06:12 Dýatlow geçelgesiniñ çetin syry | |
DÝATLOW GEÇELGESINIÑ ÇETIN SYRY
Geň-taňsy wakalar
Aşa bilesigeliji dokuz sany rus alpinistiniñ 1959-njy ýylda Sibiriñ Ural daglaryna dyrmaşyşlary öz yzynda birnäçe syrly gep-gürrüñleri we taryh sahypalaryna "Dýatlow geçelgesi" diýip ýazylan tragiki wakany galdyrdy. Dokuz oglandan we iki gyzdan ybarat topar 1959-njy ýylda, gijäniñ bir wagty Ural dagynyñ eteginde gurlan lageriñ çadyrlaryndan çydap bolmajak añzakly sowuga çydamam egin-eşiklerini, aýakgaplaryny taşlap gaçdylar we häzirem ölüm sebäbi anyklanmadyk şekilde öldüler. Waka Kholat Sýakhl dagynyñ gündogaryndaky we soñra bu toparyñ ýolbaşçysy Igor Alekseýewiç Dýatlowyñ adyny alan Dýatlow geçelgesinde bolup geçdi. Heläkçilikden ölmän galan Ýuriý Ýudin toparyñ onunjy adamydy, ýöne ol saglyk ýagdaýynyñ ýaramazlaşmagy sebäpli, syýahaty wagtyndan öñ taşlamaly bolupdy. Ýuriý Ýudin birnäçe ýyl geçensoñ bu waka barada söz açýan dokumental filmde şeýle diýipdi: "Eger Hudaýa ýekeje sorag bermek mümkinçiligim bolsady, onda men "Şol gije dostlaryma näme boldy?" diýip sorardym". ■ Ýogsa-da rus ýaşlarynyñ gije -30 gradusa ýeten añzakly sowugyñ we kürekläp ýagýan garyñ içinde ylgaşlap başlamagyna näme sebäp bolduka? 1959-njy ýylyñ fewral aýynda bolup geçen bu iniñi düýrükdiriji eýmenç wakanyñ gahrymanlary Igor Dýatlow, Zinaida Kolmogorowa, Lýudmila Dubinina, Rüstem Slobodin, Aleksandr Kolewatow, Ýuriý Doroşenko, Ýuriý Kriwoniçenko, Nikolaý Tibo-Brinýol, Semýon Zolotarýow dagylardan ybarat. Olaryñ hemmesi-de janlary sag, tejribeli alpinist talyplardy... Olar Sibiriñ añzakly howa şertlerine çydamly egin-eşikleri, gerekli serişdeleri, fotoapparatlary we azyk-suwluklaryny alyp gyzykly ýolagçylyga baş goşdular. Emma olaryñ ýolagçylygy bir aýdan soñ ölüm bilen gutardy. Wakanyñ üstünden eýýäm altmyş ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa, ýaşlaryñ daga dyrmaşyşlarynyñ näme üçin birden togtanlygy barada hiç kim ylmy taýdan anyk kesgitleme berip bilenok. Halas ediş topary 1959-njy ýylyñ 26-njy fewralynda ilki -24 gyzgynlykda ýer bilen ýegsan bolan iki çadyryñ üstünden bardy. Birinji çadyryñ içinde ýolagçylygyñ galan kysmyny tamamlamak üçin getirilen enjamlar, ikinji çadyrda bolsa ýaşlaryñ egin-eşigi we aýakgaplary bar eken. Seljeriş-barlag topary ikinji çadyrdaky ýaşlar hiç hili egin-eşiksiz we köwüşsiz özlerini çadyrdan daşary oklan bolmaly diýen netijä geldi. Soñra üç sany doñup galan jesediñ üstünden baryldy. Olar çadyrdan 1,5 km uzaklykda ýerleşen derýanyñ boýunda garyñ üstünde arkanlygyna serlip ýatan görnüşde tapyldy. Ilki toparyñ ýolbaşçysy ýigrimi üç ýaşly Igor Dýatlowyñ jesedine seljeriş işi geçirildi. Onuñ yzusüre 10 sm galyñlykdaky garyñ astyndan ýigrimi iki ýaşly Zina Kolmogorowanyñ we Rüstem Slobodiniñ jesedi tapyldy. Jesetleriñ hemmesi-de arasy 180 metr daşlykda bir ugurrakdan tapyldy. Hünärmenler, ýaşlar hatara düzlüp diýen ýaly biri-biriniñ yzyndan çadyra ýetmäge çalyşyp, ýöne muny başarmandyrlar diýen netijä geldi. Iki aý geçensoñ beýleki talyplaryñ jesedi hem tapyldy. Dagyñ gowagyna gaçan ýaşlar dört ýarym metr galyñlykdaky garyñ aşagyndan tapyldy. Olaryñ käbiriniñ süñkleri döwük-ýenjikdi, içki goşlarynda şikes yzlary bardy. Şeýle-de bolsa olaryñ endamynyñ daş ýüzünde hiç hili kesik ýa-da ýara yzy ýokdy. Iñ täsini Lýudmila Dubininanyñ jesedinde gabat geldi. Ýaş gyzyñ dili we iki gözi ýokdy. Waka boýunça derñew işlerini alyp baran Lew Iwanow onuñ ölüm sebäbine "garşylyk görkezip bolmaýan näbelli düýpli sebäp" diýip çäklendi. Emma derñewçiniñ ýoldaşlary gurban bolanlaryñ kosmosdan inen başga saýýaralylar tarapyndan öldürilendigini aýdýardylar. Derñew işlerini geçirmek bes edildi. Tragiki wakanyñ bolan ýerine barmaklyk tutuş dört ýyllap gadagan edildi. Ekspertler bäş jesediñ gipotermiýadan (sowukdan doñup) ölendigini mälim etdi. Beýleki jesetlerden Tibo-Brinýolyñ kellesi ýarylypdyr, Dubininanyñ we Zolotarýowyñ gapyrgalary döwük hem-de gözleridir dodaklary goparylan eken. Wakany hasam geñ-enaýy ýagdaýa getiren zat - jesetleriñ ýokary derejeleri radiasiýa sezewar bolmagydy. Munuñam üstesine wakanyñ bolan ýerinde üýtgeşik metal parçasy tapylypdyr. Şeýle-de Rüstem Slobodiniñ doñan jesediniñ bolşy gözden sypmady. Slobodiniñ güpbe çişen duluklaryna we dodagyna urlup şikes ýetirilendigi anyklandy. Özem Slobodiniñ garnyny tutup, arkasyna öwrülen ýagdaýda bolmagy onuñ yzly-yzyna gelen urgynyñ aşagynda galandygyny görkezýän esasy delili boldy. Syrly ýagdaýda wepat bolan talyplaryñ ölüm sebäbi hakynda dürli çaklamalar orta atyldy. Ýyrtyjy aýynyñ hüjüm etmegi we sowuk urmagy ýaly çaklamalar iñ köp orta atylan ähtimallyklar boldy. Emma ortada bu çaklamalara güwä geçip biljek hiç hili delil ýokdy. Belki-de, olaryñ üstüne haýsam bolsa bir howp abanypdyr-da, çadyrdan howul-hara gaçypdyrlar. Emma olar azaşypdyrlar we añzakly sowukdan ýaña nirä ýöneljeklerini bilmändirler. Derñewçiler tejribeli alpinistleriñ haýsydyr bir ýagdaýda gorka düşmeleriniñ mümkin däldigini aýdyp, olary gorka salan zadyñ gaty uly zat bolmalydygyna ünsi çekýär. Orta atylan ýene bir çaklama bolsa, alpinistleriñ gizlin ýagdaýda geçirilýän harby operasiýanyñ pidasyna öwrülmegidi. Ýalñyş tarapa atylan raketa, pesden uçan söweşjeñ uçaryñ endişe beriiji tolkunlary, "Sowuk uruş" döwründe sowet hökümetinuñ synagdan geçiren ultrasoniki ýaragy, KGB-niñ ulanýan raketalaryndaky araçäk gazy ýa-da gaz bombalarynyñ ýarylmagy ýaly birnäçe çaklamalar orta atyldy. Gizlenip saklanan iş bukjasy 1990-njy ýylda gaýtadan açyldy we waka boýunça käbir deliller jemgyýetçilige aýan edildi. Aýan edilen delilleriñ araaynda lyžaçylaryñ düşüren bir suraty ünsi özüne çekdi. Suratda gar adama (Снежный человек) meñzedilen näbelli bir jandaryñ keşbi görünýärdi. Suratyñ hakyky suratdygy anyklandy we lyžaçylar öz "gandarlarynyñ" suratyny düşüren bolmaly diýen pikir öñe sürüldi. Toparyñ iñ soñky çadyr guran ýeriniñ Baýkonur kosmos stansiýasy bilen SSSR-iñ ýadro synaglaryny geçirýän ýeri bolan Nowaýa Zemlýanyñ arasynda bolmagy-da, gizlin ýarag synaglarynyñ geçirme ähtimallygynyñ öñe sürülmegine sebäp boldy. Anatoliý Guşin 1990-njy ýylda ýazan "Syrlaryñ pidasy dokuz ömür" atly kitabynda ýaşlaryñ ölüm sebäbiniñ SSSR-iñ ýarag synag etmesi bolandygyny ýañzydypdy. Otstawkadaky sülçi Lew Iwanow bu waka barada ýazan makalasynda asmanda käbir uçýan "şarlar" görendiklerini we bu barada degişli ýere habar berilen dessine derñewi bes etmekleri barada görkezme gelendigini aýdýar. Hususanam wakanyñ bolan wagtynda toparyñ ýerleşen ýerinden 50 km günortasynda gezip ýören ekskursowodlar demirgazyk tarapda üýtgeşik gyzylymtyk şarlar görendikleri barada habar beripdirler. Dört ýyllap bu wakany derñäp "Ölüm dagy" («Dead Mountain» / «Мёртвая гора») atly kitap ýazan amerikan ýazyjysy Donni Eýçar wakanyñ sebäbini "ses derejesiniñ astynda dörän we howsala düşüren ses sebäpli" diýip düşündirdi. Ol munuñ Ural daglarynyñ topografiýasynda yzygiderli öwüsýän şemalyñ döredýän, howsala düşüren ses derejesiniñ astyndaky sesdigini aýdýar. Bu ses tolkunlary şeýle bir pessaýlyk bilen gelýärdi welin, alpinistleriñ beýnisini çokalap, olaryñ howsala düşmegine we ýatan çadyrlaryndan çykyp aýakýalañ garyñ üstünden ylgamalaryna sebäp boldy. Netijede olar sowukda doñup öldüler. Eýçar adamyñ eşidýän pessaý ses tolkunlaryndan döreýän sesleriñ emele gelmegine daglaryñ görnüşine bagly ýüze çykýan ýelleriñ sebäp bolýandygyny öñe sürýär. Ýöne bu teoriýa hem bolup geçen geñ-enaýy wakany gutarnykly düşündirmekden ejiz gelýärdi. Waka bilen baglanyşykly başga bir çaklama bolsa, alpinistleriñ şol sebitde ýaşaýan ýerli mansi taýpasynyñ çozuşyna uçrama ähtimallygydy. Mansiler Günbatar Sibirde ýaşaýan we dili, däp-dessury, ýaşaýyş şerti düýpgöter tapawutly paganistik ynançly taýpa bolup, olar hristian ruslar tarapyndan o diýen bir halanyp barylmaýan kowumdyr. Çaklamalar we bu waka bilen hutma-hut gabat gelýän mansi rowaýaty olara şübhe bildirilmegine sebäp boldy. Alpinistleriñ ölen dagyna mansi dilinde "Kholaý Syakhl", ýagny "Ölüler dagy" diýilýär. Rowaýata görä dokuz mansi bu dagda näbelli ýagdaýda wepat bolupdyr. Mansiler bu dagyñ o dünýä bilen bu dünýäniñ arasyndaky geçelgedigini aýdýarlar. Emma geçirilen barlaglaryñ dowamynda başga adamyñ aýak yzyna duş gelinmändir we tussag edilen mansiler boşadylypdyr. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |