18:49 Aýal işgär gerek / satiriki hekaýa | |
AÝAL IŞGÄR GEREK
Satiriki hekaýalar
Üç-dört ýüz otagly ullakan jaýda ýazuwhanasy bolan bir tanşymyñka gidipdim. Otagda dört kişi bolup otyrdyk. Ep-esli wagt oturamsoñ "Indi men gaýdaýyn" diýip, turmakçy bolanymdan, dostum: - Nirä howlugýañ? Oturubersene - diýdi. Oturan beýleki iki myhmanam möhüm işleriniñ bardygyny aýdyp, turjak bolsalaram tanşym olary-da goýbermän zor bilen saklap durdy. Edil şol wagtam gapy kakyldy. Tanşym: - Geliñ, giriberiñ - diýip gygyrdy. Içerik bir aýal girdi. Dördümiz dört ýerden demimizi alman, oña aññalyp galdyk. Hamana, adam birden sowuk suwa düşende "Hiýhh" edip saçyndan tä syrtynyñ düýbüne çenli jümşülläp gidişi ýaly, bizem gelen aýaly görüp endam-janymyz gagşap gitdi. Bir otagyñ içinde oturan dört sany ýaş nemes ofiserini göz öñüne getiriñ. Birdenem gapy açylyp, içeri nemes marşaly girýärmişin, onsoñ ýañky dört ofiser hasyr-husyr ýerlerinden turup, dim-dik bolarlar. Gelen aýaly görüp, bizem edil şolar ýaly bolduk. Aýak üstünde sömelip durşumyza dördimiz birden: - Näme hyzmat, hanym?!. - diýip, mysapyrlyk bilen aýalyñ üstüne abanyşdyk. - Aýdyberiñ, hanym... - Kyn görmeseñiz, şu taýda oturaýyñ... - Bärik geläýiñ, bäri has oñaýlyrakdyr, hanym... Dördümizem aýaly öz gapdalymyzda oturtmak üçin bir wagtyñ özünde ýüpüñ üstünde ýöräp barýan darbaza döndük. Aýalam mürähede mähetdel göziýyrtygyñ biri eken. - Men şujagaz ýerde oturaýyn-la gowsy, hiç kimiñ göwni galmasyn... - diýen bolup, diwana däl-de, stoluñ ýanyndaky oturgyja çökdi. Ol oturanda aýagynyñ birini galdyryp, beýleki aýagynyñ üstüne atdy welin, gyjyrt edip açylyp, galgap giden eteginden ýüzümize bimar ediji ys urdy. Dördimiz dört ýerden otagyñ ähli howasyny bir demde sorup, kükregimizi dolduraýjak bolduk. Ýogsa-da, bu aýal kimkä? nirde otlap-suwlap ýören janawar, Niräñ adamy, kimiñ adamy? Bizden näme isläp geldi? Bu barada hiç birimiz hiç zat bilemzokdyk. Ýazuwhananyñ eýesi bolan tanşym oña: - Näme hyzmat bolsa, aýdyp oturyñ, hormatly hanym? - diýip ýüzlendi. - Çaýmy, gazly suwmy, limonadmy, kofemi? Näme içjek? Oturanlardan biri derrew çilim gutusyny uzatdy: - Alyp oturyñ, gadyrdan... Iki otluçop, bir çakmak bir wagtyñ özünde uzadyldy. Ýazuwhananyñ eýesi oturanlaryñ birine: - Işim bar diýen ýalydyñ-la, Sabry... - diýdi. Sabry bolsa: - Ýo-ýok... O diýenem möhüm iş däldi-le işim... Gitmesemem bor - diýip, sagadyna seretdi. Tanşym bu gezek maña seredip: - Wiý, ýogsa-da, Hasan jan, duşuşyga gijä galaýma - diýdi. Men oña: - Ertir gitsemem bor-la - diýdim. Aýal çilimden sorup tüsseden dolduran owurdyny tanşymyñ ýüzüne üfläp boşadýardy, tanşym bolsap ol üfledik saýy "Ohhh" edip: - Baş üstüne, näme hyzmat bolsa aýdybermeli? - diýip, ýarymsaklyk edýärdi. - Estapyrylla... Býuroñyzda işlemäge aýal işgär gözleýän ekeniñiz. Tanşymyñ aýal işgär gözleme pikiri ýokdy. Ol dem salymlyk añka-tañkalykdan soñ: - Hä, hä... hawa, dogry... Gözleýäs... Has dogrusy, gözleýän - diýdi. Beýleki oturanam: - Menem gözleýän - diýip, orta sokuldy. - Edil siziñ ýaly aýal bolsa jüpüne düşjek-dä! Men dessine oña wizit kartoçkamy uzatdym: - Biziñ ýazuwhanamyza-da aýlanyp gidiñ, hormatly hanym, aýal işgäre mätäçlik çekýän. Aýaly elinden gaçyryp barýan ýaly, ýazuwhananyñ eýesi: - Ylaýyk wagtynda geldiñiz-da, hanym - diýip sugşurdy. - Bir kömekçi alaýsam diýip durdym. Aýal bolsa monça bolup mys-mys gülýärdi. - Öñ bir ýerde işläpmidiñiz? Aýal: - Hawa - diýip jogap berdi. Zähmet depderçämem bolmaly. Ol ilki sumkasyny dören boldy. Zähmet depderçäni sumkasyndan tapmansoñ, elini etegine urdy. Soñ göwüsleriniñ arasyna elini sokdy. - Zähmet depderçäm şu ýerde bolmalydy welin, almak ýatdan çykypdyr. Tanşymyñ iki gözi aýalyñ ýalañaç göwsündedi. - Ýak-heý, sizem-ä, zähmet depderçäniñ geregi ýok ahyryn... Hemme zat anyk. Ukybyñyz ýüz-gözüñizden bildirip dur. Bilimiñiz nähili? - Bilimimmi? Diplomym ýanymda... Aýal ýene sumkasyny dörüp başlady. Soñ ýene-de elini göwsüniñ arasyna sokdy. Ol ýerdenem tapmansoñ, etegini çekdi-de, jorabynyñ içine seretdi. - Allah-allah... Diplomymy şu ýerlere bir ýere atan ýalakdym... - Azar edinmäñ, hanym, hiç azar edinmäñ o zatlary. Men ony ýöne dile geldi - bile geldi diýlenini edip, ýöne soraýdym. Görnüşinden, ýokary bilimlä meñzeýäñiz... Oturanlaryñ biri öñe sokjardy: - Hormatly hanym, hernäçe kiçigöwünlilik görkezseñizem, biz adamyñ ýüzüne seredende, onuñ nätüýslidigini añşyrýas. Tüweleme göz degmesin, siziñ ýokary bilimlidigiñiz bolşuñyzdan belli. - Ýok-la, ýokary bilimim ýok. Okap ýörkäm taşladym. - Zyýany ýok, barybir ýokary bilimli hasap. Bilim diýlen zat diplom bilen ölçenmeýär. Bagyşlañ welin, biz ençeme diplomly eşekleri tanaýas. Adam diýeniñ siz ýaly öz-özüni ýetişdirmeli. Asyl maksat hem şo-da, hormatly hanym. - Näçe tölejek? Ýazuwhananyñ eýesi näçe tölände ony hoşal edip bilerinkä diýip pikirlenip bolýança, oturanlaryñ biri: - Men üç ýüz tölejek - diýdi. Men tasdan "Çüşş!" diýip gygyrýardym. Hernä özümi saklap: - Az bolýa - diýdim. - Az, beter az. Men hormatly hanyma eger meniñ teklibimi kabul etse, aýda dört ýüzem tölärin. Aslynda men bu ýazuwhana tanşymdan ýüz lira karz almak üçin gelipdim. Üçünji oturan hezil edip güldi: - Ynsabyñyz barmy siziñ, ynsabyñyz... Ilki töweregiñe seret, soñ baha kes. - Janym, eger bu dört ýüz diýýän bolsa, mende her ýyl daşyndan dört aýlyk möçberinde goşmaça sylagy hem bar. Niçik görýäñ? Şeýle-de her alty aýdan bir aý dynç alyş rugsady-da bar. Niçik görýäñ, hormatly hanym? Aýal ýerinden bir gozgandy welin, öñem bir gapdaly dilik etegi uýlugyna çenli açyldy. Men öwwelip galşyma: - Menden bäş ýüz!.. diýip gygyrdym. Düýn bäş ýüz lira karz soramda "Walla kessin, ýeke köpük pulum ýok!" diýip, ant içip awy ýalan tanşym gapjygyny çykaryp, içindäki bar puly aýala uzatdy: - Haýyş edýän, häzirlikçe şulary awans hökmünde kabul ediñ. Soñuny soñ ýetiribereris. Aýal ussatlyk bilen ýene bir gezek oturan ýerinden gozganjyrady. Ol her gozgananda ýubkasynyñ etegi biraz açylyp, demimizi kesýärdi. Aýal: - Näme işlemelidigimi bilmän awans alyp bilmerin - diýdi. Bar mesele şondan soñ ýüze çykdy. Ýazuwhananyñ eýesi oña sowal berdi: - Daktiloskoplygy oñararmyñ? - Bilmedim-dä... - Zyýany ýok. Bilmeseñizem bolýar, hanym... Ýeri, kätipligi oñararmyñ? Edil şo wagtam maña nätanyş biri gapydan girdi. Ol aýaly gören badyna: - Men muny öñ bir ýerde görenime meñzedýän. Ýalñyşmasam, men muny tanaýan bolmaly - diýip gygyrdy. Aýal: - Tanaýañyz - diýdi. - Hemmäñiz tanaýañyz... Men aýala içgin-içgin seretdim. Hakykatdanam ol öñ gören ýüzüme meñzäp dur. Men: - Meniñem-ä gözüme tanyş görünýär - diýip hümürdedim. Aýal hahahaýlap güldi. Emma indi onuñ sesi ýognalyp başlady. - Eýse siz meni tanamadyñyzmy? Ol ilki gursagyna dakan ýasama göwsi çykaryp, stoluñ üstünde goýdy. Soñra kellesindäki parigi çykardy. Daş edewersin! Bu Jemil bolsa näme?! Jemil ýüz-gözüne çalan kosmetiki reñklerini süpürişdirip durşuna: - Bigaýratlar! - diýip gygyrdy. - Şu ýazuwhananyñ işiginden ilki gelenimde maña on lira karz berip bilmediñiz, günüñize ýanaýyn siziñ... - Diýseñ degişgen adam ekeniñ-aý... - Nämäñ degişgenligi? Birnäçe aýlap iş tapman entäp ýörün. Nirä barsam "Siz bize salgyñyzy goýup gidiñ, biz soñ gerek bolsañyz habarlaşaýarys" diýen bolýarlar. Gojaman Stambulda salgymy berip gaýtmadyk ýerim ýokdur. Gazetlerdäki bildirişlere seredip görýän: «Bir aýal işgär gerek, bir aýal işgär gerek…» Hiç kime erkek işgär gerek däl. Ýanky oturanlaryñ biri ýazuwhananyñ eýesine: - Meniñ gyssagly işim bar, rugsat berseñ turaýyn - diýdi. - Otursana dost, nirä barýañ. Gider ýörersiñ-dä, gyssanmasana. Jemil sözüni dowam etdirdi: - Soñ görüp otursam, işler hiç oñuna gidiberenok. Şoñ üçin "gel, şu aýal sypatyna giribem göreýin-le" diýdim. - Ýeri onsoñ iş tapdyñmy? - Iş gözleýän barmy? Nire göwnüme ýarasa, şol gapyny kakýan. Häzire çenli "bize işgär gerek däl" diýen bir adamam çykmady. Men ýerimden galdym we oturanlara: - Biri bilen görüşmelidim. Sag-aman oturyñ onda - diýdim-de, gapa ýöneldim. Çykyp barýarkam, Jemiliñ: - Indi añsat ýoluny tapdym, ýöne päki köp gidýär - diýenini eşitdim. - Her gün iki gezek endamynyñ gylyny boýdan-başa syrýan. Günde on-on bäş päki dagy gidýär. Serediñ, häzir men şu ýerde ýarym sagat oturdym. Aýagymyñ gyllary ösüp gitdi. - Ol sumkasyndan päki çykardy. - Rugsat berseñiz, duran ýerimde ýene bir syrynyp alaýyn-la. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |