19:52 Yşk mülkünde / hekaýa | |
YŞK MÜLKÜNDE
Hekaýalar
Mähek sapaklaryna taýýarlanmak üçin depderini açandan, onuň içinden bir bölejik kagyz gaýyp düşdi. Mähek kagyzy ýerden galdyrdy-da ony gaýta-gaýta okady. Ol bu hatyň nireden depderine düşendigine akyl ýetirip bilmedi-de ýene-de hata göz gezdirdi.. Ýöne näçe oýlansa-da Mekanyň bu haty näme üçin ýazandygyna düşünip bilmedi. Eýsem söýgi meselesinde Mekany haýsydyr bir akyldaryň sözlerine ýüzlenmäge näme mejbur etdikä? Ol näme üçin bu haty Mähegiň depderine saldyka? Bu ýerde nähilidir bir syryň bardygy-ha belli. Belki, bu sözler arkaly ol Mähege bir zatlary duýdurmak isländir. Belki-de, onuň Mähegiň söýgüsine ynamy ýokdur. Ýöne Mähek söýgi ummanyna girip, onuň kenaryny gözleýän gyzlardan däl ahyry. Ýa Mekanyň öz duýgusyna ynamy ýokmyka? Ol ýüregini beren ýigidini şunça mahallap tanamandygyna çyny bilen gynandy. Mähek Mekanyň bu hatyny nähili kabul etjegini bilmedi. Näme üçin ol göwnüne batmaýan zadyny Mähegiň özüne göni aýdaýman, hat ýazdyka? Ýa-da ol ak kagyz hemme zady göterer diýip, pikir etdimikä? Haty okanyň nä hala düşjeginden onuň habary ýokmuka? Belki, bu haty ýazanda onuň haýsydyr bir zady göz öňünde tutan bolmagy hem ahmal. Bu hat ynamsyzlyk zerarly hem ýazylyp bilner. Bu pikirler beýnisine dolanda onuň ýowuzlygyndan ýaňa Mähegiň ini tikenekläp gitdi. Şonda ol towlanyp, düňderilip akýan joşgunly derýanyň tolkunlary ýaly uç-gyraksyz pikirleriň özüni batly akymyň ugruna alyp barýandygyny duýdy. Ol bu duýgydan saplanmak üçin has ýakymly zatalry oýuna getirmek isledi. Ýöne näme üçindir bu çak onuň ýadyna başga hiç zat düşmedi.Gaýta göz öňünde ýene-de şol bir bölejik kagyzdaky sözler paýda boldy. “Adam söýgi ummanyna girende, onuň kenaryny gözlemeli däl. Yşk mülki öz goýnuna girenleriň kalbyny şirinligi bilen baky bendilige almaly. Bu duýgy juwanlary deň derejede ezizlemeli. Süňňe siňen şol näzik duýgyny tä ömrüň ahyryna çenli aýamaly. Ýogsam... ” Eýsem Mekan Mähegiň özüne duşan gününden bäri şol şalygyň wepalydygyny bilenokmyka? Oňa Mähegiň söýgüsine şübhelenmäge pursat boldumyka? Ýa-da ol şeýdip, Mähegiň duýgusyny barlap görýärmikä? Ol bu zatlary seljermek üçin ömür salyny yzarlap başlady... “ Özüm-ä adamyň ömri onuň doglan pursaty bilen dünýäden gaýdan gününiň arasynda bihuda geçmeli dälmikä diýýän. Meniň düşünişimçe, ömür diýilýän zat - özüňi uçar guş saýyp, soňra-da hany-manyňdan geçip, dünýäniň aňry ujuna uçup gidesiň gelýän birsalymlyk pursat. Eger-de kalbyňa gulak salman, gorkup, çekinip, şol pursaty elden giderseň, onda bu dünýäde öz ornuňy tapmadygyňdyr. Şonuň üçinem süňňüňi eýelän duýgularyň näzik owazy humarly kalbyňy çyrpyndyrmaly. Ýöne söýgi mülkünden paý alyp, onuň lezzetinden ganmaly çagyň göwün beren ýigidiň söýeniňe degmese, ana, şonda kyn”. Şu pikirleri beýnisinde aýlan Mähek şirin mukamlardan keşde çekip, göwnüne ganat berýän söýginiň lezzetli hem jepaly pursatlarynyň bardygyny duýýardy. Ýöne ol hiç mahal Mekanyň kalbynda şübhe bardyr öýdenokdy. Ol köňül beren ýigidiniň dünýäde iň asylly, iň wepaly ýigitdigine ýüregi bilen uýýardy. Ýöne näme üçindir ýakymsyz duýgular beýniniň bir ýerinde bardygyny duýdurýardy. Bu pikirlerden elheder alan Mähek Mekany nä döw çalandygyna akyl ýeririp bilmänsoň, talyplaryň umumy ýşaýyş jaýyna nädip baranynam duýmady. Mekan Mähegi görenden böküp ýerinden galdy. Onuň mähirden dolup duran nazaryndan söýgi badasyny başyna çeken Mähek birbada nämäniň nämedigine düşünmedi. Çünki, Mekanyň mähir syçrap duran gözleri bir demde Mähegi söýgi ummanynda ezizledi. Ol teşne kalbyny söýgi mährinden gandyrmak isläp, ýigide hyrydar garady. Mekan Mähegiň gapynyň agzynda ýaýdanjyrap durşundan özüçe many çykardy: - Içerik girsene, näme gapyda dursuň. Saňa näme bolýa? Ýüz-gözüň kokaşyp dur, sen hemişeki Mähege meňzäňok. Mähek näme diýjegini bilmän, elindäki kagyzy Mekana uzatdy. - Bu näme? Nämäň haty? - Ony sen bilmeseň, men nireden bileýin. Hat seňki. - O nähili hat meňkimiş? - Söýgi barada sen kim bilen beýle içgin söhbet edýäň? Söýgi ummanyna girip, onuň kenaryny gözleýän kim? - Hany, dursana, düşünişeli-le. Yşk mülki nirede, oňa kim barypdyr? Onuň kenaryny gözleýän kim? - Ony sen bilmeseň, men nireden bileýin. - Ony kime ýazan bolsaň, şo biler-dä. Mekan haty garbap aldy-da, ony bir demde okap çykdy. Soňam elini çarpyp, gülüp başlady. - Bü nädip saňa düşüdi? Wah, samsyjak, şuň üçinem källäň agyrdymy? - Dagy näme? Gözleriňe garamda söýginiň lezzetli ummany boýlaýarkam, bu sözler kellämi agyrtmazmy? Mekan Mähegiň sözüni soňlamaga goýmdy. - Häli sapakda otyrkak, Nepes bilen jedel etdik. Ol-a söýgi ýok diýdi, menem onuň bardygyny subut etjek boldum. Söýgi diýen düşünjä her kimiň bir hili garaýandygyny, onuň mukaddsligini düşündirjek boldum. Ahyry bolmansoň, öz pikirimi bir akyldaryň şu sözleri bilen tassyklamak isledim.Ýöne başardymmy ýa-da ýok, ony bilemok. Çünki söýýän ýürek özi barada däl-de, söýýäni barada oýlanmaly. Özüm-ä şol pikirde bolamsoň, gije-gündiz huşumda sen. Şoň üçinem haty garma-güýmelikde Nepesiň däl-de, seň depderiňe salan bolmagym ahmal. Bagyşla, Mähejigim, bagyşla. Seň kelläňi agyrydanymdan, ýüregime hanjar uranym gowudyr. Men sensiz boş göwre ahyry. Sen ony bilýäň-ä. - Seň ýüregiňe hanjar urulsa, men näderin? Sensiz meňem aýym-günüm dogmasyn. - Duraweri, Mähek, ykbaldan öňe düşmejek bolmaly. Bu zatlary diňe ykbal çözer. - Näme duýgy dünýäsinde azaşyp, onuň tolkunlarynyň zarbyna çydamaryn öýdýärmiň? Ýa-da duýgyňa ynamyň ýokmy? -Mähejigim, meň göwnümemi ýa-da seň gep uruşyň üýtgäp ýörmi? Men saňa sataşanym bäri şol duýgy dünýäsiniň Mejnuny. Muny ýap-ýaňyja-da aýtdym, ýene gaýtalaýan. -Men bir zada düşünmejek bolýan. Sen bir gepiňde söýgüzşsiz ýaşamgyň boş göwrä çalymdaşdygyny aýdýaň. Onuň ynsanyň iň näzik duýgusydygyny Nepese düşündirjek bolup, şu sözleri ýazypsyň. Indem ondan dänip, ykbal bilýä diýmäň näme seň? - Men ykbal bilýä diýip, başga zady göz öňünde tutdum. Ýok zada göwnüňe güman gidipdir-de, yrsarap dursuň. Seň gaşyň çytylsa, meňki bolanok. Bu dünýä, bu durmuş diňe seň baryňda gözel. Ondan-a gowusy, men saňa saz çalyp bereýin.Geç, hany, töre! Özem ol ýöne-möne saz däl, aşyklary baky birikdirýän jadyly mukam. Ol goşa tara elini ýetirenden Mähegiň ýüzi açylyp gitdi. Ol Mekanyň dutar çalýandygyny bilse-de, henize çenli ýanynda oturyp, diňläp görmändi. Ýöne dutary edil gapdaljygynda oturyp diňlemegiň aýratyn lezzetiniň bardygyny ol bütin süňňi bilen syzýardy.. Şonuň üçinem ol Mekanyň teklibini eşidenden ähli zady unutdy. - Hany, aýt, haýsy heňi gaçyrmaly? - Olaryň hemmesinem diňläp doýup bilemok. Isläniňi çalaý. Tä ertire çenli çalsaňam şirin mukamlar diňlemäge taýýar. Türkmeniň mukamlaryndan ganma ýok. Damana ýolundan başlanan mukamyň şirinligi Mähegiň süňňüni elendirdi. Ol edil şu pursat Mekanyň dyzyny ýassanyp, bu datly owazyň tolkunlaryny humarly kalbyna siňdiresi, müň näz-kereşme bilen käsä çaý guýup, ony-da Mekanyň agzyna tutdurasy geldi. Çünki goşa tardan gümmürdäp çykýan owaz Mähegi ezizläp, türkmeniň ümmülmez sährasynyň üsti bilen alyslardan alyslara alyp gitdi. Bir beýgelip, bir-de peselýän owaz ony durşy bilen jadylady. Hälki ünji-alada bir tarapa syryldy-da, onuň kalbyny otdan gyzgyn mähir eýeledi. Tutuş göwresini elendiren şol şirinligi durşy bilen boýlan Mähek onuň uç-gyraksyz mülküne aralaşdy. Ogulgerek Ussaýewa. | |
|
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Mähir ummany / hekaýa - 23.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |