00:39 Zyndanda ýanan şem -16: Mamam | |
MAMAM
Powestler
Gün batdy. Il aýagy ýygnalan çemeleri öýümize brigadir geldi. – Gurban, sen oglan ýadaw, onam bilýän, ýöne başga alaç ýok. Amatly bir adam tapman seniň ýanyňa geldim. Hol, gaýrada Armanşemalyň ýüzünde Tuwakbaý traktorçy ýer sürýär. Suwçysy-da Hajar. Aýal maşgala, gijäniň içinde ýeke galmasyn, gorkarmy nädermi. Çaý-çöregiňi iýen bolsaň, Hajara ýoldaş bolaýsaň – diýip, Gandym aga iç işikde dik duran ýerinden maňa ýüzlendi. Halys surnugyp, düşege geçmäge-de mejalym ýetmän otursam-da, Gandym aganyň bu habary maňa ýaraman durmady. Uky üstümden serpilip, Gözlerim giňedi, derrew ýola düşdüm. Gije öz hökümini sürüp, gözýetim garalyp dur. Mele topragy mäjum edip ýer sürýän ÇTZ-niň güňleç sesi asuda gijäni oýaryp, uzaklara, giň sähra ýaýrap gidýärdi. Sürülýän meýdany etekläp geçýän okarygyň ýasy kenarynda garalyp Hajar otyr. Ol ýap-ýaňyja gapdalyndan geçip, özünden ara açyp barýan janly demiriň yzyndan seredip oturşyna meniň nireden çykanymy aňman galdy. – Hajar! Zenan tisginen bolsa gerek. Ol ýalt edip maňa tarap öwrüldi. – Gurban, bu senmi? Nireden gelýäň? – Öýden. Näme kömekçi gerek dälmi? – Aý... Hajar meniň gelerime garaşmadyk bolsa gerek. Ol beren soragyma egnini gysyp jogap beren-de, begenjini gizläp bilmedi. – Gurban kündüge ot ýakaýynmy? – Özüň entek çaý-suw içmedik bolsaň bor-da. Hajar içi suwly bedräniň ýanyndan turup, tümlüge siňip gitdi. Emma, salymyny bermän bir gujak çöpleme göterip dolanyp geldi. Uzyn gün eli suw çelekli traktor bilen aryk aralygynda halys bolan zenan kündügiň düýbüne odun salyp, gamyş düşegiň üstünde gyşardy. Ýadamany-ýorulmany bilmän, zol aýlanyp duran traktor, bir giden ýeri mäjumlan, bizden hem suwly ýapdan ara açyp, assa-ýuwaş daşlaşdy. Aýam ýaşdy. Asman gara keçe bolup täzeden ýere çökdi. Traktoruňam aýlawy giňedi. Indi orta ýolda öňünden çykyp, suw bermeseň bolanokdy. Säheljik haýal geçseň, onuň içi gyzyp, depesi lakyr-lakyr gaýnap dur. Içi suwly çelekleri göterip, ýegdekläp barýarkam, öňümde bir gara peýda boldy. – Merdan! – Hä. – Näme, daň-säher beýdip ýörsüň, ýa-da seni biziň ýerimize iberdilermi. – Hawa – diýdi Merdan. Garaňkyda dostumyň ala gözlerini, tes-tegelek ýüzüni, birneme paşşarypjyk duran burnuny o diýen saýgarmasam-da, onuň maňa «hä» bermesi gulagyma bir geňsi eşidildi. – Howlugypsyň öz-ä, daň ýyldyzy ýaňy dogdy. Jahan ýagtylansoň geläýmeli ekeniň-dä – diýdim. – Gurban, hany çelekleri maňa ber. Özüňem durma. Basymrak öýe ýetjek bol. Saňa garaşýarlar – diýip, dostum meni gyssady. – Näme howlugýaň. Hajar dynç alýar. Ony turuzyp öýlerine ýollaly. Ine şeýdip ikimiz bir käse çaý içeris. Gümür-samyr edişeris, onsoň gaýtsamam bor – diýemde, Merdan çeleklere ýapyşdy. Onýança golaý gelen traktoryň güňlenç sesi dostumyň soňky diýen sözlerini maňa eşitdirmedi. Bedrelerimizi boşatdyk ÇTZ çilden haýallyk bilen yzyna öwrülip, täze taba düşdi-de, salymyny bermän bizden uzaklaşdy. – Gurban... Merdan sözüni böldi, näme üçindir, ýüzüni bir gapdala sowup dymdy. Şagalaň-şadyýan, bir söze başlasa maşynbagşy ýaly, adama gezek bermeýän dostumyň bu boluşy meni iňkise goýdy. Diwan Peşmek, hem-de onuň ýaranlary barada eşiden gürrüňlerim biderek bolup «Meni ýene-de günüme goýjak däl-ow bular» diýen pikir kelläme geldi. Näme-de bolsa, Merdanyň getiren habarynyň gowlugyň alamaty däldigini aňyp, birhili boldum. Şüdügär ýerden ýöräp barşyma dyzymdan mydar gaçyp, aýagym aýagyma çolaşyberdi. Meniň bu ýagdaýymy dostum aňdy. Ol bir haýukdan özüni dürsäp. – Ma... mamaň... – diýdi. – Näme?! Merdanyň ýakasyndan ebşitläp tutanymy bilmän galdym. Ol meniň demire dönen ellerimden zordan sypdy. Oba tarap eňdim. Kürsäp içeri girsem otagymyzyň çep dulunda üsti ak hasa bilen örtülgi mamam uzalyp ýatyr. – Ah mama jan, mama jan, arka dagym, guwanjym, daýanjym... Sen-näme üçin beýtdiň... ýa-da juwan wagtyň ykbalyňy baglan ýoldaşyň saňa biwepa çykdy, seni orta ýolda ýeke goýup, taşlap gitdi. Şoňa gahar etdiňmi? Jiger bendiň, ýeke nigäriň, il-gün, tünek üçin janyny gurban etdi. Belki, şoňa jigerini paraladyňmy? Arzuw edip ýeten guba gelniň namys binaňy ýykyp, ýüzüne gara çekdi. Bu jebir seniň üçin bar zatdan agyr düşdümi? Jan mama, aýt! Saňa näme boldy. Ýagşa begenip, ýamana gynanar ýaly maňa gor berjekdiň. Durmuş diýilýän aýylganç, hem gözel meýdandan mana özüme mynasyp ýer berjekdiň, hany ol arzuwlaryň... Men her neneň ýürek paralap, bagrymy dilsem-de, mamam eşitmedi. Ine, şeýdip, mamam hem meni ýeke goýup gursagy doly ahmyryny, arzuw-isleglerini ýany bilen göterip alyp gitdi. | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |