01:43 Gar | |
GAR
Goşgular
Uzak garaşdyran mährem dost ýaly, Ýagyp dur bir ýyllap küýselen ak gar. Ruhuňy tämizlär onuň pes päli, Ruhuň näme tutuş älemi päklär. Baglar, jaýlar, mähelleli köçeler Asyl tutuş barlyk başgaça bu gün. Şatlyk sygaýjak däl her bir ölçege, Keýp edip hiňlenýär göçgünli göwün. Ýaşyl maýsalarytň ýaňagyn ogşap, Ýaza çenli ýardam bolar, nem bolar. Çagajyklaň sesi dünýäni gurşap, Adamlaň guwanjy asmana galar. Durlanýar, nurlanýar zeminiň durky, Gar ýagýar, gar ýagýar bagtyýar ýurda. Arkadagyň söýýän ak gülleri dek, Aklyk bar, päklik bar bu ýagýan garda, *** Gar ýagýar Göýä gökden perişde Türkmen topragyna rysgal oklaýar. Baglaryň barysy bir süýji düýşde, Geljek baharlara gaýrat toplaýar. Gar ýagýar Ses-üýnsüz enaýy dymyp, Dünýe döräp mydam bolmalysy dek.. Bu gije gar ýagsa ertir oýanyp, Çagajyklar çyndan begense gerek. Gar ýagýar Göklerden Zemine tarap, Söýgi bilen mähir bilen gelýär ol. Beýle ezizlige tolgunýar ýürek, Köňüllere joşgun, ylham bolýar ol. Gar ýagýar Ses-üýnsüz dymyp ýagýar ol, Oňa derek şowhun-şatlyk töwerek. Durky-görki bilen üýtgeşik gözel, Beýik zatlar şeýle bolmaly gerek. *** Al asmandan al howany gujaklap, Gaýyp gelýär başy aýlanan ak gar. Ol gaýtmasa asyl-asyl boljak däl, Gelýär onsaň hamrak taýyny ýoklap. Gaýtalap bolmajak gözellik, görk ol, Gelýär sessiz-üýnsüz, gelşikli gaýyp. Ak gül kimin zemin ýüzüni örter. Tutuş arş-aglada ýok onuň taýy, Nar ýaňagy agşam şapagy ýaly, Elleri pamyk deý gül meňizli gar. Hem misli päkligiň çapary ýaly, Äleme ýaraşyk gül köňülli gar. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |