BAŞAGAÝLYK
Siz-ä bilemok welin, biziň-ä her säherimiz uly başagaýlyk bilen başlanýar. Bilmedim, çagamyzyň köpräkdigindenmi ýa-da keýwany ikimiziňem uka gezek gelende birneme ejizräkdigimizdenmi, aý, garaz, irden öýüň içini şagal giren towuk ketegine-hä dönderýäris. «Çagalaryň eşiklerini arkaýynlykda, agşam naharyndan soň taýyn edip goýaýmaly» diýýäňizmi? Wah, näsini aýdýaňyz, oňa ýetesi zat ýog-a. Ýöne, neme-le, göreniňiz şo keýwanym-da: «Agşamyna bir aýaklarymy uzyn salyp arkaýyn dynç alaýyn, ertir irräk turaýaryn» diýäýýär. Ertesi welin, ýene-de şo köne heňdir. Herniçik, soňy düz bolýa-la, şoňa-da şükür. Tüweleme, iň ulujamyz-a okuwyna ýetişýär, üç sany kiçijigimizem cagalar bagyna. Keýwany ikimiziňem heniz-ä işden gijä galyp, ýüzümiziň gyzaran gezegi ýok.
Özüm edaramyzyň ketdesiniň şopury bolamsoň, maşynymy öýmüziň golaýyndaky duralgada goýýan. Her günem ukudan turup, çaý-çörek taýyn bolýança, ylgaşlap gidip maşynymy getirýän. Gyssagara bir käse çaý owurtlabam, kiçilerimiz-ä cagalar bagyna, okuwçysyny mekdebine, keýwanynam edarasyna eltip gaýdýan. Wah, hemme zat düz bolanlygynda bu zatlaryň müşgilem ýok-la, suw ýaly daşary ýurt maşynynyň ýanynda. Bu gün welin...
Dogrusyny aýtsam, şu gün-ä ýyldyza ýörän ýaly bolaýdym asyl. Nädersiň, ýaňyja getirip girelgäniň öňünde keserdip goýan maşynymyň açary tapylaýsa?! Asyl, bir owurt çaý içýänçäm jyn urana dönäýdi. Çykaryp diwanyň üstüne oklan penjegimiň jübülerini dagy ogry girene dönderdim. Eger-eger, bilbiliň ketegi ýaly-da. «Gaçyran bolaýmaýyn» diýen pikir aňyma dolansoň-a yzça öwrüldim, üçünji gat bilen maşyn aralygyny halys torç edip. Sabyr käsesi pürepür dolandyr-da, hüňürdeý-hüňürdeý aýalymam maňa goşuldy. Çagalara-ha oýun gerek, hezil edýärler ellerine demriň bölegi ilse-de: «Kaka, açaryňy tapdyk» diýşip. Iň ulusy dagy biraz düşünäýmeli ýaly welin, ýo-ok, gaýtam janyňy ýakan bolýar: «Kaka, açar tapylmasa bu gün okuwa gitmesemem bolýamy?» diýip. Häh, meniň üçin okaýansyň-ow. Uly iliň çagalary maşynly gatnaýandyr-ow, diýmäýin diýsem...
Oglumyň içýakgyç sowalyna hernäçe myrryhym tutsa-da, bir zat diýsem keýwanymyň peltesine ot degräýmekden çekinip, gözlerimi alardyp bir seretdim-de, gözlegimi dowam etdim. Garaz, näçe gözlesegem, netije çykmady. Ahyr bolmajagyny bildi öýdýän, keýwanym görgüli çagalaryň körpejesini goltugyna aldy-da, beýlekilerinem südenekledip öňüne saldy. Onuň diňe: «Wah, şunuňam bir özüni oňaranyny görsedim» diýip hüňürdeýşini çala eşidip galdym.
Olaryň bolup baryşlaryny nebsagyryjylyk bilen birmeýdan synlap duranymdan soň, keýpsiz halda basgançakdan ýokaryk galyp ugradym. Içigargalmyş, başlygam-a garaşýandyr. Howlukmaç sagada seretdim. Başlygyň yzyndan barýan wagtyma on minut çemesi galypdyr. Nätsemkäm?! Näme-de bolsa, bolan wakany-ha aýtmaly bolar.
Hernäçe kynam bolsa, telefona elimi ýetirdim. Bagtyma, başlygyň keýpi kök eken. Ol meniň bolup ýörşüme hezil edip güldi-de: «Alaç ýok, işe pyýada gidäýmeli bolar. Ýöne açaryňy tapjak bol, maşynda meniň päpkäm galypdyr» diýdi. Birbada giňän dünýäm ýene gapyşdy. Içimden başlyga-da igendim: «Ýeri, papkaňy beri ýanyňa alaýaňda bolmaýamy?».
Ugur-utgamy ýitirip, birsalym saçlarymy penjeläp oturanymdan soň, akylly-başly maslahat sorap kimdir birine jaň edesim geldi. Mýunhauzen aýtmyşlaýyn, çykgynsyz ýagdaý-a bolmaly däl. Mümkin, bir çykalga tapylar.
Ilki ýadyma düşen orunbasarymyz boldy. Hasyr-husur telefonyň tigirjegini aýlamaga durdum. Hernä ýerinde eken. Oňa bolan wakany gysgaça gürrüň berdim. Orunbasarymyz bada-bat öz pikirini aýtdy:
— Başlygyň päpgesi içinde galan bolsa, aýnasyny döwmeli welin, gapyny açmaly.
Eýýäm kimdir biri eline ýarty kerpiç alyp maşyna garşy okdurylyp barýan ýaly, howlukmaç äpişgeden daşaryk boýnumy uzadanymy duýman galdym. Maşynyň ýanynda adam-jennadyň ýokdugyny görsemem, aýagym bişen ýaly oda-köze düşüp, zowzuldap ugradym:
— Jepbar Nazarowiç, bilýäňiz-ä meniň maşynym daşary ýurduňky. Soň onuň aýnasy bu jelegaýdan tapylmaz ahyryn...
— Eger şeýtmeseň, ertirki gün maşynyňam tapmarsyň — diýdi-de, ol köpmanyly gürläp, sözüni gutardym etdi.
«Be-e, ýeke-täk çykalga şümükä?!.». Uzak oýlandym, ahyr ýene-de bir dostuma jaň etmek kararyna geldim.
— Bäh, ol-a bolmandyr-ow — Dostum telefon trubkasyna dynç berýän ýaly, uzak wagtlap dymdy. Bolsa-da, bir çykalga tapaýdy öýdýän, sesi şadyýan eşidildi: — Heý, seniň bir tejribesi ýetik ogry tanşyň-a ýokdur-da?
Men aňk-taňk boldum.
— Oýnuňy goýsana şu wagt. Ýeri, bu ara ogry nireden sokuldy?
— Oýun seniň ýadyňa düşýär. Ogry tapyp bolaýsa, maşynyň gapysyny aňsatja açyp boljagyn-a bilýän.
Geň galmakdan ýaňa ör-gökden geldim:
— Nädip?
— Öňem biriniň maşynynyň açary içinde galanda, bir oglanyň ýönekeý simjagaz bilen gapyny açanyny gözüm bilen göremsoň aýdýan. Aýdyşlaryna görä, şol ýigit ýakasy gaýyşly ogry eken.
— Bä-ä...
— Bä-dä şol. Senem aýnaňy döwmän gapyňy açdyrjak bolsaň, ogry gözlemeli bolarsyň.
— Öz-ä bolaýjak eken welin, hany bu döwürde bir wagtkylar ýaly üýşüp ýatan ogry barmy? Onsoň ogryny nireden tapjak?
— Ony maslahat berip biljek däl. Menem, her ugurdan tanşym bolsa-da, ogrularyň ýekejesi bilenem aramy sazlamandyryn-da...
Dostumyň aýdanlary bilen ylalaşyp, trubkany goýsamam, oturyp ynjalygym bolmady. Her zat etmeli welin, ogry tapmaly. Ýöne, nireden? Kän pikir etdim.
«Süri agsaksyz bolmaz» diýleni. Birdir-ýarym ogurlyk bolýany gulagyňa degmän duranok öz-ä. Ýöne olaryňam öňde-soňda barýan ýeri polisiýanyň jaýy bolmaly. Ahyram bir uç göründi hasap edip, telefon depderçesini waraklap ugradym. O diýen kynçylyksyz gerek nomerimi tapyp, ýene-de telefonyň trubkasyny gulagyma ýetirdim:
— Allo, polisiýamy? Ä-hä, neme-le, ele salan ogrularyňyzyň birini ýeke sagatlyk berip bilmersiňizmi?!
Özüni nobatçy leýtenant diýip tanadan adam, şol bir resmiligini ýitirmän, pert-pert gürledi:
— Saklanan ogrulary bir mindem çykarmaga rugsat edilenok.
Hany bir ýumşaýmazmyka diýen umyt bilen özelenip başladym:
— Neme-le, agam... Hiç bolmanda ýarym sagatlyk. Gaýrat ediň, hakyny tölärin.
Gürrüňdeşimiň äheňinde birhili ýaňsy duýuldy:
— A-how, inim, sen nä bu ýerini prokatdyr öýdýämiň, muzduny töläp ogryňy alyp gidibiýr ýaly. Onsoňam, ogrular bilen juda araňy sazlasyň gelýän bolsa, özüňi şularyň ýanyna getiräýeris.
Birhili, üşütme tutýan ýaly, injiklerim saňňyldap ugrady:
— Beý diýmäweri, agam. Şolaryň arasyna düşmekden Hudaýyň özi saklasyn!
Mundan artyk sakyrdaşyp durmagy özüne uslyp bildimi ýa-da meni kellesi üýtgän bir bende hasap etdimi, garaz, trubka gahar bilen goýlup, «guk-guk...» ses eşidilip başlady.
Görüň-ä bolýan zatlary, uly il-ä ogrudan bizar, men welin şolaryň ýekejesiniň zary. Ynanmarsyňyz, edil häzir gapymdan biri gelip: «Men ogry» diýäýse dagy, begenjimden bagryma basardym. Wah, ýöne gerek wagty ogram gyt eken.
Hernäme-de bolsa, ýene bir sapar bagtymy synap görmek niýeti bilen, geýindim-de şähere çykdym. Çyksamam-a çykdym welin, öz bolşuma özümiň gülkim tutýar. Ýeri, bi adamyň köpünde ogryny nädip tanajak diýsene. Käşgä onuň maňlaýyna ýazylan bolsa, «Men ogry» diýip. Herniçik, ruhdan düşmezlige çalşyp, dükanlaryň, bazarlaryň, piwe içilýän meýdançalaryň gapdallaryna aýlanýan. Wah, ýekejesini, diňe ýekejesini tapyp bolaýsady... Piwä nobata duranlaryň ýakynyna baryp, gözümiň gytagy bilen syn edýän: «Heý, biri öňündäki duranyň jübüsine elini uzadaýmazmyka?». Eger, şeýle wakanyň şaýady bolaýsam, depäm gök direjek-dä. Diňe ogry tapyp bilsem bolany, onuň çolpusyna zat ilmäýende-de, özüm nadyl etmezdim. Ynsap edip soranyny bermäge kaýyl şu wagt.
Kän durdum. Görýän welin, mundan netije çykjak däl öýdýän. Gaýtam, käbiri jübülerine ellerini sokup, maňa ýiti-ýiti seredişip ugradylar. Özüm bir zada uçraýmankam, bu ýerden garamy saýlanymy kem görmedim.
Şäheriň çetindäki köçeleriň birinden keýpsiz halda mytdyldap barýan. Birdenem, çytyk gaşlarym ýazylyp gitdi. Suwaglary gaçyşyp ugran köne diwaryň düýbünde arkaýyn tirsekläp, gapdaly gädik bokaldan piwe süzüp ýatan adama nazarym kaklyşandan, ýüregim bir zat syzan ýaly, gürsüldäp başlady: «Ä-hä, maňa gerek adam bolmaly şü... Hernä, Hudaýyň özi ugruna edäýjek öýdýän». Bir demde kalbyma dolan pikirleri aňymda aýlap durşuma, ony başdan-aýak nazar elegimden geçirdim. Egin-eşigi sal-sal, garaört ýüzüni tüý basan bu betbagty synladygymça, özümiň mamladygyma birjik-de şübhelenmedim. Şeýle-de bolsa, oňa tarap birbada aýaklarym ädilibermedi. Içimden öz-özüme igenip ugradym: «Özüň-ä ogry gözleýäň. Tapaňsoňam kürtdürip dursuň. Hany, merträk bol». Ýöne mert bolaýmagam dilde aňsat eken. Birdenkä ýüzümi alyp, gopgun turuzyberse näderin! Barybir, ondan aýrylybam bilemok.
Şol wagt orunbasarymyzyň «...ertirki gün maşynyňam tapmarsyň» diýen sözleri güpbe ýadyma düşdi. Göýä, maşynym elimden gidip barýan ýaly, tisginip gitdim. Niredendir bir ýerden bedenime güýç gelen dek ekezlenip, köne diwara sary ugradym.
Ertirden ser-sepil, zordan tapan «ogrymyň» deňesine ýetip, mylakatlylyk bilen salam berdim. Zaňňar, salam almakdan-a geçen, göwnüm üçin gabaklaryny galdyryp, ýüzüme-de seretmedi. Şonda-da sypaýyçylygy elden bermän, dillendim:
— Agam, maňa siz gerekdiňiz!
«Ogrym» tirsekläp, şol bir aşak bakyp ýatyşyny üýtgetmän, turbadan çykýan ýaly zoňtar sesi bilen:
— Öň-ä bizi maşynly-zatly ideýädiňiz-le. Ýeri, indi pyýada gitmelimi? — diýdi.
Ony sypdyrmazlyk üçin howlukmaç gürledim:
— Ýok, ýok, agam, pyýada gitmeris. Häzir taksi saklaryn. — Ol meniň jogabyma geň galdy öýdýän, maslahat beriji äheňde:
— Işe täze geçipsiň öýdýän. Onda-da bilip goý, her tutan serhoşuňy taksili daşajak bolsaň, basym jübiň bilbiliň ketegine döner — diýdi.
Birbada gülkim tutsa-da, özüme basalyk berip, zordan saklandym:
— Men polisiýa däl, agam.
Ol agzyna ýetiren bokalyndan «hopurt» edip bir owurtlady-da, gan guýlan ýaly gözlerini alardyp, meni başdan-aýak synlady.
— Onda men saňa nämä gerek?
Birbada näme diýjegimi bilmedim:
—Aý, neme-le, agam... — Ahyram bolmajagyny bilip, gönülemeli boldum: — Maňa ogry gerekdi.
Hernä «ogrym» meniň çak edişimden gaty giňgöwün eken. Ol maňa jogap bermegiň ýerine, süýem barmagyny maňlaýynyň sag tarapyna ýetirip, birhilije hereket edip oňaýdy. Meniň ýüzüm laplap gyzdy. Neneň gyzmasyn, onuň bu hereketiniň «Görýän welin, kelläň işlänok öýdýän, ýigit» diýdigidigine aňryýany bilen düşünip durun-a. Şonda-da, böwet bir böwsülensoň, hüjümi gowşatmaly däl diýen karara geldim.
— Agam, meniň çypbakaý çynym. Ertirden bäri ogry gözläp, lütüm çykdy.
Ol sesine biraz bat berdi:
— Ýigit, azar berme-de, ogryňam, agaňam başga ýerden gözle.
Bolmajagyny bilemsoň, ähli zady oňa bolşy ýaly gürrüň berip, maşynymyň gapysyny açmaga kömek edäýse, zadymy gysganmajagymy duýdurdym.
Onuň ýüzünde çalaja bir ýylgyryş alamaty dörän ýaly boldy-da, basym öňki kaddyna geldi. Hernäme-de bolsa, bu gezek meni jogapsyz galdyrmady:
— Ýalňyşypsyň, ini-im, ýalňyşypsyň. Sen maşynyň gürrüňini edýäň, şu ömrümde men öz öýümiň gapysyndan başga gapy açyp gören adam däl. Aýalym bilen aýrylyşalym bäri-hä onam açyp göremok. Meniň bolşuma seretme, ogul. Eger, men ogry bolan bolsam, şylha çümüp oturmazdym beýdip. Men ogry däl, bagty ýatan, eşidýämiň, bagty ýatan serhoş... — Ol barha sesine bat berdi. Hälki rehimsiz görnen gözleriň owasy bolsa, dyňzap gelen gözýaşyny saklamaga kiçilik etdi: — Näme diýseň diý, ýöne ogry diýme maňa...
Oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. «Wah, ogryňam gursun, beýlekiňem. Ýöne ýerden bir bendäniň ýarasyny dyrmalap, duz guýdum öýdýän». Şuş-şu wagt ýer ýarylsa girmäge taýyndym. Ýöne, ýer-ä ýarylmady, menem girmedim. Diňe müýnli halda zordan mydyrdadym:
— Bagyşla, agam!..
Öýe gelemsoňam esli mahal özümi ele alyp bilmedim. Gulagymda şol bir sözler gaýtalandy durdy, gaýtalandy durdy: «Men ogry däl, men bir bagty ýatan... Näme diýseň diý, ýöne ogry diýme maňa...». Owf-f, bu dünýäniň oýny kän-ow...
Işiň soňunda başlygyma jaň edip, açary tapyp bilmändigimi aýtdym. Hernä, käýäp durman, geçirimlilik etdi: «Hany, agşam hemmeleşip ýene-de bir gözläň, bolmasa ertir bir alajyny tapmaly bolar» diýdi.
Agşamky gözlegdenem netije çykmady. Şonuň üçin, wagt birçene baryp, hemmeler ýorgana girseler-de, meniň gözlerime çiş kakylan ýalydy. Her minutdan äpişgeden seredýän. Heýem, maşyn daşarda durka ynjalyp ýatyp bormy diýsene! Birdenkä ertire çenli dört tigrine derek kerpiç goýup gidäýseler... Ýogsa-da, şeýle gürrüňler, seýregem bolsa, gulaga ilmän duranog-a. Pikir etdigimçe galpyldym artyp ugrady. Ahyram, ýorgan-düşegimi alyp, aşak düşdüm. Howa çigregem bolsa, gijäni goňşymyzyň tapçanynda geçirmegi ýüregime düwdüm.
Baý, hemişeler kelläňi ýassyga goýdugyň daň ataýýardy. Bu gezek welin... Kä ymyzganyp, kä irkiljiräp oturşyma hiç wagt geçirip bilemok. «Işleýän däl bolaýmasyn?!» diýip, goşarymdaky sagady gaýta-gaýta gulagyma tutup görýän. «Jyk-jyklab-a» duram welin, dilinden daş asylan ýaly-da...
Birdenkä basgançakdan aşak düşüp gelýän ýuwaşja tyrkyldy gulagyma ildi. «Megerem, biriniňkide myhmançylykda bolandyr-da, giçläýendir. Şondanam bir wagtyň näçe bolanyny sorap göreýin-le».
Onýança girelgäniň öňündäki çyranyň aşagynda ýigrimi-ýigrimi bäş ýaşlaryndaky geýnüwli ýigit peýda boldy. Oturan ýerim garaňky bolansoň, ol meni görüp biljek däldi. Şonuň üçinem tarsa ýerimden galdym-da, oňa tarap ýöneldim:
— Aý, ýigit...
Arkaýyn ýöräp gelýän ýigit garaşylmadyk sese ziňkildäp gitdi. Maňa nazary düşensoň-a, sözümi soňlaryma-da garaşman, elindäki haltajygynam taşlap, ýazzyny beräýdi. Onuň bolşuna çynym bilen gülkim tutdy: «Haý, züwwetdin diýsäni...».
Görýän welin, ol meni gijäniň içinde ýumruklaşara adam gözläp ýören netikazadyr diýip çaklaýdy öýdýän. Ýeri, şeýle bolanda onuň haltajygyny taşlap gaçmasy nämedenkä? Ýa-da yzymdan kowaýsa gaçmaga päsgel berer öýtdümikä? Göwnüme her hili pikirleri getirip, onuň taşlap giden haltajygynyň ýanyna bardym: «Kimiňkä gelenini ertir anyklap, gowşyryn-da» diýen niýet bilen haltajygy ýerinden galdyrdym. Gör-le muny, haltajygyň içi durşuna köwüş. Siňe syn etsem, öz köwüşlerimize meňzeýär. Birini çykaryp gördüm, edil özi — aýalymyň köwşi-dä. Haltajygy goltugyma gysdym-da, ýokaryk galyp ugradym. Görsem, gapymyz açyk dur. Haý, edeniň bar bol-a, asyl häli daş çykanymda gapyny gulplamagy unudaýan bolsam nätjek!
Hernäme-de bolsa, bähbitlisi boldy. Köwüşleri çykaryp durkam, biriniň içinden maşynymyň açary gaçaýdy. Begenjime diriň-diriň böküberipdirin...
Maşynymy duralgada goýup gelemsoň, gijäniň bir çene barandygyna garamazdan, keýpihon hiňlenjiräp ýorgana girdim. Bolup ýörşüme aýalym oýandy:
— Wiý, sen bärde ýatmakçymy? Maşyn...
Onuň sözüni agzyndan kakyp aldym:
— Maşyny eltip geldim, keýwany.
Ukusyny bozsaň ömür halamaýan aýalymyň ýüzünde ýylgyryş alamatlary peýda boldy:
— Ertir işe maşynly gidýäs-de, onda?
— Nesip bolsa.
Ol uludan bir demini aldy-da: «Hudaýa şükür, şeýdip özüňi oňaran ýeriňem bolsun-a» diýip, eýlesine agdarylyp, ýorgany başyna çekdi. Diňe şondan soň açary nähili tapanymy soramak ýadyna düşendir-de, ýorganyň aşagyndan eşidiler-eşidilmez mydyrdady:
— Ýogsa-da, hany bi, ogrusyz bolmaz diýýädiň-le?!
Bolan zatlary aňymda aýlap ýatyşyma, şadyýan dillendim:
— Diýşim ýaly, boljagam däl eken, keýwany...
1994 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar