanyny bilemok diýip. -Ol gelende elinde birzat barmydy? -Bilemok. -Siziň içki otagyňyzda palta ýatan eken welin,ol siziňkimi? -Ýok,şoňky bolmaly. -Hesel,men bir zada düşünemok:ol şol gije seniň ýanyňa näme maksat bilen geldikä?-diýip,Şäherli ara goşuldy. -Ony git-de özünden sora. -Özünden sorarys,hökman sorarys.Ýöne şu hakda sen näme pikir edýäň? Ol oturdy-oturdy-da: -Aýtdym-a el garjak boldy diýip. -Onsoň ol maksadyna ýetdimi? -Bilemok.Men özümden gidipdirin,hiç zady bilemok. -Munyň-a birhiliräk bolýar.Beýle ýagdaýda sizi ekspertizadan geçirmeli bolar. -Gerek däl-diýip,ol hamala äkidilip barylýan ýaly,derrew başyny galdyrdy. -Diýmek,onda ol size el garmandyr-da? Ol gaýtadan berlen sowala jogap bermezden öňinçä birsellem ýüzüni sallap oturdy.Gürrüňiň şu ýerde kesiläýmeginden ätiýaç edip,men başgarak sowala geçdim. -Eger-de gyzyňyz uklap ýatan bolsa,onda ol Atajanyň gelenini hemem size azar berenini nädip bildikä?Ýa-da oýandymy? -Bilemok. -Elbetde,soň onuň nirä gideninem bilýän dälsiň-le? -Poluň aşagynda ýatan ýeriňden nirä gidenini görermiň?-diýip,ol owadan gözlerini bu gezek azm bilen maňa tarap dikdi.Şäherli bolsa hälki sowalyny anyklamasa ynjalmady: -Siz onda meniň ýaňky beren sowalyma anyk jogap berip biljek däl-dä? Ýene wagty bilen jogap bolmansoň ol soragyň hörpüni birneme üýtgetmekçi boldy: -Bilýäňizmi näme,eger-de ol şo niýetini başa bardyran bolsa onda ýagdaý üýtgeýär,ýagny... Gelin şu ýerde Şäherliniň sözüni böldi. -Ýagdaýyň üýtgejegini siz aýtmasaňyzam bilýän.Şo ýerçekene batyrnyp bilen bolmaz,ana,men şony bilýän... Şunuň ýaly başly-barat gürrüňler hernäçe dowam etse-de,barybir,ýagdaýlar aýdyňlaşyp gidiberenokdy. -Baý-bow,siz henizem otyrmysyňyz-diýip,gapydan giren baş wraç gele-gelmäne ilki bilen näsagyň ýüzünde nazaryny saklady.-Biz-ä ony ýaňy aýaga galdyrdyk welin,hernä baryny biderek edäýmäň.Belki,şu günlikçe bes ederis?! -Ynha gutardyk.Iň soňky sowalymyz galdy-diýip,Şäherli ýerinden turdy. -Şeýdiň,şu günlikçe bolar-la-diýip,baş wraç çykan dessine kärdeşim dik duran ýerinden iň soňky diýýän soragyny hem berip ýetişdi. -Siz onuň nä niýet bilen gelendigini-hä düşündirdiňiz,şeýle dälmi? Gelin jogaba derek çala başyny atdy. -Beýle bolsa,onuň sizi şeýdip,poluň aşagyna süsdürip gitmesi nämäň alamatyka? -Ony onuň özünden soraň,aýdar,aýtdyryp bilseňiz-diýip,ol iň soňky jogabynda-da hälki pikirini ýene bir ýola syzdyrdy. Şäherlide nähili täsir galanyny bilemok,ýöne bu sorag-jogapdan özümiň-ä göwnüm suw içmedi. *** Edaranyň gapysyna gaýdyp gelenimizde men kärdeşimi sakladym: -Şäherli,şu megerem,Atajanyň maşyny bolmaly-diýip,oöa bu ýerde duran eňki giden gök “Moskwiçi” görkezdim. -Sen näbilýäň? -Aşagyna seret,eýýäm ýag döküp başlapdyr. -Dökende näme?Ýag dökýän maşyn gytmy? -Gyt dälse däldir welin,düýn Mülliýew şeýleräk maşynyň salgyny beripdi.Biz şo ýere baramyzda maşynyň özi bolmasa-da,täze ýag yzy-ha bardy.Seň ýadyňa düşenokmy? -Näme diýjek bolýaň?-diýip,ol şo maşyna seredip durşuna sorady. -Düýn gije onuň şo ýerde bolan bolmagy gaty ahmal diýjek bolýan. -Aý,öz-ä...-diýip,ol aýdýan zatlaryma pitiwa etmeýän ýaly,göni edara girip gitdi. Ymamguly Berdiýew derňew bölüminiň naçalniginiň ýanynda eken.Megerem,uçastok inspektory Mülliýew Atajany ýaňyrak alyp gelen bolarly,heniz sorag protokolynda kän bir bellenen zat ýokdy. Orta alynyp oturylan bu inçemikden uzyn,görmegeý ýigit görer göze beýle-beýle zatlara baş goşjaga çalym edenokdy.Herhal,edep gören oglana meňzeýärdi.Şeýle bet işe,onda-da ýeňňä el garmaga het edip biljek adamyň keşbini her näme-de bolsa şu terzde-hä göz öňüne getiremokdym.Beý diýseňem,bet işler oýlamaýanyňdan çykyp dur... -Hawa,sen şo ýere baranyňda gije sagat näçelerdi?-diýip,derňew bölüminiň naçalnigi Esenow Atajany ýola saljak bolup synanyşdy.Ýöne bu ýigit megerem,öňki aýdyp oturan sözünde saklandy. -Onuň ýaly zat edemok diýip size aýdyp otyryn-a. -Hemme kişem ilki şeý diýýä.Soň bir görseňem bilbil kimin saýrap otyr.Bilýäňmi näme üçin saýraýarlar?-diýip,Esenow buz gezek gürrüňi daşdan aýlady. -Belki köpräk içensiň-de hiç zat ýadyňa düşýän däldir?-diýip,uçastok inspektory kim üçin bähbitlidigi heniz belli bolmadyk sowaly orta atdy. -Içmesem näme!Aýdyp otyryn-a,altynjy gün şähere gidişim diýip,şu günem şo ýerden gelşime çagalary öýe düşürip,işe bardym. -Şäheriň niresine bardyň?-diýip,bu gezek Ymamguly Berdiýew gürrüňe goşuldy. -Gelnimiň öýlerine. -Olar şäheriň niresinde ýaşaýar? -Aňrybaşynda,Mätäji köçesinde. -Şenbe güni agşam sen şo ýerden başga hiç ýere çykmadyňmy? -Ýok. -Muny çagalaryňdan başga tassyklap biljek adam barmy? -Bar.Gelnimiň ejesinden sorap göräýiň,şol aýdar. -Sen näme,şo gije öýe gelmedim diýjek bolýaňmy?-diýip Säherli hem öz gezeginde bir gepini atdy. Atajan: -Ýok-diýse-de onuň bu jogaby gowuşgynsyz eşdilen ýaly boldy. -Hany meň ýüzüme seret-diýip,kärdeşim onuň alkymyna bardy-da,göni gözüniň içine seretdi. –O nähili baraňok,subut edip bereýinmi? Atajan onuň ýiti nazarynyň öňünde uzak durup bilmedi,ýüzüni bir gapdala sowdy-da, ýuwaşlyk bilen gürledi. -Gelip gitdim,gelemde näme,men öz öýüme girip çykdym.Ol ýere baramog-a. Bu gürrüňe Esenow aty çykan ýaly begendi. -Ynha,men ýaňy aýtmadymmy,ilki hiç kimem boýun alanok diýip.Soň bolsa şeýdip,ýuwaşlyk bilen saýrap başlaýarlar.Hawa näme üçin gelip gitdiň?Belki bir zatjagazy unudansyň,hä?Hany,sen gowsy kelläni agyrtma-da gönel:näme,ony öldürjek bolduňmy? Ýigidi der basdy.Ol nämedir bir zatlary aýtjak bolýan ýaly,birden-birden gobsunsa-da,ýa-ha pikirini jemläp bilenokdy,ýa-da nämedir bir zatdan ätiýaç edýärdi. -Hany,bol-how,sen gürlejekmi ýa-da gürletmelimi?-diýip,Esenow ony indi has hem gyssady. -Men size bir zat aýdaýyn-diýip,Atajan oturanlaryň arasynda iň ýaşydygyna garamazdan,uly adam ýaly gürläp başlady. –Şol gowy aýal däl. -Häzir gürrüň o hakda däl-de,sen barada barýar.Gepi başga ýana sowjak bolma-da,soraga jogap ber. -Menem gowy adam däl welin,ýöne ol mençe-de ýok. -Sen entek özüňe degişli ýeri aýt,ony bolsa anyklarys. -Men ilki şo hakda aýdaýaýyn-la?!-diýip,ýigit ejizlän ýaly,zordan haýyş etdi. Ymamguly Berdiýew aljyraňňy halda galan adama arka çykan ýaly boldy: -Goý,aýtsa aýtsyn-la. -Aýta, birgiden erteki otarar oturar-da-diýip,Esenow bu teklibi unap barmaýandygyny syzdyrdy. -Otarsyn.Bizem diňläp oturarys.Wagtymyz-a bar. Ýigit idin berlerine mähetdel gelnejesini ýamanlap ugrady. -Aýtsam,şol gaty ýarazamz aýal.Men oňa agama sataşmanka belet bolupdym.Şäherde bir üýşmeleňde gabat gelipdi.Ýaňy aýtdym-a özümem bir idili eşek däl diýip.Şolar ýaly ýerlere baraýmam ýok däl.Aýtsam ynanmarsyňyz,dört oglan bilen dört gyz bolup otyrdyk welin,gaýdan zadyny görmedim.Ýagşy keýpi ýetensoň hatda çuw ýalaňaç bolup,tansam edip berdi. -Bar aýtjagyň şo dälmi?-diýip,Esenow onuň säginerine mähetdel gürrüňini ýolup aldy. -Hawa,şo-diýip,ýigit gürrüňiniň derňew bölminiň naçalnigine birjigem täsir etmänine gynandy. –Aýtjak bolýan zadym,şeýle adam her hili haýýarlygy-da oýlap tapyp biler. -Onsoň,ol nädip agaňa sataşyp ýör?-diýip,Ymamguly aga bolsa şol pursaty anyklamakçy boldy. -Agamyň özi bir töwre adam.Öňki aýaly näme üçindir onuň bilen oňuşman gitdi.Soňam,ynha şuňa sataşdy.Muny biri guma,onuň mal bakyp ýören ýerine eltipdir.Näçä ýelmänini bilemok,ýöne garaz,başyna-ha atyp gaýdypdyr.Ilki-hä çagam ýok diýýädi,soň hem birýerlerden gyzyny alyp gelipdir. Näme üçindir bu gürrüňler Esenowa ýarap barmaýan ýaly göründi. -Inim,sen bir zada düşün,aýal adam islese durmuşa çykýar,islese şeýle gezýär,ol öz işi.Seniň bu aýdyp oturan zatlaryňda hiç hili kriminal ýok.Ynha,seň eden işiň welin,kriminalyňam baryp ýatany.Hany,indi özüňe geçeli,bolar-bolgusyz bahanajyklar toslan boljakmy ýa-da göni boýun aljakmy? -Men etmedik zadymy boýun alyp bilmerin,ýöne başga bir zady aýdaýyn:hawa,şol gije men hakykatdanam öýe geldim.Takmynan on ikilerde gelip,dört-bäşlerde-de gidendirin. -Belki onda kim bilen bolanyňam aýdarsyň-diýip,Esenow kinaýa bilen sorady. -O nähili kim bilen?Ýeke özüm boldum. -Näme üçin geldiň? -Näme üçin gelenimi aýdaýanymda-da siz barybir maňa ynanmarsyňyz. -Ynanaly-ynanmaly – ol öz işimiz,ýöne sen bolan zatlaryň hemmesini bolşy-bolşy ýaly aýt. -Aýtsam,men gije şäherden yzyma gelmäge mejbur eden zat-agamyň gelnine bolan müňkürlik.Gözüm bilen görmesem käte onuň bütin gijesi bilen bir ýerlere ýitirim bolýandygy baradaky gürrüň gulagyma degdi. -Kim aýtdy? -Kim aýdanda-da onuň tapawudy ýok.Gep Heseliň aýagyny gyşyk basýanyna bolan müňkürlik. Ýigidiň oňa näme üçindir gelneje diýesi gelmeýşi hem aýdýanlarynyň bir ujundan barýan ýalydy. -Inim,näme diýsene,seniň bu otaryp oturan zatlaryňa bahanajyk diýilýär.Bahana otarýanlary bolsa biz şu gün görmeli däl... Şondan soň Ymamguly Berdiýew Şäherli ikimizi öz kabinetine alyp gitdi. -Hawa,gelniň özi näme gürrüň berýär?-diýip,ol heniz ornuna geçip-geçmänkä sowal bermäge gyssandy.Şäherli keselhanada bolan gürrüňleri birin-birin aýdyp berdi.Halypa ony üns bilen diňländen soň,öz ýanyndan aýdyp oturan pikirini daşyna çykardy. -Ekspertiza hökman gerek bolar.Şäherli,sen eglenme-de şonuň ugruna çyk.-Soňra ol häliden bäri özüni gyzyklandyryp duran beýleki bir sowalyny hem aýtdy.-Ýogsa-da,Atajanyň şo gije öýüne gelenini nireden bildiň-ä? Şäherli jogap bermezden öňinçä meniň ýüzüme äňetdi.Gürlärli däldigime göz ýetirensoňam düşündirmäge oturdy: -Ymamguly aga,şü-de käwagt bir zadyny tapaýýar-diýip,ol maňa tarap ümläp goýberdi.-Atajanyň maşyny ýag dökýän eken.Ynha,häzirem eýýäm edaramyzyň agzyny görer ýaly eden däldir.Kuwwat bolsa şonuň ýaly tazeje ýag yzynyň şo gün daňdan şolaryň howlusynda hem gözüne ilendigini aýtdy.Diýmek,yz täze bolsa,onda ol biziň baranymyzyň öňüsyralary şo ýerden giden bolmaly-da? Ymamguly aga ýerinden galdy-da,adatdakylary ýaly,iki ýana gezmelemäge durdy,arasynda-da: -Erbet däl,erbet däl-diýip,gozganman duran işe itergi berip goýberen şol pikiri hem özüçe ölçerip gördi,hemem oňa baha berdi.Şäherli halypanyň bu sözlerine öz ýanyndan monça bolsa-da,heniz onuň kimi göz öňünde tutulyp aýdylandygy äşgär däldi. Şäherli çykyp giden dessine men halypa ýüzlendim: -Ymaguly aga,siz şol işi hakykatdanam Atajan edendir öýdýäňizmi? -Dagy kim edip biler?-diýip,ol soraga sorag bilen jogap gaýtardy.-Esenow-a şondan başga adam barada hatda pikirem etjek bolanok. Soramasa-da men oňa öz pikirimi aýtmaga durdym. -Mümkin,belki özüdirem,ýöne şol işiň nä maksat bilen edilenine-hä akylyň çatar ýaly däl.Eger zorlanjak bolsa-ha zorlanyp,dynyljak bolsa-da öldürilip gidiläýmeli ýaly-da.Munuň özi welin diňe göz üçin şeýdiläýen ýaly bolup dur.Her bir etmişiň hem özüne kybapdaş sebäbi bolarmyka diýýädik welin... -Ol aýdýanyň jany ýok däl,ýöne her kes öz etmişini logika dogurlajak bolubam duranok.Dünýede näçe adam bar bolsa,şonça-da häsiýet bar.Her häsiýetiň hem özünden göwni hoş.Şeýle bolansoň islendik zada-da heňe gelenok diýjek gümanyň ýok.Ýöne bu işde çig-çarsylygyň duýulýany welin hak. -Siz olaryň haýsylaryny çig görýäňiz?-diýip,umumy pikir alyşmadan anyk gürrüňe geçdik. -Ilki bilen-ä gelniň özüne el garylanyny-garylmanyny bilemok diýmesi.Onsoň başky wakalar daşky otagda bolanam bolsa näme üçindir içki otagdaky dyr-bulaşyklyklar.Ýene bir zat:gelniň elini-aýagyny daňmak üçin hökman çyra ýakylaýmaly.Olaryň gopgunyna hemem çyranyň ýagtysyna gyzjagazyň oýanman galjak gümany ýok.Hökman oýanaýmaly.Ýöne ol näme üçin ejesiniň şol ýere salnanyny bilenok?Wakanyň bolan wagty takmynan,on iki biel üçiň aralyklaryny ýatladýar,eger şeýle bolsa,onda şo zatlary gözi bilen gören gyzjagaz daň atýança nirede näme işleýär?Ýa-da aýdaly,gelin,edil şonça wagtlap şo ýerde ýatan bolsa,yz ýanyndan “ýerçeken” diýip,gargynyp oturmaga mejaly bolarmydy? -“Özümden gidipdirin” diýen ýeke söz bilen bir demde ähli soragyň jogabyny berip oturmagy hem bir ýandan-diýip,böwrüňi diňledýän pursatlary sanap oturan halypa menem goşuldym. -Hawa,ana şol iki sözem oňa gyssanan ýerinde tüýs ýapyşalga bolup biljek... Şondan sanlyja gün geçip-geçmänkä bu iş çynlakaý röwüş alyp gitdi.Jebir göreniň aýagyna,arkasyna hem ýeňsesine nähilidir bir kütek predmetiň degendigini,mundan başga-da sag gözüniň aşak ýüzüne-çekgesine urlanlygy barada ekspertiza-da zaklýuçeniýe berdi,şeýle hem oňa el garylmandygyny äşgär etdi.Eger-de bu zatlaryň üstüne Heseliň raýon ýolbaşçylarynyň adyna yzly-yzyna ýazan arzalaryny hem goşsaň,onda bu işiň has hem gyssagynyň özi bilen boljakdygy düşnükli zat... Işi önümçilige kabul edip alan raýon halk sudy indi öz mümkinçiligine garap,oňa garamagy haýsy güne bellese belläýmelidi.Biz bolsa eýýäm başga bir jenaýatyň ugrunda gezip ýördük. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |