17:52

Ynjama

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 552 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024
Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024
Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024
Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024
Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024
Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024
Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024
G.M / Goşgular - 29.08.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 merdan18  
1808
YNJAMA

Giç gelen ýaz ýaly garagöz ykbal,
Meni beren gözlegiňden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüňi ýykman,
Nazaryňa dözmegimden ynjama.

Bir gonan bagyňdan uçup gitme kyn,
Köňülden köňüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriňden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemal ne dälidi, ne-de bir sagdy,
Saňa heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözlerimden ynjama.

Ýürekdeş ýagyşlar inende sessiz,
Saňa bagtly günler hemaýat etsin,
Ömrümde bir gezek mähirden tesdim,
Öz göwnümi ezmegimden ynjama.

Sen bir eziz serwi, başlary galyk,
Eh, owadan owa, çyglanma, çalyk,
Meniň aýdylmadyk sözlerim bolup,
Damja gaçsa, gözleriňden ynjama.

Mämmetnazar BABANAZAROW.

Bu başgaça eken: Has gowy. Mämmetnazar agaň erbet goşgusy ýok ýogsa-da...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]