21:08 Ertekä meñzeş ykbal / dokumental hekaýa | |
ERTEKÄ MEŇZEŞ YKBAL
Hekaýalar
...Çep aýak topukdan cykdy. Diňe şol emgek bolanda-da, janyň ujudy-la, ýöne gara daşyň üstüne gaçan bä- bejigiň uýluk süňkem çat açdy. Yza: çydamadyk çagajyk şeýle bir uwlady, şeýle bir eňredi, dünýä goduklana döndi. On iki-on üç ýaşly gyzjagaz jigisini haýatdan aşyrjak bolanda, elinden gaçyranam bolsa, beýle bolaýandyr öýtmändi. Gaýtam, üstünde uly adam uklaýmaly inlilikdäki haýatdan aşjak bolanda, cepiksije göwresini derek ýaly süýndürip, jigisini aşak sallanda, onuň aýaklary ýere galtaşandyr, hiç bolmanda, göwresi agyrman-ynjaman patlapjyk gaçar öýdüpdi ahyry. On- da-da iki ýaşlyja Gaýypjygyň tes-te- gelek daşyň üstüne gütläp gaçjagyny näbilsin! Wah, naçarjyk öz göwnüňe osanynyň ters çykýanyny şol mahallaram aňlaýardy weli, ýöne juda beýle çökder bolaýar öýtmändi-dä. Jandan ileri görýän jigisini ömürboýy maýyp etjegini bilen bolsa, kirpiginiň üstüne mündürip düşürmezmidi, eýse?! Ýöne, hany, beýdeýin diýeňde, çymçyk ýalyjak naçar göwrede beýle güýç-gurbat? Özi üfeseň uçup gitjek bolup dur-a, hor-homsulygyndan ýaňa. Gijikdirmän, gyzgyny bilen tebibe barladan bolsa, ömürboýy ýempäp, goltuga pişek alyp gezilmezdem weli... Ýöne ýagydan ýaman zulumkäriň gorhanasyndan gaçylyp barylýarka, diňe aman sypy- bilseň, janyň ujy. Şol beýikden haýbatly haýatdan daşary çykybilse, edil dowzahdan sypana dönjek naçarjyk galas-gopas- lykda gapyl galdy-da, garaz. Hally soň dyzyna urup aglady, Gaýypjygyň dyzyna daýanyp, ýerinden tursa-da, çep aýagyny göteribilmän, pişek gözläp, göwresini elendirip durşuny görende, her gezek elewräberýärdi. Lummurdap akanda, tolkunlary gözüňi-başyňy aýlaberýän Han ýaby ýakalap oturan Rejep bagşy obasynyň hojaýyny Owşuk baýdy. Köneürgenç begliginde demi ýöreýän, gepi geçýän baý badyhowady. Onsuz bu jelegaýlarda çöp başy gymyldamazdy. Süri-süri goýun-geçisi, örä ýaýranda, «depeden bulut gaçaýdymyka?» diýdirýän düýeleri, toýnak sesinden ýer goduklaýan ýylky sürüsi, pada gezýän gara mallary... garaz, Owşuk baý «depseň yranmaz» diýlenidi. Ýöne betnebisräkdi. Ýeke kel geçisi ysgynsyz lägirse, çopanyna gamçy çalmany, tanap-tanap ekin ýeri suwarylanda, säwlik bilen ýeri ala galsa ýa-da sähel bitekizräk bolsa, daýhanyna, talabanyna agzyna gelenini pürkmäni hiç zatça görmezdi. Iň bärkisi, hatar oturan ak öýleriniň agzynda gününe işleýän gyz-gelinlere, hakyna tutulan naçarlara, ejesiniň ýaşyna baranam bolsa, çala saýylan ýüň, ýumak edilmedik pişge üçin dübläbermesi bardy. Özi ýok ýerde adyny tutman‚ «guduz» diýerdiler. Nepes hem aýaly Bibi bilen Ow- şuk baýyň gapysynda hyzmatdady. Diňe olaram däl, Nepesiň aýal dogany Hally, uly agasy Gazak aga hem onuň öýdeniçerleridi. Zandy mert, gurt dogumly Nepes goýun yzynda gezensoň, Garagumuň özi ýaly giňdi. Hat-sowatdan başy çykmasa-da, çarwa hasabyna ökde- di. Ýaňy otuz ýaşanam bolsa, eýýäm saçynda, sakgalynda ak görnüp ugran çopan horaşaja gara öýde jägildäp ogul perzendi doglanda, begenjinden dünýäde iň baý adama dönüpdi. — Gaýypdan uzak ýaş berilsin, ylahym! Ýaman günlere gözi düşmesin, bidöwlet, betnebis kişilere elgarama bolman, bagty-rysgaly gaýypdan berlen bolsun diýen niýet bilen perzendi- miň adyna Gaýyp dakjak — diýende, dogan-garyndaşlaram oňlapdy. Ýöne dilegiň duş bolup durmy, zamanasy zulmatly bolanda?! Hallynyň beýik diwardan gaçyran oglanjygy agsak boldy. Onuň laňňa galybilmän, iki eljagazyny ýere diräp, zordan turşuny göreniňde, ýüregiň awap gidýärdi. Ýörände-de, çep aýajygyny süýräbräk alyp, ýempäp ýörärdi. Eýdip-beýdip, baýyň gözüne güýdüşip diýen ýaly, eşege artlaşdyryp, Nepes oguljygyny Köneür- genç galasynyň alkymynda, minaranyň aşak eteginde oturýan Mäşerip işan di- ýilýän tebibiňkä eltende, hoşgylawdan tapbilen aksakgal Gaýypjygyň şikesli aýagyny dykgat bilen barlap, basyşdyryp, owkalap, gysymlap görüp, başyny ýaýkapdy: — Çep aýakda çykyk döräpdir, heniz süňk bekeşmedik mahaly. Olam wagtynda salynmansoň, şol ýerdäki suwuklyk gurap, süňk inçelipdir. Şeýdibem aýak ysmaz bolupdyr, wah, wah... Tebip dodaklaryny berk ýumup oturan oglanjygyň gözlerine seretdi. Toba, başga islendik çaga aglardy, öz halyna, hiç bolmanda, gabaklaryny ýaşladardy, ýok, bu bolsa kirpiklerinem gyrpanok. Gözüň çuňunda weli: «Armandan ne peýda, men muny ýaşap ýeňerin!» diýen bir yşarat ýanyp gidýän ýaly. Ogla derek bolsa ýukaýürek atanyň gözünde nem göründi. — Işan aga, aýyplaşmaweri! Bagyr bagymyň halyna ozalam sary ýuka ýürek ezilip gitdi-dä. Bu döwürde on iki synaň düzüw bolanda, durmuşyň ara- basyny idili süýräp bolýamy diýsene... — Dur, giň bol, hany, inim! Bu zatlaryň hemmesi Alla hasabyndandyr. Ýöne şu oglanjygyň bihal bolup ýetişmejegini men saňa aýdyp goýaýyn, demiň içiňde bolsun ýöne... Soňky söze göwni galkan Nepes gaňňa aýagyny ildirenden, göwnüne eşegem oba tarap ýeňil toýnak urup barýan ýalydy. Ertesimi, birigüni gumak ýoldan ýataga gelen süriniň çaň-tozanyndan ýaňa ýüzüni-ýeňsesini tanap bolmajak Nepes oglunyň ýasap oturan pişegini görüp, aýagy baglanan ýaly boldy duruberdi. Gapydaky tuduň bilekçeräk, özem haçjaly şahasyny nädip, näme bilen kesipdir, bu kepderi ýalyjak göwre, Alla bilsin! Şol haçjanyň arasyna-da boljak agajy teşe bilen ýonup otyryşy hakyky ussanyňky ýaly. Ana, inçemikden uzyn barmajyklaryna zor berdi-de, ýonan, özem gapbilinden egreldilen hapbasyny haçjanyň arasyna geýdirdi weli, şap bolaýdy. Dädesiniň synlap duranyndan bihabar oglanjyk ýasan hasasyna söýenip, göwresini dikledi, leňňer aljak göwresiniň çep goltugyna ýasan pişegini sokdy weli, iki egni deňleşdi duruberdi. Ýaňy ýedi ýaşan oglunyň gaýratyna, başarnygyna buýsanan pederiniň dideleri çygjaryp gitdi. Bitiren işi göwnüni joşdurdymy ýa-da heseri içine sygmadymy, Gaýypjyk birden aýdyma zowlatdy: Garyp bilbil, tenha bilbil, Aglama gülzar içinde-eý, Aglama, aglama-a-a... Dädesi pyşyrdady: — Wah, sen şol saýrak bilbil, balam, ýöne, hany, gülzar nirede? Basan ýeriň horluk bolup dur-a. Seniň maňlaýyňa bir beýle zulmatlar ýazylmadyk bolsun-da. Dileg bilen dünýä düzelende, beýle boljakmy? Gaýybyňkam şeýle bolup çykdy. «Bimahal gygyran horaz ýaly, seniň şu agsak dogmaň sesi ýatanok weli, işi-pişesi ýok ýaly görýän. Şonuň üçinem, sesi has gaty çykar ýaly, ertirden başlap, süriniň yzyna düşsün». Owşuk baý aýtdy, gutardy! Çopan taýagy boýundan uzyn oglanjyk ertesi öz şapbady ýalyjak zagara salnan haltajygyny boýnundan asyp, süriniň yzynda gögerdi. Geçi derisinden eýlenen mytaranyň içinde julkuldaýan suw gulagyna kä dutaryň, käte-de gyjagyň sesi bolup eşidildi. Bir goltugy pişekli goýun bakmak görgi bolup çykdy. Süri ümdüzine tutduranda, ýedi synaň düp-düzüw bolan- da aljyradyp barýar-a! Muňa-da çydap bolardy... 1917-nji ýylda asmandan nem dammady. Aldajy aýaz içmeklem bolsañ, yş tapyp girse, süňňüňi sandyradyp bar- ýardy. Gaýyp şonda-da oltaňy ýuka çokaýyny aýagyna sokubildigi, mäleşýän süriniň yzynda ýegdekläbererdi. Ejesiniň elinden çykan, onda-da ak ýüňdenem däl-de, garakölüden irimçik dokan dolagyny näçe berk sarasa-da, aýaklary gyzylinjigiňki ýaly bolupdy. Nowruzyň öňýany başlan sörtük ozalam kakap ýatan ýeriň ysgyn-deramatyny aldy. Togsan dolandan ekiliberýän ekinler üçin kätmen ursaň, zynç ýaly toprak zaraňlap, ses ediberdi. «Nan atly, garyp pyýada» diýilýän zamananyň her güni gara daş ýaly bolup, ozalam ejiz eginlere beter münýärdi. Çörek gytçylygy tutuş Horezmine gara ýel ýaly bolup girdi. Açlyk başlandy. Öň sähel una garsaň, tetärik bolýan gökje ýorunja suwsuzlykdan, sowuk şemaldan ýaňa dürtereýinem diýenokdy. Gaýybyň bakýan goýunlarynyňam garynlary hepbige dönüp barýardy. Ine, ýaz ýaňy burnuny görkezip barýan günleriň birinde ozalam garyp öýüň söýesi syndy — Nepes aga ýogaldy. Gaýybyň üstüne dünýä düň- derilene döndi. Ýöne şonda-da erkek mertligini etdi. Hünübirýan aglaýan ejesidir Hallynyň ýanynda dodaklaryny dişläp, derdini içine saldy, daşyna çykarmady. Ýöne goýun yzynda gezip ýörkä giden meýdany elendirip bir möňňürendir-ow: «Däde jan, ozalam dar dünýäde sen bizi kime goýup gitdiň-ow-w!» diýip. Ol ýara heniz bitmänka, gabha pelek ikinji ýowuz gürzüsini inderdi. Agyr azapdan, soňy görünmeýän zähmetden ýaňa göwresi simap kimin eräp-akan ejesi Bibi-de ýanyny ymykly ýere berdi-de, uzak ýatman, dünýäsini täzeledi. Gaýyp üçin dünýä boşap galan ýalydy. Agsak aýagyny ýempedip, guzular bilen deň towsaklaşan mahaly enesini küýsäp, naşyja ses bilen mäleýän guzujyklardyr owlajyklaryň sesi, göýä öz kükreginden çykyp gaýdýan ýalydy. Şonda eline dädesiniň kimdir birinden diläp alyp beren dutaryny düzerdi-de, iki dyzyny ýere urup, saz çalardy, has möwjügen mahaly, derdini aýdym bilen çykarardy. Ine, bahar ahyrynda bir gün Çaňlydepä sürini ýaýradyp, özem dün- ýäni unudyp, saz çalyp, soňuny nama tutup otyrka, üstüne bir kölege süýşüp gelen ýaly boldy. Seretse, Owşuk baý üstüne abanyp dur. Aljyran oglan hasyr-husur ýerinden turmakçy boldy. Baý ýognasdan ýagjymak barmaklary bilen egninden basdy: — Hany, Gaýyp jan, ilki «Hajygolagy» inder, soňam «Ýandymy» ýaňky aýdyşyň ýaly edip bir aýdyp ber. Dili süýjän baýyň towakgasyny sürä çala bir göz aýlan ýaş bagşy ýerine ýetirmek bilen boldy. Takyr ýerde aýbogdaşyny gurup jaýlaşan agyr göwre ýaýbaň aýanyň içine sygjak oglanjygyň heňine, namasyna gobsunyp-gobsunyp gidýärdi. Gaýyp gyzyp gidişine «Taý atyma» tutanda-ha, dyzyny pat-pat ýere uruberdi. Syçrap duran mele atyny münmän, irişmesini eline orap durşuna Owşuk baý hökümli däl-de, haýyş ediji äheňde dillendi: — Gaýyp jan, inim, sürini irräk elt-de, dutaryňam alyp, gün batmanka öýe bar, bomy köşek?! Elmydama agzyndan köz syçradyp ýören baýyň beýle mum-helim bolşuna, özüniňem bärde münmän, hol, aňyrrak baryp, özüni eýere atyşyna barmagyny dişläp, sermi-sal bolan Gaýyp soňam kä dutaryny, käte durşy bilen ýama bolup duran balagyny sypalap, esli oturdy. Aýdylan wagty dikilgazyk bolan og- lanyň egin-eşigini birinji gezek görýän ýaly, seňrigini ýygryp bir sereden Owşuk baý howut ýaly boýnuny çalarak gapdala gyşardyp, azmlyrak seslendi: — Ämet, meň ýaňky aýdanlammy getir bäri! Täp-täze bolmasa-da, azajyk hopul-sopulrak görünse-de, gyýma balak, ezýaka köýnek, gyrmyzy don geýensoň, Gaýyp başga oglan boldy duruberdi. Eline-de dutaryny aldy weli, ynha, öňräjik oba toýa gelen Semen- der bagşynyň kiçeldilen görnüşi ýaly bolup dur. Hatara gurlanam bolsa, ortarada saýlanyp, gümmezekläp oturan sekiz ganat ak öýe girende, Gaýybyň sussy basyldy. Çigildem güli ýaly elwan öwsüp duran halylaryň üstünde käsi aýbogdaş guran, käsi gujaga sygmaz güpjek ýassyklary tirsekläp ýatan, aglabasynyň murtuny ýeňsesine çataýmaly adamlara nazary düşenden, oglanyň ýadyna Göroglynyň kyrk ýigidi düşüp gitdi. Müçesi kiçi görünse-de, elindäki dutara çiňerilişip sereden abaýtoş myhmanlar edep saklap, «Gel-de geç!» boluşdylar. Beýle hezzet-hormaty görmedik, onda-da ýüzünden ýagy dama- ýyn diýip duran, eginbaşlary begzada- baýlardygyny aýdyp duran adamlardan gulagyna beýle hoşamaýlyk heniz degmedik Gaýyba birden merdemsi- lik indi. Ýeke-ýeke ikelläp salamlaşyp barşyna, «Ynha, şu ýere geç!» diýlen ýere çökende, çymçyk ýaly göwre tas garyş galyňlykdaky ýumşak körpençäniň içine çümüp gidipdi. Keýpleri topuklaryndan dökülýän myhmanlaryň dilleri dek durmady: — «Bagşam çagyrdym» diýse, biz-ä Owşuk baý Ýazmät keli getirjekdir diýipdik-däýt. — Garnyny doýrup aýdaýmasa, bagşy diýip getiren munsy bir gygy- randa uçubam gitjek, how. — Ses göwrä seretmez, Begli baý, tultuk ýaly bolup oturyşyň-a ynha, çyglaňda, sesiň bärik zordan ýetýär, onsoň... — «Arryk horazyň sesi ol obany ürküzer» diýip eşitmänmidiňiz?! Çukurrak gözüni kim geplese, şoňa dikip, horlugyndan ýaňa şapbat ýaly görünýän at ýüzüň ýeňsesine goýlan ýelkene meňzeýän gulaklaryny gerip, inçemikden göni burnunyň üstüne inen deri käwagt çepiksije eliniň ýeňsesi bilen sylyp oturan Gaýyp bu teýeneli gürrüňlere ilki aljyrajak ýaly etse-de, birden eserlendi. Sähel-goram gowşaklyk etse, mesliginden ýaňa ýeriň ýarygyna-da gülmäge taýyn kişileriň özüni it alan sanaja dönderjegi mesa- ňady. Oňa çenlem Sapargeldi gyjakçy: «Essalawmaleýkim!» diýip, eňsini göte- rip, içerik girdi. Gaýyp hossaryny gören ýaly, begenjinden gobsunyp gitdi. Oturanlaryň pezzik murtlusy has içýakgyç gürrüň tapdy: — Aýlawa gitjek atlary hem doýurman çapýalar, gägirip oturandan gygyryp oturan ýagşydyr, hi-hi-i. Gep gaýgyrmaýan Sapargeldi sugşurdy: — Birisi iýmäge ökde, beýlekisi aýtmaga, çalmaga, şeýle-dä bu ýalançynyň gurluşy. Ýanaşyk oturan adam bir tutam murtuny penjeläp goýberişine, çylkasyz gepläniň ýüzüne bakyp dillendi: — Bagşy bilen gyjakçy bar ýerde diýjek gepiňi bilip geplärler, aldyň dämi paýyňy, Mäter baý?! Birinji gezek ýanaşyk oturyp çalyş- lary bolsa-da, Gaýybyň aljyraman, äwmän, dutaryny düzüşine köp bagşyny gören Sapargeldi gyjakçynyň göwni ýetdi. Muhannesden tutup, pes heňden sanap ugranam bolsa, dört-bäş aýdym- dan soň perdä dyrmaşyberşine bolsa has haýran galdy. Oturanlaryň indi çaý içendäki şypbyldysam çykanokdy. Öň ýanbaş taşlap ýatany, tirsek urup otu- rany hem, aýdym böwrüne dürten ýaly, dim-dik bolupdy. Sapargeldi gyjakçynyň ýüzi ýylgyrmasa-da, içi gülýärdi: «Gaýrat et, Gaýyp jan, baryber, häki ikimize pitjiň atjak bolanlar indi saz bilen nama ýüpsüz baglanyp, gör, ynha, aňalyp oturandyrlar. Ähli baýlygyny dileseňem bererler häzir şular. Bumat ikimiz rüstemdiris». «Ýandyma» gygyranda agramy bir batmandan agmajak göwre tas uçupdy. Oturanlaryň göwnüne ses serçe ýalyjak göwräniň ähli ýerinden çykyp duran ýalydy. Tapbilýän Sapargeldi gyjakçy dözümsizlik etdi: — Hany, Gaýýp jan, «Balsaýadam» bir ýaňlandyr, onsoň bu ejiz göwräni zorukdyrmaly, myhmanlara dessany indiki gezek aýdyp beräýeris. Şol gezek ol ömründe birinji gezek doýýança towukly palaw iýip gördi. Owşuk baý weli husytlygyny etdi. Gitjek wagty oglanyň dutardan boş eline häki köne-küşül eşiklerini gysdyrdy: — Ertir bulary ýene goýun yzynda geýersiň, düşnüklimi? Egniňdäkileri bolsa çykaryp goý-da, haçan men aýdym aýtdyrmaga çagyramda, geýip gel. Ýöne baý başga bir ezmaýyşlyk etdi. Heran-haçan gereklenende sesýetimden tapylaýar, «häh» diýlende, «mäh» bolup durar ýaly, başga bir kiçi süriniň yzyna salyp, obanyň ete- ginde bakmagy tabşyrdy. Indi Gaýyp giç guşluk ýataga gaban dowarlaryny öýlänräk örüzip, Gün eňegini ýere dirände, aýakgabyny çykaryp, dynjyny alyp bilýärdi. Deň-duşlary obadan iki çakyrym çykmagam garaňky görerdiler, Ga- ýybyň göwni bolsa älemi aýlanyp görsem diýerdi. Onsoň oglanlar: «Bu agsak aýagy bilen dünýäni aýlanyp çykjak-how, başyna goýberseň» diýip gülşerdiler. Güýzüň soňky aýynyň başyndaky günem ol Owşuk baýdan: «Dutaryma ýüpekden kiriş almaga gitjek» diýip, ejaza aldy. Ertesi daň ujy ýaňy gyzaranda, Köneürgenjiň bazarynyň çetinden girdi. Öňküler: «Pulsuz bazara barandan, kepensiz mazara baran ýagşy» diýip, dop-dogry aýdyp gidipdirler. Edil derwezeden giräýen agzyňda kellesi sekizburç börükli, ýüzi repide ýaly ýap-ýasy, çortmak pyýada öňüne üýşüren halwasynyň aňyrsyndan zordan görünýän göwresini hallanladyp, bogazyna sygdygyndan zowladýardy: — Halwa gel, how, halwa-ga, künjüli halwa, şekeri Gürgenden getirilen halwa-aa-a... Ondan sähel aňyrrakda ziňňirt uzyn biri goşa nany barmaklarynyň ujunda aýlaýar: — Petire gel, ýagly petir, etli petir, gatlakly petir, haýsy diýseň bar, ýaňyja tamdyrdan çykan. Eýýäm burnuna gowrulýan balygyň ysy haplap uran oglan ýuwdundy. «Bi- ziňem şu aýdylan zatlardan gerk-gäbe bolup iýjek wagtymyz bolarmyka?!» Birden özi bilmezden seredende, be- ýik minaranyň asman bulutlary bilen salamlaşýan dim-dik depesine gözi düşdi. Göwnüne, Çingiz hanyň goparan altyn gupbasam edil häzir öňki ýerinde duran ýalydy. Dädesi pahyr her gezek «juk-juklap»: «Zalym ýaý-peýkam bilen atanda, oky ýetmänsoň, ahyry topa-myltyga meňzeş bir abzal tapyp, Kutlug Temiriň bu minarasynyň çür depesindäki sap altyn gupbany atyp düşürip, öz ýurduna alyp gidipdir» diýipdi. Gaýybyň gulagyna birden şol goparylan gupbanyň ornundan owaz gelen ýaly boldy: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip eşitmänmidiň? Tagapyl et, mütdedi gelende, bu agyr bazarda bir gün diňe seniň adyň-owa- zaň ýaňlanar durar. Häzir jübiň götermejek naz-u-nygmatlary satyp duran- laryň şonda seniň agzyňa ýetiribilseler, armanlary bolmaz. Garaş!». Owşuk baýyň ortanjy aýaly Serwijan gelnejäniň beren bir teňňesine Gaýyp hem-ä gylçyklyrak bolany üçin, bahasy arzan balykdan garnyny do- ýurdy, hemem dutaryna ýüpekden üç bölek kiriş aldy. Soňam ýaňy gyzyp ugran bazardan çykdy. Birden oglan göwni: «Gel, demir ýoluň boýuny syryp git!» diýdi. Dartylan goşa tara meňzäp ýatan relsler güýz Gününiň guşluga galan şöhlesine ýalpyl-ýalpyl edýärdi. «Garny doka — bela ýok» diýlenini edip, çalajadan hiňlenjiräp barýan oglanjygyň gözi birden elindäki sapy uzyn, saldarly çekiç bilen relsleriň käýerine urup, birdenem beýleki elin- däki agzy gär geçiniň agzyna meňzeş demir bilen eglip, bar güýjüni berip, nurbatlary çekişdirip gelýän adamda eglendi. Hortapdan çulum hereketli adamyň jyrk sarylygyny gören Gaýyp içini gepletdi: «Beh, edil bişen erikden ýasalan ýaly eken-aý. Nurjan uzynyň gyzy Halbikeden başga dünýäde sary ynsan ýokdur öýdüp ýördüm weli, bar eken-ä». Oglanyň içindäkini okan ýaly, ol deňesine gelende, gytyjak murtuny sypalap, çalaja ýylgyrdy: — Malaý, kalaý ýagdaýlar? Habar gatylaryna mähetdel Gaýyp derrew baryp, onuň bilen ikelläp salamlaşdy. — Molodes, ýagşy ýigit, salam gowy zat, wot! Başam barmagyny hoşallyk alamaty hökmünde çommaldan adam gürrüňdeş tapynanyna begenýänini äheňinden aňdyrdy: — Adyň kim, malaý? — Adym malaý-a däl, Gaýyp. Onuň bu sözüne ol adam hezil edip güldi: — Ýakşy, Kaýip bolsaň, gel munda, çaý içeli! Şeýle diýip, ol Gaýyby elinden tu- tup diýen ýaly, hol, öňde görünýän kiçijik jaýa tarap äkitdi. Jadygöýe duşan ýaly duýga düşen oglan, nädip nätanşyň yzyna düşenini duýman galdy. Darajygam bolsa, päkize içerde ol ömründe birinji gezek kitirden çaý içip gördi. Özüni Andreý Pawlowiç diýip tanyşdyran adamyň familiýasynyň Nikolaýewdigini Gaýyp has soňrak bilip galdy. Ýöne ilkinji tanyşlykdaky gatnaşyk, ýaş tapawudyna seretmez- den, dostluga, soň bolsa, gep owa- danlaman aýdanda, doganlyga ýazyp gitdi. Hem tatarçalap, hem özbekçeläp, arasynda türkmençe sözlerem goşup goýberýän mährem adam gep alşylandan, oglany jadygöý ýaly bo- lup, özüne daňdy. Aslynyň Russiýanyň Twer guberniýasyndandygyny, ata-ba- ba kesp-kärleriniň demirýolçudygyny, Zakaspiý demir ýolunyň Çärjew-Goňrat bölegi çekilensoň, özüniň bu ýere ýol ussasy edilip ugradylandygyny, aýaly Mariýa Ýewgenýewnanyň on bir ýaşly ogullary Maksim bilen Goňratda ýaşaýandyklaryny, her on bäş günden smenany-çalşygy tabşyryp, otly bilen ýanlaryna gidýändigini, bärde biş-düşi özüniň taýynlaýandygyny aýdyp, düýnki bişiren şülesinden çaklaňja mis jamy dolduryp, öňünde goýdy. Ejap edip, gaýra çekilse-de, «Ýaňyja balyk iýdim» diýip, çümhöreklik etse- de, «Dawaý, çemçe ur!» diýip, jamyň düýbi taňkyraýança goýmady. Gaýybyňam hossaryna duşan ýaly, göwnünde gemre baglap ýatan derdini dökesi geldi. Garaz, şeýdip, Gün dik depä galýança oturdylar. «Men dört günden Goňrada gitjek, gelemde saňa ruçka, galam, kagyz getirerin, ýeke harp öwrenseňem, alanyň, beýläňe atanyň özüňkidir, hepdede bir gezek meniň ýanyma wagt tapyp gelseň, bir ujundan girişibereris» diýlende, Gaýybyň begenjinden göwni ýedi gat Gögüň depesinde perwaz urdy. Tä oba ýetýänçä, begenji içine sygmansoň, aýdyma zowladyp gaýtdy. Ýüzugra Gutly keliň kesimine-hasylyň ýarpysyna alan ýeriniň üstünden ýoly düşende bolsa, sesini tapba kesip, pygamber ýaşyndan aňryk ýagşy aýak atan ada- myň haly harap bolup duran ýerine ylgady. Böwsülen böwedi beklejek bol- ýan hortap adamy dyňzaýan suw sähel gapyl galsa, salmanyň içine serreldip goýberjekdi. Muny duýan Gaýyp barşyna birküç düýp uly syrkynlary düýbi bilen gopardy-da, suwy gulagyny gerip saklaýjak bolýan adamyň öňüne okla- dy. Hasur-husuram gumhanasy ýasy pi:le ýapyşdy. Häzir onuň hereketi, ýok, hars urşy uly adamyňkydanam zyýatdy. Gumhanasy çuň çümýän piliň zyňýan bajaklary ýaňy doglan guzuça bardy. Hem eli, hem gözi işleýän oglan böwediň galňanyny görüp dikelende, maňlaýyndan syrygan der gözüniň üstünden damja-damja bolup togalandy. — Gaýyp jan, Hydyr ata bolup ýetişdiň, ýogsam ýaňy dört barmak bolan maýsa emek suwuny berjek diýip, tas gark edipdim. Wah-wah-eý, ekinden el üzmeli bolaýsa dagy, dat günüňe! Kim bilen derdinişjegini, nädip, içini dökjegini bilmän duran aksakga- lyň uzak dursa, özüni eglejegini bilen oglan: «Men gitdim, iş kän, ýaşuly» diýip, atyzdan saýlandy. Onuň göwni dört-bäş gün bäri ellenmän duran dutaryna kiriş dakyp, gapagynda barmak oýnatmakdy. Pi:le agram salanda, agsaýan aýagyny zorukdyranyny bilip, ol ynjy bilen gaşyny çytdy. Gyssanjyna pişegi taşlap, nädip ýeke aýagy bilen pi:l işledeneni ýadyna salanda bolsa, gülküsi tutdy. «Iki aýagymam sag bo- landa dagy, daýhançylykda öňüme adam geçirjek däl ekenim-ow». Şu pikir kellesine gelende, çalaja baş ýaýkady. Göz öňüne Andreý daýy gelip, gulagy- na onuň: «Bar güýç-gaýrat bilimdedir, şony ele alybilseň, öňüňde durjak zat bolmaz» diýen sözleri ýaňlanyp gitdi. * * * Gaýyp indi pişegi tas iki garyş ulaltmaly boldy. Bu müşgil işem, ýüzi ak bolmuş, Andreý Pawlowiç oňardy oturyberdi. Nöküsdäki harby gospi- talda özüniň şeýle pişekleri ýasaýan tanşynyň bardygyny aýdyp, uzaklaş- dyrmanam getirdip berdi. Gaýybyň gabyl pişek goltugyna girende, derdi ýeňlän ýaly bolaýdy. Indi ol arkaýyn ýazyp-pozup bilýärdi, iň esasanam, säginmän okamany oňarýardy. «Bular heniz ýörjen-ýörjen ädimler, bilimleriň çuňlugy asman ýaly beýik, deňiz ýaly çuňdur, ine, sen şol ýerlere ýetmeli» diýip, Andreý Pawlowiç ýanjaýardy. Burnunyň aşagy garalyp ugran ýetginjegiňem göwni indi oba syganokdy. «Gitsem, gezsem, görsem, bilsem» diýýärdi. Owşuk baýam muny duýýan ýaly ezmaýyşlyk edýärdi. «Bu gapa günde-günaşa myhman-mediwan gelip-gidip dur. «Owşuk baý bagşy aýtdyryp berdi» diýilse, özümiziň ab- raýymyz. Sen indi teblede daňylgy duran şu dört-bäş ata, hol, ýüwrüp ýören baýtallara perewüş et-de geziber, «gel» diýen wagtymyz dutaryň ýanyňda bol- sun» diýipdi. Serwijan gelnejesem indi «ýüwürjijigim» diýip, mylakat bilen oglanyň öňüne doly saçagy süýşürýärdi. Baýyň daşgynrak daýy ugrundan bolan Çary bilen jyny jyňkyryşýardy. Çary aslynda, esasy atbakardy. Ýöne olam güpürde- şip, Kyrkgyz oý tarapa ýazylyp gidýän ýa-da «ýaz örüsi» diýlip, Üstýurt gyrla- rynyň eteklerine, Sarygamyş ýakalaryna sürülýän ýylkyban çopanlaryň ýanyna goşulman, Owşuk baýyň gapysyndaky bakysy ýetik, hemişe eýeri gapdaljygyn- da duran ýüwrük atlara esewan edýärdi. Gaýyp indi özünden üç ýaş uly Çarynyň kömekçisine öwrülipdi. «Ynkylap», «aklar», «gyzyllar» diýlen täze gepler indi, Köneürgenjiň bazaryna barsaň, harytdan, nyrh-nowadan owal agzalýardy. Her hepde Andreý Pawlowiç bilen duşuşýan, kera-mara çaýlaşýan, hat-sowat «ýüküni» agraldyp gaýdýan, orsça indi patdyk-putduk gepläbem bilýän Ga- ýybyň «Ýat ilde gürrüň kän» diýlenine uýasy gelýärdi. Daýysy bolsa-da, Ow- şuk baýdan içi ýylamaýan Çaryny bir gün Gaýyp «yralap» gördi: — Beýdip gezip ýörseg-ä, eşigimiz iki, öý-öwzarymyz bitin bolmaýa. Meň aýdanymy etseň-ä: «Ýigit nesibesi al- nynda, at nesibesi aýagynda» etsek, niçik bolar?! — Nirä gitjek, başyňy alyp? — Garagum giň, haýsy depe-go- lunyň aňyrsyna özümizi atamyzda-da, «Bular bärde» diýip gygyrjak gümany ýok. — Pyýada nirä ýetersiň, çölüň bärsindäki duzly köle ýetmänkäň, gabyrdadyp, atyň öňüne salyp, ýagyrnyň- da-da gamçy oýnadyp, alyp gelerler. — Biz atly ýetmezleri ýaly, at münüp gideris. Çarynyň gözleri tegelendi; — «Alyp gaçaly» diýjek bolýamyň? Gaýyp göwnübir ýaly jogap gaýtardy, özem ýylgyrybrak aýtdy: — Adama birini münüp gidibererlik zähmet siňdirip, azap görkezendiris-ä baý agamyza ýa ýalanmy? Çary burnuna salanda, sesi çala çykdy: — Onyň-a dogry-da... Şol gün gürrüň şunuň bilen gutardy. Synçy Gaýyp gün geçdigisaýyn Çarynyň içine guş salnana dönüp barýanyny aňdy. Birki hepdeden Çary «ýaryldy»: — Beýdäýsek, yzymyzdakylara zu- lum etmezlermi?! — Seniň-ä ýumruk ýaly eneň, meniňem ýalňyz naçar doganym bar. Erkegiň eden işi üçin naçara azar berseler, bulaň tüýs namart boldugy. Onsoňam öwüsýän şemala burnuňy tutup, kelläňi işledip gör. «Täze durmuş» diýlen ýö- ne gulaga ýakýan gürrüňlerem bulary tisgindirer ahyry. Şeýdip, 1923-nji ýylyň güýzüniň başynda daňyň ümüş-tamşynda «atlaryň aýaklaryny ýazyp geljek» diýip, hersi birine münen ýetginjekler obadan çykyp, alnyny Garaguma tutdular. Olaryň ýitirim bolanyny agşam garaňkysy düşende bilip galdylar. Göz baglanansoň, niçik yz çaljak, nädip, nirä gidenini biljek?! Onsuzam zamananyň üýtgejegini habar berýän sowuk habarlardan ýüre- gi buz üstündäki Owşuk baýyň haly kürümine suw giden syçanyňkydan enaýy däldi. «Özüňiz jähennemiň teýzeminine gidiň, ýöne teblehanada segräp duran iki sany sarç bedewi münüp gitmäňize içim awap dur» diýip, hyň urup oňdy. Ýöne oglanlaryňky oňmady. Ýemreli oýa inip, atlaryny gorgunyna goýberip barýan ýetginjekleriň gapdalyndan zompa çykan birnäçe kişi, jylawlaryn- dan şapba ýapyşdylar. Ýüz-gözleri hyrsyz, gamçylaryny çommaldyp duran, at üstünde doňdurylana çalym edýän eberdes-zeberdes pyýadalara gözleri düşenden, oba oglanlarynyň reňkleri öçüp, dillerine badak atylana döndi. — Habaryňyzy ýagşy tapsaňyz-a, atyňyzy alyp, özüňizi kowup goýbersegem, kyýamata-magşara çenli bize alkyş okap gezersiňiz, ýogsamam... Murty bir penje bolup duran, aňňal burun, ala gözleri içiňden geçip barýan adam eýeriň üstünde gyşyk oturyşy- na kümüş saply gamçyny talawladyp, şeýle diýende, az-kem özüni dürsän Gaýyp ysgynsyzrak dillendi: — «Item doýrup öldürerler» diýip eşidýädik, biz-ä özüňiz ýaly ynsan balasy, ilki bir «ýol bolsun!» soraň, kimdigimizi, nireden gaýdanymyzy anyklaň-a, agalar. Pişge murtlynyň ýanynda duran uzyn biri köseleç eňegini çüreldip, içýakgyç güldi: — «Kim siz, nireden?» diýip, biziň-how, sizi giýew etjek aladamyz ýok, kän gepleseňizem, kelläňizi pyzlawuk kädä döndereris. Pişge murtly onuň agzyndan aldy: — Mädem, mugtuna kelle ýokdur alagada togalaberer ýaly. Akylyňam boýuň uzynlygy ýaly bolaýsady käşgä seň. Gapdaldan biri dillendi: — Hany, «Sakawyň soňuna seret» edägede, özlerini gepledip göreli. Pişge murtly buýruk berdi: — Hany, ikiňem çöküň şu ak çä- gäniň üstüne, geplejek gepiňizem ak ýürekden bolsun, ýalan goşanyňyzy aňaýsam, balça janyňyzy gylça-da görmen, düşdüňizmi! Gorkudan ýaňa Çarynyň demi içine dolup, dili peltek bolupdy. Muny aňan Gaýyp başlady. Özem pişge murtuň göni bäbenegine bakyp, ähli zady bolşy-bolşy ýaly aýtdy. — Hä-äk, bu eden işiňiz üçin Owşuk baý yzyňyzda galanlara hunaba iýdirmese ýagşydyr-da — diýip, ýüregi ýumşan pişge murt nökerbaşy başyny ýaýkady. Ýetginjekler hanyň huzurynda gögerdiler. Uly oýuň içinde başly-barat gurlan gara öýler, çem gelen ýerde dikilen çadyrlar, her ýerde-her ýerde agzy garalyp görünýän ýerkümeler, biri dabyrdap gelse, ikisi güpürdäp gidýän atlylar, garaz, ibirtde-zibirtlikdi. Oýuň ortarasynda dikilen goşa ak öýüň çepdäkisiniň agzyna eltilip, «demiňizi çykarman oturyň!» diýlen permana boýun sunan oglanlaryň reňki öçükdi. Kim bilýär, takdyryň indiki oýnunyň hol tüweleýler ýaly niräni tozatjagyny? Kaýyl bolup, boýunlaryny sallap çökdüler. Şol wagtam garaşylmaýan geň waka boldy. Gapdaldaky ak öýüň dagdan agajyndan ýasalan gapysy sessiz açyldy-da, galdyrylan eňsiniň aňyrsyndan ilki bir, soň, ýene iki kelle göründi. Ilki çykan gyrçuw sakgal yzyna düşüp, başyny aşak salyp gelýäne seredip, janagyryly hüňürdedi: — Ýa parsyçalaňda, ýa nogaýçalaňda-da bolaýmal-a, reňkiňi sary şagalyň reňki ýaly edip dursuň. Indi seni han aga bilen gepleşdirer ýaly dilmaç tapjak bolup, gör, nirelere ser-sepil bolmaly boldum. Häý, seniň bir... Müçesi kiçijik saryýagyz adam gorkusyndan: «Nu, ladno, ponadoýeli wy mne!» diýenden, gapdaldan rusça gepleýän ses eşidildi: — Gadyrdan, näm boldy beýle? Ol adam gapdala öwrülişine gel- di-de, çommalyp oturan Gaýyby gu- jaklady: — Wah, doganjygym, dadyma ýetiş, ýogsam bular çekeläp meniň janymy aljaklar, dilime düşünmäni üçin. Gyrçuw sakgal pyýada gum içinde görýän gudratyna ynanmaýan ýaly, pessaý basyp gelşine, Gaýyba iki elini uzatdy: — Essalawmaleýkim, tagsyr! Dilmaç gözläp, howp-hataryň içine gitmekden, ýol söküp entemekden, barybam, aýagyna ýykylyp: «Gidegaýly, gaýrat et!» diýip ýalbarmakdan, olam bolmasa, tüpeňiň nilini görkezip: «Paçakgömdi ederin» diýip, zora tutmak- dan dyndarsaň, guýrugyny göteribilmeýän iki maň seniňki. Sähel salymdan Gaýyby hanyň alnynda dikilgazyk etdiler. Egin-eşigi sal-sal, aç-suwsuzdygy ortadaky doly saçaga gözi bilen ymsynyp oturyşyndan belli, hortap, bir aýagyny ýempäp alýan ýigdekçäni ilki seňrigini ýygryb- rak synlan hanyň onuň dilmaçlyk edi- berşine gür gaşlary gerlip gitdi. — Bu adam Maşatdan gaýdandyklaryny, özüniň «Ýewropa—Ost» şereketiniň wekilidigini, ugrunyň Buharadygyny, şol ýerde wekilhanalarynyň bardygyny, işiniň deri, ýorunja tohumy, pagta süýümi, gawun kaky, haly satyn alyp, Eýranyň, has anygy, Maşadyň üsti bilen Ýewropa bazaryna aşyrmakdygyny aýdýar. Ol saňňyldap oturan saryýagyz kişini gözi bilen ýuwdaýjak boldy: — Ýarag söwdasy, gaçakçy haryt bilen arasy bar bolaýmasyn, anyklap sora! Saryja adam janygyp gepini gutaryp-gutarmanka, Gaýybyň inçemik sesi hanyň gulagyna ýetdi: — Ýok, «Biziňki arassa önümçilik, şoňa gerek harytlary özbek, türkmen gyşlaklaryndan, ýagny Hywa hanlygynyň, Buhara emiriniň çäginden ýygnaýas, häzirem Buharada şol harytlary toplap, maňa garaşyp otyrlar» diýýä. Güberilip oturan han gobsundy: — Söwda pygamberlikli pişe, il-günem özünden artygyny satyp, ýalanybilýän bolsa, bärden äkidilýän haryt özge milletiň geregine ýaraýan bolsa, bu kişem şol işe dahylly bolsa, ýoly açyk! Bu habary öz dilinde eşiden kişi müşgil işiň asan bolanyna begen- jinden ýaňa, gapydan ýöräp däl-de, uçup çykdy. Han çalaja ardynjyrandan, altmyş başly ak öýüň gapysy ikiýanlaýyn serpilip, içerik garawulbaşy girdi. Buýruk gysga boldy: — Bu ýigidiň eginbaşyny täzeläň, ýuwnup-ardyndyryp, iýdirip-içiriň, soň meň ýanyma getiriň! Öýden çykanda, özüni San Sanyç diýip tanyşdyran adam özüni ugratjak bolýan dykyzja pyýada bir zatlar-bir zatlar diýip, çykan gapysyna el salgap durdy. Gapydan çykan Gaýyba gözi düşenden, ol atylyp gaýtdy: — Zulmatdan, belki-de, ölümden halas edeniň üçin, doganjygym, men saňa ömürboýy alkyş okap gezerin! Içi eljuk diýýänem bolsa, keýpi topugyndan dökülýän Gaýyp begen- jinden Nikolaýewleriň maşgalasynda bolan wagtlarynda öwrenen «Step, da step krugom» hemem «Po Donu gulýaýet kazak molodoý» aýdymlarynyň hersinden bir bendi hiňlendi weli, saryja ýüz begençden, haýran galmakdan ýaňa al öwüsdi. Hanyň huzuryna eltilende, Gaýyp gepini bulaşdyrman, başyna düşen wakalary birujundan aýan etdi. Gepiň soňuna ýetende, ýanbaş taşlap ýatan han diklendi: — Häý, gurrumsak Owşuk baý nebsine baglanypdyr-ow! Bolan işe çäre ýok, inim, Gaýyp. Seni han dädeň ýanyna perişdeler ýollandyr, dilmaçsyz kösenmesin diýip. «Kasas kyýamata galmaz» edibem, häzir Owşuk baýyň üstüne atly goýberip, gözüne basyp, ýüz goýny seň üçin, ýüz goýnam ýanyň bilen gelen ýigit üçin alarys. Gaýyp daljygyp gepledi: — Taňryýalkasyn! Ýöne maňa goýnam gerek däl, malam. Gapa mäledip eltilende-de, ony gabara ýatagam, yzyna düşüp bakara adamam ýok. Hally doganymam bir naçar, gözüni sykyp oturandyr. Hernä, baý, meň üçin şo naçara kesapat etmeýän bolsa-da biridir... Birdenem oýurganyp oturan Gaýyp towakga ediji nazaryny hana dikdi-de, gabaklaryny aşak goýberdi. Düşüş han bir agyz: — Ýüregiňdäkini dök, inim! — diýdi. — Döksem, han aga, men-ä siziň derdiňize ýararyn, aýagym maýybam bolsa, dilmaçlygy oňararyn, ýöne Çarynyňky kyn, yzyndakylaram ot-elek bolup oturandyrlar. «Ýaňky diýýän mallaryňyzy goşup, şolaryň gapysyna eltdirseňiz, özünem obasyna ugratsaňyz» diýjek boldum. Han tutuş durky bilen ýylgyrdy: — Aýagyň agsagam bolsa, akylyň has uzyn eken, Gaýyp jan! Diýeniň bitdi bil! Şu günden başlap, sen meniň kätibim bolarsyň! Egni bitin, garny dok bolsa-da, oňa nämedir bir zat, ýok, köp zat ýetmeýän ýalydy. Iş, hysyrdy ýeterlikdem ýogsa. Hanyň goş basyp ýatan ýeri Damlanyň oýuna çar tarapdan myhman, ýumuş- tabşyryk bilen ugradylanyň gelmeýän güni ýokdy. Golaýdan-daşdan gelýän myhmanlar az bolmansoň, Gaýyby- ňam iş-aladasy ýetik bolýardy. Rusça bolsun, tatarça, uýgurça bolsun, tapawudy ýok, ol säginmän terjime ederdi. Ýarym ýyl dagy geçiberende, bir gün han ony ýöriteläp çagyrdy. Daşarda bahar nepesi duýulýanam bolsa, hanyň ýüzi çytykdy. Çaýdan boşan käsesini gyrmyzy gölli halynyň üstüne pyrlap goýberdi. Uludan dem aldy-da, gabadynda oturan ýigdekçäni dikanlady: — «Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar» diýleni. Sen agtygym ýalam bolsaň, içimi dökýänim, seň ýyldyzyňy ýagty görýänimden, inim. Il-günüñbagty üçin seň ýalylar bir aman gezsin, howp-hatardan daşda bolsun! Şoň üçinem, Gaýyp jan, sen bärden git, özüňem daňa golaý demlek atlaň birini mün-de, dehin Gyzylarbat tarapa aş. Men yzyňda: «Gaçyp gidipdir» diýlen gürrüň çykar ýaly ederin, ýogsam meň- kileriň içinde-de gulagyny gerip ýören, belki, bardyr. Gaýrak gitseň, «Hanyň ýanynda boldy» diýip, derrew gapjarlar. Şonuň üçin «Gyzylarbat tarapa git» diýýän, ol köpüň üýşen, hemmäniň maňlaý urýan ýeri, tanalyp durmarsyň. Galamasynam Alla oňlasyn! Şol gije Ülker dik depä galanda, ýüwrük atyň üstünde eýere bile biten ýaly bolup oturan Gaýyp Damlanyň oýundan saýlandy. Hanyň öňünden iberen ýolbeletleri iki depe aşylansoň goşulyşyp, ony Ataguýa çenli ugratdylar-da, Hywa — Ahal kerwen ýoluna düşensoň, allaýarlaşyp, yza döndüler. ...Wagt geçer, ýurt içinde tanalýan alyma öwrülen adam hanyň il-ýurdundan üzülip gidendigini, şol ýerdäki mesgenini ata Watanda göbek gany daman obasynyň küýsegi üçin Kep- derihana atlandyrandygyny, ogullaryna bolsa: «Men ýogalsam, başujumy gaýra edip jaýlaň, goý, Watandan öwsen ýeller kellämi sypap geçsin» diýip, sargyt edenini eşidip, hyrçyny dişläp, gözüne ýaş aýlar. «Ine, Watany ezizlemegiň hakyky nusgasy» diýlen pikiri kükregine hemişelik ýazar. Ýöne bu şuglaly pikir-garaýşy açyk aýan etmäge alyma ýaşan döwri ejaza etmez. * * * 1924-nji ýylyň baharynyň ilkinji aýynyň ahyrlarynda Gyzylarbada (häzirki Serdar) inen Gaýyp bu şäheriň ululygyny görüp, agzyny açdy. Kaşaňlygy, dürli-düregeý adamlaryň ibirt-de-zibirtligem üstesine. Daş dü- şelen köçelerinden ýöreseň, ylaýta-da, wagon abatlanýan zawoda golaýlasaň, orsçamy, gazakçamy, lezginçemi azerbaýjançamy, ermeniçemi, parsçamy, buluççamy... haýsy dil diýseň gulagyňa ilýär. Gaýyp şähere keýpi bozuk girdi. Han aga: «Ýat ýerde hor-homsy gezmez ýaly, baran badyňa, bu mes alaşany sat. Şäheriň gaýra eteginde mal bazary bardyr, saraýyna ýetmänkäň, at tanaýanlar gelerem, alaram» diýipdi. Ýöne jüre getirmiş mele at şäheriň görülmedik goh-galmagalyndan ürkdümi, otlynyň gulaga çakyr degýän sesinden tebil tapdymy, üstündäki üzeňňiden aýagyny sypdyrandan, irişmesini basdy-da, toýnaklaryny jüp zyňyp, yzyna tarap gyp basaýdy. Ony tutmag-a beýlede dursun, atybam alyp boljak däldi. Gaýyp, bir-ä ajy ýylgyrdy, birem atyň yzyndan gygyrdy: — Getireniňe sag bol, ýarpy ýolda eýerden agdaryp, gaýdan ýeriňe giden bolsaň näderdim?! Aýagynda oltaňy ýuka çokaý, eg- ninde içi pagtaly dony, egninde-de dutary. Ýeke ýarany ýokardaky Biribar. Aýak ýeter ýerde, ylaýta-da, bu şäherde ýeke tanyş-bilşem ýok. Şonda-da ol özüniň saýrydygyny aňdyrmajak bolup, çepiksi göwresini merdemsi tutdy. Ýarym günläp ýat şäheri aýlan- dy, gördi, göwün solpusyndan çykdy. Donunyň içinden biline guşan ýagly- gyna dolanan ýarty nany, aňyrsy eljuk diýip duranam bolsa, bölüp-bölüpjik üç gezek huruş edindi. Galan wagty köçäniň ugrunda biminnet paglap du- ran kranyň suwundan garnyny gözedi. Iki gatly kerpiç jaýlaryň, demirýolçularyň köşgüniň öňünde oturyp dutar tiňňirdetdi. Ertesimi, birigüni öňüne uly tut ekilen jaýyň agzynda iki aýagy ýere berkidilen uzyn oturgyçda jaýlaşyp, dutaryny düzdi. «Nar agajyndan» başlap, birdenem dutarda rus aýdymlarynyň, garagalpak heňleriniň, «Horezm lezgisiniň» nagmalaryny eňterip ugrady. Bir başyny galdyrsa, daşy özi ýaly, olardan kiçiräk oglanlardan, has çülpe çagalardan egele bolaýypdyr. Şol wagtam asman reňkli derweze açyldy-da, içerden ak mapraç daýzanyň ilki ýüzi, soň dolmuş göwresi göründi. Hojaýyn zenana gözi düşen Gaýyp sazyny, sözüni kesjek bolsa-da, zenan ümi bilen «dowam ediber!» diýdi. Soňky kakuwyny etdem weli, gelip oglanyň gabadynda saklandy. Şol aralykda içerik girip-çykan daýzanyň elinde bir kesemen tamdyr çöregi bilen bir şakäse gatyk bardy. — Hany, ilki bir şulary bokurdagyň- dan ötür. Gygyrmaga-da gurp gerekdir, ballym! Gaýybyň ýüreginiň üsti sypalanan ýaly boldy. Içi eljuk diýýän çepiksije göwre aňyrsyna il gonansoň, diklenen ýaly boldy. Zenan pessaý seslendi: — Sen ertir şumadam gel, bomy ballym?! Hoşamaý söze zar Gaýyp yzly-yzy- na başyny atdy. Oglanlar ol aýalyň adynyň Dursun daýzadygyny biri-birinden öň buşladylar. Ertesi aýdylan wagtda derwezäniň agzynda gögeren Gaýyp dutaryny gabyndan çykaryp ýetişmänkä, gapy açyldy-da, ondan uzyn boýly, nurana adam çykdy. — Bagşy, gelen bolsaň, indi aýdymyňy içerde diňläýeli! Özüne «bagşy» diýlenine ýygrylan hemem az-kem begenen ýetginjek içerik aýak atdy. Tördäki giň otagyň içinde saçak ýazylypdyr. Gülli keçäniň üstüne mürähet edilende, geýim-gejimi kirjigip giden Gaýyp ýaýdanjyrady. — Sen, inim, öz öýüňe gelen ýaly bolaý. Meniň adym Şamyratdyr. Ala-böle biziň gapymyza gelip, dutar çalyp, nama gygyrmagyňy, ýaşymyz gaýdyşanam bolsa, är-aýal ikimiz gowulyga ýorduk. Hany, indem aýdyp otur, sen niräniň bilbili, nireden uçup, nirä gonup ýörsüň?! Öňünde goýlan gantly çaý ýaly süýt owazda berlen sowal ýetim oglanyň göwnüni bozdy. Horlukdan ýaňa çekge süňkleri çykyp duran atýüzde has çukur görünýän goşa didäniň nemlenip gidenini gören öý eýeleriniň ýüreklerine hem gozgalaň düşdi. Gaýyp birujundan bolşy-bolşy ýaly, durmuşyny gürrüň berdi. Käsedäki çaý sowap gitdi, her sözi gulaga top bolup degýän, ejizje gerden çekerden has çökder ýowuz- lygyň içinde eýýäm «gaýnap-bişen» ýetginjegiň synasyndaky ýetmezliginiň üstesine, «Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter» edilip, hor-zarlyga uçradylmagy öý eýeleriniň ýüregini ezdi. — Onda, Gaýyp jan, sen şu gün- den başlap, şu öýde ýaşarsyň. Dursun ikimiziň çagamyz öň bäş bolan bolsa, indi alty boldy. Gelnejeň saçaga nahar getirýänçä, ýör, hany, bärik! Düşüş borly, Dursun daýza, täze bolmasa-da, täp-tämiz birlaý eşigi äriniň eline tutdurdy. Şamyrat aga howlynyň aýagujragynda guran ham- mama Gaýyby salyp, ýaňky eşiklerem gapdalda goýdy. — Egniňdäki soýkalaryňy zyň-da, gyzgyn suwda endamyň gyzarýança sabynlanyp, şulary geý, bomy! Emin- erkin ýuwnuber! Kir-kimiri dökülen, tämizje eşik ge- ýen Gaýyp indi başga oglana öwrüldi duruberdi. Şol agşam kyýamatlyk ogully bolan Şamyrat aga kiçeňräk oturylyşyk etdi. Demir ýolda parowozyň maşinisti bolup işleýän Şamyrat aganyň birki sany işdeş dosty, dul-degşir goňşusy Aşyr aga saçak ba- şyna üýşdüler. Iýlip-içilensoň, Gaýyp dutaryny eline aldy. Talhyn ýolundan başlanam bolsa, kem-kem goşa kiriş çekildi, namalaryň owazy belende ga- lyp ugrady. Şirwan perdä çykyp, «Sataşdym», «Şirin-şeker», «Dagarman», «Bidert ýarym», «Ak ýüzli Maralym» ýaly çeküwli aýdymlara gygyranda, derwezäniň agzyna üýşen oglan-uşak az bolmady. Ozalam bala-çagasy ýetik öýde Gaýyp saýry saýylmady. Gaýtam, onuň hokgabazlygy, ýok ýerden oýun tapyberşi, oturan ýerinden goşgy dü- züp, soňam «Indem men muny size aýdym edip aýdyp bereýin» diýip, dutaryň heňine goşup şirin nama eňterişi, ors, gazak, garagalpak, ta- tar dillerinde gürleýşi çagalary däl, özünden ulularam ýüpsüz baglady. Geň galyp: «Ah-aw, munça dili bu ýaşyň içinde haçan, nireden öwrenip ýörsüň?» diýip sorardylar. Şonda indi keýpi açylyp ugran Gaýyp ýylgyryp, «Entäp ýörkäm, köçede duşan çagalarymdan, ors dilini bolsa ilki Köneürgençdäki Andreý daýydan öwrendim, indem, geliň, size öwre- deýin» diýerdi. Gaýyp üçin iň hezillik zat otla münüp aýlanmakdy. «Haş-haş» edip duran parowozyň seredeniňde, uzak gözýetim görnüp duran aýnasyna maňlaý diräp duransyň, birdenem göreşe çykjak pälwan ýaly, uludan «dem» alar-da, ol öňe ümzük atyp ugrar. Şonda ýetginjek «bir-iki» di- ýip, tekerleriň «şakyrt-şakyrt» edýän seslerini sanardy. Baý, täsindigini! Şeýdip, ýer tükenýänçä gitseň otur- saň! Her dürli täsin närseleri görüp, gözüň ganyp, göwnüň doýardy, hä?! Şonda göwni göçerdi-de, ýetginjegiň bilýän ähli dillerinde aýdyma gygyry- beresi gelerdi. Arman, ýöne Şamyrat parowozçynyň ony iň aňrybaş äkidibilýän çägi Bäherdendi. Şonda-da Älemi aýlanana dönen Gaýybyň pyýadalap, yza gaýdylanda, ökjesi ýere degmezdi. Bir gün agşamara goňşusynyň howlusyna giren Aşyr aga gözüniň görýänine ynanmaýan ýaly sägindi duruberdi. Tekiz topragyň ýüzüne küşdüň tagtalarynyň şekili çekilendi. Gapdalynda Gaýyp hem-ä dutar çalyp çagalary güýmeýärdi, hemem çyny bilen janygýardy: - Ertir mata-marlykdan, tagtamy, galan-gaçan agaçdan çöplerinem ýasarys, onsoň, baý, küşt oýnarys-a! Çagalar: «Ur-ra, hezillik bor-aý» diý- şip, wagyr turuzdylar. Aşyr aga hiç zat diýmän, yza döndi. Sähel salymdan ol goltugy küşt tagtaly girdi. Gapdalda- ky giň agaç sekiniň üstüne geçibem, gaşlaryny gerip, höwes bilen seredýän Gaýyba ümledi: — Dik çöpleriňi! Haýsynda oý- najak? Isleglisiniň üstünden barana dönen ýetginjek ak çöplere ýapyşdy. Birinji döw gutarmanka, Şamyrat aga hem derwezeden girdi. Asyl, oýun gutarar- ly däldi. Özüni ýeserje oýunçy hasap edýän Aşyr mygallym garşydaşynyň, ýumruk ýalam bolsa, ediberýän göçümlerini, garaşylmaýan hüjümlerini görüp, birbada aljyradam. Atyny sürýär weli, perzisini hekgerdip, öňünde keserdýär-de, «Indi nädäýerkäň?» diýip, çala gülümsiräp otyr. Ber jogabyny, sür, sürübilseň dar meýdana gabap, piliňi, atyňy, pyýadaňy goýbermän, sähel ahmal galsaňam, «urup ýykjak» ýa-da «ýesir aljak» bolup otursa. Ilki göwnüýetmezçilikli başlanam bolsa, Aşyr mugallym döwüň soňuna oýlanyp, pikirlenip, maňlaýyny derledip, zordan ýetdi. Ýerinden turubam, garşydaşynyň elini gysdy: — Zehiniňe berekella, inijigim! Alla, tüweleme, saňa herbaplygy gysganman eçilibilipdir. Çaý-nahar edinilensoň, oglan göwni böküp duran Gaýyp ýene çagalara goşuldy. Aşyr aga bolsa ýetimden ogul ýasan Şamyrat aga bilen gijäniň birmahalyna çenli nämedir bir möhüm gürrüň edip uzak oturdy. Ahyry olar «bir çukura tüýkürdik onda» diýşip hoşlaşanlarynda, Gaýyp eýýäm uklapdy. Ornuny çalşykda işlänsoň, iki gün- lük tabşyryp gaýdan Şamyrat aga bi- len öý bikesi Dursun daýza ir ertirden bir hysyrda ulaşypdylar. Muny azajyk gijräk oýanan Gaýyp bada-bat duýdy. Haçan-da, çaý içilip bolnanda, gapy- dan giren Aşyr mugallym ähli zady aýan etdi. — Gaýyp, inim, biz agşam Şamyrat bilen maslahatlaşyp, seni okuwa ýerleşdireli diýen netijä geldik. Özüň näme diýýäň? Gaýybyň guşy uçana döndi: — Wah, eýdip bolsa, nä söz, ýa- şulular! — Düş onda yzyma, inim jan. Bel- ki, Huda... Eýýäm ot-elek bolan Dursun daýza elewredi: — Wah-wah-eý, öwrenişip barýan, köňül telwasymyza öwrülen oglany gözümizden uçuraýjag-ow siz... Bu söz dagy «witjik» diýleni bolaý- dy. Gaýybyň gitjegini eýýäm eşidip ýetişen çagalar, baý, gowurdy turzandyr-ow! «Goýbermäliň-eý, geliň!» diýip, oglanyň syýyndan ýapyşyp ýa- tanlaram, «Onda bizem bile äkidiň!» diýip, hakyt zörledip duranam bar weli, ulular gözlerini tegeläberdiler. Ylaýta- da, Şamyrat aganyň çagalary, soňam Aşyr aganyň agtyklary: «Gitmesene, Gaýyp, galsana!» diýip, izzildeşip ug- radylar. Aşyr mugallym «Aldamaga oglan ýagşy» diýlenini etdi: — Duruň, hany, gykylygyňyzy goýuň, sizem süpüriň gözýaşyňyzy. Nemederis, häzir gidip, Gaýyby mekdebe ýazdyrarys-da, ýene alyp gaýdarys, bomy?! Ýagydan sypan ýaly bolubam, Ga- ýyby yzyna tirkäp, derwezeden çykma- ga howlukdy. Olary Şamyrat aga Gyzylarbadyň stansiýasyndan ugraýan işçi otlusynyň maşinistinden haýyş edip, Gökdepä ýeter ýaly etdi. Gün gijöýläne sallananda, ozal bu ýerlere ýetik Aşyr mugallym Gökdepedäki mekdep-internatyň direktorynyň iş otagynda otyrdy. Pawel Pawlowiç arzy-haly diňländen soň, täze okuwçysynyň başarnygy bilen gyzyklandy. Häliden bäri çüňkdäki stulda sesini-üýnüni çykarman oturan ýetginjek arassa rus dilinde: — Okuwa kabul etseňiz bolýa, ynamyňyzy ödärin — diýdi weli, zöwwe ýerinden galan direktoryň salpyrak gulagyna ildiren äýnegi tas gaçypdy. Geň galmakdan ýaňa, gür sary saçlary ýaýbaň maňlaýynda iki bölünip gitdi. Ýuwaşjadan ýöräp barybam, ýempeýän aýagyna agram salyp duran ýet- ginjegiň egninden sypalady: — Başga-da bilýän dilleriň bamy ýa... Gaýyp bilýän dillerini sanadygyça direktoryň gök asmana meňzeş gözleri tegelenip, etlek eňegi barha ýokary galdy:— Eý, Hudaý, beýle okuwçy bizde okasa, nä armanymyz! Şeýdip, 17 ýaşly ýetginjek ilkinji gezek mekdep partasynyň aňyrsyna geçdi. Teşnelikden ýaňa tebsirip, zordan özüni köle atan guwa meňzän Gaýyp bu bolýan ahwalatlar düýşüdir öýdüp, özüni çümmükläbem görýärdi. Nirede görlen zat?! Hak hossarlyk eden hökümetiň egnine geýdiren päkize eşikleri, kadasy bozulman, günde dört gezek berilýän nahar-şam, ak gar ýaly ýor- gan-düşek, mähri ata-enäniňki kimin mugallymlardyr terbiýeçiler... garaz, ertekiniň içine düşen ýaly-da bolan zatlar. Birinji gezek epini ýazylmadyk täp-täzeje köýnek geýenine begenjin- den ýaňa, göwni mekdebiň giň howlu- syndan çykagada, egnindäkini geçip barýanlara-da görkezsem diýýärdi. Garaz, hezillikdi-dä! Begenjiň barynyň jemlenýän ýeri bolsa kitapdyr depderdi. Gaýyp içinden: «Men bulara ölüp ýetdim-ä, onda-da pişekli kowalap» diýip, öz ýanyndan ýylgyrardy. Onuň uçursyz zehinliligi, ylma görülmedik teşneligi, aşa ýatkeşligi, hyýalbentligi- niň asmana uçýanlygy, elinden dutar çalmagyňam, agaç ussaçylygynyňam, palçykdan her dürli oýnawaç ýasamagyňam geliberýänligi diňe okuwçylary däl, mugallymlaram haýran galdyrardy. Gaýyp weli özünden tas on ýaş kiçiler bilen bir partada oturyp okaýanyna käte ýygrylardy. Özi bilmezden, inçemik burnunyň aşagynda gap-gara bolup ugran murta serederdi, birem partadaşynyň ýaňy ýolnan zamça meňzäpjik duran taýpy ýaljak ýüzüne seredip, ajy ýylgyrardy. Şol wagt kellesine: «Ýeri, Şamyrat aga, Aşyr mugallym bolmadyk bolsa, eneňdenem hamrak Dursun daýza duşmadyk bolsaň, beýle bagt haçan maňlaýyňdan çykjak? Alla bilsin, şonuň üçin muňa-da şükür» diýerdi. Ýöne «zehini daş ýarýar» diýilýän ýetginjegi bir klasda ýarym ýylam oturtman, «bökdürdiler». Soňam bilim gorunyň galňaýşyna, onda-da bu babatda beýlekilerden «pellehana» has öň ýetýänligini nazarda tutup, ýedi- ýyllygyň şahadatnamasyny bermäge howlukdylar. Umuman, Gökdepedäki şu mekdep-internatyň milli bilimiň döremegin-de, soň tanymal, hatda ady-owazasy Türkmenistandanam daşa ýaýran onlarça alymlaryň, medeniýet, sungat adamlarynyň kemala gelmeginde köp hyzmat bitiren ýer bolandygy taryh sa- hypasyna ýazylar. 1927-nji ýylda Gaýyp Nepesow ilkinji gezek Aşgabada gelip gördi. Ol indi bu ýerdäki umumy bilim berýän rabfagyň — işçi ýaşlar okuw kursunyň okuwçysydy. Bu ýerde bilim berlişem, sapaklaryň guralyşam başgaçady. Hemme dersler rus dilinde alnyp barylýardy. Eýýäm onlarça däl, belki-de, ýüzlerçe galyň-u-ýuka kitaplaryň sahypasyny agdaryp çykan Gaýyby turuwbaşdan «otliçnik» diýip, ykrar edipdiler. Ylma suwsan ýigit diňe gündizlerine däl, gijelerine-de ýatman diýen ýaly okaýardy. Bile okaýanlary degşip: «Ozal pişekli gezýän bolsaň, bu okap ýatyşyň bilen, bir gözli bolubam galaýma» diýşip degşerdiler. Şonda eýýäm köp zatdan habarly ýigit: «Bilseňiz, dünýäniň iň meşhur alymlarynyň, pelsepeçileriniň, harbylarynyň käbiri ýa-ha agsak, ýa-da ýekegöz, ýogsamam ker bolupdyrlar» diýip gülüşdirerdi. Wagt diýeniňe salym ýok. 1930-njy ýylda eline diplom berlen ýigide: «Sen Daşoguz şäherine işe ugradylýaň» diý- lende, köňül perwazy özünden öň ol ýere baryp gonupdy. Zamana ýowuz- dy. «Täze durmuş üçin!» diýlen ýörelgä yňan halk, dogrusy, nirä ýöreýänini bilenokdy. Daşoguz okrugynyň batraçkomy- nyň başlygy wezipesine bellenende Gaýyp Nepesow ilki äm-sämräkdi. Ýaş ýigitde heniz idili tejribe-de ýokdy. Bilimine-de öz göwni ýetenokdy, heniz ýabygorly hasaplaýardy. Şon- da-da işlemelidi, özüňi görkezmelidi. «Özüňi görkezmeli» diýlen düşünjä asly garyp, köňli pukara ýigit aýagyň aşagyna berlen aty säpjedip, eliňdäki gamçyny bulaýlap, agzyňy köpürjikledip, çem gelene haýbat urup, iş otagyňda stol ýumruklap, abaý-syýasat bilen iliň gözüniň oduny almak diýip düşünmeýärdi. Gaýtam, ýek ýigren- ýäni şeýle zulumkeşler, agzy ýelliler, wezipä daýanýanlardy. ...Ir säher bilen Şabat kanalynyň üstünden gurlan agaç köprüden pyýadalap geçip barýardy. Bäş-alty adam birden münse jygyldap ugraýan köprü- den ileri geçseň, «täze şäher» diýilýäni başlanýardy. Lummurdap, mele tolkunlaryny kowalap akýan Şabadyň gaýra goltugynda bolsa köne şäher mesgen tutupdy. Köne şäher bir-biriniň üstünde diýen ýaly salnan jaýlaryň hatary bilen uzap gidýärdi. Darajyk köçelere girseň, juda belet bolaýmasaň, ol köçeden beýlekä ötseň, yzyňy tapmak hyllallady. Ker- wensaraýdan gije-gündiz atyň kişňeýän, eşegiň aňňyrýan sesleri gulagy kamata getirýärdi. Uly bazaram şu bölekdedi. Pah, onuň şowhunyny, gyzygyny, içine girseň bilersiň. «Göwnüň çökse — baza- ra, daşgynlasaň, mazara bar» diýlenini görjek bolsaň, şu bazara sowlaýmaly. Bazar diýleni gudratly borly. Zamana- sy zulmatly bolsun ýa-da hoşwagtly bolsun, ilaty garyp bolsun, baý bolsun, alyjysy az bolsun, köp bolsun, tapawu- dy ýok, şol bir şowhuny. Giren ýeriňde ululygy gözüňi tegeledýän gazanda palawam buglanyp dur, ondan aňyrrakdaky has kiçi gazanlardan göterilýän bug-tüsseden öň eli kepgirlileriň käsiniň şaňňy, käsiniň zoňtar, gapdaldakysynyň ýagjymak sesleri gulaklary doýrar: — Lakga iýjek bäri sowulsyn! Ýagy damyp duran lakga, ýaňyja tamdyrdan çykan ýuka petiri bilen! — Sary sazana gel, how! Hem der- man, hem deramatdyr! Bazaryň töwereginde diňe palçyk- dan diklenen horaşaja, pessejik tamlar däl, görseň «bäý-bä» diýdirýän, beýik, iki, käsi üç gat edilip salnan, derwezesine oýma hywa nagyşlary salnan, başy asmana ýetýän, aşagynda toý märekesi ýerleşjek güjümi görseň, keýpiňi tutdurýan gurgun howlularam az däldi. Palçykdan salnan jaýlar gyşyna ýyly, tomsuna bolsa salkyn bolýardy, jana juda ýaramlydy. Täze şäherde aglaba hökümet edaralary, kinoteatr, dermanhanalar, mekdepler, Nikolaý patyşa döwründe salnan, heniz golaýlamankaň, burnuňa künjaranyň, çig gabygynyň ysy haplap urýan pagta zawody bardy. Işe ir barmagy berk kada öwren Gaýyp edarasyna ýetiberende, maňlaýyny üstünden telegraf hem elektrik simleri geçýän sütüne berip, horja göwresini titredip aglap duran enäni görüp, aýagy baglanan ýaly boldy. Es-si aýylandyr ýa-da ýüregagyrysy dagy tutandyr öýdüp, ylgap baryp, tekge berdi. Ýüzlerindäki gasynlar gözýaşdan pürepür garry hossaryny gören ýaly, ýaman ýyglady. Gaýyp töweregine garanjaklasa-da, tebsiräp giden, gany gaçan ýuka dodaklara degrere suw tapmady. — Hany, ene, ýör, şujagaz ýerde meň iş ýerim bar. Baraly, özüňi dür- särsiň! — Wah-h, jan balam, ýeke dikrarym ojagyma gaýdyp barmasa, men hijem özümi dürsemen, garry göwräm şoň yzynda sepil bolar he-eý-ý... Hünübirýan aglaýan enäni göterip diýen ýaly iş otagyna getiren Gaýyp eýdip-beýdip, ony köşeşdirdi. Ýüregi düşüşen ene gözýaşyny seçelendirip, sary giden ýürejigindäkini dökdi: — Oturymymyz Maýly jeňňelden, atalary ir ölüp, naçar başyma üç gyzy, bir ogly döküp gitdi. Gyzlar durmuşa çykyp, öý-ojak boldular, şükür. Ýeke dikrarym Mäşerip jan bilen garyp tü- nekde bir garnymyz dok, bir garnymyz aç bolsagam, güzeran tigirläp otyrdyk. Özi düşbüje bolansoň, balam Täzebazardaky medresä gatnap okady, oňa äkidenem daýysy boldy, «Hat-sowat bilse, durmuşda eli çyragly ýaly bolar» diýip. Beýle boljagyny bilsem, hergiz jigerimden üzülen ýalňyz balamy o ýere goýberermidim, wah-h-h... «Ba- lam, gidiber okuw bolsa» diýen dillerim kesilsin-n... Gaýyp ýene gözýaşa boglan enä teselli berdi: — Hany, soňy haýyr bolar, belki, näm bolanyny bir anyk aýt, ene! — Anyk aýtsam, üç gün owal: «Sen dini mekdepde okapsyň, gelibem, obaňdaky çagalara şol bilýänleriňi öw- redipsiň» diýip, alyp gaýtdylar öýden, balajygymyň elini şatyrdadyp towlap... Adyny, atasynyň ismini anyklan Gaýyp gyzyl mahmal örtükli stoluň üstündäki gara telefona ýapyşdy. Galife jalbarly, aýagy ýalpyldap duran jaýyr- dawuk ädikli, dikýaka ak köýnekli, şar gara penjekli ýigidiň aýgytly hereket- leri, agzyndan gaçýan pert-pert gepler garrynyň çöken göwnüne teselli, gubar inen gözlerine röwüş berdi. Oňa çen- lem Gaýyp düýnde-öňňünde agzyna ýyly suw, ýeke dişlem nan degmedigi mesaňa bildirip duran garra bir käse gantly çaý içirdi, ýumşajyk, içi kişmişli kökejik iýdirdi. Gapydan ilki papagy jähekli milisioner, onuň yzy bilen ogly girende garry tas huşundan gidipdi. — Ene, ine, ogluňyz, sag-aman baryň, indi «Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýjek bolmaz. Ätiýaçdan... Ruçkany syýadana sokan otag eýesi gulak ýalyjak kagyza çalt-çaltdan bir zatlar ýazdy-da, özünden birküç ýaş kiçiräk ýigidiň eline tutdurdy: — Gapydan yrsarap, bahana göz- läp geleniň eline şu kagyzy beriň, hemmesi gowulyga bolar! Sähel salymyň içinde bolup geçen bu ahwalatyň düýşdedigine, huşdadygyna ynanybilmän, indi begenjinden boýur-boýur ýaş döküp duran garry Gaýybyň boýnundan gujaklady, maňlaýyndan ogşady: — Ylahym, bu ýalançyda görjegiň diňe gowulyk, toprak diýip tutanyň gyzyl bolsun, balam! Tä ölinçäm: «Indi oglum ikidir» diýip gezjekdirin. Eneli-ogul gidensoň bolan işiň änigine-şänigine ýeten okrug batraçkomyň başlygy ejize zulum edenleriň, aýdylyşy ýaly, «pirini kädä gabady». Bir gezegem «Basmaçylar täze gelen mugallymlaryň janyna kast etjek bolýarmyş» diýlen habar düşdi. Şol döwürde Kazandan, Ufadan, Garaçaý ülkesinden, anyk aýdanda, Orsýetiň musulman milleti ýaşaýan ýerlerinden mugallymlaryň ýüzlerçesi Türkmenistan Sowet Respublikasynyň towakgasy bilen bärik hat-sowat öwretmäge meýletin gelipdi. Ýerli milletden bolan adamlar bilen, garaz, çala-çula dil tapyşyp bilýän şol mugallymlar kyn şertlerde ýaşap, galagoply zamanda janlaryny töwekgellige salyp, mekdepleri açýardylar, ozal bar bolanlarynda, bolşuna görä, sapaklary guraýardylar. «Likbez» diýlip atlandyrylýan şol mekdeplerde gündizlerine çagalara, gijelerine hem ululara hat-sowat öwredilýärdi. Gorkunç habaryň gelen ýeri Tagtanyň Diregli obasydy. Gaýyp ýanyna üç sany milisioneri alyp, haýal etmän, ýola düşdi. Ir ertir ugran atlylar günortan çemeleri bardylar. Oba şurasynyň başlygy Aramet aganyňkyda çaý-na- har edinip, aýdylyşy ýaly, «agyzlary ysgap» ugradylar. Obanyň ilersi Ga- raguma sapyp gidýärdi. Palçykdan galdyrylyp, daşyna saman suwag urlup, hek bilen agardylan dört otagly, gapysynyň depesine «Mekdep» diýlip ýazylan jaý ýaýrawy uly obanyň günbatar-kyblasynda daşdan gelen- leriňem gözüne ilip, agarypjyk otyrdy. Ol ýerde är-aýal Kamila hem Şamil Baluýewler mugallymdy. Gum içindäki Ajyguýuda täze hökümet bilen «mäşi bişişmeýänleriň» mesgen tutandygy hakdaky «myş-myşlar» gulaga degýärdi. Olaryň bir böleginiň «täze gurluşa» gol ýapýanlara göz görkezmek üçin, şu töwereklere aralaşanyny anyk bilýänlerden eşitdiler. Çaky, olar şu agşam Direglidäki mekdebi gaýdyp okalmaz ýaly etmegiň, amatyna sa- lybilseler, «gelmişek mugallymlaryň» hem ýoguna ýanmagyň kül-külüne düşen bolmalydy. Aramet aga ýagdaýa görä gep urdy:— Obamyzyň «Gyzyl taýaklylar» diýleni bar, aglaba zeberdes ýigitler. Şolary eline ilen zat bilen gum ete- ginde ýatyrsak, bi seň ýanyň bilen gelenlerem mekdebiň töwereginde bukuda goýsak. «Bir gara — bir gara» etjegimiz-ä şu gara telpekden ant içibiljek. Siz bir ýolbaşçy adam, çeträkde bolsaňyz, kim bilýär, her hili howp-hatar bolubiler. Gaýyp çala gülümsiredi: — Aramet, bizden arkaýyn bol. Özümizem-ä özümiz, ýöne alys ýerden ýurt aşyp, bala-çagamyza hat-sowat öwretjek diýip gelenleri gözümiziň göregi ýaly goramak lazym. Şoň üçi- nem... Onuň aýtmadyk zady ýarygijeden soň aýan boldy. Tes-tegelek Aý: «Indi menem uklajak» diýýäne meňzäp, gün- batara eňňit atanda, güýz ortasynyň çigregi has bildirdi. Diňe obanyň kä bärsinden, kä aňyrsyndan, birdenem ortarasyndan çykýan «wawf-wawf» bolaýmasa, «itlerden özgesi uklapdyr» diýlen çagy. Birdenem ýerden çykan ýaly bolup, at aýaklarynyň dükürdisi eşidildi. Olar bäşdi. Çagyrylmadyk myhmanlar mekdebi alkymlap, jylawy çekenlerinde, iň öňden gelýäni ýuwaşdan ýognas ses bilen buýruk berdi: — Gulgeldi, letdäňi ýak-da, zyň içerik, gapyny depägede. Galanlary- myzam mugallymlaryny gözläli. Çep gapdaldaky jyňňyldady: — Begmet däde, olar ýaş, özlerem är-heleýmiş, bumat hezil edinip ýatan- dyrlar, heh-he... Gapdaldakam gep goşdy: — Şol hezilligiň hözirinden çykmankalaram, janlaryny jähenneme ugradaly diýsene... Golboýy taýaga gysdyrylan letdä ot degenden, töwerek ýagtylyp giden ýaly boldy. Şol wagtam asmandan gelene meňzeş ses gulaklary top atylan ýaly etdi: — Yşyk etdiňiz weli, garaňkyda şo- wakörlük bolýamy, ýigitler?! Ýaraglaryny «şakyrt» etdirseler-de, sesiň nireden gelýänini aňşyrman, biwagt gelenler äm-säm boldular. Inçemik sesliniň ýüregine dowul düşeni sandyraýan gepinden aňdyrdy: — Begmet däde, güpbasdy ediladykmy-aý. Gideliň-eý... Asmandan gelýän ses aýaklary baglady: — Çagyrylman gelenem bolsaňyz, butnasaňyz «hezzetiňizi» ýetirerler. Hany, bulaň Begmet dädesi, düş atyňdan, gep alşaly! Şeýle diýen göwre diwara söýelgi merdiwan bilen jaýyň depesinden düşende, dessine-de garaňkylykdan zomap çykan bäş-on adam «ähem- ühem» edip töweregi gabanda, jany bokurdagyna gelenleriň göwreleri däl- de, sulbalary atdan agdy. Gamyş ýaly galpyldaýan inçemik adam gaýra-gaýra tesdi: — Jan agam, eliňi somlap gelşiň, bokurdagy gysjaga meňzeş-le. Öldürme, yzymda iki çagam lägirip galar. Gaýyp töweregi ýaňlandyryp güldi: — Elimi öldürmek üçin däl, salamlaşmak üçin uzadyp gelýän. Taňry beren jany bendesi alsa, hunabasy diňe özüni däl, bala-çagasynam baýnatmaz-a, dogrumy?! Şu söze garaşyp duran ýaly atlylarbaşy Begmet kelteden dykyz göwresi- ne jaý gelmeýän gylyjyny boýnundan sypyrdy, nilini dikläp, göterip duran tüpeňinem Gaýyba uzatdy: — Ok bilen ataňda-da, ýaňky gepiňden artyk bolmazdy. «Bir ýazykdan är ölmez» etseň-ä, ynha, biz, ýok, edeniňize görä diýseňem, ynha, oklangy tüpeň, gys mäşäni, «wah» diýsem, Berdiguly işanyň agtygy bolmadygym. Gaýyp dykyz göwräniň gyrmyzy donly tekiz egnine kakdy: — Ýalňyşyp, yzyny tapanyň günäsi bolmaz, dogan! Aramet şura gürrüňe goşuldy: — «Berdiguly işan aýagynyň as- tyndaky garynjany basman, sowlup geçýän, özem ömrüni öz gurduran medresesinde oglanlara hat-sowat öwreden takwa kişimiz» diýip eşidýädik-laý. Sen şoň dogmalaryndan bolubam, külli iliň bala-çagasyna bilim, sowat öwretmäge gelen bendeleriň janyna darkaş gurup, mekdebi otlajak bolup ýörşüň pislig-ä däldir-dä, inim... Dili içine gidene dönen Begmät uludan bir dem alanda, ýogyn göwresi leňňer atdy. (dowamy bar)... | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||