BIR ENÄNIÑ KYSSASY
30 ýyl mundan öň,
Otly iýulyň,
Şady-horramlykda joşýan gijesi,
Sowujak meý bilen doly badalaň,
Ykbala şatlygy goşýan gijesi,
Janyna howp salan ynjyny ýeňe,
Ömründen,gör, näçe ýaşyny keme,
Ak posalak gyzy beripdir dünýä,
Gözleri garamyk bir juwan ene.....
Ölümini alypdyr ol boýnuna,
Her gezek bagryny dilende sanjy,
Diýipdir:
- Şu mahal bolardy elhal,
Bu ejir ýerine degse ýüz gamçy.
Emma balasynyna ýüzi düşende,
Unudypdyr yzasyny dessine.
Onuň jennet ysyn demine dartyp,
Tapsyz beden gelipdir öz essine.
Soňra has çynlakaý keşbe geçipdir,
Gujagy bäbekli çepiksi göwre.
Ykbalyň oýnaýan gözlerne bakyp,
Şol bir sözün gaýtalapdyr kän öwre:
-Seniň bilen tutlyşyga çykmaga,
Gelmesede meniň näçar güýjim deň.
Balamyň saçynyň ýeke taryna,
Zelel ýetmegine asla ýol bermen.
Çünki men her näçe ejiz bolsam-da ,
Şu günki mertligim aýandyr-aýan.
Kuwwatym egsilmez heniz dirikä,
Bir bedeni iki göwrä bölen jan.
Bu sözler çykanda ene kalbyndan,
Ýeriň- gögüň haly neneňdi-neneň?
Ähli ahwalaty gürrüň bersene,
Şo:l arzyly gyzy ýerden göteren,
Enem.......
Gurbanjemal Annakowa.
|