19:03 Ezraýyl | |
EZRAÝYL
Hekaýalar
Ykbalyň bir öwrüminde ýeňillik bilen baýan adam ogluna nesihat edýär: — Oglum, sen pully, baý çagasyň. Şonuň üçin hemişe beýlekilerden saýlanmalysyň. Sen işlemeli dälsiň, işletmelisiň. Ertiriňi pikir etmän, aladasyz, bigam ýaşamalysyň. Meniň başymyň dikliginde, göwnüň näme küýsese, şony edip gezmelisiň. Adamsynyň sözlerine monça bolan öý bikesi-de jak-jak gülüp, gürrüňe goşulýar: — Wah, näçe gyzdan soň bolan balamsyň sen. Ýaşlykda biziň ýetde-gütde ýaşanymyz besdir, sen bir dünýäni süreweri, jan balam! Ogly kakasydyr ejesiniň aýdyşy ýalam etdi — deň-duşlarynyň ýanynda hemişe özüni ýokary tutmaga çalyşdy, jübüsindäki weşeň-weşeň pullaryny güjeňledi. Tirkeşende kellesi dolulary däl-de, jübüsi dolulary saýlady. Dogrusy-ha, meniklije oglanlaryň özlerem ondan gaçarak duranlaryny kem görmediler. Hossarlarynyň isleýşi ýaly, ol hiç mahal elini sowuk suwa urmady. Hatda özüne degişli ýönekeýje durmuş aladalaryna-da kelle agyrtmady, ony başgalar düzedip berdiler. Ol muňa hezil etdi, özüni hojaýyn, öňňäni hyzmatkärdir öýtdi. Gündiziň soňundan dünýäni tümlüge büräp garaňky gijäniň gelýändigi hakda asla pikirem etmedi. Küýi-köçesi iýip-içmek, ýeňles gyzlar bilen keýp çekmek boldy. Emma tizden bu zatlaryňam gyzygy gaçdy. Indi oňa üzümiň suwy ýaly gyzlaram, üzümiň suwundan ýasalan al şeraplaram lezzet bermäni goýdy. Ol has üýtgeşik keýp gözläp ugrady. Çünki kakasydyr ejesiniň hasabyny soraman berýän pullary ony gyjyklap, teý, gününe goýanokdy. Şeýdibem, ahyry «ak ýola» düşdi... Wagt geçdi. Ýeňillik bilen gelen baýlyk ýeňillik bilenem gitdi. Özem nä gitmek?! Ähli pul, öý-goşlar ajy tüssä öwrülip, diňe bir näletkerde ogluň däl, hossarlarynyň-da demliginden tutup, gözlerini ýaşlap gitdi. Hut düýnki günem hiç kime göwni ýetmedik, pullanaly bäri ýeke saparam Ýaradany ýatlamadyk kişiler: «Beýle güne salaryň ýaly, biziň ýazygymyz näme, Hudaý jan?!» diýip, Allatagala nalyş etdiler. Ýaşamaly ýaşyny paýawlap barýan goja ýaly törde tükge düşüp, iki eplenip ýatan ogluna gargynmak gargyndylar, tamasynyň çykmandygyny aýdyp, ýer ýumrukladylar. Ahyr ystyhana gaýra dur diýdirýän ýigidiň ýatan ýerinden ysgynsyz, emma ahmyrly ses eşidildi: — O nähili menden tamaňyz çykmanmyş?! Şujagaz ömrümde diňe siziň isleýşiňiz ýaly hereket etdim, hemişe özümi baý görkezip, deň-duşlarymdan saýlanmaga çalyşdym. Öwredişiňiz ýaly, hiç mahal elimi sowuk suwa urmadym. Öz etmeli işlerimi öňňelere etdirdim. Ertiriň barlygyny asla pikir etmän, diňe şu günümiň keýpi-sapasy bilen ýaşadym. Hemişe ilden üýtgeşik bolmaga çalşyp, sizi şol arzuwyňyza-da ýetirdim. Ine, serediň, ilden üýtgeşik edip ýetişdiren ogluňyz-da men! — Ol sözüne biraz dyngy berdi-de, sojap-sojap dem aldy. Soňam hyýrsyz nazaryny ata-enesine dikip, sözüniň üstüni ýetirdi: — Indi bolsa, ilden üýtgeşik çagaňyz üçin pul tapyň. Öz bagtlaryny özleri ýatyran är-aýal ilki bir-biriniň ýüzüne, soňam ogluna seretdiler. Gözi ýaşly gamgyn ene bagryny paralap özelendi: — Wah, jan balam, pul galdymy bizde?! Görüp otyrsyň-a, sataly diýsek, bäş şaýa geçjek goş-golamam goýmadyň-a bu tünekde... Ejesiniň nury öçüşen gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, özelenipler aýdýan sözleri ýigidiň daşa dönen ýüregini sähelçe-de ýumşadyp bilmedi. — Ýadyňyzdamy, bir mahallar: «Utanman goş-golamsyz tünekde mydar edip otyrlar. Özümiz-ä bir günem ýaşap bilmezdik» diýip, käbirleriniň üstünden gülüp, gürrüňini ederdiňiz. Şol sözüňizi ýatlaň-da, bu garyp tünekden ýüz öwrüň. Gara şaýa geçjek zadyňyz galmadyk bolsa, ýaşanyňyza namys etdirýän şaraňlap duran boş jaýyňyz bar-a, şony satyň... Her zada garaşsalar-da, beýle sözlere garaşmadyk är-aýal birbada doňup galdylar. Birhaýukdan aýňalyp seretseler, ol ýerde ogly däl-de, eli äpet maňňally Ezraýylyň tirsekläp ýatandygyny gördüler... Döwran AGALYÝEW. | |
|
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |