ÝERDÄKI HUDAÝ
Sen ýene-de şol bir zatlary gaýtalaýaň, Maýsa jan. Men saňa ozalam kän gezek düşündiripdim. Bir tebil tapyp, ýüregiň ýerinden gozgananda, hut şol pursat durmuşdan hemme zady aljak bolup durma-da öz ykbalyňa, onuň ýagty günerine guwanmany başar. Dogrusy, sen maňa ýene-de takal okaýaň diýersiň. Ýöne ykbalyň özüňe eçilen bagtynyň gadyryny bilmeli. Bu zatlaryň ynsan üçin neneňsi ezizligi barada näçe gaýtalasaň, gaýtalap oturmaly. Sebäbi ol edil durmuşyň özi ýaly ýakymly. Munuň üçin oňa edil Güne sereden ýaly seretmeli. Güne köp seretseň, gözüňi gamaşdyrýar diýjek bolýarmyň? Oňa Gün ýaňy Ýerden galyp barýarka seretmeli. Şonda çym-gyzyl bolup Ýerden galan Gün seniň bagtly pursatlaryň bitin ömre röwşenlik çaýýandygyny duýdurar. Men saňa düşünýän. Seniň henizem şol hyýalbentligiň diýjeksiň. Lap edip aýtygym däl, meň mydama-da şu bolşum. Sen weli öz duýgyň ýesiri. Ana, şolam saňa päsgel berýän bolarly. Ýadyňdamy şol gezegem ykbalyňdan zeýrenipdiň. Menem şonda saňa her kimiň öz ykbalyny özi döredýändigini düşündirjek bolupdym. Sen weli ýeň berer ýaly däl. Gaýta:
— Sen maňa düşüneňok. Bu meniň öz durmuşym ,sen oňa gatyşma, indi menem kiçi-girim däl. Öz başymy özüm çararyn, aladaň üçin sag bol—diýdiň.
Edil şol pursat men saňa gep düşündirip bilmejekdigimi duýsamam, öz pikirimden el çekmedim.
—Aýdýanyň näme, sen türkmen maşgalasy ahyry. Seniň diýýäniň bize gelişjek zat däl.
Sen öz eňegiňe tutdyň:
—Biz biri-birimizi söýýäs.
—Wah, söýeniň gowy zat.Ýöne meň diýjek bolýan zadym, men Mawyny gyparak görýän. Onsoň saňa kyn düşäýmese.
—Ol meni juda gowy görýär. Meň ondan aýra ýüregim ýok.
—Bu örän gowy zat. Men saňa başga bir hakykaty düşündirmek isleýän. Erkek adamlaryň köpüsi öýlenenden soň, gelnine garaýşyny üýtgedäýýär. Seň aýdyşyňa görä onuň şu mahalam häsiýeti agyrrak görünýä. Eger şu wagtdan şeýdip, sähel zatda yrsarap durjak bolsa, soňy kyn bolaýmasa.
— “Ertirini gaýgy eden kapyr” diýip, özüň aýdýaň. Indem diýýän zadyňa düşünemok…
Şu gürrüňden soň, Maýsa ikimiziň aramyza şeýtan düşen ýaly boldy. Ol işde-de, köçede-de meň bilen gabatlaşmajak bolup çalyşdy. Dogrusy, Maýsanyň bolşuny birbada gaty görenem bolsam, onuň üstüni atalap durmany özüme kiçilik bildim. Şýdibem ara ýyllar düşdi. Indem ol ýanýoldaşynyň özünden göwni bölekdiginden, özüne bitmeýändiginden zeýrenýär. Men oňa näme diýsemkäm? Maşgala mukaddesligi barada gepläp başlanymdan ol ýene meniň sözümi böldi.
—Dur, men näme diýýän, tamdyram näme diýýär boldy seňki. Sen näme diýip otyrsyň. Men şonsuzam o zatlara gowy düşünýän. Ýöne şu pursatda näme etmelidigini bilemok. Men onuň hemme tarapyndan baryp gördüm, göwnümi näçe pes tutdugymça, ol meni beter basgylaýar. Ýalbardygymça-da arkan gaýyşýar.
—Men saňa bir zat aýdaýyn. Türkmenlerde “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmy” diýilýär. Sen indi bugdaý sözüň bilen ýol alyp, Mawynyň raýyna görä bolmaly, ýorganyňa laýyk aýak uzatmaly bolarsyň. Sebäp sen indi ýeke bir özüň barada däl-de, çagalaryň hakda-da pikirlenmeli. Olary ataly ýetim etmejek bolmaly. Görýäňmi soňky döwürde halkymyz gadymy köklerine ymykly dolandy. Bu maşgala mukaddesligi barada hem şeýle. Görüp otursaň, indi bu döwürde maşgalany başgalaýanlar barha azalyp barýandyr.
—Wah, maňa galsa, aýrylyşmak hakda pikirem etjek däl. Ýöne ol her ädimde maňa müňkür bolup, hiç bitenok. Sen birmahal şol oglan gyparak dýýseň, ýamanlyk aýdýansyň, maňa görübilmezlik edýänsiň öýdüpdim. Gürrüňiň üsti açylansoň, aýdaýyn. Baran günümden üýtgedi ol. Tirkeşýärkäk bir başgady, soňam ol başga bir adama öwrüldi oturyberdi. Meniň göwnüm bardyr öýdenok. Sähel zatda yrsaraýar, keýpimi bozmaga bahana gözleýär. Men saňa ýekeje bir mysal aýdaýyn. Arada köwüş alaýyn diýip, dükana barsam, köwüşler biri-birinden owadan weli, olaryň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Olara şeýle bir göwnüm gitdi-de, durup bilmän, ikisini aldym. Olaryň hiçisinden göwnümi üzüp bilmedim-de alaýdym-da. Beýle boljagyny men nä bileýin. Höwes bilen alan zadym öýe gelemsoň, puşman etdirdi. Iki jübüt köwüş alanym üçin Mawy gykylyk baryny turyzdy. “Kime görünjek bolýaň, näme bezenip-beslenýäň” diýip, tutdy bir tükezzibanyna. Ýalbar-ýakar edýänem weli, eger-eger köşeşer ýaly däl . Gaýta beter möwjeýä. Onuň aýdan sözlerini saňa gaýtalamaga-da utanýan. Gaharym gelip, birki agyz gep gaýtaraýmanmy? Hakyt, maňa el galdyrmadanam gaýtmady. Menem öýkeläp, ejemlere gitdim. Ynha, indi aý dolup barýar weli, bamysyňyzam diýenok. Çagalaram kakam diýip, elewreýär. Indi men häme etmeli? Binamyslyga salyp, yzyňa dolanmalymy ýa-da barysyna hokat goýaýmalymy şu ýerde.
—Sen entek birnemejik howlama. Wagt hemme zady ýerbe-ýer eder.
—Men-ä Mawy mugyra geler öýdemok.
—Maşgala gerek bolsa, baý, göneler-ä. Ýöne sen her näme-de bolsa öýüňden çykyp gitmeli däl ekeniň.
—Aý, näbileýin-dä beýle boljagyny.
—Sen beýdip, ruhdan düşme. Hemme zadyň bir alajy bolar. Sen ýene bir zady ýatdan etme. Erkek adamlar gözi bilen görýär, gulagy bilen eşidýär diýýärler. Zenanlar bolsa dünýäni ýüregi bilen görýär hem duýýar. Senem Mawyň hereketinden onuň saňa ýamanlygynyň ýokdygyny, bu zatlary seni juda gowy göreni üçin edýändigini duýýansyň ahyry. Sebäp duýgy aňsat-aňsat öçmeýär. Şonyň üçinem birneme sabyrlyrak bol, ýüregiňe diň sal. Öz duýgyň ýesiri bolup ýaşamak bir tarapdan gowy bolsa-da, beýleki tarapdan ezýet berýär, şoň üçinem ruhdan düşmän göreşmeli.
—Men-ä seň näme diýjek bolýanyňa düşünýän däldirin. Sen ýene şol köne takalyňa başladyň. Gowy diýdiň, erbet diýdiň, garaz, çaşyň gözüne sereden ýaly etdiň.
—Men saňa ýüregiňi diňle diýýän. Şo näme diýýä. Onsoňam durmuşdan hemme zady birden, hut şu wagt, şu ýerde aljak bolmaly däl. Hemme zadyň öz wagty bardyr. Wagty gelende Mawam düşüner bu zatlara.
—Onnoň giç bolaýmasa.
—Men bir zat aýdaýyn. Soň giç bolar diýip, diňe şu günüň hatyrasyna özüňi oda atyp bilmersiň-ä. Eger şeýtseň, durmuşdan basyldygyň bolar.
—Agalaryma aýdyp, ony gorkuzaýsammykam?
—Agalaryňy orta goşma. Maşgalada diňe sen hem ol. Daşyndan goşulyberilse, gowylygyň alamaty däl ol. Onsoňam ol saňa bitmeýän bolsa, özi belli bir karara gelýänçä, hiç zat tär etmez oňa.
—Onda näme etmeli?
— Näme etmekden Hudaý gorasyn. Ýöne men bir zady bilýän. Türkmen zenanynyň maşgala gurandan soň, özi üçin däl-de, çagalary hem-de maşgalaň rahatlygy üçin ýaşandygyny-ha bilýän. Sebäp diýseň, biziň terbiýämiz, zandymyz ýaşlykdan şoňa ýugrylan. “Ýassykdaşyň ýerdäki Hudaýyň” diýen düşünje bilen ulalyp, şondan gulagymyz ganan biziň. Şolam şu günki günde bize ýol-ýörerlge.
—Diýseň-diýmeseň, biziňki şol öýdýän. Öýkeläp gaýdanam bolsam, şondan aýra göwnüm ýok. Şo diýip, ölüp barýan-da.
—Onda meň saňa sözüm ýok.
Maýsa bilen bolan gürrüňden soň, men durmuş barada, onuň öwrümleri barada köp oýlandym. Oýlandygymça-da durmuşyň agyr labyry iki gerdenimden basmarlady. Eýsem Maýsa näme etmeli? Nähili çykalga tapmaly? Men Mawy bilen gürleşip görmegi ýüregime düwdüm. Dogrusy, her bir zatda her kim özüniňkini dogry hasaplaýar. Maşgala meselesine gezek gelende kesekiniň durmuşyna gatyşmagam gaty kyn. Her niçik-de bolsa, men Mawyny yralap görmek isledim. Maýsa hakda gürrüň gozganymdan ol örgökden geldi.
—Diýýäniň näme, men heý, Maýsa azar bererinmi. Men onsuz, çagalarsyz ýaşap bilmen ahyry. Şu çakam ýüregim ýarylyp barýar weli, mertlige salan bolyp gezip ýörün. Ýöne nä gezmek. Gaharyma döz gelmän, el galdyranyma puşman edip, aňyrsyna çykyp bilemok..
—Eýle bolsa, birek-biregiň ýalňyşyny bagyşlaýmak galýar size.
—Wah, men bireýýäm bagyşladym-la. Ýöne ýagallyk gursun. Hiç aýgyt edip bilemok ýanyna barmaga. Olarsyz durmuşyň gadyr-gymmaty-da, gyzygy-da ýok eken. Şu zatlara indi göz ýetirdim. Tüýs “ Ýagşy ýaryň gadry bolmaz, bir ýamana duşmaýança” diýleni boldy meňki. Häzir gidäýsemmikäm?
—Hökman bar, olar saňa garaşýar. Özem häzir git.
Mawyny Maýsalara ugradyp, mazaly ynjaldym. Şular ýaly ýerde sähelçe tekgäniň uly ähmiýete eýedigini hut şu pursat göz ýetirdim…
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar