17:59 Ak piller | |
AK PILLER
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ir zamanlarda Hindistanyň jümmüşinde, Gang derýasynyň kenarynda ýerleşýän bir obada Aşok atly edermen, gaýratly sazanda ýigit ýaşapdyr. Onuň özüne mynasyp hem wepaly gelni Arjuna halkyna mähremliligi, aýdyma we tansa ezberligi, şirin owazy bilen meşhur bolupdyr. Aşogyň we Arjunanyň Aýrawata atly duýgur we düşbüje ene pili bar eken. Aýrawata eýeleriniň hyzmatyndan gaýry, goňşy-golamyň zeruryna hem ýetişipdir. Şonuň üçin il-gün eýelerine hormat edişleri ýaly, oňa hem aýratyn sarpa goýupdyr. Ýaş çatynjalar gün-güzeranyny on tanaplyk ýerini dörjeläp, halal lukma bilen dolandyrypdyrlar. Bir köneje külbejigiň içinde ýaşaýan «goşa gumrynyň» öýünde agaç sekisi, buýra şahly gäwmişi we ýer sürýän kündesi diýäýmeseň, goş basyp ýatan artyk-süýşük zatlary bolmandyr. Aşok we Arjuna her gün dogýan parlak Günüň şapagynda örüp, öz ýerlerinde yhlas çekip giç agşama çenli işläpdir. Är-aýal derýanyň suwuny belent depelere akdyryp, seňňerler tutup, tüwiniň bol hasylyny ýetişdiripdir. Aşok we Arjuna onuň ýarpysyny satyp, galanyny garyp-gaýsarlara, ýetimlere paýlap, haýyr-sahawat edipdir. Söýgi gülüstanynda ýazlaýan ýaş juwanlaryň biri-birine söýgüsi üýtgeşik bolupdyr. Ol elli işden sypyndygy, peri-peýkerlere çalymdaş ýaryny piline mündürip, hindileriň keramatly bulagynyň kenaryna seýle alyp gidipdir. Gözel zenan Arjuna endamyna asman reňkini, Gün nuruny siňdirip, akyp ýatan keramatly derýanyň kümüş şelpelerine togap edip, aýdym aýdypdyr. Şonda Aşok eline sitarasyny alyp, Gangyň o kenaryndan ýaryna owaz gönderýärmiş. Aýaklaryna we ellerine dakynan bileziklerini şaňňyrdadyp, suwa gonan ak guw ýaly perwaz urýan Arjuna bolsa salyň üstünde tans edipdir. Derýa kenarynda işläp ýören daýhanlar bolsa aşyklaryň aýdym-sazyna, süýji owazlaryna maýyl bolupdyrlar. Ata-babalarynyň däp-dessurlaryny päk göwünleri bilen jäht tutup ýaşaýan Aşok bilen Arjunanyň bagtly hem sada durmuşy, haýyr-sahawaty olaryň özlerine mährem pili Aýrawata dogrusyndaky gürrüňler ilden-illere gezipdir. Aşok ýurtdaky synpy tapawutlyklary ýeňmegiň hatyrasyna hem göreş edipdir. Şoňa görä-de, adamlar ondan maslahatsyz hiç bir meseläni çözmez ekenler. Ýöne ýyllar, aýlar kerwen gurap geçse-de, Aşogyň ilhalar gelni ene hataryna goşulyp bilmändir, Arjuna Hudaýdan gelen takdyryna kaýyl bolup, il-güni bilen saz-söhbetiň içinde ýaşaberipdir. Ýöne käte bulutlaşyp käte-de açyk ýyldyzlar bilen parlaýan asmanyň aşagynda hiç bir ýazyksyz ýaşaýan är-aýal özleriniň mundan buýanky täleýleriniň şumlukda gutarjakdygyny bilmändir. Bir gezek är-aýal gülçyralaryny ýakyp, sandal çöplerini tüsseledip, gijäniň ýarymyna çenli saz-söhbet edipdir. Sitaranyň kirişlerinden inýän zaryn-zaryn mukama maýyl bolup gelen mähelle Aşogyň ömrüniň uzak bolmagyny Taňrydan diläpdir. Beýik mukamlaryň dünýäsine gark bolaň Aşok we Arjuna şol gije durmuşda boljak bagtly pursatlar hakdaky arzuwlaryň gujagyna çümüp, süýji uka gidipdir. Birdenkä, asmanda dünýäni lerzana getirýän ýyldyrym çakyp başlapdyr. Obanyň adamlary gögüň çendenaşa güýçli sesine oýanypdyrlar. Adamlar bulutlaryň, gögüň howandaryna özlerine medet bermäge towakga edip, çokunypdyrlar. Ýöne garaňkylygy parran ýaryp gelen aždarha sypatly bir ýyldyrym dünýäden bihabar ýatan magşuklaryň külbesini çawlapdyr. Asmana göterilen ot agaç külbäni hem-de onuň saz-söhbetli dünýäsini bir demde topbajyk küle öwrüpdir. Adamlar manyly ömürleri kesilen ýaş çatynjalaryň ölmüne gynanyp, ýas tutupdyrlar. Bu ahwalata gynanan ene pil Aýrawata hem perýat edip, gözýaş döküpdir. Kiçijik gözlerinden hem syzlaýan Aýrawata biçärelikden urnup, ikiýana ylgaberipdir. Onuň bu bolşy adamlaryň kalplaryny tüýtmeläpdir. Ol soň-soňlaram eýelerini ýatlap, derýa kenaryna çykyp, holtumyny bulaýlap zarynlap gezipdir. Bir gezek Aýrawata küle öwrülen çatmanyň ýerinden Arjunanyň oda ýanman galan kümüş bileziklerini tapanmyş. Ol şondan soň ullakan gulaklaryny ýelpäp, holtumynda göterip ýören bileziklerini şaňňyrdadyp, Aşogyny we Arjunasyny ýatlap geziberipdir. Aradan köp wagt geçensoň, hindi topragyna baharyň joşguny kükräp gelende, Aýrawata öz mährem obasyna dolanypdyr. Adamlar Aýrawatanyň sesini eşidip, begenişip köçä çykypdyrlar. Görseler, öz bagryndan dünýä inderen eýjejik çagalary bilen Aýrawata mährem ojagyna tarap ýuwaşja ýöräp barýarmyş. Adamlar Aýrawatanyň yzyna tirkäp gelen iki sany gar ýaly ap-akja piljagazlaryny ýüzlerine sylypdyrlar. Pil çagajyklarynyň hersiniň boýnuna jaňjagazlary dakypdyrlar. Arjunanyň bileziklerini bolsa piljagazlaryň enesiniň aýaklaryna dakypdyrlar. Şol gün adamlar: «Ody öçen ojaga ýene-de ot geldi, bagt geldi», diýşip, saz-söhbet edipdirler. Olar obasynyň göz-guwanjy, baky durmuşyň waspçylarynyň hatyrasy üçin Aýrawatanyň çagalarynyň birine Aşok, beýlekisine bolsa Arjuna diýip at goýupdyrlar. Şol günden bäri hindilerde ak pillere bagtyň hem hökümdarlygyň alamaty hökmünde aýratyn sarpa goýulýarmyş. Baýramgeldi ÇARYÝEW «Gurbansoltan eje» žurnaly, 07.2002 ý. №7 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |