22:43 Böwsülen böwet / hekaýa | |
BÖWSÜLEN BÖWET
Hekaýalar
Bazardan ýüküni tutup ýalpyldap duran täzeje “Jipiniň” ýanyna gelen garameňizräk gelşikli gelin birden: -Wiý, işim gaýdypdyr!-diýip, goýberdi. Şol wagt şu ýerden geçip barýan arassa işçi geýimdäki bir syratly ýigit ol gelni tanapmy, tanamanmy aýak çekdi-de: -Hä, näme boldy?-diýdi. Gelin göterip gelen zatlaryny ýere goýdy-da: -Maşynymyň bir tigri ýere ýapyşyp ýatyr-diýip, ýeli çykan tigre barmagyny çommaldyp görkezdi. -Näme ätiýaç tekeriňiz ýokmy? -Bar-la, ýöne men ony goýup bilemik-diýdi. -Onuň ýaly bolsa gysynmaň. Häzir bäş minutda goýup beräýerin-diýende, gelin oňa bir hili gyzyklanyp seretdi. -Öňem şunuň ýaly iş edip görüpmidiň? -Meniň edip görmedik işim ýok. Hany, bagajnigi açyň, dañkraty alaly. Gelin entegem oňa ynanmajak ýaly göwünsizräk ýagdaýda maşynyň ýükhanasyny açdy. Ýigit gerek zatlary alyp, derhal işe başlady. Onuň çalasyn hereketlerini synlap duran gelin öz ýanyndan "Tüýs maña gerek ýigit eken, teklip etsem gelmezmikä..." diýip goýdy. -Ýigit, sen öň sürüji bolup işläne meňzeýäň-le-diýdi. -Goşun gullugyndan gelemsoň bäş ýyllap, şular ýaly maşynyñ ikisini sürdüm. Edara başlyklarynyñkyny -Şeý diýsene, soň näme, sürüjilik şahadatnamaňy aldyrdyňmy? -Ýok sürüjilik şahadatnamam özümde. Sürüjilik edemok. Häzir başga işde. Ýigit aýdyşy ýaly bäş minutda bolmasa-da on minuda ýetirmän ýeli çykan tigiri aýryp, ýerine ätiýaçlyk tigri goýdy-da gelniň getiren zatlaryny maşynyň ýük hanasyna ýerleşdirdi. -Sag bol, ýigit, köp sag bol-diýip, gelin bir bäşlik uzatdy. Ýigit kinaýaly ýylgyrdy: -Men pul üçin etmedim. -Alaý, şonda-da bir topar iş edindiň, ahyryn. -Ol size, zenan maşgala jentelmenlik hyzmatym bolaýsyn. Onuň ýaly, bolsa, sag bol, jentelmen!-diýdi. Ýigit oňa gözüni alardyp seretdi. -Ýaňsa alyp aýdamok. Adyňy bilmänimden soň şeý diýäýdim. Gaty görme!-diýip, gelin oňa ýakymly ýylgyryş bilen seredip durşuna: -Adyňy-da bilesim gelip dur, aýtjak dälmi?-diýdi. -Bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn, adym Haýdar. -Meniň adym Dürhal. Ine, tanyşdyk hem - diýip, ýaňy kellesine gelen pikiri daşyna çykardy. -Näme diýsene, Haýdar, men söwda bilen meşgullanýan, Maňa özüň ýaly gaýratly, ukyply bir kömekçi hemem şu maşyna sürüji gerek. Eger razy bolsaň aýlyk hakyňy häzirki işiňden kem etmen. -Sag bol. Özümiň häzirki işimem gowy. -Oýlanyp gör. Geljek bolsaň öýümiň salgysyny bereýin-diýip, gapjygyndan salgysy ýazylan kakyzy gözläp başlady. -Gözläp oturma, men öýňüzi bilýän. -Wiý, sen ony nireden bilýäň? -Gapyňyzyň öňünde sagatlap garaşyp oturanymdan soň nädip bilmejek. -Be, be, diýýäniň näme! Meni görjek bolup garaşýamydyň? Maňa aşyk dagy dälmiň, özi? Haýdar kellesini ýaýkap güldi. -Başlygyň aýalyna garaşyp oturýadym. Ol sizden bir zatlar aljak bolup girip gidip, çykar ýerde çykmazdy. -Hä, şeý diýsene, Iki aýalyň başy birikse gepi tükenmän gidýä-dä. Men seni eýdip garaşdyrman. Geläý. Bile işleşeli-diýip, Dürhal çyny bilen ýüzlendi. -Öň näme, sürüjiň ýokmudy?-diýip Haýdar bilesigelijilik bilen sorady. -Bardy, Onuň bilen oňuşmadym. -Meniň bilenem oňuşmarsyň-da, menem öňküden gowy däldirin. -Seniň bilen oňuşjakdygymy ýüregim duýup dur-diýip Dürhal mylaýym hem näzli äheň bilen aýtdy. Haýdar bir salym dymdy. Birden ret edýän jogaby berip, Dürhalyň göwnüni ýykasy gelmedimi ýa-da onuň mylaýym, näsli äheňi täsir edip, özünde-de isleg döredimi: -Bir oýlanyp göreýin-diýdi. -Nämesini oýlanjak, Haýdar, ýa aýalyň bilen maslahatlaşjakmy? Onyň gabanjaňrak bolsa meniň bilen işlemegiňe razy bolmaz-ow. -Aýalym ýok. Entek öýlenip ýetişmedim. Bu gepden soň Dürhal oňa bir hili gyzyklanyp seretdi-de: -Onuň ýaly bolsa seni özüm öýlendirerin-diýip ýeserlik bilen gözüni gypyp goýberdi. Haýdar kinaýaly ýylgyrdy. -Ejemem şeý diýýä, ýöne ol gözüni gypman aýdýa-diýdi. Dürhal gyzardy. -Düşündim. Ejeň çyny bilen aýdýan eken. Ýöne näme üçin şu çaka çenli ejeň aýdanyny edeňok? -Men islämok. -Näme üçin?-diýip, soňundan degişdi.-Ýa ýaşyň ýetenokmy? -Işim bitenok. Hemme tarapymy sazlap onsoň öýlenjek. -Şeý diýsene, dogry edýäň. Haýdar. Aýdyşyň ýaly hemme tarapyňy tizräk sazlajak bolsaň meniň teklibimi kabul etmeli bolarsyň-diýip, Dürhal Haýdara näzli bakyş bilen gözlerini güldürip seretdi-de gapjygyndan salgy kagyzyny çykaryp uzatdy. -Bir pikire gelseň öýe baraý ýa-da jaň et. Uzaga çekme, birküç günüň içinde maňa bellisini bildir. Haýdar salgy kagyzyny döşüniň üstündäki jübüsine saldy-da geplemän bazara girip gitdi. Dürhal onuň näme üçin beýdenine düşünmedi. “Täsin ýigit ekeni, hatda “Hoş” diýmänem gidiberdi” diýip içini gepledip, maşynyna mündi. Ol ýol boýyda onuň pikirini etdi. “Gelermikä, gelmezmikä, gelmejek bolsa salgy kagyzymy almazdy. Alyp jübüsine sald-a”... Aradan aýdylan iküç gün geçdi. Haýdardan habar bolmady. Emma bir gün gaşylmadyk wagty - gijäniñ ýaryna golaý Haýdar jaň etdi: -Allo, Dubaý daýza, bu men Haýdar... -Bela saña! ýerçeken!-diýip, Dürhal trubkany patladyp goýdy. Dürhalyň gahardan ýüzine gan urup, dym gyzyl boldy. Haýdaryň "Dubaý" diýenindenem “daýza” diýenine erbet gahary geldi. Ol söwda işi bilen Dubaýa gatnaýany üçin adamlaryñ özüne Dürhal-dubaÿ diýip lakam dakandyklaryny hem bilýärdi. Ýöne muña gahary gelmezdi. Şol günüň ertesi Dürhal üçin ýene bir garaşylmadyk waka ýüze çykdy. Günortana golaý öýüň daşky gapysyndaky jaňyň düwmesi basyldy. -Eje, biri geldi öýdýän, gapyny açyň diýen Dürhalyň sesine aşhanada nahara seredip ýören ejesi:-Häzir jigiň açar-diýip seslendi. Gapyny açan Dürhalyň jigisi: -Ejeke, seni biri soraýa-diýip, gygyrdy. -Gelibersin kimem bolsa. Içeri giren Haýdar bu kaşaň jaýyň içiniň bezelişini görüp, bir bada dili tutulan ýaly boldy. Dürhal uly eýwanda gaýmak ýaly ak teletine gaplanan ýumşak diwanda otyrdy. Haýdar ilki oňa gözi düşende bir hili aljyrajak ýaly etdi. Emma derhal özüni ele alyp: -Salawmaleýkim-diýdi-de, giren ýerinde saklandy. Dürhal bir bada gözlerine ynanmady. Onuň garşysynda gür gara saçlary yhlas bilen daralan, gymmat bahaly gara penjekli görmegeý ýigit durdy. Eger-de ak gar ýaly köýneginiň ýakasy açyk bolman galstukly bolanda ony bir uly wezipeli adamdyr öýtmek mümkindi. Düýn gijeki telefon gürrüňi bolmadyk bolsa Dürhal ony uly hormat bilen mylakatly kabul ederdi. Emma düýnden bäri gahary ýazylmadyk zenan: -Hä, näme diýip geldiň?-diýdi. -Türkmençilikde öýüne gelen adama degnasyna degýän söz aýdylsa gelşiksiz bolýar. -Telefonda aýdylsa gelşikli bolýamy? -Ýok, olam gelşiksiz bolýar. Şonuň üçinem men ötünç sorap geldim. Bagyşlap bilseň bagyşla. Dürhal geplemän ýerinden turdy. Oňa boýdan başa kinaýaly garaýyş bilen seredip: -Hmm... Jentelmenmişin ýene-diýdi. Haýdar başda bu sözi geýnüwli geleni üçin kakdyryp aýtdymyka öýtdi. Soň özüniň ilki duşuşanlarynda aýdany ýadyna düşüp düşündi-de, müýnli adam hökmünde aşak bakyp duruberdi. Onuň bolup durşuny synlaýan Dürhal gaharynyň biraz gowşaýandygyny duýdy. Bolsa-da ýigidiň görmegeýliginiň özüne çekiji güýji onuň ýüregindäki buzy eredip başlapdy. Ol: -Aý, näme “egilen başy gylyç kesmez” diýipdirler. Eger ötünç soramak üçin ýörite gelen bolsaň bagyşlaman bolmaz. Ýöne hany aýt, näme diýip gijäniň bir wagty beýle samsyklap ýörsüň? Haýdar dogrusyny aýtmaly boldy: -Bir toýa barypdym. Ýoldaşlarymyň gyssagyna düşüp iküç käse içäýipdirin. Öýe gelibem şol serhoş kelle bilen degişjek bolup, saňa jaň edipdirin. Soň samsyklyk edenime düşünip, gaty utandym, ökündim. -Degişjek boldum diýsene. Degişmäni özüňe ýakyn, degişip öwrenişen adamyň bilen edýäler, han ogul. Ikimiziň bolsa entek hiç hili ýakynlygymyz ýog-a. Dürhal “entek” diýen sözüni aýratyn basym bilen aýtdy. Haýdar muny “geljekde ýakynlaşaýmagymyz mümkin”diýen manyda düşündi. Şol wagt aşhanadan Dürhalyň ejesi çykyp geldi. Dürhalyň özüne meňzeş dolmajyrak, elli ýaşyň töweregindäki garaýagyz bu aýala Haýdar edep bilen salam berdi. Ol salamy alyp, Dürhala “bu kim” diýen manyda seretdi. -Eje, bu Haýdar, özüme kömekçi edip alaýsam diýenim. Düýnki samsyklap jaň edeni üçin ötünç sorap gelipdir. Ejesi Haýdara boýdan başa synçy nazaryny aýlap: -Özüň-ä gül ýaly ýigit ekeniň. Näme beýle samsyklyk edip, meniň gyzymy agladyp ýörsüň-diýdi. Dürhal çym gyzyl boldy. Ol: -Näme diýip dursuň, eje! Her zada aglaberýän gyzyň ýok-how-diýip, aglanyny Haýdardan gizlejek boldy. Haýdar muny duýdy. Özüniň bir agyz bijaý sözi bilen aýal maşgala şeýle ezýet ýetirenine içinden gaty gynandy. -Dogrudanam, men samsyklyk edipdirin, daýza, sizem meni bagyşlaň-diýip, Haýdar Dürhalyň ejesine ýüzlendi.-Eger meniň şol aýdan sözüm Dürhala şeýle erbet täsir etjekdigini öňünden bilen bolsa, dilimiň kesilmegine-de razy bolardym. Haýdaryň soňky aýdany ýöne bir howaýy sözler bolsa-da, Dürhalyň göwnüne hoş ýakdy, ýüzi açyldy. Ol: -Ikinji gezek agzyňdan şunuň ýaly söz çyksa diliňi özüm keserin-diýip, näzlenip “haýbat” atdy. -Bolýa, men razy. -Onuň ýaly bolsa, geç stoluň başyna, nahar bişip dur. -Ýok, sag bol. Meni bagyşlanyňyzyň özi uly hezzet, men gaýdaýyn. Gyzynyň ony goýberesi gelmän duranyny syzan ejesi Haýdara garap: -Bişip duran nahary goýup gitmeýärler. Ýoluň bolmaz-diýdi. Soňundanam--Geç, otur!-diýip, buýruk äheňinde aýtdy-da aşhana gitdi. Haýdar nalaç oturmaly boldy. Dürhalam oturdy-da jigisine ümläp goýberdi. Ol düşbüje ekeni, bir salymda stoluň üstüni dürli ir-iýmişden, pisse-badamdan doldurdy. Haýdar bu edilýän hezzete özüni birhili oňaýsyz duýdy. -Bu zatlary nämä gerek. Men bir uly myhman däl-ä. -Myhmanyň ulusy-kiçisi bolmaýar, myhman ataňdan uly diýipdirler. Haýdar hem bir zatlar diýmekçidi, emma şol wagt bir tabak palawy göterip gyzyň ejesi girdi. Onuň sözi agzynda galdy. Dürhalyň ejesi diýseň dilewar aýal ekeni, ol naharyň başynda gyzykly gürrüňler tapyp, gülüşdirip oturdy. Naharyň omyny edilenden soň Dürhalyň jigisi owadan çäýneklerde çaý getirip goýdy. Çaýyň başynda Haýdaryň näme üçin şu mahala çenli oýlenmän ýöreni, onuň Dürhala “Hemme tarapymy sazlap, onsoň öýlenjek” diýip aýdany dogrusynda gürrüň gozgaldy. Şonda Dürhalyň ejesi Haýdara mähirli garaýyş bilen seredip: -Haýdar jan, Dürhal birlen halal-minal işleşseň wagty gelip, hemme tarapyň hem sazlanar. Döwletli-döwranly adam bolarsyň-diýdi. -Eje, sen beýdip Haýdary yrjak bolup oturmasana. Islese gelsin, islemese...-diýip, Dürhal soňyny aýtman sakyndy. Soňuny Haýdaryň özi aýtdy: -Islemese gümüni çeksin. Bu gepe hemmeler gülüşdiler. Gülüşmeden soň Haýdar çynlakaý äheň bilen: -Daýza-diýip, näme üçindir Dürhala däl-de ejesine ýüzlendi.-Men düýn Dürhala jaň edenimde, seniň teklibiňe razy diýmekçidim. Emma sözümiň başynda kelle gyzgynlykda degişmedir öýdüp, onuň degnasyna degýän söz aýdaýypdyryn. Muňa-da Dürhalyň girre gahary gelip, sözümiň soňuny aýtdyrmady. -Onda düýnki gürrüňleri ýatdan çykaryp, işe başlaberiň. Işiňiz oňuna bolsun-diýip ejesi gyzyna seretdi. Haýdaryň razylygyna içinden begenip oturan Dürhal: -Haçandan geljek?-diýdi. -Häzirden diýseňem, men taýyn. Haýdaryň jogabyna Dürhalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol: -Onda gitdik-diýdi-de, ýerinden turup, golaýdaky uly serwantyň çekmesinden “Jipiň” açaryny alyp, Haýdara uzatdy.-Maşyny otlaber, men häzir çykýan. Barmaly ýerler köp. Haýdar çykyp, maşyny otlap-otlamanka yzyndan çykan Dürhal yzky oturgyja geçende ýaňyja sepilen atyryň ýakymly ysy ýigidiň burnuna urdy. -Gitdik, sür!-bu gysga buýruk günüň dowamynda birnäçe gezek gaýtalandy. Giçlik Haýdar öýüne täzeje ulagy münüp geldi. Dürhal bilen şertleşişlerine görä, ulagy Haýdar öýünde saklap, irdenem Dürhallara barmalydy. Howluda duran “Jipi” gören Haýdaryň ejesi: -Ýene öñki işiñe bardyñmy, oglum?- diýip sorady. -Öňkim-ä däl, eje. Ýöne şoňa meňzeşiräk iş. -Dogry edupsiň. Höwri köp bolsun, oglum. Şunuň ýaly maşyny münüp ýöreniň özi nämä deňmeýär-diýip, ejesi oglunyň göwnüni götermekçi boldy. Haýdar ejesine garap kinaýaly ýylgyrdy-da, hiç zat diýmedi. Çünki, ol şunuň ýaly ulagy, onda-da kişiniň ulagyny münüp ýörenini hiç hili mertebe hasap edenokdy. Emma ýumşak ulagda işlemek Haýdara o diýen ruhy lezzet bagyşlamasa-da, jana rahatlyk bagyşlaýardy. Şonuň üçin bu iş oňa ýaramanam durmady. Şonuň üçin ol örän tertipli işgär hökümnde Dürhalyň aýdan ýerinde ýekeje minut hem gijikmä häzir bolýardy, oňa ähli işlerinde, şol sanda daşary ýurtlardan konteýnerde gelen harytlary Dürhalyň öz dükanlaryna we lomaý alýan beýleki dükançylara paýlamakda, olaryň hasabyny ýöretmekde ýakyndan kömekleşýärdi. Şeýlelikde günler, hepdeler geçiberdi. Haýdaryň iş hakyny almaly wagty hem geçip barýardy. Dürhal bolsa hak berjek adama meňzemeýärdi. Haýdar hem soramaga çekinýärdi. Ahyr bir gün Dürhaly gijara öýüne düşürjek mahaly Haýdar: -Başlyk, firmaňyzda işgärleriň iş haky wagtynda berilmeýärmi?-diýip, çekinibiräk sorady. Dürhal: -Wiý, huşum gursun. Aladanyň köplüginden bu hakda oýlanmandyrynam-diýip, öňünde duran gara gaýyş gapjygyndan bir desse ýüzlük çykardy-da, on sanysyny şahyrdadyp sanap Haýdara uzatdy-da, müň manat. Bolýamy şu? -Köpräk dälmi? -Alyber, seniň aýagyň düşdi öýdýän, bu aýda söwda gowy boldy. Ertir uly dükana baranymyzda alanlygyňa gol çekersiň. -Puly resmileşdirip berýäňmi? Döwlet edarasy däl-ä, nämä gerek? -Salgyt gullugyna hasabat berende gerek. Men dükançylaryma-da aýlyklaryny şeýle berýän-diýip, Dürhal Haýdara garap näz bilen ýylgyrdy-da, ulagdan düşdi. Haýdar öýüne gaýdyşyn gözleri ýolda bolsa-da hyýaly Dürhaldady. Onuň bolşuna düşünjek bolup kelle döwýärdi. “Iş hakymy wagtynda bermek hakykatdanam ýadyndan çykdymyka ýa-da meni soramaga mejbur etjek boldumyka? Onsoňam näzirgäp ýylgyrmasy näme diýsene” diýip içini gepledip gelýärdi. Şu arada ýakyn gatnaşykdaky ýaş ýigit bilen ýaş zenanyň göwünlerinde adamyň ygtyýaryna boýun egmeýän pynhan duýgularyň döremegi hem ähtimaldan daşda däldi. Emma aralaryndaky gatnaşyk şu çaka çenli başlyk bilen işgäriň gatnaşygyndaky resmilikden aňry geçenokdy. Şonuň üçinem Dürhalyň bu günki näzli ýylgyryşy Haýdary oýlandyrdy. Emma onuň Dürhal bilen aralaryndaky gatnaşygy çuňlaşdyrmak niýeti ýokdy. Sebäbi Dürhal hemmetaraplaýyn onuň deňi däldi. Onuň öň durmuşa çykyp aýrylyşanyny hem başlygynyň aýalyndan eşidipdi. Öýlenmedik ýigit bilen aýrylyşan gelniň goşulmagy ilde bir hili görülýäni üçin “Adamlar näme diýerler” diýen pikir şineläp ugran duýgularynyň öňüne böwet bolmagy mümkindi. Ertesi uly dükan diýilýänine baranlarynda Dürhal bir çetde duran uly stoluň çekmesinden zähmet hakynyň kakyzyny çykardy. Haýdar dört gyzyň atlarynyň yzyna tirkelen öz adynyň dogrusyna gol çekeninde ol ýerde düýnki alan 1000 manadyna derek 600 manat ýazylanyna gözi düşüp: -Başlyk, bu ýerde başga san ýazyypdyr. Sen düýn ýalňyşaňokmy?-diýdi. Dürhal: -Ýok, ýalňyşamok-diýip, ýylgyrdy. Gürrüň näme hakdadygyna düşünmese-de, bir çetde duran dükançy gyz owadan gözlerini Haýdara dikip: -Başlyk hiç haçan ýalňyşmaýa-diýdi. Haýdar hem oňa garap ýylgyrdy-da, bir salym ondan gözüni aýyrman durdy. Olaryň bolşuna Dürhalyň gaşy çytyldy. -Gitdik!-diýip, ol buýruk äheňinde aýtdy. Dükandan çykyp, köçede duran ulaga münenlerinden soň Dürhal: -O gyzdan gözüňi aýrybilmediň-le, göwnüňe ýaradymy? Kinaýaly äheňde aýdylan bu söze Haýdar biraz dymyp jogap berdi. -Bilemok, ýöne gözelligiň magnit meýdany bolýamyşyn, özüne çekse, çekendir-dä. Ol gyzyň owadanlygyna Haýdaryň şeýle uly üns bermegi Dürhala onçakly ýaramady. -Hm... köp zat bilýäň, sen jentelmen-diýip, kinaýaly gülümjiredi. Haýdar Dürhalyň sözleriniñ äheňinden onuň duýgular dünýäsinde nämeleriň bolup geçýändigini duýdy. Ýöne özüni bilmezlige salyp, hiç zat diýmedi. Dürhal bolsa onuň bir zatlar aýtmagyny isläp garaşdy. Ondan ses-semer çykmanyndan soň jany ýanyp ýene özi dillendi: -Haýdar, ünsli, sür, ýene kelläňi ýaňky magnit meýdany çekip duran bolmasyn. Haýdar kellesini ýaýkap güldi-de, ýene geplemedi. Şu wakaan soň Dürhal göwnündäki maksadyny Haýdara duýdurmagyň ýoluny gözläp başlady. Bir gün Dürhallarda günortan naharyny edinenlerinden soň Dürhal geýnip çykmak üçin özüniň otagyna girip gitdi. Giçki güýzüň salkyn howasy başlanypdy. Şonuň üçin ýeňilräk paltomy, plaşmy geýmeli bolýardy. Ol şifonerinden birki plaşdyr palto çykaryp krowadynyň üstüne taşlady-da, Haýdary çagyrdy. Haýdar elindäki çaýly käsäni saçakda goýup, bir hili tolgunyp ýerinden turdy. Tolgunmazça däldi. Aýal maşgalanyň ýatýan otagyna, onda-da näme üçin çagyrylanyňy bilmän girmeklik kimem bolsaň biraz hopukdyrjakdy. Ol çekinibiräk gapyny açyp seretdi. Şifoneriň aýnasynyň öňünde özüni synlap duran Dürhal: -Gel, gel, giriber-diýip, oňa garap ýylgyrdy. Ýylgyrsa-da içinden tolgunýany bildirip durdy. Ol krowadyň ýanyna bardy-da: -Haýdar, şularyň haýsysyny geýjegimi bilmän durun. Ine, şu gaýyş plaşy geýäýsem bolmazmyka?-diýip, ony eline aldy. -Bolar, başlyk. Häzir şu plaşlaryň möwsümi. -Dogry aýdýaň... Haýdar, näme diýsene, şu günden başlap maňa “Başlyk” diýmäňi goý. Adymy dogry aýdyber. Eger ikiçäk galanymyzda degişesiň gelse, hol gün telefon edeniňde aýdyşyň ýaly “Dubaýjan" diýseňem, gaharym gelmez. -Ýok, beý diýip bolmaz. Özüň ikinji gezek agzyňdan şunuň ýaly söz çyksa diliňi keserin +diýmänmidiň? -Meniň “Daýza” diýeniňe gaharym geldi. Niçik men saňa daýza bolýan, ikimiziň ýaşymyzam deňiräk dälmi näme? -Hawa.. -Hany onda, jentelmenligiňi edip, meniň plaşymy geýdirip goýber-diýip, Dürhal elindäkini Haýdara uzatdy-da, özi şifoneriň aýnasynyň öňüne baryp, ellerini yzyna tutdy. Aýnadan Dürhalyň ýanyp duran gözlerine gözi düşen Haýdar bu gözleriň näme isleýänine düşündi, emma ol plaşy emaý bilen geýdirdi-de iki ädim yza çekildi. Dürhal şu durşuna birsalym butnaman durdy. Onuň garaşany bolmady. Haýdar oňarmady. Ol üstündäki plaşy birden sypyryp, krowadyň üstüne zyňyp goýberdi-de, hiç zat diýmän äpişgäniň öňüne bardy. Arkasyny öwrüp duran Dürhalyň iki egniniň titreýänini gören Haýdar bir zat diýse gep ula gitjegini duýup, geplemän otagdan çykdy. Muňa Dürhalyň beter agysy tutdy. Dürhalyň öňem bir gezek şeýle agysy tutupdy. Emma onda onuň sebäbi häzirkisiniň tersinedi. Bir gün onuň öňki sürüjisi şu günki ýaly günortanlyk nahardan soň Dürhalyň paltosyny geçdirmekçi bolup, özi ilgeçden aldy. Göwnünde hiç bir şübhe ýok dürhal arkasyna öwrülip, ellerini yzyna uzatdy. Sürüji bolsa paltony geýdiräge-de ony arkasyndan garsa gujaklap gulagynyň düýbüne dodagyny basdy. Muňa girre gahary gelen Dürhal bir slkinip onuň gujagyndan boşady-da, dulugyna ýelmäp goýberdi. Batly şarpygyň zarbyna gözünden ot çykan “aşyk”: -Bagyşla, bagyşla...-diýdi-de, zut çykyp gaçdy. Ine şonda islenmedik adamyň eden, küýselmedik hereketi Dürhala horluk bolup duýlup, agysy tutupdy. İndi bolsa islendik adamyñ küýselÿän zatdan gaça durmagy oña gaty agyr degdi. Haýdar bolsa Dürhalyñ otagyndan çykyp, özüni eýwandaky diwana goýberdi. "Bu nähili boldy... Näme üçin onuñ islegini ret etdim? Menem oña biparh däl-ä, ahryn...Ýok, ýok! Adamlar näme diýer..." Haýdaryñ bu içhümletmelerini Dürhalyñ içerden çykmagy kesdi. Onuñ aglamakdan gyzaran gözlerine nazary kaklyşan Haýdar ýüzüni aşak saldy. Dürhal hemişekisi ýaly "Gitdik" diýdi. Daşary çykyp, maşyna münenlerinden soñ Dürhal: - Haýdar, bagyşla... Men elim ýetmejek belentlige el uzadypdyryn. Gatnaşyklarymyz öñküligine galsyn, işleşiberäli - diýdi. Haýdar: - Sen belentlige däl, aşaga egiljek boldyñ, Dürhal. Eýdip özüñi peseltjek bolma.- diýip, oña müýnli garady. -Göwünlik berjek bolýañmy... Aşakmy, ýokarykmy, indi tapawudy ýok-diýip, Dürhal uludan dem aldy. Şol gün Haýdar öýüne perişan halda geldi. Oglunyň ýagdaýyny duýan ejesi näme bolanyny hernäçe sorasa-da dogrusyny aýtmady. “Eje, hiç zat bolanok, ýöne ýadadym” diýip sypdy. “Indi nätmeli?” diýen sowal onuň kellesinden aýrylanokdy. Birmahal bu sowala jogap tapan ýaly, bolup, bir tagta kagyza şu aşakdaky sözleri ýazdy. “Dürhal, meni bagyşla. Men gidýän. Onda-da saňa ýagşylyk etmek üçin gidýän. Sebäbi sen entek ýaş. Özňe mynasyp adamy tapyp durmuş gurmaly. Eger meniň bilen beýdip tirkeşip ýörseň gep-söz köpeler, şeýle adam tapylmaz. Men seniň bagtyň öňüne böwet bolmaýyn. Hoş, aman bol”. Ertesi ol Dürhallara hemişekisinden irräk bardy. Ulagy gapynyň öňünde saklady. Haty gapdalyndaky oturgyçda goýup, aşak düşdi. Ulagyň açaryny hemişe gapyny açýan Dürhalyň jigisine bardi-de, yzyna ýelk ýasady. Emma, biraz ýöräninden soň ol ikirjiňlenip başlady. “Bä, bu eden işim nähili boldy, birhili gelşiksizräk bolmadymy? Men nämeden gaçyp barýan”-diýip, böwrüni diňläp durdy. Ol öýüne gelenden soňam şu pikirler kellesinden aýrylmady. Ol indi özüni islemedik zadyndan gutulan ýaly däl-de, möhüm bir zadyny ýitiren ýaly duýýärdy. " Näme üçin beýle? Ol Dürhaly söýmeýärmibi,näme? Aý ýok. Emma bütinleý biparh hem däldi." Onuň hyýalyny telefonyň jyňňyrdysy böldi. -Allo, diňleýän...-Trubkany gulagyna tutup duran Haýdaryň ýüzi üýtgäp gitdi. Jaň edýän Dürgaldy: -Haýdar, hatyňy okadym. Men günortan hemişeki wagtda öýe gelýän. Gel, işlän günleriň hakyny al, hasaplaşaly-diýen Dürhalyň sesi birhili sandyrap çykýardy. Haýdar näme diýjegini bilmän bir salym dymdy. Ol iş haky barada pikirem edenokdy. “Näme diýsin, hasaplaşmak gerek däl diýsinmi?” Ýok, aýdyp bilmedi. Hak üçin däl... -Näme dymýaň, Haýdar? Ýa geljek dälmi? -Barýan... Haýdar aýdylan wagtda bardy. Dürhal öýüleriniň öňünde maşynyndan düşmän otyrdy. Onuň içerde ejesiniň, jigisiniň ýanynda däl-de, maşynda ikiçäk gürleşmekçidigine Haýdar düşündi. Ol Dürhalyň yşaraty bilen maşyna münüp, onuň gapdalyndaky oturgyçda ýerleşdi. -Haýdar, hatyňdaky sözleri göni özüme aýtsaň bolmadymy? -Bolardy, ýöne çekindimmi, nämemi... Onsoňam... -Näme onsoňam? Maňa ýagşylyk etjek bolup gitjekmi? Hatyňda şeý diýip ýazypsyň-a. -Hawa, Dürhal, gitsem gowy... -Haýdar...-Dürhalyň bogazy dolup, gepläp bilmän dymdy. Birazdan özüni dürsap, dowam etdi.-Maňa ýagşylyk etmekçi bolup gitjek bolsaň, gitme, Haýdar... Maňa beýle ýagşylyk gerek däl. Onsoňam men seniň boýnuňa aslyşamok. Gatnaşyklarymyz öňküligine galsyn diýdim-ä... Men seni diňe görüp ýörsem bolýa...-Ol soňky sözlerini aýdanynda gözüne ýaş aýlanyp, ýüzüni kesä sowdy. Dürhalyň gözleriniň ýaşy, “seni diňe görüp ýörsem bolýa” diýen sözleri Haýdaryň ýüregini dilip goýberdi. Oňa hemmesi düşnükli boldy. “Diýmek, ol meni çyny bilen söýýä. Men bolsa onuň düýnki özüni alyp baryşyna ýalňyş düşünipdirin...” Ara düşen bir salymlyk dymyşlykda Haýdaryň kellesine gelen bu pikirler onuň erkini elinden alan ýaly boldy. Dürhal ony içeri nahara teklip edeninde-de, maşynyň açaryny eline bereninde-de “ýok” diýip bilmedi. Aradan bir aýa golaý wagt geçdi. Aralaryndaky gatnaşyk daşyndan öňküligine galan ýalydy. Içki dünýälerindäki ýagdaýy bolsa ikisi-de daşyna çykaranokdylar. Emma Dürhal indi tabşyryklary öňküsi ýaly buýruk äheňinde däl-de, haýyş äheňinde aýdýardy. Aýratyn-da käte-käte Haýdara delminip bakyşlary ýigidiň ýüregini barha eredip barýardy. Eger-de Dürhaldaky heser onuň kalbyna-da aralaşsa “adamlar näme diýerler” diýen böwediň böwsüläýmegi ähtimaldan daşda däldi. Wagty gelip, şeýle-de boldy. Şol gün hemişeki ýaly, Dürhallara günortanlyk nahara geldiler. Dürhalyň ejesi palaw taýýarlap goýup, kiçi gyzy bilen bir ýere giden ekeni. Ikiçäk galanlary üçinmi, Haýdarda birhili tolgunma peýda boldy. Palawy Dürhalyň özi salyp getirdi. Haýdar tolgunýanyny bildirmejek bolup wäşisiräp: -Palaw diýen bir aş bolar, Tabaga salsaň çaş bolar. Myhmanyň göwni hoş bolar. Janym palaw, janym palaw-diýip hiňlendi. Dürhal gülüp: -Bä, sen şahyram ekeniň-ä. Muny şu duran ýeriňde düzdüñmi?-diýdi. -Ýok-laý, bu öňden bar goşgy. Sen öň eşitmän ekeniň-ow. Palawyň başyna geçenlerinde kiçijik tagtanyň üstünde eti dograýan Haýdaryň pyçak tutan eliniň çalaja titreýänini gören Dürhal onuň içinde bir galagoplugyň bardygyny duýdy. “Be, bi nämäniň galawutyny edýäkä? Ýa-da ikiçäk galanymyz üçin meni ýene bir hokga çykarar öýdüp howatyrlanýarmyka?” diýip, içini gepleden Dürhal onuň howatyryny köşeşdirmek üçin bu günki edilen we edilmeli işler hakynda söz açdy. Nahardan soň Dürhal çaý demläp geldi. -Indi birki käse çaý içeli, Haýdar, onsoň işe gideris-diýip, käselere çaý guýdy. Bir käsäni Haýdaryň eline uzatdy-da, oňa birhili ýeserlik bilen seredip diýdi: -Haýdar, mydama iş, alada barada gürleşýäs, arasynda liriki yza çekilme diýen ýaly zat sorasam gaty görmezmiň? -Ýok, soraber. -Sen şu ömrüňde birini söýüpmidiň? Haýdar şeýle soraga garaşmanlygy üçinmi, bir hili geň galmak bilen Dürhala garady. Ondan nazaryny aýyrman bir salym dymyp durdy-da: -Mende nä ýürek ýokdur öýdýäňmi?-diýdi. -Bardygyny bilýän, ýüreksiz ýaşap bolýamy?-diýip, Dürhal güldi.-Bolýa, aýdasyň gelmese aýtma. Gitdik- diýdi-de, ýerinden turdy. Diwana taşlap goýan paltosyny eline aldy. Edil şu pursata garaşyp duran ýaly Haýdar çalt baryp onuň elinden paltony aldy-da: -Gel, özüm geýdireýin-diýdi. Onuň niýetinden bihabar Dürhal: -Oho! Jentelmenlik edýäň öýdýän-diýip, arkasyna öwrüldi-de, ellerini yzyna uzatdy... Dürhalyň gözlerinden syrygyp gaýdan iki damja ýaş döşüniň üstünde sepleşen Haýdaryň ellerine damdy. Reýimbaý SABYROW. | |
|
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |