10:18 Gaçyjy bolmañ! | |
GAÇYJY BOLMAÑ! Ata-babalarymyz "Süýji-süýji iýmäniñ, ajy-ajy gägirmesi bar" diýipdirler. Biziñ sürüjilerimiziñ içinde-de ýurdumyzyñ aýna ýaly tekiz ýollarynda awtoulaglaryny ýol hereketiniñ düzgünnamasynda görkezilen düzgünleriń talaplaryna laýyk sürmän, ýol-transport hadysalaryny döredip, hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp ýörenlerem bar. Ýeri, gaçyp nirä gitjek diýsene?! Olar şeýle hereket etmek bile, bir-ä günälerini agraldýarlar, birem özleriniñ AHLAK TAÝDAN EJIZDIKLERINI subut edýärler. Aýdaly, tötänlikde ýol-transport hadysasy boldy diýeli. Günäkärem gaçyp gitdi. Ejir çeken welin, gyssagly kömege mätäç. Eger olam hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp gitse, ejir çekeniñ nä güne düşjekdigini oýlanyp görüñ. Gynansak-da, ýola çykanda batyr, ýol-transport hadysasyny döreden-de welin, hadysanyñ bolan ýerinden gaçyp gidýän towşanýürek we nalajedeýin sürüjiler seýregem bolsa ýüze çykyp durýar. Aleksandr SATUROW, | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||