05:15 Andalybyñ obasyndan gelen gyz | |
ANDALYBYÑ OBASYNDAN GELEN GYZ
Goşgular
Meni şeýda bilbil, andalyp etdi, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Goşgy okaýşyma geň galyp ötdi, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Sende guş owazy, bir şirin dil bar, Çasly gülküleriň kalbymy dilýär. Kamaty gül ragna, hoş nowa dildar, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Oba säheri deý ýaňaklaryň ter, Yşgyň hanjary deý, kirpikleň hatar, Gidip galsaň günüm neneňsi öter, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Bir köýnek geýipsiň, ady hem şahy, Aşygyň ýüzünden öçüpdir ruhy, Zeminiň ýyldyzy, kalbymyň mahy, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Sen messan ýöreseň, men uçup barýan, Sen gülüp garasaň, men gaçyp barýan, Ýaşlygymdyr aglap hol, geçip barýan, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Bagbanyň gyzy men, adym Gül diýdiň, Maňa: Goý aglama, gaýta gül diýdiň, Ýoluň düşse myhman bolup gel diýdiň, Andalybyň obasyndan gelen gyz. Hoşlaşdyň-da gitdiň, gaýdyp gelmediň, Menem siz tarapa ädip bilmedim, Saňa şahyrdygmam aýdyp bilmedim, Andalybyň obasyndan gelen gyz. ■ Saňa garaşýan Gijeler oturyp, çekip kän şöwür, Süýt deý saba-säher, daňa garaşýan. Bagrymy eredip, Döredip şygyr, Söýginiň ýolunda saňa garaşýan. Sensiz geçýän günler gitsede uzap, Garaşmakdan kalba ýetsede azap, Gel, ýaşamak üçin kalbymy bezäp, Söýginiň ýolunda saňa garaşýan. Adyňy ezizläp ýürekde-serde, Aýralyk kalbymy goýsada derde, Gözlerim ýoluňda, şol öňki ýerde- Söýginiň ýolunda saňa garaşýan. Daň sazyn çalanda, taryny kakyp, Gün göge galanda, nuryny döküp, Aýak yzlaryňa bägüller ekip, Söýginiň ýolunda saňa garaşýan. ■ Saňa seredip otyryn Indi iki sagat bäri, Saňa seredip otyryn. Gözleriň yşgyň kenary, Saňa seredip otyryn. Özüňe bakýanym bilýäň, Ah, ýöne bilmedik bolýaň. Näme edýänimi bilmän, Saňa seredip otyryn. Gara gözleň humaý diýip, Gül kamatyň, suraý diýip, Maňa birje garaý diýip, Saňa seredip otyryn. Betgüman edäýme janym, Meniň nä ýokmy imanym?! Nury sen goşa didämiň, Saňa seredip otyryn. Wagt ber, waspyň eder ýaly, Göwnüňe gül eker ýaly, Bakylyga bakan ýaly, Saňa seredip otyryn. *** Tämiz yhlasymy didämden tapyp, Maral gözleriňden söýgi ber maňa! Bir saňa garaýan gözlerme bakyp, Şatlygam berewer batamda gama. Çünki şondan gaýry şatlyk bilemok, Hem umyt ol, gidenimde daşlara. Meni gam-gussadan halas etjek ýok, Maral gözleň umma alyp gaçmasa. *** Bir pursat sen maňa gulak goý ýarym, Gulak goý köňlümden çykan sözüme. Ýöne aýdan wagtym ýürekde barym, Seretjek bol iki gara gözüme. Alnymda söýgüniň çöşlenen dary, Kalbymda aýralyk azary janym. Gözlerim buldurar çeşmeler ýaly, Sözlerim şol çeşmäň owazy janym. ■ Ýaşlykda galan armanym Al şapakdan alyp nury, Ýaňaklaň ýatladar nary, Men seni gözleýän läläm, Ýaşlyk ýyllarymdan bäri. Hyjuwlar goşýäň badyma, Örtenip bişýän oduňa, Ýatlasam ýaşlyk ýyllarym, Diňe sen düşýäň ýadyma. Seredip bägül keşbiňe, Eredip bagrym yşgyňa, Düşdi hijranyň hazany, Läläm köňlümiň köşgüne. Bu gün kalbym salyp joşa, Läläm sen bir gülüp ýaşa. Hem şadyýan Hem nowjuwan, Meň ýaşlygym bolup ýaşa. ■ Içýakgyç gyz -Saňa ýüregimi, kalbymy berdim! Gyz maňa ýylgyrýar, gözleri süzüp. Meňem her minutda artyp dur derdim, Hemem azaryna bolanok dözüp. -Saňa ýüregimi, kalbymy berdim! Gyza düşündirjek bolýan janygyp. Gyz ýylgyrýar, ýürek tarlarym kertip, Hem duýup dur ýanýandygny janymyň. Soň maňa seretdi gaşlaryn gerip, Hemem ähli okan takalma derek, Gyz haýrana goýup, bir sowal berdi: -Bir zat dälmi näme kalp bilen ýürek. ■ Gyz hatyndan bir parça Garlar ýagyp Baglar burjy baglasa, Yssy mähriň ýüregimi ýyladýar. Epgek öwsüp Gül ýüzümi daglasa Salkyn demiň bolar maňa medetkär. Tebigatyň täsin kanunna görä, Ýazyň tomsa, Tomsuň güýze ýazyşy Mysaly dostlugmyz öwrülip söýgä Gyş günem kalbymda joşýar ýaz yşgy. ■ Gündogar äheňleri I Bu derdi bir özüm çekip bilmerin, eý, dildar. Bu oda bir özüm ýakyp bilmerin, köý, dildar. Ol ot yşkyň ataşy, goý, gyz agyrtma başy, Ondan-a, gulden puşeşi gül egniňe geý, dildar. Ýöresen ýollara gurban, garasan illere haýran, Ýüregim para, girýan, gadamlaryň goý, dildar. Gel, bu jahanda taýyň ýoklugy üçin, Aýyň özüne meňzäp dünýä yşk nuruny çaý, dildar. II Men bu şum takdyra ýalbardym telim, Hem ýanyp kysmata gol berdim, gülüm. Yşkdan bir paý ýetdi ol hem keç-zulum, Senden geçenlerden senem geç, gülüm. Hijran ataşyna dagladyp dilim, Hemem senden galyp agladym, gülüm. Mal bereýin diýsem ýok köpük pulum, Şondada gelerin yol tapyp, gülüm. Ne galypdyr mende parasat-bilim, Ýüregimde gopýar harasat, gülüm. Ýanyp bütin göwräm, aýagym-elim, Sen bir gün görersin köýenim, gülüm. Bir gün gok asmana sowrulan külüm, Ak gar bolup saňa öwrüler, gülüm. *** Asmanymda nurun saçýan Gün-Aýym, Söýgülim senem täk, janym menem täk. Ýalňyz ýörmek geçilmejek günämi, Söýgülim senem täk, janym menem täk. Seni görüp diýdim ýüzi ýagty ýar, Gollarymdan bolsa gitdi ygtyýar, Her kişiniň bir mynasyp jübti bar, Söýgülim senem täk, janym menem täk. Sen diýp telwas urýar göwnümiň guşy, Gel ýaza öwrülsin ömrümiň gyşy. Ýekelik diýen zat Hudaýa ýagşy, Söýgülim senem täk, janym menem täk. Toý bolup gel, bu kalbymdan kow ýasy, Onsuzam kän bu ýalançyň gowgasy, Juda kyn ekeni yşgyň söwdasy, Söýgülim senem täk, janym menem täk. Bu ýürekde umyt-arzuw köp bolup, Aýralyga tarap uçar ok bolup, Hatda guş-gumruda gezýär jüp bolup, Söýgülim senem täk, janym menem täk. ■ Küýseg duýgulary Gije-gündiz, her sagatda, her pursat, Men söýen gülümi göresim gelýär. Arzymy aýtmaga rugsat ber, rugsat, Men söýen gülümi göresim gelýär. Köp ýalňyz otursam gaýgy-gam bilen, Ýürek syrym derdinşeýin kim bilen? Lallar ýaly düşündürsem üm bilen, Men söýen gülümi göresim gelýär. Çapgyn ýeller öwsen güni, gowy gün, Duýman ir baharyň çigrek-sowugyn, Güllän erikler deý ak patrak göwün, Men söýen gülümi göresin gelýär. Gözlerim henizem umytdan doly, Çöl ýerde azaşan guzujyk ýaly, Eh-eý, öz obamyň dereklik ýoly Men söýen gülümi göresim gelýär! *** Ak gar dek ýüzüňde garga gaşlaryň, Umma kowdy kalbymyň gyş günlerin. Gülleriň harmanyn, bagtyň üýşmegin, Serpaý etdim, Nämüçin hoş bolmadyň? Elwan ýaz güli deý çigildem lebleň, Bir söz bilen başa inderdi gyşy. Meger şol gün bagtam gidendir elden, Nurly didelerde sönendir hem yşyk. *** Aýazlar asylly gyzyň sungaty, Penjiräň ýüzünde keşde-nagşy bar. Misli akja bäbekleriň gundagy, Ýumşajyk garlaryň gyşda ýagşy zor. Gundaga dolanan mele ýerleriň, Soňra hasylyn gör Hydyr gören deý. Sen onuň gadryny bile bilmersiň, Nazy-nygmatyndan hödür edende. *** Meniň ýarym ýagyş-silden gorkmaýar, Ýel-ýagmyrda geziberýär baş açyk. Şat gülküsin çar tarapa oklaýar, Gaýgy-gussa gidýär ondan daş gaçyp. Meniň ýarym ýagyş-silden gorkmaýar, Gaý-tupanlar däldir onuň piňine. Bilmen näme oňa goltgy, gop berýär, Salyp gidýär kynçylygy öňüne. Ýagyş ýagsa gaýta göterlip keýpi, Çalpawlara girip geçýär jak-jaklap. Ol meniň gözümde ot ýakjak bolýar, Ýyldyrymlar ot ýakanda çakmaklap. Meniň ýarym ýagyş-siliň aşygy, Bu derde öwrülip gitmese ýagşy. Belki köp dökensoň meniň ýaşymy, Halaýan bolmasyn ýagmyry-ýagşy. ■ Aşyk men Her gün säher ýüze sylyp daň bilen, Gülüm, gara saçlaryňa aşyk men. Pynhan sakla sözleşeýin seň bilen, Gülüm, gara saçlaryňa aşyk men. Saçyň ýaýyp goýber säher ýeline, Bolmasa-da beräý meniň elime, Söýgi sözi gelip dur wah, dilime, Gülüm, gara saçlaryňa aşyk men. Ýamanlar görmesin gülden görküňi, Sen özüň alypsyň elden erkimi, Ýene gozgasaňda köne derdimi, Gülüm, gara saçlaryňa aşyk men. Saçyň her taryna müň tümen diýip, Şahyrlar gezipdir örtenip köýüp, Aýtjak sözüm aýtman, ýaýdanyp goýup, Gülüm, gara saçlaryňa aşyk men. Arzuwym şol derýa zülplerňe çümmek, Bagtdan humar bolup gözlermi ýummak, Dünýäň ähli tylla pulundan gymmat, Gülüm gara saçlaryňa aşyk men. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |