AÝDYMLAR WE AÝDYM SANAWAÇLARY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Medeni miras – maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi – gündizlige, çöli –lälezarlyga, duşmançylygy – dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdir” (“Türkmen medeniýeti”. A., 2015, s. ).
* * *
Hormatly Prezidentimiziň şeýle baha beren medeni mirasynyň esasy şahalaryndan biri hem türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýan halk döredijiligidir. Maddy gymmatlyklary hem, ruhy gymmatlyklary hem halk köpçüligi döredýär. Şonuň üçin-de, bularyň ählisine bilelikde halk döredijiligi diýilýär. Türkmeniň her bir öýünden diýen ýaly ýa bagşy, ýa sazanda, ýa-da şahyr, ýa halyçy, ýa zergär, milli egin-başlary, telpeklerdir dürli başgaplary tikýän tikinçiler çykýandyr. Bularyň döreden gymmatlyklary medeni mirasdyr. Halk köpçüliginiň döreden ruhy mirasyna bolsa folklor eserleri diýilýär. Folklor eserleri hem medeni mirasyň esasy pudagydyr.
Folklor žanrlara iňňän baý, ol žanrlardaky eserler ilkibaşda kimdir bir dilewar, şahandaz adamlar tarapyndan döredilip, soňra kämilleşme basgançaklaryny geçip, kämil folklor eserlerine öwrülipdir. Folklor žanrlarynyň biri-de aýdymlardyr. Belli bir awtorlar tarapyndan dörän aýdymlardan başga-da, ilkibaşda biri sözlerini, sazyny döredip, soň wagt geçmegi bilen agyzdan-agza, dilden-dile geçip, bagşylaryň dilinde timarlanyp, halypadan şägirt öwrenip, aýdylyp gelen belli bir awtory bolmadyk aýdymlarhem bar.
Bagşylaryň uzak asyrlaryň dowamynda aýdyp gelen aýdymlary iki topara bölünýär:
1. Tirme aýdymlary.
2. Dessan aýtmak.
Bagşylaryň dilinde aýry-aýry şahyrlaryň sözlerine, ýa-da öz sözlerine aýdylýan ýa-dadessanlaryň içinden saýlanylyp, kyssasyz aýdylýan aýdymlara tirme aýdymlary diýilýär. Berkararlyk döwrüniň bagtyýarlyk zamanasyna gelip ýeten aýdymlaryň köpüsi tirme aýdymlary, tirme aýdymlaryny aýdýan bagşylar kän, dessan aýtmaklyk hem ýörgünli, ýöne edil tirme aýdymlary ýaly giňden ýaýramadyk.Türkmenistan diýarymyzyň hemme welaýatlarynda dessan aýtmaklyk ýörgünli däl. Dessançylyk ýoly, ýagny dessanlary boýdan-başa aýtmak, kyssasy bilen aýdymlaryny gezekleşdirip, edil epos-dessanlarda bolşy ýaly, janlandyryp, keşbe girip aýtmak Daşoguz welaýatynda has ýörgünli, Mary, Lebap welaýatlarynyň käbir ýerlerinde hem dessançy bagşylar bolup, halka hezil beripdirler. Mysal üçin, Mary welaýatyndan Gurt Ýakubyň belli dessançy bagşydygy külli türkmene mälimdir.Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan bagşy Öwlüýäguly Goç oglunyň “Görogly” eposynyň sekiz şahasyny, şeýle hem, “Hüýrlukga-Hemra”, “Şasenem-Garyp” ýaly halky dessanlary, Andalybyň “Zeýnelarap”, Magrupynyň “Ýusup-Ahmet”, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber” dessanlaryny kyssasy bilen aýdyp, halka hezil berenligi barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda maglumatlar ýeterlik. Mysal üçin, TYAnyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky 944-nji bukjada alymlar Kakaly Berkeliýew bilen Amanberdi Nurýagdyýewiň ylmy saparda bolanlarynda toplan maglumatlary saklanylýar.Olar şonda Öwlüýäguly Goç oglunyň özlerine “Görogly” eposynyň “Huraman” şahasyny aýdyp berendigini belleýärler.Lebapda dessan aýdan ençeme bagşylaryň ady tutulýar.Halaçly Nazar bagşy “Göroglynyň” ähli şahalaryny diýen ýaly, şeýle hem, birnäçe dessanlary ýatdan aýdar ekeni.
Aýdym-sazyň nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr, şonuň üçin hem, terbiýe meselesinde bagşylaryň bitirýän hyzmaty iňňän uludyr. Hormatly Prezidentimiz “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda bagşy-sazandalaryň hyzmatyna uly baha berip şeýle belleýär: “Ýüzlerçe ajaýyp sazlary, goşgulary we dessanlary ýat tutup, nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiren halk bagşy-sazandalarynyň bitiren biçak uly hyzmatlarynyň belli bahasy ýokdur.” (“Ile döwlet geler bolsa...”, A., 2015, s. 21).
Türkmen halky şahyrana halk bolansoň, saza-söze sarpa goýup, bagşyly ili döwletli il hasaplap, bagşy-sazandalaryny hormatlapdyr. Tirmeçi hem dessançy bagşylardan başga-da, kämil bagşylyga ýetişmedik adamlar hem aýdymlar döredip, hiňlenip aýdyp berip, köpçülige lezzet bermegi başarypdyrlar. Beýle aýdymlaryň sözleriniň awtory ýok, olar halk döredijiligi – folklor eserleri hasaplanylýar, awtory, elbetde, bolandyr, emma ýitip gidipdir, kimiň döredenligi belli däl. Bular ýaly aýdymlaryň ýörite bagşy tarapyndan dutar bilen aýdylmagy hökman däl, bu hili aýdymlary ekin meýdanynda-da, mal bakylyp ýörkä-de, tikin-çatyn işlerini edip otyrkaň hem aýtmak mümkin. Beýle aýdymlar hem adamynyň ruhuny göterýär, kalbyny rahatlandyrýar, dynç berýär. Bular ýaly folklor aýdymlarynyň nusgalary TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasyndaky bukjalarda gabat gelýär, köpüsi folklor toparlary tarapyndan ýörite aýdylyp, diňleýjilere lezzet bermegini dowam etdirip gelýär. Beýle aýdymlardan “Nergiz’, “Alty gyz egledi meni”, “Ogulgözel”, “Oguljan”, “Ýelpeselendi”, “Bibijan”, “Özüm alaram” , “Näzli gözel” we başgalar. Bular ýörite zähmet çekilip ýörlen wagty, ýa dynç alynýan wagtlarda hiňlenilip aýdylýan aýdymlardyr. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan Daşoguz welaýatynyň Akdepe (öňki Lenin raýony)etrabynyň Körgeçemen obasyndan ýygnalan gymmatly folklor nusgalarynyň arasynda şeýle aýdymlardan birnäçesi bar. 945-nji bukjada saklanylýan “Näzli gözel” aýdymyndan mysala ýüzleneliň:
Işigmiziň agzy künji,
Boýnuňdadyr düzüm hünji,
Şu obanyň göz guwanjy,
Öýkeleme, näzli gözel!
Gapymyň ilersi jöwen,
Akmak bolar özün öwen,
Abraý tapmaz saňa degen,
Öýkeleme, näzli gözel!
Uzak wagtlyk timarlanma ýoluny geçen bu hili aýdymlar iňňän çeper, täsirli, olary diňlemek ýakymly.
Bagşylaryň köpüsi tirme aýdymlaryny aýdanlaryndan soň ýörite sanawaç setirlerini sanaýarlar. Olary folklorçylykda aýdym sanawaçlary diýip atlandyrmak mümkin. Her bagşynyň özüniň gowy görüp sanaýan sanawaçlary bar. Söýgüli bagşymyz, halkyň ýüregine ajaýyp aýdymlary bilen ýol salmagy başaran Magtymguly Garlyýewiň hem-de onuň şägitleriniň has köp sanaýan sanawaç setirlerinden mysallara ýüzleneliň: “Haraý haraýa begler, kerwensaraýa begler, ýar ýolunda iki gözüm, galdy garaýa begler” ýa-da “Agalar men gurdy gördüm, ýar ýerinden turdy gördüm, men aglaman, kim aglasyn, ýarym göçen ýurdy gördüm” we başgalar. Elbetde, bular ýaly sanawaç setirleri söýgi, söwer ýar meselesine bagyşlanan aýdymlaryň soňunda sanalýar. Bu setirleri okap, ýene-de hormatly Prezidentimiziň aýdym-saz sungaty barada aýdan sözleri seriňe dolýar: “Türkmenler üçin saz bilen sungat hemme wagtlaram kyn gününde teselli beriji, jadylaýjy täsir ediji güýç, daýanç bolup hyzmat edipdir” (“Ile döwlet geler bolsa...”, A. 2015, s. 21).
Diýmek, sanawaç setirleri aýdymyň diňleýjilere täsirini has güýçlendirýär, bagşynyň öz göwnüne hem teselli beriji, kalbyny rahatlandyryjy täsir edýär, şonuň üçin hem, bagşylar aýdymlaryň yzyna täsin sanawaç setirlerini goşupdyrlar. Köp bagşylar bu setirleri özleri döredipdirler, ençeme bagşylaryň bolsa ýörite goşgularyny aýdyma öwrüp aýdýan şahyrlary bolupdyr. Mysal üçin, Hally bagşy bilen Mätäji şahyr, Durdy bagşy hem Dosmämmet şahyr bile tirkeşipdirler, bagşylar, köplenç şahyr dostlarynyň sözlerine aýdym aýdypdyrlar. Bagşy Agamyrat Ýagmyrowyň aýdymlaryň yzyndan sanaýan sanawaçlary hem özboluşly. Şol sanawaçlardan birini mysal alalyň: “Men nädeýin gendeýem, bir täleýsiz bendeýem, uwasyz baýguş kimin, her gün bir watandaýam”, görüp otursak, bagşynyň bu sanaýan sanawajy yrakly türkmenleriň folklor baýlygynyň içinde gabat gelýär ekeni. Bu setirler Watandan aýra düşenleriň ýüreginiň zaryn owazy, bagşy gynançly aýdymlaryň yzyndan şol setirleri saza salyp, aýdym sanawaçlary hökmünde sanaýar.
Beýle setirleriň gözleginde bolup, ýörite ylmy işler alnyp barylsa, sanawaç setirleriniň sanyny artdyrmak mümkin. “Baglarda gyzyl alma, ýar lebi gyzyl alma, ajala kän ýalbardym, janym al, ýarym alma!”, “Derdime derman gelin, boýnuňy burma gelin, kän agladym yzyňda, gül ýüzüň görmän gelin!”, ‘Aý dogar kişman-kişman, Gün dogar oňa duşman,öz ýaryna duşmadyk,aşyklar eder puşman”, “Aşyk çeker nalany, egne geýer alany, ýada salar läläni, gamzaň garakçysy salsa talaňy,Hudaýymyň halany, kirpigiň ok, gaşyň ýaýdyr sürmeli”. Bular ýaly setirler, elbetde, söwer ýaryna gowuşmadyk, ýangynly ýürekleriň ahy-nalasyny köşeşdirýär, teselli berýär. Diňleýjiler sanawaçly aýdymlary has hem täsirlenip,durşy bilen “gulaga öwrülip” diňleýärler. Halypalardan öwrenen şägirtler hem bu hili däbe öwrülen setirleri aýdymyň yzyndan sanap, geljekki nesillere hem ýetirmelidirler. Türkmen halky “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýýändir. Hormatly Ýurtbaştutanymyzyň baş maklsady hem şägirtleriň halypalardan ozduryp, aýdym-saz sungatyny has belenliklere galdyrmagydyr.
Sözümizi hormatly Prezidentimiziň aýdym-saz sungatynyň belent güýjüne baha berip aýdan sözleri bilen tamamlamakçy. “Aýdym-saz hemme döwürde-de özboluşly bir täsin hadysa bolup geldi. Ol adamyň doglan pursadyndan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli daşyny gurşap alýan ajaýyp sungatdyr. Heniz enesiniň göwresindekä, çaga onuň ýürek urgusyny, sesini diňleýär. Aýdym-saz adamyň bütin ömründe onuň ýakyn ýarany bolup, ol jadyly sungatda iň beýik, iň inçe ruhy duýgularynyň beýanyny tapýar. Aladaly gününde aýdym-saz oňa teselli berýär, şatlygyna şatlyk goşup, geljekki işlerine ruhlandyryjy güýç bolup hyzmat edýär. Aýdym-saz adamyň inçe duýgularyna täsir edip, ol adam saglygyna we hal-ýagdaýyna öz täsirini ýetirýär. Jemgyýetiň ruhy taýdan kämilleşmeginde aýdym-sazyň tutýan orny biçak uludyr. Ol adam kalbynda täsin gözellik duýgularyny oýarýan jadyly güýçdir.” (“Ile döwlet geler bolsa...”, A. 2015, s. 7).
Gurbanjemal YLÝASOWA,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri.
Aýdym-saz sungaty