06:02 Döwkesen galasynyñ eteginde bir gyza aýdylan sözlerden | |
Döwkesen galasynyň eteginde bir gyza aýdylan sözlerden
Goşgular
Biziň ilde Döwkesen atly üýtgeşik bir gala hem ol hakda ajaýyp rowaýatlar bar... Şirin janym ýaksaň Şirin gyz ýaly, Synap-gynap meni örteseň häli, Edil Perhat janyň edişi ýaly, Daglary keserin döw kesen ýaly. Şeý diýsem çyndan hem şa gyzy ýaly Gaşyň çytýaň, kalbyň öýkeden doly. Gerek bolsa menem şonça öýkäni, Keserdip goýaýyn Döwkesen ýaly. Jenneti melegim, Bir eýjejik gyz Ene-ataň alnynda erke sen häli. Ýöne seniň golaýyňa barjaklaň Ýoluny baglaryn Döwkesen ýaly. Göroglynyň kyýamatlyk ogly men, Tellihanyň ýary Ärhasan ýaly. Kyrk iki ýerimden ýara düşsede. Ganymlardan gora Döwkesen ýaly. Ýüregimde gopup Nuhuň tupany, Bolsa-da bar ýerler suw basan ýaly, Hatda ki ezizim soňky demde-de Garalyp galmaýyn Döwkesen ýaly. ■ Läläm Maňa siziň bilen sözleşmek gerek, Ýalňyzlykda, birje sagat ýeke-täk. Äkideýin seni daglara tarap, Hem şol ýerde galaly biz ikiçäk. Ýa-da äkideýin sizi giň sähra, Bileje ýollary geçesim gelýär. Meýdan güllerinden gujaklap gelip, Siziň üstüňizden seçesim gelýär. Hemme aşyklaryň ýeri-asmany Bir-birine sowgat berýänin bilýän. Ýöne men kalbymda dörän dessany- Siz üçin ýazanmy bermekçi bolýan. Sözlerimden geler gülleriň ysy, Sebäbi seň adyň ýaňlanar onda. Yşgyň melikesi, kalbymyň şasy, Meniň bar yhlasym jemlenen sende. Ýa daga, ýa sähra gidesim gelýär, Giň dünýämi dar eýlegen gül läle. Sözleşesim, söhbet edesim gelýär, Soň seň bilen oýnamaga, gülmäge. *** Köňlüm seni küýsedi, Ýürek bikarar boldy. Doldy sabyr käsesi, Didelerim zar boldy. Asmanda aý agyllap, Özüm ukuda erdim. Elleriňde bägül bar, Düýşümde seni gördüm. ■ Pursat A sen şonda owadandyň, Eliň sabyň köpürjikde. Ynha, otyrsyň kir ýuwup, Görküň kemänok birjikde. Kän göresim geldi seni, Wah, ýöne menden uzakdyň. Ine, häzir salam berdiň, Akja elleriň uzatdyň. Ak gara meňzeş elleriň, Ak bägülmi, ýa ak köpük. Daşymyz adamdan doly, Bilmedim şol elleň öpüp. Hemem dyza çöküp: seni Gaty küýsänim aýtjakdym. Ýöne başarmadym gülüm, Diňe gözleriňe bakdym. Sen şeýle eziz, owadan, Elleň sabyn köpürjikde, Egin-eşik ýuwup otyrsyň, Meň dertlem bilen birlikde. ■ Ilkinji söýginiň ýazy Menem bir wagt bagtly bolup görüpdim, Göwnüm gökde ganat ýaýyp guş ýaly. Ötegçi dünýäde döwran sürüpdim, Hiç saýgarman dostlarymy, duşmany. Bägüller açylyp, erik güllände, Gül ysy saçylyp belent peslere, Çygly säher ümür basan dünýämden, Meni alyp gaçyp hol alyslara. Begres baýyrlaryň belent ýerinde, Seň bigünä nazaryňa sataşdym. Söýgüniň kemalsyz kementlerinden, Duýgynyň mekrine alyna düşdüm. Ýüregimde goýup ýalyn-otlary, Bilmändirin yşkdan gaýnap köýjegimi. Nabatmy-gant öýdüp ajy zäkleri, Çeýnäp soňra bolsa tüýkürjegimi. Undup bu gün ähli hasrat- gamlary, Şol baýyrda içim tutup galaryn. Ýöne seň yşgyňda geçen günleri, Ömrümde iň bagtly günler saýaryn. ■ Duralgada Duralgada sataşypdyk ikimiz, Sen şadyýan, menem misli içgili. Duralga boş Eger biri bolanda, Geň görnerdi göwnümiziň göçgüni. Agşam çagy Adam-gara ýok şindi, Yşgymyzyň höwürtgesi duralga! Bizi alyp gideris diýp biderek Entek öwün ýüwürtmesin ulaglar. Sen oýun edip meni çekip özüňe, Jak-jaklap güldüň-de näzli towlandyň. Durmadym men seniň näziňe bakyp, Gujakladym Huşy göçen oglandym. Duralgada duşuşypdyk ezizim, Soň söýginiň menziline düşüpdik. Hem bileje ýollarynda Zeminiň Saklanmaly däldigine düşündik. ■ Dileg Çyn ýarlara duşup aşyk bolany, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Tüni derýa kimin joşup geleni, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Ýene säher bolar, ýene Gün dogar, Aşyk bolsaň magşugyňy günde gör. Ara düşse garaçomak gendeler, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Maldan-başdan artyk, janyň deý söýüp, Garyp başa deňäp, köýünde köýüp, Bir gün daşa gitseň agladyp, goýup, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Ýaradandan ýazgytmydyr ykbala, Näler sebäp boldy mundan gitmäge? Dolanyp gelmäge, ýara ýetmäge, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Reňk alyp gül ýaryň gülgün lebinden, Ýaýlada açylsa gyzyl çigildem, Hijranyň hasratyň hazan ýelinden, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Aşyk Aýdyň piriň ýatan ýaýlasy, Aşyklaň arzuwna ýeten ýaýlasy, Ýaz ýagşyna meňzeş köňül gilesi, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. Men hem aşyk bolup, yşga uçran men, Şirin saz ýaňlanar köňül hüjrämden, Allam gorap baky hijri-hijrandan, Garyp oglan, Şasenem gyz goldasyn. ■ Iki goşgy Meniň iki sany gowy goşgym bar, Üçünjisin bolsa bir gyza berdim. Goşgymy okanda ol gözel gyzyň, Göz ýaşlaryn gizläp aglanyn gördüm. Aşyk oglan bilen magşuk gözeliň, Daň şemaly deýin söýgüsi hakda. Ýedi ýyllap bir-birekden uzakda, Ikisiniň gören görgüsi hakda. Ol gamgyn şygrymy gollarna alyp, Okady gyz çytyp galam gaşlaryn. Soň men onuň birden aglanyn gördüm, Gizläp gözlerinden akan ýaşlaryn. «Älemi ýandyryp aşygyň ahy», Elendirdi asman-zemin, topragy, Toý gününde Şasenem jan özüni, Garyp janyň gujagyna oklady. Birenaýy ýylgyrdy ol çalaja, Men diýdim yşk üçin bolsa-da ah, kyn, Sen ýedi ýyl Garybyna garaşan, Şasenemiň özi bolmagyň mümkin. ■ Ýol Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Gözlerim jadylap goýdy, Mejnun ýaly boldum däli, Gözlerim bir seni söýdi. Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Galtyň-galtyň hemem uzak. Diýdim: «Şu ýol gutarmasa», Saňa bakamda her gezek. Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Ikimizi duş eýledi, Seniň şadyýan gözleriň, Söýginiň syryn söýledi. Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Meň ukuly gözlem gamgyn. Ýöne janym gaty görme, Bakanyňda ogryn-ogryn... Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Awtobus-a gidip otyr. Didelermiz bir-birine, Yşkyn beýan edip otyr. Aşyk Aýdyň piriň ýoly, Geldik. Gel, indi düşeli. Kabul eýle yşkyň ýurdy! Ömrümiz yşga goşaly. ■ Söýgi ýurdunyň soltany Gol gowşuryp ýalbarar men, Ruhy huzuryňa gelip. Yşgyň mukaddes mülküne Äkit meni Mollanepes. Men bir aşyk, telbe bolan, Her günde saralyp-solup, Yşgyň mukaddes mülküne Äkit meni Mollanepes. Söýgi ýurdunyň soltany, Yşk mülküniň şasy sen-sen. Hijran derdiniň dermany, Müşk-anbaryň ysy sen-sen. Mähir-muhabbet zamany, Men hem sen dek oda ýansam, Yşgyň mukaddes mülküne Äkit mmeni Mollanepes! Köňül içre bir köz köräp, Ne sabyr galdy, ne karar. Ýaryň dişlerine garap, Derýalarda dür aglaýar. Ýar ýolun rowan etmegen, Daglar ýüregim daglaýar. Yşgyň mukaddes mülküne Äkit meni Mollanepes! Söýgi ýurdunda täk soltan, Yşgyň mülküniň şasy sen. Aşyk-magşuklary goldap, Eýlediň çyn yhlasy sen. Ala dagyň başyn gozgap, Akan duýgy derýasy sen. Yşgyň mukaddes mülküne Äkit meni Mollanepes! Döwür-döwran, il bagta ýar, Ata Watan aman-esen. Bagta ýetdi Zöhre-Tahyr, Seret ajap zamana sen! Päk söýgüden pena sorap, Ýar ýolunda perwana sen. Yşgyň mukaddes mülküne Äkit meni Mollanepes! Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ Döwrebap goşgy / Goşgular - 05.06.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |