11:41 Ýalňyz şaýat / powestiñ dowamy | |
ÝALÑYZ ŞAÝAT
Detektiw proza
Gyşyň gelip ýetenine esli wagt bolanam bolsa howanyň ýüzi heniz bir ajap baranokdy. Ýöne uzalan gijeler welin aýazly günleriň indi daşda däldigini magat aňdyrýardy. Şonuň üçin-de bu gezekki tabşyryga ýuka geýinip çykanyma indi biraz ökünmänem duramokdym. Egnimdäki plaş büräniň ganaty ýaly-ha diýmäýin welin, ýöne şonuň öňüni dolandy. Şeýle ýagdaýda hatda uzyn gijäni hem daşarda,aýak üstünde geçirmeli bolaýmagyň gaty ähtimaldy. Tabşyrygyň hörpünden çen tutsaň ol juda bir jogapkärli hem däldi,ýöne ýaman ýeri daş-içde köw-söw edip ýörmeli.Iň ýamany-da haçana çenli şeýdip ýörjegiň belli däl.Gepiň küle ýeri şeýle:şäherden biziň raýonymyza,özi-de şu kolhoza göknar gidýänligi barada habar düşüpdi. “Eger-de yz “Parahat” kolhozyna gidýän bolsa,onda onuň bir gyrasynda Aky hem bardyr” diýip,Ymamguly aga çaklapdy.Halypanyň mamladygyny ýa-da däldigini anyklamak bolsa meniň paýyma düşüpdi.Obanyň ileri başky syrgynynda ýaşaýan Akynyň käte gijäniň ýarynda öýüne gelip,hatda daňdana çenli garajynda bolýandygy barada hem bize ygtybarly ýerleriň birinden habar düşüpdi.Onuň şarňyldap duran köşk ýaly jaýyň içinde janyna karar tapman,uzyn gijesini garajda geçirmeginiň özi-de isleseň-islemeseň böwrüňi diňledip biljekdi. Men peýwagtyna gezim edip ýören ýaly,howlukman,öz maýdalyma barşyma eýýäm köçäniň bir ýola aňyrsyna çykypdym.Yza öwrülip gelşime bolsa onuň bilen mümkingadar bolup biläýjek duşuşygy göz öňüme getirýän.Aýdaly,geläge-de garajyna girip gitse,ýeri,sen näme işlärsiň?Bir gowy zady melleginiň daşynyň haýaty-da ýok,derwezesi-de.Asla obada iki-ýeke ýerde daşy jäheklengi howlular bolaýmasa,köpüsi alaň-açyk mellek.Şeýle ýagdaýda ýakyn aralyga barmaýamda-da,iň bolmanda ýük urup düşürilse-hä göze iljekdi. Maýdalyma gyrmyldap barşyma Ymamguly Berdiýewiň aýdanlaryny hakydamda aýlaýan. “Gaty sypjyk adamdyr,öňem bir ýöne säwlik bilen ele düşäýdi,ýogsa aňsat-aňsat “atyny oka berjek” adam däldir. “Körem hasasyny bir gezek aldyrýandyr” diýip ýörenlerdendir”. Ýogsa-da,ol ilkinji gezek nädip “atyny oka berip-dä?” Hawa,ýadyma düşdi.Bir gezek,mundan bäş-alty ýyl öň Orsyýediň bir ýerlerinden eli göknardan doly iki çemodanly gelýärkä göwnüne bir güman gidipdir:kim bilýär,ýa biri aýdyp ýetişipdir,ýa-da ýüregi bir zat syzypdyr-garaz,göni Aşgabada baryp düşmeli adam näme üçindir bir duralga bärde ökje ogurlap ugrapdyr.Işigaýdan,gyssanjyna otlynyňam ters tarapyndan,ýagny,wokzal tarapyndan däl-de,gaýrasyndan düşüpdir.Oňa pete-pet gabat gelen serhetçilerem saklar-da dokument sorar-da!Ine,ber habaryňy!Dokumentiň işi haýyr-baş bildiňi görkezip gidibermeli welin,çemodanlaryň içindäki zatlar elini ýakyp barýandyr-da,birdenem baş biledi-de,çemodanlary-da taşlap,ökje göteripdir. “Dur,pasportyňy alyp git!” diýselerem şo gaçyp barşyna “И паспорт не надо!” diýip jyrýarmyş. Organ işgärleri oňa Aşgabadyň wokzalynda hakykatdanam garaşýan ekenler.Ätiýaçdan,raýon milisiýasyna hem öz duralgalaryna çykmak tabşyrylan eken.Şonuň üçin hem ýaňkyň gaçyp,özüni atan maşyny gös-göni Ymamguly Berdiýew dagynyň içinde oturan maşyny bolaýsa nätjek!Eger-de başga bir ulaga özüni atyp bilende ony soň näçe silterleseňem müýnürgetjek gümanyň bolmazlygy mümkin.Serhetçilere uzadan başbildi bolsa bu jelegaýyň adamsynyňky hem däl eken. Şonda ol ýalňyşmasam,azyndan alty ýyl-a alyp gidipdi öýdýän.Ählisini oturmadygam bolsa,üçden ikisini-hä şo ýerde geçiren bolsa gerek.Ýöne wagt diýeniň geçip dur,kärdeşim Şäherli aýtmyşlaýyn, “ir gidenler ir geläýýär”. Ýogsa-da,kimi gürletseň,dokument barlaýan serhetçilerden nägiledir, “şular nä görgimiz” diýip.(Şeýdip-şeýdip,ahyrsoňy olaryň soňuna-da çykyldy öýdýän,birgiden postlar-a boşady).Ýöne wagt-wagt şolaryňam peýdasy ýok däl.Eger-de şonda şolar ara düşmedik bolsa Akynyň kim bilýär,sähel wagtdan nirelerden tozap çykjagyny.Şu kysmy başga waka-ha özümem janly şaýat.Ondan bäri eslije ýyl geçiberipdir.Uniwersitete okuwa girip bilmän,zawodda işläp ýören wagtlarymdy.Ine,şo döwürde bir iş bilen uly ýük maşynly Tejene gitdik.Işimizi bitirip,ir bilen ýaňy ýola düşenimizde şäheriň ýakasynda bir ýaş oglan bize elini galdyrdy.Egnini gysyp,naýynjar seredip durşuna ýüregim awady,sürüjä: “Gel,alaly-la”diýdim.Saklandyk. “Nirä?” “Uly köpriniň golaýyna oklap bilmermisiňiz?” “Näme oklaman,mün”diýdik.Giň kabinada üç bolup arkaýyn ýerleşip hem bolsa,maşyn ugrap-ugramanka onuň birden-birden özüme tarap gysmyljyraýanyny duýdum.Näme üçin beýdýäkä diýip,ýüzüne seretsem,asyl irkilýän eken. “Näme,ýatmadyňmy?” diýsem, “Hawa,ýaňy otludan düşdüm” diýdi. “Onda ýat” diýip,bizem sürüji bilen ýuwaşja gümür-ýamyr edip barýas.Ol hem kä gözüni açýar,kä ymyzganýar.Esli ýöredik.Kanalyň bir-ä däl,iki köprüsini hem geçdik.Ýöne ol zat diýenok,bizem düşjek dälmi diýşip durmadyk. “Nirä gidesi gelýänçä gitsin-le,arkamyzda göteremizok” diýip,sürüji hem sürüp gidip otyr.Serhetçileriň postuna gelenimizde oýaly-ukuly pyýada näme üçindir ukudan ymykly açyldy. “Biz nirä geldik?” diýip,gözüni elek-çelek etmäge durdy. “Serhetçileriň postuna”. “Bu ýerde näme edilýär?” “Baş biletler barlanýar”.Serhetçiler şol bir berýän sowallary bilen ýanymyza geldiler: “Nirä barýaňyz?” “Ýeri,nirä baramyzda size näme,dokumendi gör-de işiň bilen boluber-dä” diýip,sürüji zeýrendi-de olaryň jogabyny berdi: “Kaspiý deňzine”.Soldat jogaba geňirgenen bolsa-da,sürüji ikimiziň pasportymyzy derrew yzyna gaýtaryp berdi.Ýöne irkiljiräp oturan ýigidiň kagyzyna seretdiler-seretdiler-de,ony maşyndan düşürdiler.Bir zatlar gürleşip başladylar.Halys takady ýetmedik sürüji äpişgeden gygyrdy. “Kän garaşmalymy-how!” Ýolagçy ýoldaşymyz gelip,gerşinde göterilýän torbasyny aldy-da: “Siz gidiberiň,sag boluň!” diýdi. Eger-de ýaňky ýigit bilen şol duşuşyk ilkinji hem iň soňky gezek bolan bolsa,onda men ony häzir aňymda aýlap oturmasam-da oturmazdym.Ýöne iki-üç aý şondan soň ykbal bizi ýene gabatlaşdyryp goýaýdy.Öňküden üýtgeşik ýeri,bu gezek ýolagçy hökmünde däl-de,suduň zalynda duşurdy.Özi-de gapma-garşy ýagdaýda-halk oturdaşy bolamsoň men-ä sud edýänden boldum,olam sud edilýänden.Asyl,görüp otursam,ol eýranly bolsa nätjek!Gulamalynyň öz gürrüň bermegine görä,Eýranyň bärki welaýatlarynyň birinde(ady ýadymdan çykypdyr) ýaşaýan bolarly.Maşgaladaky ähli adamyň sözi bir ýana,onuň garry atasynyň sözi hem bir ýana eken.Diňe özüne däl,doganlaryna hem atasynyň gepinden çykma ýok eken.Atasy bolsa ala-böle Gulamala mal bakdyrýan eken.Bäş oglan üç gyzdan ybarat bu uly maşgalada hut özüniň çopan bellenmegi ýokuş degipdir.Ýöne nätsin,sesini çykaryp bilmändir.Ahyrda-da ol Eýranyň Azerbaýjan bilen serhetleşýän bir ýerinden özüni bärik atypdyr.Megerem,ol şondan başga alaç ýok diýip hasap edendir-dä.Ýöne serhetçiler ony sypdyrmandyrlar.Aslyýetinde ol gizlenjegem bolup durmadyk bolarly.Aýtmagyna görä,atasynyň deminden sypsa kaýyl eken. Ýöne sen kimiň deminden sypanam bolsaň,bu ýerde parhy ýok-serhedi bozduňmy-ber jogabyny!Şeýdip,üç ýyly gerşine ýelmäpdirler.Iki ýylyny şo etraplarda oturansoň galanyny göz asty tussag hökmünde işletmek üçin Duşenbä iberipdirler.Ol şondan soň yzyna geçmek üçin SSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumyna ençe gezek ýüz tutupdyr,emma oňa idin bermändirler. “Mende başga alaç galmady” diýip,ol sudda aglap gürrüň berdi. “Serhedi bozup geçmegi ymykly ýüregime düwdüm.Onuň üçin kartany elime alyp,serhetiň iň amatly ýerlerini öwrendim.Ahyrda-da serhetçileriň saklan ýeriniň aňyrragyndan geçmekçi boldum.Hatda öň şo ýere ýörite gelip hem gitdim.Başardygymdan,ýagdaýlary öwrendim.Onuň bu aýdýanlaryny torbasyndan çykan zatlar hem doly tassyklaýardy:sim kesilýän atagzy,aýaga dakylýan ýüzgüç,it ys almaz ýaly,geçip giden yzyňa sepmek üçin temmäki... “Iň bolmanda ýarawsyz ýatan ejemiň hatyrasy üçin meni geçiriň!” diýip,ol sudda ýarym-ýaş bolup aglady. “Eger-de geçmäge kömek edip bilmeseňiz,onda türmä beri basmaň.Men gowsy siziň kolhozlaryňyzyň birinde işläýin.Belki traktor sürmäni öwrenerin.Işlärin.Ýöne basmaň.Eger-de ýyl kesseňiz,onda men boşamsoň ýene-de şeýtmeli bolaryn.Men-de başga alaç galanok”. Köp gürledi.Köp aglady.Ýöne netije bolmady-ýene üç ýyl alyp gitdi.Elbetde,neressä şonça ýyl gerekmidi,gerek dälmidi-ol başga gürrüň,ýöne häzirki aýtjak bolýan zadym,serhetçiler barlamadyk-da şol ele düşermidi?Elbetde düşmezdi.Aslynda,belki-de ele düşmäni gowudyr?Şol tikenekli simler gerekmikäberi?Elbetde,gerekdir edilýändir-dä,ýöne onuň asla manysy enäni oguldan bozladyp,aýra salmak üçin-ä däl bolsun gerek... Içimi hümledip,öz-özüm bilen gürleşip ýörşüme sabyr-takadym azalyp ugrady.Ýöne meniň sabyr-takadym Akynyň nä azaryna?!Ol häzir,bir ýerlerde zährimaryny ýerlejek bolup başagaýdyr.Belki-de,oljasyna eslije zat ildirmek üçin ýene uzaklara sapara gidendir?Bize ýeten maglumatlara görä-hä indi ol uzaklara gidip ýörmän,şäherden ýüküni tutýan bolarly,şu ýerlerde-de ýerleýärmiş.Ýöne müň sapalakly şeýle adamlaryň näme edip,näme goýýanyny özünden özge kişi bilýändirem öýdemok... Ýoluň gyrasyndaky uly sütünden sallanyp duran çyranyň ýagtysyna sagadyma seredýän:on ikini alyberipdir.Ses ýetimden sähel uzagrak bu köçäni näçe gezek daraklap geçenimi bilemok,hasaplamandyryn,ýöne aýaklaryma düşen ýadawlykdan çen tutsaň-a öwrüm sany bir çene baryberen ýaly.Eger-de başga biri barada gürrüň gidýän bolanda,onda,meger,muça garaşmasam-da garaşmazdym,ýöne,Akynyň hatda gijäniň ýary gelip,ertire çenli garajda bolýanlygy baradaky habar heniz onuň azda-kände umyt döretmän duranokdy. Her näme-de bolsa şunça azap biderek gitmedi-köçedäki çyralaryň ýagtysyna suw ýaly ak “Wolga” geldi-geldi-de,häliden bäri göz dikip oturylan garajyň öňünde saklandy.Men oňa üns bermeýän ýaly bolup,deňesinden geçip gitdim.Maşynyň aýnalary garaldylan bolansoň onuň içinde özünden başga adam-garanyň bary-ýogy bildirenokdy,ýöne özüniň welin men tarapa hatda eglip seredip galanyny gözümiň gyýtagy bilen aňşyrdym.Onda-da syr bermän,geçip gitdim.Asla bärde-bärde eglenjek ýa-da yzyma garajak hem bolup durmadym,sebäbi häzirlikçe meniň wezipäme girýän zat ony ele salmagyň aladasy däldi-de,näme bilen meşgullanýanyna mümkingadar töwerekleýinräk göz ýetirmekdi.Şonuň üçin hem niýetim onuň göwnüne hiç zat gelmez ýaly,ara bir sellem wagt salyp,soň yza dolanmakdy. Köçäniň gyrasy bilen gidip barşyma gözüm öňde bolsa-da,gözüm ýeňsä aýlanypdy.Şonuň üçin maşynyň kän bir uly ses etmän,maýdalyna garaja girenini görmesemem aňşyrýardym.Şol gidip oturşyma-da pikir öwürýän:garajyny gulplap,öýüne girýänçä ýene kyrk-elli ädim-ä geçmek gerek bolar.Ana,şondan soň welin,yza dolanyp,şo töwerekden diň salnaýsa näderkä?Eger-de ünsi çekip biläýjek bir zatlar ýüze çykmadyk ýagdaýynda şundan artyk gezimiň hem nepi degmese gerek. Howanyň ýakymy barha gaçýardy.Has beteri-de,wagt-wagt ýüzüňi ýalap gidýän şemalyň awusy ýamandy.Hut şol şemalyň özi hem sowugyň öňünde durubilmän,onuň öňüne düşüp,bir ýerlerden gaçyp gelýän ýalydy.Ýakasy galdyrylgy plaşyma ykjam dolanyp,indi yza ugradym.Eger-de,bu bolup ýörşümi keseden biri synlap duran bolsa,raýon keselhanasyna jaň etmegi hem mümkin,jaň etmäýende-de,sagdyr diýer-ä öýdemok.Her näme-de bolsa,indi iň soňky gezek yza dolanan-da bolmagym mümkin.Şol “mümkin” azda-kände,göwne ynjalyk berip,ýene zya alyp gelýändir.Akylaryň howlusyna ýakynlaşyp ugranymdan ilki gözüme ilen zat garajyň içinde çyra ýanýanlygy boldy.Garajyň bir diwarynyň ýokary başyndaky ýeke kerpijiň göwrüminden uly bolmadyk çaklaň gädik megerem,howa çalyşmak üçin goýmak bolarly.Howany-da çalyşsa çalyşýandyr welin,ol bu ýerde çyra ýanýanyny hem golaý-goltuma habar berip durdy.Ýöne barybir,ýagdaýyň özi maşyn eýesiniň bärdedigini heniz subut edäýip bilenokdy. Garajyň daşynda-da hiç hili gulp ýok welin,belki içinden gulplanyp,başga bir işikden çykylyp gidilýän bolmagy mümkin.Çyranyň bolsa endik boýunça gije ýakylyp ýatylaýan bolmagy-da ahmal.Şeýle çaklamanyň özi Akynyň bu ýerde ýokdugy baradaky pikire öz-özüňi imrindirmekden başga zat däldi.Her näme-de bolsa şunça azaba görä,az-kem diň salman gaýdybermegem kemter boljak.Boýum gädige ýetmese-de,şonuň alkymynda tutuş göwräm bilen gulaga öwrüldim duruberdim. “Hiç kim ýok öýdýän” diýip,yzyma ýöneljek bolanymam şoldy,şeýle imi-salalykdan soň birdenkä maşynyň gapysynyň açylany eşidildi. “Gör-le muny,asyl ol bu ýerde doňuz diňini salyp oturan ýaly-la?Ymaguly aga munuň ýöne ýerden “öwgüsini” ýetiren däldir-le.Dünýäni ahmal görmeýän şeýle adamyň diňe bir doňuz diňini salmagy däl,daş çykyp,janyny barlap görmegi-de daşda däldir” diýen wehim bilen entek bir sellem aňyrraga çekilenimi kem görmedim. “Ýüregi ýagşy ýerine gelişsin,soň köwlenäýmeli bolar” diýip,taýak atym aňyrrakdaky bede üýşmegini peýläp duruberdim. Aýdyşym ýaly hem boldy,ol garajdan çykdy-da edil hamala bir zatlary syýan ýaly,daş-töweregine gözüni aýlap çykdy.Syzyb-a syzýanam däldir welin,egriligiň üstünde ýören adam islese-islemese müňküldide gezmeli bolýandyr-da.Onsoň,wagt-wagt janyny barlap durmasa ynjaljakmy näme ol! Näme üçindir,köplenç ýalançy etmedik çakym bu gezek dogry çykmady:garajyň derwezesini daşyndan gulplap,öýe girip gider öýdüp otyrkam,çenim sowa geçdi duruberdi.Derweze içinden ýapyldy,yzysüre eşidilen şakyrdy bolsa içnden gulp urlandygyny aňlatdy.Diýmek,ol bu ýerde käte hatda gijesi bilen hem bolýar diýilýäni ugrunda barda? Yzyma gaýdyp gelen badyma bu ýerde ikinji bir adamyň hem bardygy belli boldy.Özi-de hakyt aýal sesi.Olaryň hümürdilerini has aýyl-saýyl eşitmek üçin ýokarky gädige tarap süýnüp barşyma hatda daraklygyma galanymy hem duýman galypdyryn. -Içjekmi ýa çekjekmi?-diýip,Aky ýanyndakydan sorady. -Dermanyň gowumy ýa-da aradakydanmy? -Ol-a däl,başga.Näme,öňki erbetmidi? -Sen şony duýmadyňmy?Artyp,bokurdagyňa ýelmeşip alyp barýar-a. Görýän welin ýanyndakam özüçeräk bar bolarly-ow. “Pis pisi tapar,suw pesi”diýleni-dä. -Bokurdagyňa ýelmeşýän ynha,şu çilim otlanýanyň gaty gyzarýanyndan.Nädersiň ony sodalyk bilen birje gezek beýleki sime basýsaň. -Onda şoňa basaly-da?! -Näme,indiden soň gidip,öýden paýanlyk getirer öýdýäňmi?Bilseň,şu oturşymyzyň özem hatarly. -O başdan bu başa hatarly diýip geçdiň-ow...Seňem bir arkaýyn sypaşyp oturan wagtyň bolarmyka?Aky,saňa diýýän,hany bularyňam aýyr! Özüçe bar diýeniňem heniz bärden gaýdýan bolaýmasa.Asyl bu zenan Aky ýalyny suwsuz äkidip,suwsuz getirjek ýaly-la. -Hany,dursan-a,men-ä şundan bir ýüz gram urmasam kelläm ýarylyp barýar.Sen içjekmi? -Azajyk konýak guýaý.Süýji ýokmy? -Hany, bardaçoga eliňi ýetir,şoň içinde birzatlar-a bolmaly. Haýsydyr bir zadyň guýulýan jürrüldisi eşidilýär.Soňra kagyz şygyrdylary.Iki käsäniň çakyşdyrylýan sesi.Jyňkytdylar öýdýän-ikisi iki ýerden hopugyp suwdan çykanyňky ýaly, “üf-de-üf” boluşdylar.Görýän welin,bize ýetirilen habarda juda bir takyklyk hem ýok öýdýän,asyl munuň ähli küýi-köçesi haram keýpde ýaly-la?!Göknardan gürrüň açylmasa nädersiň.Ýogsa-da,ol meniň diňläp duranymy bilip,ýörite şeýleräk bir zady oýlap tapan-a däldir-dä?Aý ýok,men bu adam hakda onuň öz bolşundan hem bäş beter,aşa pikir edýän bolaýmaýyn. -Artyp galmyş,nebit ysy aňkap dur-la,niräňki gyz bu? -Azerbaýjanlaryňky. -Üf-f,nejis,şundan-a arassa nebitiň özüni içeniňem gowumyka diýýän.Getir,gowusy şuňa arak guýsan-a. Ýene-de “bulk-bulk” sesi gaýtalanyp ugrady.Bu gezek gyzyň ýeke özi eňterdi öýdýän,käseleriň biri-birine galtaşany duýulmady.Ýogsa-da kyrky sermäp ýören göhert ýaly bu pyýadanyň öňüne şu wagt,gije ýarymdan soň ulygyzyň geçip oturmany-ha düşnükli.Gelin diýseň,ine,bu başga gürrüň.Hawa-da gelin bolaýşyny!Belki,çuwal gyzdyr?! -Kelläň nätdi?-diýip,gelin ýanyndka söz gatdy. -Aý,men-ä düşünmedim-diýip,ol megerem,özüne bir zat guýunmaga oturdy öýdýän,ýene-de “bulk-bulk”. Yzly-yzyna iýilýärmi,içilýärmi,garaz,agylaryň dek durmaýany äşgär bildirip dur.Daýaw adamlaryň köpüsine mahsus bolşy ýaly,Akynyň gödeňsilik bilen myşlap açlykdan çykan ýaly symyşlaýşyny eşitmejek boldugyňça gaýta has beter gulagyňa ilýär.Dogrusy,men bu ýere edil beýle zatlary diňlemek üçin-ä gelmändim,ýöne käriň şu bolsa mundan beterräginem eşitmeli ýerleri bolýar.Nätjek iş-iş bolýar,biriniň gürrüňini diňlemeseň,ýa ýene birini abaý-syýasat bilen silterläp gürletmeseň,başga birini ýok gürrüň tapyp,ýola iteklemeseň,öz-özünden geläge-de “Ynha,men jenaýatçy!” diýýän barmy näme!Onsoň diňlemäbilseň diňleme! Häzirki pursat barada aýdylanda bolsa Akyny gabamaga şu wagt delil-ä tapyljak,ýöne häzirlikçe özüme berlen tabşyrygyň ýagdaýlara ser salmakdan aňry geçmeýänligi üçin gulaga güýç berenden gowusy ýokdy. -Basýynmy-ow?-diýip, ýene Akynyň gyryljykdan gödeňsi sei eşidildi.Men gädige tarap has beter üşerilenimi duýman galypdyryn.Nähiidir bir düşnüksiz şygyrdylar peýda boldy.Häzirki eşidip durşumy az görýän ýaly men iki sany kerpiji hem aýagymyň aşagyna goýup,,kellämi gädige ýagşy ýelmedim.Bu bolup durşumyň yrgarakdygy üçinmi-nämemi,hut şol wagt “Hernä it-beýleki ýokdur-da” diýen gorky bir ýerden peýda boldy.Häzir sähelçe “jow-jöwüň” özi hem ähli zady püçege çykaryp biljekdi.Ýa iň ýamany,meniň juda oňaýsyz ýagdaýda galaýmagym ahmaldy.Ýogsa-da,ýat it pete-pet öňüňden çykanda näme etmeli diýipdiler-ä?Hawa,Ýazberdi dostumyň sözüne hä diýjek bolsaň-a ur-tut goltugyňa çörek çalyp,ite iýdirmelimiş.Ýeri,şol iki arada çöregi nireden tapjak diýsene!Bar,ony tapanam ekeniň-dä,plaşyňy,penjegiňi,garaz,maýkaňdan galanyny çykaryp,goltugyňy tapýançaň it diýeniň ýüzňe seredip,garaşyp durarmyka beri?Belki bu aýdylýan zatlar ugrunda bar bolsa bardyr,ýöne pikir edip görýän welin,meniň üçin-ä ol gaty yrga görünýär. -Gerek däl,aýdýan-a artyp,bokurdagymy gyrkydýa diýip. -Onda käsä ezip beräýeýin? -Ýok,şumat gerek däl. -Termosda çaý-a bolmaly,isleseň sykyp bereýin? -Gerek dl,azajyk gyşaryp,endamymy ýazaýyn-la.Ýaňky arak degdi öýdýän,melul etdi...Azajyk üşejegem bolýan.Hany,bärräk süýşsene,gap-gaçdan çykman geçdiň-le. -Üşeseň maşyny otlaýyn? -Ýok,hany,eliňi bärik äber. Şol wagtam boldy bir güpürdilik.Bilmedim çüýşeler bir ýana gaýtdymy ýa-da Akynyň özi ýere gaçdymy-ala-goh boldy.Şol wagt yzymdan bir zadyň ysganyny duýdum-da,menem gaýtdym güpürdäp.Ýer ýazylaýmasamam,zordan elimi diräp ýetişdim.Kellämde itden başga pikir bolmansoň,hut şoldur öýtdüm.Seretsem,asyl,içigar,kürre bolsa nätjek!Wah,it bolmasa bolýar,şu wagt galan zat bilen oňuşsa boljak-la.Meniň güpürdime zähresi ýarylyp,gaçyp gitse-de gitdi welin,betbagt,tas ýüregimem ýarypdy.Maşynyň içinde oturanlaryň öz başagaýlyklary özlerine ýetik bolaýdy,ýogsa bu güpürdimi olaram-a duýmaly... -Dursan-a,Aky,ähli göwräňi ataýýaň-la,dur,hany azajyk gyşar.Dur,dur diýýän,dursana oglan,hm-mmm... Gepi-gürrüňi halys ýüregine düşen ýaly,Aky onuň ahyrsoňy demligine mündi öýdýän,käte bir “hmm” bolaýmasa,başga eşidilýän zat ýok. -Waý,demimi titduň!-ahyrsoňy dil açan gelin howpurgap,uludan demini aldy. –Oýnuň-dagyň nähili.Gödekdigiňi.Beýtme,hany süýş aňyrrak. –Şeýdibem bir ogşalarmy?!Göle sokjan ýaly bolup,ýüzümi-gözümi gyşartdyň-a...Wäk.dodajygym-eý... Şol bada ýene-de “hmm” sesi gelip başlady welin,ýaňky göhert gaýtadan ýelmeşdi öýdýän.Menden bary-ýogy birki ädimlikde-kerpiç diwaryň aňry ýüzünde bolup geçýän bu zatlary görmesemem göz öňüne getirerçe boldum.Şonuň üçin-de,eger başga tema geçilmejek bolsa,indi bu ýerde meniň işimem ýokdy.Ýöne näme-de bolsa,irde-giçde göknardan gürrüň açylaýjak ýaly bolup dur.Hawa,göwnüme-hä şeýle.Ýöne bularyň meselesi göknardan has aňyrraga-başga şady-horramlyga geçip gidiberdi öýdýän. -Dursana,Aky,dur diýýän,dur,özüm,beýtmesene,eý,wäk,beýtme... Bu gezekki galagoplukdan soň agyr maşyn tutuş süňňi bilen yranyp,ses etmäge durdy...Oturgyjyň gaýratyna haýran...Hemem geliniň... Nämedir bir zatda aldanyp,göwnüne deglen oglan ýaly,şondan soň öýe tarap ýeňsäni el ýaly etdim. “Akysam gursun,göknaram!” *** Ymamguly Berdiýew meni diňläp oturyşyna hezil edip güldi. -Bolubilýär,wagtyň-a biderek geçirmänsiň-le,tomaşa görübilipsiň. -Göremok,eşitdim-diýip,ýaňky söze kiçijik düzediş girizdim. -Her näme-de bolsa ýene biraz eglenmeli ekeniň-diýip,halypa görnetin nägilelik bildirip durmasa-da öz pikirini aýtdy. -Ondan artyk şo ýerde durmak mümkin däl-ä,Ymamguly aga!Onsoňam,bolşy şo gije-hä bir ýere gozganjaga meňzänok. Ol bu gezek çala ýylgyrdy-da,soňra çynlakaý ýagdaýa geçdi. -Şeýle ýalydyr welin,ol kysmy adamlaryň haçan nirä gidip-gelýäni ikimize bildirtmez...Ýogsa-da,öýünde adam-gara ýokmuka? -Onçasyny anyk bilmedim.Ilkagşam öýlerinde çyra-ha ýanýanam ýalydy. -Seniň pikiriňçe,onuň ýanyndaky kim bolup biler? -Şäheriň ýurt ýykanlarynyň biridir-dä,kimdir öýdýäň.Asyl gaýdýan zady ýog-a oň. -Ýurt ýykan indi obada-da gytdyr öýtme.Birýerlerdendir diýmek aňsat,tanajak bolmaly. -Ymamguly aga,tüweleme,gelinem köpelipdir,olaryň ýüzüni göreňde tanap bolýarmy,sesinden biler ýaly.Ele salaýsak,ynha,şonda kimiň kimdigi belli bolar. -Ele salmak kyn däl-lä welin,şol kezzabyň öňe-yza gidýän ýodajyklaryny öwrensek gowy-da.Muny ele salanymyz bilenem neşäň öňüni bagladygymyz bolmaz,haryt diýeniň ýene geler durar.Düýp mesgenine el ýetirjek bolmaly. Bu gürrüňçiligiň üstüne gelen Şäherli “Näme habar?” diýen manyda meniň ýüzüme seredip,kellesini galdyryp goýberdi.Dogrusy,şol bir bolgusyz wakany artykmaç ýene bir gezek aýdyp oturmaga höwes ýokdy.Muny aňan ýaly, halypa derrew onuň özünden hasabat soramaga durdy. -Hawa,sen näme iş bitirdiň? -Ymamguly Berdiýewiç,ol köplenç harydyny çopan goşlaryna äkidýän eken.Ýanynda käte bir gelinem görünýän bolarly. -Bize onuň nirä äkidýäni däl-de,nireden alýany has zerur. -Şäheriň ileri çetinden,Nohur obasynyň bir ýerlerinden alýan bolmaly.Ony özüne aýtdyrsa bolar-la. -Özüne aýtdyrmak üçin näme etmeli? -Elbetde,gapjamaly.Onda-da oljasy oňanja wagty gapjamaly-diýip,ilki bilen men öz pikirimi aýtdym. -Gaty dogry,ýany boş ýa-da sähelçe zatly tutanyň peýdasy ýok.Munuň özi ýagşy atyma gelen awy ürküzenden enaýy bolmaz.Şonuň üçin näme etmeli?-diýip,halypa bizi synagdan geçirýän ýaly,ýene-de bir sowaly Şäherli ikimiziň öňümizde keserdip goýdy.Men birbada näme diýjegimi bilmedim.Şäherliniň gürrüňi bolsa gaty üýtgeşik çykdy. -Näme etmelidigini men aýdaýynmy?-diýip,ol halypanyň gabat garşysyna geçip oturdy. –Meni diňleseňiz-ä,oňä hiç zadam etmeli däl. Ymamguly aga gürrüňe geň galmakdan ýaňa “O näme üçin?”diýmegi-de unudaýdy öýdýän. -Ynansaňyz,türmeleriň ýarysyna golaýy şu zatlar bilen baglanyşykly tutulan adamlar:kimsi satdyň diýip,ýene biri çekdiň ýa atdyň,öwretdiň ýa ýanyňda göterdiň diýip tutulan... -Be,be,Şäherli, saňa nä döw çaldy,çepiňe-dagy-ha ýatyp turaýan dälsiň?-diýip,diňe şondan soň halypa özüne geldi. -Ýatyp-turşum dogry,ýöne şu edýän işimiz telek.Onsoňam,Ymamguly aga,siz-ä näme etmelidigini soradyňyz,menem öz pikirimi aýdyp berdim.Men öz pikirimi aýdyp bilýändirin-ä,şeýle dälmi?-diýip,ol sözüniň soňunda hukugynyň bardygy-ýokdugy hakdaky gepi aýratyn hetjikledi.Halypa,elbetde,onuň bilen ylalaşmakdan başga alaç tapmady. -Hawa,hawa,arkaýyn aýdyber. -Aýtsam,indiden beýläk neşe bilen baglanyşykly bir adamy hem jogapkärçilige çekmeli däl diýjek.Şeýtsek biz näme utarys?Ilki bilen-ä hyryn-dykyn türmelerimiz mazaly gowzar,ikinjiden,birgiden aýralyklaryň öňi alnar,çagajyklar ýetim-ýesir bolup galmaz.Üstesine,biziňem işimiz ep-esli azalar. -Seniň ähli derdiň neşekeşlermikä diýsem,asyl öz aladaň oguşýan-diýip,Ymamguly aga barha gyzyp barýan ýigidi az-kem köşeşdirmek üçin gürrüňiň bir gyrasyny degişmä ýazdyrdy.Ýöne bu töwra adamy bir gyzansoň aňsat-aňsat saklajak gümanyň ýokdy.Ynha,häzir hem onuň şol bir hörpde gidip oturyşy. -Ýok,öz aladam däl,iliň aladasy.Bir mysal aýdyp bereýin:ilerki kolhozda ýaşaýan Anna neşäň tirýek goýulýan ýere girip-çykyşy hakdaky gürrüňi eştdiňizmi?-diýip,ol halypanyň ýüzüne seretdi. -Ýok. -Anna neşe şo ýerde bir gün oňupdyr diýýä,iki gün oňupdyr diýýä,üçünji günortanlar welin elden-aýakdan gidip barýan bolarly.Onsoň dogtorlaryň öldüm-öldümde birki damja berýän bir dermany bar eken,ugruny tapyp şony ele salypdyr-da,içi doly çüýşäni şo durşuna jyňkydaýypdyr.Soňam hezil edip uka gidipdir.Bir haýukdan dogtoryň zenzelesine oýanypdyr.Görse,ak halatly ýigdekçe elem-tas bolup,bir zat gözleýän bolarly.Palatama-palata aýlanyp ýören wraç Anna neşäň ýanyna barypdyr-da: “Doly çüýşe derman bardy,görmediňmi?” diýipdir.Ol hem “şümi?” diýip,hälki boşadan çüýşesini ýassygynyň aşagyndan çykarypdyr. “Hawa,şo”diýip,çüýşäni gören wraç tas gözi hanasyndan çykan eken.Ol: “Hany muň içi?” diýip sorapdyr. “On-a içäýendirin”diýip,Anna neşe asyl müýni bardyram öýdenok diýýä. “Şunuň hemmesini bir özüň içdiňmi?”diýip,ýüregi agzyna gelen wraç ýene oňa ýüzlenipdir. “Hawa”. “Onsoň,saňa hiç zat bolmadymy?” “Ýok”. “Baý-bo-ow,agam,onda seň keseliň bizlik däl eken,goş-golamyňy ýygna-da arkaýynja gaýdyber”diýip,wraç ony sag-aman öýüne ugradypdyr.Aýtjak bolýanym,şolar ýaly adamlaryň gör,näçesi türmede eplenişip ýatandyr.Ýeri,şeýle adamlary ýüz ýyl gabap saklaýanda-da heý öňde-soňda netije çykarmy?Gaýta yzyndakylar syr-sepildir,türmä sähelçe awulyk geçirjek bolup.Geçirýälerem,biz näme,bilemizokmy?Ýöne ýene bolýar-bolýar yzyndakylara bolýar,ana,şolara agram düşýär. Şäherlini birnäçe ýyl bäri tanaýan hem bolsam,onuň halypanyň ýüzüne gelip,bir zatlary düşündirip oturyşyna ilkinji gezek gabat gelşim.Elbetde,aýdýan zatlarynyň jany hem ýok däl,ýöne näme üçindir halypa bu gürrüňleriň öňünden jogap bermän sowuljak bolýan ýalydy. -Sen-ä süpük tirýekiniň gürrüňini etdiň welin,menem saňa aňrybaş alkaşyň hekaýatyny aýdyp bereýinmi?-diýip,ol hem öz gezeginde Şäherlä ýüzlendi.Ol özünde joşup duran bilesigelijiligiň ýokdugyny bildirse- de,halypa ýok diýip durmady. -Aýdyň. Haýsy obadadygyny-ha bilemok welin,özüň ýaly gyzma ýigidiň baryp ýatan alkaş goňşusy bar eken.Içmeýän güni ýok diýýä,Taňrynyň beren güni porsap durmuş.Olam hiç diýseň,ir ertir ýa giç agşam oglunyň eline bulgur berip,ýaňky goňşusynyň üstüne ugradýarmyş, “sähelçe-de bolsa pohmellik bir zatjagaz guýup bersin” diýip.Şeýle ýagdaý bir gün däl,iki gün däl,elbetde,şo-ol gaýtalanyp durandyr-da,teý-ahyry halys çydamadyk goňşusy bir gün onuň oglunyň bulguryny kislotadan ýarty edip goýberiberipdir.Ertesi irden bolsa “Waý dogan...” sesi çykaýmazmyka diýip,goňşularyna tarap diň salsa,gaýta ala-şagalaňlyk,gülki sesleri gelýämiş.Haýatyň üstaşyr boýnuny uzadyp görse,hanha,alkaş goňşusy pökgi kowalan bolup ýör diýýä.Haýran galmakdan ýaňa agzyny açyp duran ýaňky ýigit: “Eý,goňşy,bärik gelsene” diýip çagyrypdyr.Ol sportsmen ýaly,loňk-loňk eden bolup,ylgap gelipdir-de goňşusy bilen salamlaşypdyr.Şonda ýigit “Goňşy,agşam ogluňdan ýarty bulgur arak iberipdim welin,şony içdiňmi?” diýip sorapdyr. “Hawa,goňşy jan,sagja bol,kelläm agyryp durka tüýs derman bolaýdy-da,öýde-de şo wagt hiç zat ýok eken”diýip,ol hem jogap gaýtaran. “Onsoň,şony içensoň hiç hili üýtgeşiklik duýmadyňmy?” “Aý ýok”. “Şeýlemi,be,bolýa-da”.diýip,ýigit yzyna öwrülip gidiberende alkaş onuň yzyndan gygyrypdyr: “Waý,dur,goňşy,indi ýadyma düşdi.Bir üýtgeşiklig-ä boldy”. “Näme üýtgeşiklik?” “Häli irden buşugmaga duramda galoşyma daman damjalar degen ýerini jopba-jopba deşib-ä durdy” diýen... Men zordan gülmän saklandym.Şäherli üçin welin bu zatlar täsin henek däl-de,ýowuz höküm diňlän ýalydy.Ýylgyraýynam diýmedi,gaýta şol öňki perdeden eňterip barýar. -Ana,görýäňizmi,şonuň galoşy däl,aýagy deşilýänçä içse-de barybir türmä gitmejegi görnüp durandyr. Ymamguly aga ahyrsoňy çynyrgatmasa bolmajagyny aňdy öýdýän. -Inim,men saňa bir zat aýdaýyn,eger-de neşekeşligiň ýa-da neşekeşleriň jemgyýetde zyýany ýok bolsa,beýdip,onuň garşysyna ähli ýurtda göreşip ýörmezdiler. -Ähli ýurtda göreşmeýän bolaýmasynlar-diýip,niredendir bir ýerden eşiden zadyny şu ýerde tekrarlamakçy boldy. -Ýüzläp ýurt göreşýärkä birki sanyň göze ilmez.Mysaly uzakdan gözläp oturma:ynha,goňşy Eýranda neşe söwdasy üçin nädýäler?Göni dara çekýäler.Ony asla üýtgeşik jeza çäresidir öýdenoklar,höküm çykandan soň günäkäre maşgalasy bilen hoşlaşmaga puryja berýärler,saglygyny gözden geçirýärler,diňe şondan soň bolsa dardan asýarlar.Häzirki döwürde-de şonuň ýaly ýowuz jeza ulanylyp gelnensoň,onnoň biliber... -Her näme diýseňizem men-ä bir zada ynanýan:tirýegi-de arak ýaly edip,dükanda goýsaň,her öňýeten süpük bolaýmazmyka diýýän.Aragyň satuwda durany bilen hemme kişi alkaş däl ahbetin.Tirýegem beter özüne çeker öýdemok.Bir wagtlar ol gadagan dälem eken-dä,bütin türkmen şoňa ýataýmandyr-a. -Ýöne bir zadam ýadyňdan çykarma,şol adamlarda öňde-soňda abraý-a bolmaly däl. -Abraý hemme adama hökmanam däl,bäş gün ýalançyda ine-gana ýaşap bilse kaýyl.Ýöne häzir welin neşekeşiň daşyny kanun bary gallap dur.Kanun näçe berk goradygyça,onuň şonça-da beter süýjüsi artýar. “Ogurlap iýseň süýji bolýar” diýişleri ýaly,her bir gadagan edilen zat hem berk goraldygyça onuň tagamy artýar. -Äl,Şäherli,senem her gezek şähere gidip gelýäňde hökman bir zat tapaýýaň-aý.Beýdip,atyňy ýeke çapyp oturma,bu zatlar kanun tarapyndan goralýarmy-diýmek,gerekdir goralýandyr. Şondan soň raýon milisiýasynyň jenaýaty agtaryş bölümindäki bolan gürrüň uzaga çekmedi.Akyny ýany harytly tutmak üçin Şäherli ikimiz golaý-goltumdaky çopan goşlaryna gidip,gümana ediläýjek adamlaryň agzyny ysgap görmegi,zerur diýlip hasap edilen ýerde bolsa birki gün eglenmegi teklip etdik.Halypa hem muňa garşy bolup durmady. Biz şol günüň özünde ýola düşdük. *** Ýörite habar edilip,osalgsyz ýerden yza çagyrylmagym gaty geň galdyrdy.Ony eýýäm ele salaýdylarmyka?Megerem,şeýledir,başga näme bolup biler?Başda kellä gelen şol pikir bilen hem yza dolandym.Gelsem,Ymamguly Berdiýew ýerinde eken.Men onuň ýüz keşbinden ýagdaýy aňjak bolup çalyşdym.Eger-de az-kem tukatlygyny hasaba almasaň,onuň şol öňki bolşudy. -Hä-ä,Kuwwat,geldiňmi?-diýip,ol elleşip görşen dessine şol eli bilenem gapdaldaky oturgyjy görkezdi.-Sizem biderek heläk etdig-ow. -Zyýany ýok-la.Näme boldy? -Ol işigaýdan öldi,ýatyberdi. -Kim,Akymy? -Hawa. -Näme bolupdyr? -Ýöne bir ölümem däl,masgaraçylyk. –Ol şeý diýip,ýerinden galdy-da,penjiräniň öňünde sägindi.Men ýaňkynyň nä jüre masgaraçylykdygyny göz öňüne getirip ýetişmänkäm,halypa aňyrsyny bakyp durşuna düşündirmäge başlady. -Arada garajda bolup geçen ýagdaýy aýdyp beripdiň-ä. -Hawa. -Öten agşamam şo gelin bilen şeýdip,maşynda ýatypdyr.Elbetde,üşändirler-dä,maşynam işledip ýatypdyrlar.Megerem,maşyn işläp durka uklap galan bolarly.Erir bilen barsalar ikisi-de şo “Wolganyň”içinde çuw-ýalaňaç serlip ýatan bolsalar näme!Öňlerem akly-gyzylly çüýşeden doly diýýä. -Näme bolduka? -Näme bolsun,gaz tutupdyr.Biz maşyndan çykýan tüssäniň açyk meýdanda nä jüre awudygyny bilemizok.Petik ýerde ol sähel salymyň içinde usurgadyp,belliňi edýär-ä. -Ýanyndaky gelinem ölüpmi? -Ony näme, sylap goýar öýdýäňmi?! -Haý,işigaýdanlar... -Ýogsa-da,bilýäňmi şol gelin kim eken? -Ýok. -Asyl ol Atajanyň haýýar gelnejesei bolsa nätjek! -Bäý-bä,bolasy Atajan neresse çarp urup düşündirýärdi diýýän-le,idili aýal däl-how şol diýip.Haý,işigaýdan...Indi Atajanyň işi nähili bolarka? -Hiç hilem bolmaz,näme,jebir gören şeýle ýagdaýda ölüpdir diýip,onuň ähli aýdanlaryny telek edäýerler öýdýäňmi.Onsoňam,bu ýerde soňky söz suduňky,meseläni şo çözer. -Atajanyň agasam-a gaty erbet bolandyr,eşitdirdilermikä? -Hawa,habar iberipdirler.Elbetde,edil şo ýagdaýda üstünden baran bolaýsa,onda ýagdaýyň nähili boljagy belli däl.Ýöne bada ony kimdir biri tanan bolarly. -Bendäni göni öýüne eltäýdilermikä? -Ýok-la,keselhana äkidipdirler.Soň öýe eltendirler. -Işigaýdan... -Hawa-da, “Suw küýzesi suwda synar” diýleni bolupdyr. Göräýmäge şeýle tupbozanyň ölümi ony tanan adamlaryň hiç birinde-de gynanç döredip durmajak ýaly,ýöne her näme-de bolsa ahyrsoňy adam adam bolýar-nädip heläk bolanda-da garaz,ynsan ölümi biperwaý goýmaýar.Kime nähilidigini biljek däl,ýöne özüm üçin-ä şeýle. *** Şondan geçen bolsa üç-dört gün geçendir,ir bilen Ymamguly Berdiýewiň kabinetinde otyrkak orta ýaşlaryndaky bir adam işikden boýnuny uzatdy.Ýanynda-da bir gyzjagaz.Özi-de bir görlen ýüz.Onuň kimdigini aňşyryp ýetişmänkäk,işikden boýnuny uzadyp duran gyzjagazyň özi dillenäýdi: -Han-ha,şo daýy-diýip,ol elini Ymamguly aga tarap uzatdy.Olar içeri ätläp batlaryna bolsa güpbe ýadyma düşdi:ayl ol Heseliň gyzy Mähri eken-ä!Diýmek,ýanyndaky hem kakasy bolmaly-da?Ýa-da kakalygymy?Daňatar diýilýän çopan asyl şunuň özümikä? Myhman oýlanyp duran zatlarymy aňan ýaly,ilki bilen özüni tanatdy. -Men Daňatar,familiýam Saryjaýew,arada tussag edilen Atajanyň agasy-diýip,ol aňrujy tanamak niýetiň bolsa tanar ýaly etdi. -Şeýlemi,gel-geç,otur-diýip,Ymamguly aga ony oturtdy-da,sypaýyçylyk bilen gynanç bildirmekçi bolýandygyny syzdyrdy. –Ýogsa-da,siziň gelniňizem aýrylaýdymy?! -Hawa. -Bolmandyr.Imanly bolsun,yzy ýarasyn. -Taňryýalkasyn...Siziň ýanyňyza öňde-soňda özümem-ä gelmekçidim welin,şu gyz günüme goýman duransoň ýaňy bäri gaýdyberdik. -Meniň ýanymamy?-diýip,halypa gyzyň ýüzüne seredip oturyşyna anyklady. –Baş üstüne.Ynha men,aýdyberiň,diňleýän. Ine,şondan soň gyzjagaz ýüzüni aşak sallap,kän zatlary aýtdy.Onuň şol gürrüňlerinden,kakasynyň gürrüň arasynda berýän kä bir düşündirişlerinden,şeýle hem olaryň Ymamguly Berdiýewiň çintgäp-çintgäp beren sowallarynyň jogaplaryndan syzyla-syzyla şu aşakdaky waka göz öňümde peýda boldy. *** Daňataryň uzak örüde,mal üstünde wagty gijelerine käte öýden gaýyp bolýan Heseliň bu gün hem ilkagşamdan bir hyýala atlanandygy magat bildirip durdy.Ol howlynyň çolalygyna ýene bir gezek göz ýetirjek bolýan ýaly,käte äpişgeden daşaryk boýnuny uzatsa,käte-de diwardan asylgy sagada gözüni aýlap goýberýärdi.Ýerine girenem bolsa,daşy owadan suratly kitaby agdaryşdyryp ýatan Mährijik onuň häzirki ýaly gallawlygyny şu gün görmeli däldi.Şonuň üçin hem ol ejesiniň bolup ýörşüne kän bir üns hem bermän,şu günki edinen täze kitabynyň bir başyndan okap görýärdi,bir ortasyndan,okap takady ýetmänsoň,birdenem agdaryşdyryp,suratlaryny görmäge başlaýardy. Birdenkä ol ejesiniň “Ýerçeken,muňky nämedi” diýen gürrüňine dikeldi-de,maşyn sesini eşidensoň,gürrüňiň kim hakda barýandygyna düşündi.Ejesiniň ozalkylary ýaly,penjiräniň öňüne galyň bir zat tutanyny-da geňläp durmady. Garaşylmadyk ýerden Atajanyň peýda bolmagy onuň häliden bärki biynjalygyny has hem artdyrdy.Indi ol sagada däl-de,zol-zol howluda duran maşyna seredýärdi,has dogrusy onuň giderine gyssanýardy.Maşyn eýesi welin daş-içde görnenokdy,onuň hälki,gele-gelmäne öýe girip gidişidi. Gyzy ejesiniň şeýle biynjalyk ýagdaýyny birinji gezek görmeýän bolsa-da,uzak çydap bilmedi. -Eje,ýataly-da?!-diýip,düşegiň bir gyrasyna süýşdi-de,ony ýanyna çagyrdy.Hesel gyzynyň göwni üçin şo ýerde az-kem gyşarsa-da,ähli küýi-köçesi daşarda gezip ýördi.Gyşaryp ýatan ýerinden hiç zat görünmese-de,iki gulagy häli eşidiler,şindi eşidiler diýip garaşýan maşyn sesindedi.Her şenbe güni şenbe güni çagalary bilen şähere,gaýynlaryna gidýän Atajan bu gün hem şol endigine eýeripdi,ýöne garaşylmadyk ýerden onuň ýene öýde peýda bolmagy Heseliň biçip goýan ähli etsem-petsemleriniň öňüne böwet boldy duruberdi. Daşardan eşidilen gapy sesi gelni tarsa ýerinden galdyrdy.Ol iç garaňkyrap duran daşky otagyň penjiresinden howla göz gezdirdi.Çagalary aňyrda bolansoň,Heseliň göwnüne,Atajan bu ýerde uzak eglenmejek ýalydy.Ýöne her näçe gyssansa-da,ýigit howluda bir zatlara güýmendi-de ýene howlukman,içeri girip gitdi.Onuň häzirki bolşy ýaly bäri-bärde ýola düşjege çalym edenokdy. Ýüwürjisiniň bilgeşleýinden diýen ýaly ýoluny kesmegi gelni alada goýdy:munuň özi tötänlikmikä ýa-da bir zatlary syzmagyň nyşanymy?Şu hakda oýlanyp-ölçeren gelin indi urunmasyny goýdy-da,ýene gyzynyň ýanynda usullyk bilen gyşardy-indi barybir geçip giden wagtyň yzyndan ýetjek gümanyň ýok.Näme hakda oýlanasyň gelse oýlan-da otur.Uzak gije özüňki. Ol ýola şaýlanandaky eşiklerini hem-de dakynan ähli zatlaryny kükäp duran anbar ysyndan galanyny bir ýana aýryp taşlady.Öýde geýýän eşiklerini egnine sokdy.Ýöne egin-baş çalşylsa-da oý-hyýallar öňküdi:näme üçin ol yzyna dolandyka?Bu tötänlikmi ýa-da... Kimiň kime müňkür bolup,kimiň kimi yzarlany belli bolmady,ýöne köneje “Moskwiç” Atajany bu ýerden alyp ugranda daňdan sagat bäşden agyberipdi.Gelin daňdanyň süýji ukusyny boýlap ýatan gyzyny hernäçe dözmese-de yralamaga durdy. -Mähri,Mähri jan,köşek,hany gözüňi aç! Gyzjagaz bu sese birbada oýanjak ýaly etse-de,beýlesine agdaryldy-da,ýene sümme uka gitdi.Şonuň üçin hem Hesel ganyny gataltmasa halys bolmajagyny aňdy. -Mähri,tur diýýän men saňa!Hany,derrewjik tur,eşidýäňmi? Mähri turaýmasa bolmajagyny aňan ýaly,gözlerini owkalap, zordan dikeldi. -Näme,eje? -Häzir aýtjak,hany,bar,derrew el-ýüzüňi ýuwuşdyr-da,ukudan açyl! Ejesiniň her hili geň-enaýy boluşlaryna belet bolsa-da,Mähri onuň eli birtopar ýüpli durşuna haýran galdy. -Ýüpüň näme,eje? –Birdenem onuň içerdäki akan-dökänliklere gözi düşdi. –Näme boldy,hä? -Häzir hemmesini düşündirjek,hany bar,ýuwnup gelsene! Mähri sowuk suwa ýuwunanam bolsa,heniz ala-sarmyk ýagdaýdan açylyşyp baranokdy.Hesel welin ol zatlara pitiwa edip durmady. -Häzir men şu ýüpleriň biri bilen aýagymy daňaryn,sen bolsa soň elimi mäkäm daň. Mähri allaniçigsi boldy. -Näme üçin seni daňmaly,eje? -Sen meniň diýenimi et,soňra düşündirerin-diýip,ol derrew aýaklaryny baglady-da,beýleki ýüpi gyzynyň eline tutdyrdy.Ýöne gyzyň ýüpi sarajak bolşy juda emelsiz göründi.Şonuň üçin ikinji,hatda üçünji gezek oňa öwredip daňdyrmaly boldy.El-aýagy baglanansoň ol agzyna dykjak esgisini hem häzirledi-de gyzyna: -Keçäni syr-diýdi.Mähri ejesiniň diňe bir häzirki boluşlaryna-ha däl, hatda sähel salym mundan öň öýde ýatan çalgy daş bilen öz aýagyna,arkasyna,gözüniň aşagyna hem sodalyk bilen urup durmasyny-da düşünip bilmändi.Edil şo zatlara haýran galyp durşy ýaly,keçäniň syrylmagy-da ony äm-säm edip goýdy.Diňe poluň gädiginiň gapagynyň aýrylmagy oňa bir zatlary aýyl-saýyl edip berjek boldy.Ýeri,bu nämä gerek bolduka? -Eje,näme etjek bolýaň,aýtsana! -Soň bilersiň.Häzir bolsa meni diňle,eşidýäňmi,gaty oňatja diňle:men şu çukura girerin welin,sen üstümi öňküsi ýaly edip,ýapyp goý-da goňşymyza ylga.Şo ýerdenem milisiýa jaň et,ýa-da goý olar jaň edip bersinler.Näme diýmelidigini ýadyňda bek sakla: “Atajan kakam gije gelip,ejeme kän azar berdi,urdy-sökdi,horlady diý.Soňam nirä äkidenini bilemok diý.Goňşa-da,milisiýa-da şeý diýip aýt.Goý miliseler öýe,şu ýere gelsinler.Ynha,şu ýerde urdu,süýredi diý-diýip,ol içerik göz aýlanda gyzy hem daş-töweregine seretdi.Şonda ol hakykatdan hem öýde bir başagaýlygyň bolandygyna tas özüni ynandyrypdy. -Eje,ol çyndanam geldimi? -Sen menden başga zat sorama-da aýdanlarymy et,soň hemmesini düşündirerin...Gapyň ýanyndaky ho-ol paltanam ellemegin,şo duran ýerinde dursun.Miliseler gelende olary şu otaga salgyn.Olar gelensoň şu ýerde ýatandygymy özüm bildirerin,ýöne oňa çenli sen hiç zat aýdaýmagyn.Men hernäçe iňlesem seň işiň bolmasyn,eşitmeýänden bol-da duruber.Onsoňam hiç zat gürlemegin.Sorag-ideg etseler gözüňi sykda aglaber,şeýtseň,hiç kim seni gyssamaz,düşündiňmi? -Düşündim welin,eje,beýtmesene!Bu nämä gerek,hä,eje jan,girmesene!Men gorkýan.Gerek däl! -Gerek,gyzym,gerek.Men saňa soň hemmesini düşündirerin,ýöne sen gorkma-da,öwredişim ýaly et. Şondan soň Hesel ýüregine düwen bet niýetini amala aşyrmak üçin otagyň ortarasyndaky garymyň içine,ýok,gara niýetiniň içine boýlap gidipdir... *** -Men aýtdym-a şu ýerde bir kezzaplyk bardyr diýip.Ynha,bu indi hakykata meňzeýär-diiýip,Şäherli laňňa ýerinden galdy. Bu gürrüňiň özi,her näme-de bolsa ýaňy ölen adam hakda ýaramaz pikir edýänligiňi boýun almakdy,şonuň üçin hem halypa ýüze çykan bu ýagdaý barada ýagşydan-ýamandan dil ýarmady,gaýta: -Özüňem bir zat aýtjakdym diýdiňmi?-diýip,Daňatardan sorady. -Hawa,poluň şo ýerinde öňräkden bäri iki sany içi doly halta ýatan eken,nämedigini-hä bilmedim welin... -Içindäki nähili zat - gatymy ýa ýumşak? -Ýumşak,ot ýalyrak...Men-ä açybam göremok. -Ony soň anyklarys.Häzir bolsa ýör,suda gideli.Bujagaz şaýadyň gürrüňleri megerem,iniňi türmeden alyp galaýsa gerek... Şol çaklama çyn boldy – subutnamalaryň ýeterlik bolmanlygy üçin iş ilki gaýtadan derňemek üçin gaýtarylanam bolsa,onuň üstüni hiç zat bilen artdyryp bolmady.Gaýta tersine,Mähriniň görkezmeleri bu zatlaryň ählisini ýalana çykardy. Heseliň gizläp goýan haltalary bolsa tutuş göknar eken.Bu işde ýene bir geň galdyran zat - Heseli çöle,çopan goşuna eltip,Daňatara dakyp gaýdanam Akynyň hut özi eken. *** Tebigatyň hem käte durmuş hakykatynya kybapdaş röwüşe çolanaýmasy ýok däl,şonuň üçin gümürtik zatlaryň ählisi edil aýnada görlen ýaly äşgär bolansoň,öýlä sapan Gün hem lemmer bulutlaryň arasyndan parlap çykaýjak ýalydy.Başarmady.Gaýta tebigat has betie tutdy:ertirden bäri göwünli-göwünsiz çisňäp duran ýagyş ikindinaralar gara ýazdy.Onda-da ne ýazmak!Sähel wagtyň içinde ýalançyny duw-ak edip taşlady. Penjiräniň öňüne geçip,birsydyrgyn ýere gaýyp düşýän gar tozgalaryny synlap durun.Gözöňümde tebigatyň täsin keşbi,kalbymda bolsa ala-sarmyk pikirler:ýüwürjisine şeýle töhmet atmaga Heseli näme mejbur etdikä?Haram keýpiniň yşgymyka?Ýa-da jylawy başyna atylan günlerindäki mes wagtyna oglanyň diri şaýatlygymyka?Ýa ýer-ýurt dawasymyka?Belki,ol şeýdip,Atajandan dynmak bilen,şol giden giň howludan bir özüm girip-çyksam diýendir?Belki-de,ol oglanlaryň pederinden galan şol mukaddes ojagy orramsylaryň mesgenine öwürmek isländir?Ýa-da ol bu ýerde uly söwdanyň gizlin mesgenini açsam diýdimikä.Belki-de,ol ýigidi şeýle güne salmak bilen,kimdir biriniň möümini bitirendir? Bularyň haýsy birinde ünsüňi egläp,haýsy birine “şeýledir” diýjegiňi biler ýaly däl.Ýöne bir zady welin,böwrüňi diňläp durman,göni aýtsa boljak:bendäniň niýeti-hä ýaman eken.Gaty ýaman eken. “Niýetiň-päliň ýoldaşyň bolsun” diýlen tymsalam,meger,şunuň ýaly ýerden çykan bolsa gerek. Bir-biriniň yzyndan kowalaşyp gelýän gar tozgalary sähel wagtdan ýasan ap-ak düşegini henizem ýuka görýän ýaly,şo-ol galňadyp gidip otyr.Tebigat öz oý-ýumrularyny hem zir-zibillerini sähel wagtlyk bolsa-da şeýdip,il gözünden gizläp bilýär.Şeýdip,ol ähli ýeri duw-ak edip,deňlänsoň,zeminem birsellem rahat tapyp,demini dürseýän bolarly. Il-güne ýaýylan wejeralyklar zerarly ynsan kalbynda dömýän harasatlaryň üstüne-de käte şeýdip,ak gar ýagýan bolsa bolmaýarmy?! Arman,onuň petine gar ýagýar... #"Pynhan syr" kitabyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |