22:29 Bägüller solmaýar / hekaýa | |
BÄGÜLLER SOLMAÝAR
Hekaýalar
Dostum Akmyrat Ödäýewe bagyşlaýaryn Operasiýa hirurg lukmanyň çak edişindenem bir sagada golaý uzaga çekdi. Herniçik, ajal kejirlik edip durmady, yza tesdi. Ýöne, ganyň köp gitmeginden ýaňa halys eňki agan ýigidiň ýüzünden heniz dirilik alamatlaryny saýgaraýmak çetindi. Agyr näsaglaryň ýatýan ýerinde, aýratyn palatada ýerleşdirilen ýigit üçülenji gün günorta golaý özüne geldi. Gözüni çalaja açanda, ak halatly gelniň asma ukolyň dermanly çüýşejigini çalşyrjak bolup durşuna nazary kaklyşdy: «Be-e, meni keselhana getiräýipdirler öýdýän. Aýaklaryma beri hiç zat bolmadymyka?». Ol aýaklaryny gymyldatmakçy boldy. Başarmady, hiç bolmanda barmaklaryny berin hereketlendirip, janyny barlap görmek isledi. Göwnüne bolmasa, on barmagy-da gymyldan ýaly boldy. Ol muňa çaga ýaly begendi: «Hernä aýaklaryma-ha zat bolmandyr». Şol wagt onuň solan bägüle dönen ýüzünde, begenmekden ýaňa, ysgynsyzja ýylgyryş alamaty peýda boldy. Ol kepän dodaklaryny çalaja gymyldatdy-da, eşidiler-eşidilmez dillendi: — Doktor, aýtsaňyzlaň, meniň aýaklarym sagat gerek? Şepagat uýasy Gerek Berdiýewna öz seredýän näsagynyň huşuna gelenine hernäçe begense-de, bu sowal ony çykgynsyz ýagdaýda goýdy: «Ýeri, näme diýsemkäm? Birden hakykaty aýdaýsam, ýaňy gözüni açan näsag gaýra üzüläýmezmi? Aýtmasamam...». — Nämüçin dymýaňyz? Aýdyň ahyry, meniň... Gerek Berdiýewna biraz wagtlygam bolsa näsagyň ünsüni başga tarapa sowmak isledi: — Siziň adyňyz näme? — Meret. — Gaty gowy adyňyz bar eken, Meret. Siz Boris Polewoýyň «Hakyky adam hakynda powestini» okapmydyňyz? — Okapdym, gaty gyzykly kitap. — Birdenkä Merediň içine çöküşen gözleri gorkuly tegelendi. Ýerinden gozganjyrap, kellesini götermäge dyrjaşdy: — Ýa-da meniňem aýaklarym... Gerek Berdiýewna basym öte geçenini duýup, bu säwligini düzetmäge alňasady. Ol emaý bilen Merediň egninden aşak basyp: — Hemme zat gowy. Ýöne, size häzir ýeriňizden gozganmagam, köp gürlemegem bolanok. Siz täzeden dünýä geldiňiz. Şoňa şükür ediň — diýdi. Öňem ysgynsyz ýatan Meret soňra kän bir gürlejegem bolmady, gozganjagam. Gözlerini potologa dikdi-de, betbagtçylyga uçran güni bolup geçen zatlary hyýalynda janlandyrmaga çalyşdy. ...Günüň öýleden agyp iş wagtynyň paýawlap ugran uçurlarydy. Meret maňlaýyndan inýän ajy deri çep eliniň ýeňi bilen sylyp durşuna sag eli bilen iň soňky plitanyň halkajyklaryna äpet kranyň demir gaňyrçaklaryny ildirişdirdi. Şondan soň, özi bir gapdalraga çekilip, ep-esli belentlikde, kranyň kabinasynda oturan ýigide «Göter!» diýip yşarat etdi. Beton plita bir silkinen ýaly etdi-de, ýuwaşjadan ýokary galyp ugrady. Ol adam boýy belentlikden saýlanansoň, Meret suw içmek üçin, gurlup oturan jaýyň kölegesinde goýlan bedrä garşy ýöneldi. Ýaňy birki ädim ädipdi. Şol wagtam... Meret krowatda ýatan ýerinden uludan bir dem aldy. Şol wagt onuň gulagynda äpet güpürdi bilen özüniň çirkin gygyran sesi ýaňlanyp giden ýaly boldy. Ol hernäçe kellesine zor salsa-da, soňra nämeleriň bolup geçenini welin, hakydasyna getirip bilmedi. ...Keselhanada geçiren bir hepdesi onuň üçin juda agyr geçdi. Ýaňy ýigrimä gadam basan ýigidiň öňki bugdaýreňk, dolmuş ýüzünden, mydama wäşilik bilen oýnaklap duran owadan gözlerinden nam-nyşan galmandy. Göýä tebigatyň beren bu peşgeşleri operasiýa edilip aýrylan aýagy bilen müdimilik jaýlanan ýalydy. Onuň özi-hä muny hakykatdanam şeýledir öýdüp, ähli zady gutardy hasaplaýardy. Durmuşyň şatlyk-şagalaňy-da, toý-baýramçylygy-da, arzuw edip ýeten käri-de söýgüli gyzy Merjen-de... Ol birdenkä tisginip giden ýaly boldy. Göýä gapydan Merjen girip geläýjek ýaly, gözlerini işige tarap aýlady: «Ýogsa-da Merjen nämüçin gara berenokka? Ýa-da indi...». Onuň göz owasy biygtyýar ýaşa doldy. Çydajagam bolsa, horluk basyp ýatan ýigdekçe dyňzap gelen gözýaşyny saklap bilmedi. Ol şonda-da Merjeni günäkärlemek islemedi: «Aý, hawa-da, entek onuň bilen ant içip, awy ýalaşamyzok. Soň ol gelibem biler, gelmänem...». Meret özüni köşeşdirjek bolsa-da, Merjenden tama edýärdi. Ähli kärdeşleri, dost-ýarlary, hatda çalarak tanaýanlary-da gelip-gidip durka, iň bolmanda onuň tanyşlarynyň biri hökmünde gelerini isleýärdi. Klasdaş gyzlary topar tutup gelenlerinde dagy: «Ýeke gelmäge ejap edip, şu gyzlar bilen gelen bolaýmasyn» diýip, olaryň arasyndan assyrynlyk bilen Merjeni gözläpdi. Birdenkä koridoryň ugrunda aýak sesi eşidilen ýaly boldy. Meret: «Kimdir biri gelýän bolaýmasyn?» diýen pikir bilen gözleriniň ýaşyny süpürdi-de, gapdalynda duran gazete el ýetirdi. Onuň şol pursat az salymam bolsa ähli aladasyny unudasy, özüni birneme rahatlandyrasy geldi. Göwnüne bolmasa, gazet okap başlasa, ähli ünsi şoňa berläýjek ýalydy. Hemme zat isleýşiňçe bolup durmy diýsene! Az salymdan ýene-de onuň aňynda Merjen janlandy. Ol onuň bilen çagalykdan bile oýnap ulaldy. Biri-birine ysnyşdylar. Ýöne hernäçe gowy görüşselerem, Meret Merjeni gujaklap ýa önüp görmändi. Muny gyz suwjuklyk hasaplasa, ýigidem «Entek öpüşmäge-guçuşmaga wagt bolar-la» diýip, içini gepledýärdi... Gapynyň ýuwaşlyk bilen açylyp, şepagat uýasynyň girmegi Merediň pikirlerini gap bilinden böldi. — Heniz ýataýan-a dälsiň-de? — diýip, Gerek Berdiýewna oňa söz gatdy. Soňundanam degişmä salyp: — Bir owadan gyzam-a sorap gelipdir seni. Men-ä goýberjegimem, goýbermejegimem bilýän däldirin — diýdi. Merediň ýüzi ýagtylyp gitdi: «Merjendir, edil özüdir, görseň. Men bilýädim-le geljegini» diýip, içini gepletdi-de, sähel eglense, ol gidäýjek ýaly, howlukmaç gürledi: — Goýberiň, dogtor, goýberiň! Men heniz ýatamok ahyryn. Gerek Berdiýewna çykyp gidensoň, onuň ýüreginiň gürsüldisi has-da artan ýaly boldy. Saçlaryny barmaklary bilen daraşdyryp, başardygyndan özüne timar bermäge çalyşdy. Şol wagtam gapy açylyp, egni halatly Merjeniň göwresi göründi: — Meret!.. — Merjeniň birbada dili ttuldy. Dyňzap gelen gözýaşy, göýä üzülen monjuk ýaly alma ýaňaklaryndan togalanyp gaýtdy. Bu wagt Merediň hem ýagdaýy Merjeniňkiden öwerlikli däldi. Iň ýakyn hossaryny gören ýaly, ony birbada horluk basyp, gürlände dodaklary kemiş-kemiş etdi: — Salam, Merjen... — Meret özüni ele almaga çalyşdy: — Boljak iş boldy, indi gözýaşdan peýda ýok, Merjen. Ol şeý diýdi-de, kellesini diwara garşy öwrüp, biygtyýar gözlerinden akan ajy ýaşy assyrynlyk bilen süpürdi. Soňra: — Ykbalymda bardyr, ondan gaçyp gutulma ýok — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Merjen Merediň agzynyň gymyldaýandygyny aňsa-da, onuň sözlerini eşidenokdy. Ol şeýle ýagdaýda az salym sadylla bolup durdy-da, birneme özüni dürsedi. Ilkinji gezek gyzlyk ejabyny bir ýana taşlap, ylgap baryp Meredi gujaklady. Onuň kükregine kellesini goýup, birsalym sojap-sojap aglady: — M-men saňa köp g-garaşdym, M-meret. Ahyr şu gün iş ýeriňe b-baryp soradym s-seni. — Merjen özüne hernäçe basalyk berjek bolsa-da başaranokdy. Göýä aýazda galan adamyňky ýaly eňekleri gagşap, eginleri silkinip-silkinip gidýärdi. Meret has-da agyr günde galdy. Ol Merjeni çyny bilen söýenem bolsa, indi ondan bu duýgusyny gizlemäge çalyşdy. Şonuň üçinem: — Merjen, men seni doganym hasaplap ýalňyşmadygyma şu gün göz ýetirdim — diýdi. Merjen birbada näme diýjegini bilmedi. Ol özüni Merediň gowy görýändigini onuň her bir hereketinden duýup ýördi ahyryn. Ol bu günki gün Merediň bu sözlerini özüni betbagt etmejek bolup aýdýandygyna-da düşündi. Şonuň üçin-de, näzijek elleri bilen Merediň ýaňaklaryny sypalap durşuna: — Men bolsa seni öňem, häzirem doganym hasaplamandym. Sen maňa hemmesinden eziz, mähriban, Meret. Meniň bir hepdäni saňa garaşa-garaşa nähili geçirenimi bir bilsediň sen. Şonda men sensiz bagtyň ýokdugyna, ýaşaýşyň gyzyksyzdygyna, asyl ýaşap-da bilmejekdigime göz ýetirdim — diýdi. Meret uludan demini goýberdi: — Merjen, men seni bagtly edip bilmesem gerek. Men bir indi... Şol wagt Merjen «gürleme» diýen äheňde, elini emaý bilen onuň agzyna goýdy-da: — Maňa hemmesini häli lukman aýtdy. Munuň üçin göwnüm birjik-de bölünenok — diýdi. Soňundanam: — Sen göwrümiňi giň tut, ynha, basym gowulaşarsyň. Soňra mugallymçylyk ugrundan okuwa girersiň. Men hemişe seni goldaryn, Meret — diýip, göwünlik berdi. Olar kän gürleşip oturdylar. Haçanda Merjen hoşlaşyp gaýtmakçy bolanda, Merediň ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. Merjeniň gyzgyn lebi ýaňaklaryna degende, onuň öldi hasaplap ýören duýgularyna jan giren ýaly boldy. Begençden ýaňa gözleri ýaşardy: «Merjenim, sag bol! Sen meniň ýaşaýşa bolan ynamymy täzeden dikeltdiň. Men hökman ýokary okuw jaýyna-da girerin, hökman...». Meret ap-akja gapa gözlerini dikip ýatyşyna süýji arzuwlaryň kölünde gulaçlap ýüzmäge başlady... 1987 ý. Döwran AGALYÝEW. | |
|
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |