19:56 Ýürege ynan / goşgular | |
■ Ýürege ynan
Ýüregiňi diňle, ýürege ynan, Ýürek gözsüz görýär, dilsiz gürleýär. Haýyr-şeriň bulam-bujar ýumagny, Ýürek elsiz adalatly çözleýär. Ýüregiňi diňle, ýürege ynan, Ýürek berer ebedilik durmuşy. Dünýäniň çarkandak şum ýodasynda, Saýlar durar dogry bilen ýalňyşy. Ýüregiňi diňle, ýürege ynan, Ýürek bilen tutgun her işiň başyn. Başga ýerlerden däl, uzaklardan däl, Ýürekden taparsyň pelsepe daşyn. Ýüregiňi diňle, ýürege ynan, Ýürek bilen duýgun, ýürek bilen söý. Durmuşda söýgüde ýanmaly bolsaň, Kem-käsleýin däl-de, ýürek bilen köý. Ýüregiň ýolundan çykanam bolsaň, Henizem giç dälkä yzyňa dolan. Onki süňňüň bilen, bar ünsüň bilen, Ýüregiňi diňle, ýürege ynan. ■ Ýollarymmy sen? Saba-säher güller bolup açylan, Güneş bolup mährinden nur içiren, Süýt asmanda merjen bolup seçilen, Ýyldyzlardan dörän ýollarymmy sen? Gitsem giň jahanyň ýolundan ýöräp, Ugrumy ýitirsem, tapmasam sorap, Elwan şapak bolup ýoluma garap, Ýalňyz hemram, sagu-sollarymmy sen? Dünýäň sallançagnyň bagy eliňde, Bugarar kyrkçilläň gary demiňde, Durun durmuş kalendarnyň öňünde, Ömrümiň iň gözel ýyllarymy sen? Ýedi dagdan inen dirilik suw sen, Aýdan ganat kakyp gelen ak guw sen, Wolga derýasynyň üstünden öwsen, Şirin saz mysaly ýellerimmi sen? Alys menzillerden ýoluňa garap, Ýazýan şemallardan halyňy sorap, Belki, ýazmagyma bolansyň sebäp, Şirin zyban saýrak dillerimmi sen? ■ Çarwa gyza ýollaýaryn Säher turup, Hak salamy, Çarwa gyza ýollaýaryn. Ýüregimden şu kelamy, Çarwa gyza ýollaýaryn. Daň sähere höwesimi, Ýellere goşup sesimi, Paýtagtymyň gül ysyny, Çarwa gyza ýollaýaryn. Aýna ýaly göwünleri, Şeker, nabat, nogullary, Desse-desse bägülleri, Çarwa gyza ýollaýaryn. Bu gün köňle gelenini, Ony ýazan galamymy, Hem-de harby salamymy, Çarwa gyza ýollaýaryn. Osman AŞYROW. | |
|
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |