23:18 Ata Salyhy ýatlap... | |
ATA SALYHY ÝATLAP...
Goşgular
Bu günem şañlatdyk şahyr gulagyn, Bu günem jedelleñ şemi ýakyldy. "Aý, Ata Salyhyñ şygry ýöntem-laý..." Diýen bolýan bir gurrumsak tapyldy. Ol görmändir şygryñ gün bolup dogşun, Düşündirjek bolup çykdy halysym. Diýýär: "Dünýä poeziýasyn bilmänsoñ, Şygry gowşak çykdy Ata Salyhyñ". Çyzyk çekmekçi däl men Gomer, Geýnä, Pyragynyñ lirasyna baş egýän. Emma Gomer däldi, Pyragam däldi, Kolhoz gurup, ganym baýlary ýeñýän. Daşda men Azada dil ýetirerden, Nepesiñ şygrynda göwnümiñ käni. Emma olar däldi ýer-suw paýlaşan, Olar däldi galtamanlañ gözläni. Ol Ata Salyhdy! Ol durşy bilen Şygara öwrülip düşüpdi dile. Ol ýigitler bilen jeñe gidipdi, Mekdebe gidýärdi körpeler bilen. Kör bolsa-da, gözlülerden has anyk, Tanaýardy ýagşy bilen ýamany. Ata Salyh gözlülerden öñdedi, Başga ýerden gözle, gardaş çamany. Nan ýerine iýilipdi goşgusy, Içilipdi goşgulary çaý ýerne. Bir görseñ naýza ol, Bir görseñ - tüpeñ, Ok bolup degerdi edil jaý ýerne. Ol şygyrdan ýagty bir köşk salypdy, Onuñ üçin dünýä tüm bir zat däldi. Ülkäme nur saçan bu ajap bägül Arman, pudagyndan juda ir tändi. Käbir gurrumsaklar uzak ýaşaýar, Şahyr bolsa elmydama ýaş ölýär... Emma ne ajaýyp şahyryñ şygry, Ol bir çeşme, Her kim ondan ýaş alýar 1973. Nury BAÝRAMOW. | |
|
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Oglan wagtymyz... / Goşgular - 17.10.2024 |
√ Bagyşla, eje! / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |