3. ÝÜREKLERE BARÝAN ÝOL
Raýkomyň birinji sekretary Akmyradow penjireden daşaryk seredip durşuna, ýuwaşja gürledi:
― Ekişi gutarsaň otag, otagy gutarsaň ýygym, onsoň sürüm, soň ýene ekiş... Baý, gyzyklymy?
Gürrüňiň näme hakda gitjegini bilmänsoň, ispolkomyň başlygy Babaly Durdyýew oturan ýerinden yzyna gaňryldy-da, ýylgyran boldy.
― Aý, şeýle öz-ä.
Akmyradow ýerine geçip oturansoňam, esli wagtlap gözüni penjireden aýyrmady. Çalarak ardyndy-da, ýuwaşlyk bilen sypaýy gürledi:
― Işiň, elbetde, ilkinji nobatda zerurdygyny ikimiz biri-birimize düşündirmeli däl. Babaly aga. Ýöne biz başga-da has derwaýys zatlary unudaýýan-a däldiris-dä?
Ispolkomyň başlygy Durdyýew köne işgärdi. Öňem telim «birinjini» görüpdi. Hemmesi bilenem oňşukly işläpdi. «Bu ýigidem oňşuksyz-a däl welin, ýöne öňkülere-de kän bir meňzäberenok-da. Tutumy uly. Gözüňe görnüp duran kemçilikleri düzetdirýär welin, şony öň görübem düzetmändigine içiň dagy ýanaýýar. Ine, gelenine iki ýyldan sähelçe wagt geçdi welin, ähli obalaryň köçelerini çagyllatdy. «Wagty bilen asfalt hem düşäris» diýýär. Şol köçelerden gyşyna maşynl-a däl, pyýada-da geçip bolmaýandygyny göre-göre gelýäs ahyry. Emma şoň aladasyny etmelidir hem öýtmändiris. Bu bolsa gele-gelmäne başlyklary ýygnap, hemmesine: «Köçäňizi oňaryň!» diýdi. Nädip oňarmalydygyny hem salgy berdi. «Dört-bäş adamdan ybarat brigada düzüň, teležka, traktor beriň, başga iş buýurmaň» diýdi. Yzyndanam: «Ýolbaşçy boljak bolsaňyz, birinjiden-ä, obaňyza barýan ýollary, içindäki köçeleri oňaryň, ikinjidenem, köprüleriňizi abatlaň, üçünjidenem bolsa, gijelerine obaň içi gündizlik ýaly bolsun. Ine, şu üç şerti berjaý etmeseňiz, iş talap edeniňizde, kolhozçylaryň ýanynda diliňiz kelte bolar» diýdi. Köçeleri oňarlansoň, asyl oba adamlary aty çykan ýaly ýyrş-da-ýyrş. Maşynly pyýadadan beter, pyýada maşynlydan beter begenýä. Elektrik yşygyna dagy şo-ol ilki çekilen ýyllary bir üns beren bolduk-da, soň başymyzdan aýlap urduk. Başlyklaram biz dürtgüläp durmasak, özlerinden biläýenoklar. Dogrudanam, pagtadan başga alada bardyr öýdenoklar. Şu gelmänkä özümizem şeýledik. Ine, häzirem gyssap başlady welin, ýene bir zatlaryň kül-külüne düşendir».
― Umuman, men häzir özara gürrüň edýän, gaty görmäň, Babaly aga ― diýip, Akmyradow gürrüňiň dostlukly ýagdaýda barýandygyny nygtamak üçin has pessaý gürledi. ― Meniň häzirki aýtjak bolýan zadym ýokardan gelen buýruk däl, eger şeýle buýruk gelen bolsa, onda siz mensizem bu işiň ugruna çykardyňyz. ― Durdyýew närazylykdanmy ýa göwnühoşlukdanmy oturan ýerinde oýkanjyrady, üsgürindi. ― Emma umumy görkezme partiýanyň we höküwmediň talaplarynda hemişe-de bar. Halk hem şony isleýä. Arman, talap diňe oba hojalyk planlaryny dolmakmyka diýen nädogry düşünjä eýerýäs. Ine, iň aglak ýerimiz şol. ― Akmyradow trubkany galdyrdy: ― Agitasiýa we propaganda bölüminiň müdiri bärik gelsin. Ine, Babaly aga, şu zatlar şol «wagyz-nesihatçylara» gös-göni degişli ahyryn.
Durdyýew «birinjiň» ýüzüne ynjyly bakdy:
― Ýoldaş Akmyradow, baý, heläk etdiňiz-ow, aýdyň ahyry, o nä meseledir ol?
Birinji sekretar barmaklary bilen stoluň üstündäki aýnany tyrkyldatdy. Salam berip giren bölüm müdirine «otur» diýip yşarat etdi. Çilim otlandy. Durdyýewiň çaga ýaly kejigişine gülküsi tutdy. Ýylgyrdy.
― Aýtsam, Babaly aga ― Akmyradow sigaredini bölüm müdirine çommaltdy. ― Saňa-da degişli şü. ― Soň ýene öňki terzde dowam etdi:
― Aýtsam, Babaly aga, siz, ine, urşa gatnaşan adam. Bu mesele, ilki bilen, sizi gyzyklandyrar. Ine, şol nägehan urşa gatnaşan gerçekleriň, gaýdyp gelmedik pidalaryň, şol ganly ýyllarda tylda janyny orta goýup zähmet çeken gahrymanlaryň hatyrasyna biz nämeler etdik? Raýonymyzda, obalarymyzda şolary ýatladyp duran näme bar? ― Ertirden bäri özüne käýeläýer öýdüp basga galyp oturan Durdyýew ukudan oýanan ýaly bolup, «birinjiň» ýüzüne seretdi. Agyr ýüküň astyndan çykan ýaly bolup, uludan demini aldy.
― Bä-ä, meseläni mundan gozgadyňyz-ow!
Durdyýew çyny bilen begendi. «Şunyňdan birini otlaýyn-la» ― diýip, stoluň üstündäki çilimden alyp çekdi. Birsellem sesini çykarman «birinjiň» ýüzüne seredip oturdy. Bu onuň eýýäm bu işi jan-teni bilen goldaýandygynyň alamatydy.
― Nämeden başlasak diýýäň?
― Hany, bi, «wagyz-nesihatçylar» näme diýýäler, eşideli!
Kim näme diýse, şoň ýüzüne seredip oturan bölüm müdiri özüne ýüzlenenden gozgalaň tapdy.
― Aý, näme, hawwa-la, gaty gowy. Biz-ä razy. Özüňiz göwneseňiz, bize näme?
Akmyradow güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. Goltugyndan bloknodyny çykaryp, bir zatlar belleşdirdi. Durdyýew: «Haý, munysyn-a täzeläýse gerek» ― diýip, içini gepletdi. Akmyradow, esasan, Durdyýewe ýüzlenip gürledi:
― Başlyklary ýygnap gürleşmeli. Her kim öz obasynda gurdurjakmy ýa birleşip raýon merkezinde gurdursalar gowy boljakmy? Şony maslahatlaşmaly. Ikinjisi amatly bolarmyka diýýän. Goý, her kim öz obasyndan uruşda wepat bolanlaryň atlaryny ýazyp getirsin. Nire-de gurmaly, nädip gurmaly ol hakda soň gürleşeris. Çeperçilik fonduna haýyşnama ibäris. Iki-üç ýyla-ha çeker welin, zyýany ýok. Bular ýaly uly iş üçin ol bir kän uly möhledem däl.
Durdyýew «birinjiniň» ýanyndan çykyp gaýdansoňam, esli wagtlap üýtgeşik bir duýgudan saplanyp bilmedi. Gozgalan mesele frontçy hökmünde ony örän tolgundyrypdy. Ine, birdenem ýüregi jigläp gitdi. Içini gepletdi: «Be, dogduranam, gör nähili gowy bolar. Iň gowy ýeri, halk begener. Ýogsam, şo-ol bir iş-iş diýip bar zady ýatdan çykarýas. Şu-da iş-dä, näme?! ― Ol «birinjiniň» pikirini gaýtalaýanyny duýup, öz ýanyndan özi utandy. ― Be, dogrudanam, şeýle-aýt! Şunça ýyllar işläp kellämize gelmäýşini diýsene. Tüweleme, ýaşlar bizden ozdurjak. Gowy-da! Pensiýa gitmänkäm, ýaňky aýdanymyzy bir dikläp bilsek».
Mukaddes iş başlandy. Eger Akmyradow aýagyny berk diräp, hereket etmedik bolsa, ýadygärligiň gurluşygy has uzaga çekjekdi. Raýonyň ortarasyndan gowy ýer bellediler. Çeperçilik fonduna hat iberdiler. Binýatçylar gelip, ýeriň ölçegini alyp gitdiler, çyzgysyny taýýarladylar. Heýkelçiler ýadygärligiň taslamasyny ýasadylar. Bu işler kän uzaga çekmedi. Işiň soňy diýseň haýal gitdi. Iş käte birnäçe aýlap ýatdy. Ine, şonda Akmyradow telim gezek, ýüzlerçe kilometr ýol söküp, Aşgabada gatnady. Gidip bilmedik wagty telefon etdi. Gidenlerden sargyt etdi. Üç ýyl gowrak wagta çeken ýadygärligi ahyry taýyn etdiler. Getirip ýerinde gurnadylar.
...Ýadygärligiň gurnalyp bolanyna iki-üç aý geçenem bolsa, resmi açylyş ýeňiş gününe çenli galdyrylypdy. Akmyradow açylyşa skulptorlary, arhitektorlary, obkomyň sekretaryny we başga-da birnäçe myhmanlary çagyrdy. Ýeňiş güni ähli mähelle ýer süýşen ýaly bolup, raýon merkezine tarap eňdi. Ençeme gez beýiklikdäki heýkelleri görüp, adamlar haýran galdylar. Çagalaryny jeňe iberip, ýola bakyp duran intizar ene, gerçeklere pata berip duran parasatly ata, ýowa barýan ogullar, bu zatlar şeýle bir täsindi welin, asyl söz bilen beýan eder ýaly däl. Ho-ol aňyrdaky kese goýlan diwaryň ýüzünde uruşdan gaýdyp gelmedikleriň atlary ýazylgydy. «Haý, atlarynyň gapdalyndan suratlaryny hem goýaýmaly ekenik» ― diýip, Akmyradow baş skulptor bilen aýlanyp ýörkä ýuwaşja seslendi. Skulptor sakgalyny sypalady: «Aýdan bolsaňyz goýardyk». Şol wagt obkomyň sekretary gelip, maşyndan düşdi. Raýon ýolbaşçylary şoňa tarap ýöneldiler.
Meýdançada aýlanyşyp ýören adamlar ala galmagal bolşup, gurlan desganyň tarypyny ýetirýärdiler. Soňabaka her kim öz hossarynyň adyny görjek bolup, diwaryň düýbüne çogdy bolaýdylar. Begençli duýgular merhumlara bolan hormat bilen garyşyp gözýaşa öwrüldiler. «Adamlary şeýle tolgundyryp biläýjek zatlar barka, ondan öwrülip geçip ýörmämiz nämekä? ― diýip, Akmyradow öz-özüne sorag berdi. ― Heý, bu pursady hem bir zat bilen deňäp bolarmy? Ine, ýene sanlyja ýyl geçer, onsoň bujagaz görünýän frontçylar hem galmazlar. Ýekejesini tapmak üçin, oba-oba söküljek günler gaty bir daşam däl...».
Sagat onda raýon ýolbaşçylary we myhmanlar ýörite ýasalan münbere çykdylar. Ýygnagy ispolkomyň baýry işgäri, frontçy Babaly Durdyýew açdy. Ol birmeýdan göçgünli gürlänsoň, söz gezegini obkomyň sekretaryna berdi. Obkomyň sekretary bu edilen işiň ýöne-möne iş däldigini, örän wajyp we mukaddes işdigini öwran-öwran nygtady. Gepläp bolansoň, Akmyradowyň ýanyna geldi. Ýylgyrdy.
― Adamlaryň bary işi taşlap gaýdaýypmy?
Akmyradow adamlara bolan guwanjyny daşyna çykardy.
― Zyýany ýok. Bular bu günkä derek erte iki esse köp işlärler. Borçnama-da alarlar, onam dolarlar. Bular biziň öňümizde bergidar bolup galmazlar. Biziň welin bulara bergimiz entek-entekler köpdür.
― Ýeri bolýa. Degşip aýtdym. Hany, onsoň bu ýyl plany nädersiň? Dolarmyň?
Akmyradow başyny ýaýkap ýylgyrdy, mähellä tarap elini aýlady.
― Sen bu buýsançdan serhoş bolan märekä bir seret! Heý, bularyň öňünde-de bir şundan soň iş durarmy?
...Meýdançany dolduryp duran mähelle durmuş deňzi deý şo-ol tolkun atyp dur, tolkun atyp dur. Raýkomyň birinji sekretary öz balasyna mähir siňdirýän ata deý, köpçülikden nazaryny sowman durşuna, ýene bir zatlaryň pikirini edýär. Begenýär. Zähmetkeş daýhanlaryň ýüreklerine tarap barýan täze ýollary, täze ýodalary gözleýär.
1980 ý.
Hekaýalar