17:54

Pelsepe

PELSEPE

Ýürege hoş sözdür hem mähir gerek,
Dideleriň didarlara zar wagty.
Bilmedim, bir zad-a küýseýär ýürek,
Bü dünýäniň petiş wagty, dar wagty.

Hawa, bilýäs, iň şirin zad-a jandyr,
Ynsabyn ýuwdan gury bir sandyr.
Gorky-ürki huşdan gaýyp bolýandyr,
Gaharyň-gazabyň – namys-ar wagty.

Diýýärler: “Öten ýok dünýeden doýup”,
Ýene-de diýýärler: “Nalamak aýyp”.
Gurbatyň ýetýärkä ýyrtyk jul geýip,
Näme görýäň tende janyň bar wagty.

Mähriň bolsa, mähir bilen söýerler,
Ynjanyňda “wah, ynjapdyr” diýerler.
Il beýikdir, beýiklere uýarlar,
Kalpdaky ynamyň şerden zor wagty.

Öz göwnüňe jaý et ölçäp-biçýäniň,
Köp munda akylly, akly göçýänem.
Iki-ýeke däldir jandan geçýänem,
Gözel gyzyň ýaňagynyň nar wagty.

Döwletliler saçagyn giň açýandyr,
Bidöwletden rysgal-döwlet gaçýandyr.
Bu dünýede ömür biweç geçýändir,
Näkes elde gunça-gülüň har wagty.

Gün yzyndan günler gujak gerip dur,
Günä-sogap işi Taňry görüp dur.
Bagt gapymyzda salam berip dur,
Ile-güne rowaçlyklaň ýar wagty.

Azym, gördüň haka şyltak atýany,
Ne işiň bar, utulýamy, utýamy?
Wah, hawa-da, bar güýjümiň ýetýäni
Galamymdyr, ýüregimiň gor wagty.

Azymberdi KAKAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 441 | Добавил: Garadag | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 4.1/7
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Как должна рекомендоваться Марина / Goşgular - 19.01.2023
Saňa / Goşgular - 06.01.2023
Saňa duşup... / Goşgular - 06.01.2023
Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023
Kölege / Goşgular - 31.01.2023
Во время болезни / Goşgular - 09.01.2023
Звезда полей / Goşgular - 02.02.2023
Gorky / Goşgular - 06.02.2023
«Каменногрудый…» / Goşgular - 19.01.2023
Deprem Şiiri / Goşgular - 13.02.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Hijran  
Näkes elde gunça gülüñ har wagty. Goşgy derdi täzeläp yaralary dõrjedi. Bary dogry ýürekden ýazylypdyr gõni ýürege girdi

0
2 Camilla  
280
juda ajap şygyr respect

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]