07:42 Andalyp | |
ANDALYP
Goşgular
Görsene bu çarhy pelegiň işin, Köňüller ýitirdi kelebiň ujun, Ýöne ýada salyp derýalaň joşun, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. Söýgüli-şatlykly, gussaly-gamly, Köz bolup alawlap, körändir köňli, Ýagşylyga ýaran bolansoň ömri, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. Çarhypelek ýaly aýlap jykyryn, Çäç ýaly samandan saýlap pikirin, Heňňamlaryň derdin syryp-süpürip, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. Tapyp deňizleriň merjen-dürüni, Söküp Oguzlaryň sähra düzüni, Gujagyna gysyp söýen Gülüni, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. Iliň dert-azaryn omzuna atyp, Özüni durmuşyň deňzine atyp, Dessan ýazyp, many maňzyna ýetip, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. Tirsegňe galdyrdy Galkynyş döwri, Gel ine: seň ornuň türkmeniň töri, Halkymyň bilbili kalbymyň nury, Asyrlardan aşyp Andalyp gelýär. ■ ANDALYBYÑ SÖÝGÜLISI GÜLÜÑ AÝDAN SÖZI Gursakda joş urup ylham-yhlasyň, Jemalym görmäge degmände eliň. Sabyr bilen seň söýgüňi mynasyp Boljak boldy seniň ezizlän Gülüň. Halkymyň bilbili, kalbymyň nury, Halym teň bolanda bir özüň tebip. Eger meni söýen bar bolsa biri, Olam sensiň Nurmuhammet Andalyp. Garamazyň ilerisi-gaýrasy, Siziň jykyrňyzyň sesin diňleýär. Ikimiziň öýlermiziň arasy, Bir mylaýym duýgy saldy köňle ýar. Artdyrmakçy bolup ylym-sowadyň, Ýyllap gitdiň Hywa, Buhar, Bagdada. Ýoluňa göz dikip, sabrym suw edip, Semender deý ýandym şonda men oda. Adyňy gaýtalap sabyr tapypdym, Ah, bolsa-da gyz kalbymyň zary kän. Pyşyrdymy ýeller saňa äkitdi, Men öz Gülüň, öz Gülgüniň Nury jan. Watanyňa geleniňde ýyl ötüp, Tutuş Garamazy uly toý tutdy. Şonda gyz ýüregim hyýala batyp, Ony biziň toýumyzdyr öýdüpdi. Şol agşam seň şygryň diňlejek bolup, Öýňüze üýşende ýigitler-gyzlar. Şuny bilýän.-diýdiň. - Kän seýil kylyp, Iň zyba gyz biziň Garamazyda. Asyrlaň tümünden seredip bäri, Gyz kalbyma söýgi, ynam, hem umyt. Halkymyň buýsanjy, kalbymyň nury, Şirin dilli şeýda ýigit, Andalyp. Daşda galdy biziň ýaşan döwrümiz, Ýöne şygryň okap, bark urýar köňül. Aşyk-magşuklara nusga ömrümiz, Şahyr dessan düzýar «Andalyp we Gül». Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||