ÇARLAKLAR ERKIN GUŞDUR
Tomus günleridi. Yhlas, Şageldi, Paýhas, Myrat dagylar Awazany alkymlap oturan cagalar dynç alyş öýüne gelenlerine eýýäm on gündenem köp wagt geçipdi. Olar bir gün günortan çagynda gözleriniň görýänine ynanmajak boldular. Bir çarlak guşy hakyt olaryň ýaşaýan myhmanhanasyna giripdir-de, indem daşaryk çykybilmän jaýyň içinde iki-baka urnup ýör eken. Oglanlar ony tutmak islediler.Ýöne ol tutdurmady. Çagalaryň gohuna ilki bilen myhmanhananyň daş-töweregindäki agaçlardyr güllerine esewan bolup ýören bagban Gulgeldi aga ylgaşlap geldi. Ol nämäniň-nämedigine göz ýetirensoň:„Balalarym, öýe guş uçup girse, bagtlylykdan nyşandyr. Şonuň üçin türkmen halky öz öýünde hö-würtge ýasanan guşa degmändir“ diýdi.
--Onda bizem degmeli dälmi?--diýip, Yhlas hemmeden öň sorag berdi.--Belki ol ýaşaýan öýümüzde höwürtge gurmak isländir.Muňa haýsy guş diýýärler?
--Gysga aýakly bu guşa çarlak diýýärler. Ol bu ýere azaşyp giräýendir. Penjireleri açyň, özem çykar gider. Aslynda-ha onuň bu ýere haýsydyr bir howpdan gaçyp giren bolmagam ahmal.
--Gulgeldi aga, men onuň sebäbini bilýän.
Oglanlar Paýhasa seretdiler. Paýhas:
--Gulgeldi aga, biz Myrat ikimiz her gün diýen ýaly penjiräniň daşky ýüzünde çöregiň owuntyklaryny goýýardyk. Onam guşlar gelip hezil edip garynjyklaryny doýrup gidýärdiler. Bu gün welin biz ol edähedimizi unudypdyrys. Belki bu guşam şolaň biridir, garnyny doýurmaga gelendir.
--Olam mümkin. Ýöne „Her bir jandara rysgal-bereket paýlanarmyşyn“ diýerdiler. „Çarlaklar suw guşy. Olar hemişe suwda gezýärler, özlerem suwuň ýüzündäki owunjak balyjyklardyr ösümlik otlaryndan iýmitlenýärler. Seniň o diýýän guşlaryň gumrudyr ýa serçedir. Şolar ýaly azyk bar ýerine gitmäge gögerçindir gargalar has höwesek bolýarlar.
Men siziň ýaşlaryňyzdaky bir oglanjygy tanaýan. Ana, şolam bir gezek bir çarlak guşuny ele salypdyr-da, öýlerine getiripdir. Ol çarlagy günde-günaşa iýmläp, ony eldekileşdirerin öýdüpdir. Men barmadyk bolsam, ol guşgaz bireýýäm öljek eken. Men oňa bu guşy eldekileşdirip bilmersiň, ol gün-günden horlanar, uçmakdan galar. Uçmakdan galan guşam uzak ýaşamaz. Çarlak hakynda-ha gürrüňem bolup bilmez. Ol deňiz guşudyr. Ol erkinligi halaýan guşdur. Ony öz ugruna goýber. Men saňa oňa derek kepderi getirip bereýin“ diýdim. Şeýle diýemsoň, näme-de bolsa, ol maňa gulak asdy. Çarlagy kapasadan çykaryp erkinlige goýberdi. Guşjagaz birbada uçup gidibermedi. Bize minnetdar bolan ýaly, pel-pelläp asmana uçansoňam daşymyzdan aýrylmady, iki-üç gezek aýlaw guransoň uçup gitdi. Dogrusy, ol guşa soň gabat gelmedim. Oglanjyga belren sözümde welin tapyldym. Bir jübüt eldekileşdirilen kepderi eltip berdim. Indi onyň gögerçinleri köpelipdir. Nirä uçsalar-da, ýene-de onuň ýanyna gaýdyp gelýärler.
--Gulgeldi aga, oglanjygyň ady näme?
--Kerwen.
--Menem bir Kerwen atly oglany tanaýan, ýöne ol balykçy, kakasy bilen deňizde balyk tutýar.
Onýança jaýdaky çarlak açyk penjireleriň birinden daşaryk uçup gitdi. Ony gören Gulgeldi aga:
--Belki Kerweniň eldekileşdirjek bolan guşy şudur. Adam bar ýerine çekinmän gelipdir. Ýöne, näme, çarlak guşlar bir-birine örän çalymdaş. Olary tapawutlandyrmak mümkin däl--diýdi.Yhlas:
--Gulgeldi aga, ähli guşlar uçubam bilenoklarmyşyn-a.Dünýede ganatsyz hem guýruksyz guşlaryň bar diýip menem eşitdim.Towuklaram guş hasaplanýar ahyryn.
--Dogry aýdýaň oglum, towuklaram guş hasaplanýar. Ýöne uçup welin bilenoklar.
Gulgeldi aga bu ýerden gidensoň oglanlar üýşüp, deňziň kenaryna çykdylar.
Şageldi:
--Oglanlar! -- diýip, deňze bakan elini salgady.—Serediň, bize bakan bir gaýyk gelýär. Üstem adamly.
Yhlas olary görenden tanady.
--Ol-a Kerwen dagy-laý.Ýanyndakam kakasy bolmaly. Olaryň öz gaýyklaram bar. Günde-günaşa balygam awlaýarlar. Olar häzirem awdan gelýändirler. Ýörüň, olaryň öňünden çykalyň.
--Yhlas, sen Kerweni nireden tanaýaň, ol haýsy dynç alyş merkezinden?--diýip, Paýhas sorady.
-- Ol hiç bir dynç alyş merkezindenem däl. Şu ýerde ýaşaýarlar. Biziň bilen ýaşytdaş oglan – diýdi-de, Yhlas olara bakan elleri bilen gözlerini dürbüläp seretdi.
--Belki ol Gulgeldi aganyň gürrüň beren Kerwenidir.
--Belki şoldur, men ony bilemok. Men onuň bilen lagere gelen günümizde tanyş bolupdym. Ol şonda maňa balyk tutup getirerin diýip sözem beripdi. Belki bu gün olar balyk awlandyrlar. Öz-ä keýplije görüň-ä, maňa bakan ellerinem galgadyp gelýär.
Oglanlar üýşüp, täze dostlarynyň öňlerinden çykdylar.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty