10. NINA DAÝZA DOGRY AÝDAN EKENI
Student döwürlerimizem ol biziň aramyzda iň bir sypaýylarymyzyň biri hasap edilýärdi. Köýnegini her gezek täzeden ýuwup geýmese, jalbaryny «peýkamy» bir sere dagy öňe çykyp durar ýaly edip ütüklemese, saçyny iň bolmanda, günaşadan bir gezek şampun bilen ýuwmasa, sakgalyny, murtuny her gün ir bilen, turşy ýaly gyrdyrmasa, hepdede azyndan iki gezek hammama gitmese, karary ýetmezdi. Şonuň üçinem kursdaş gyzlarymyz degşip oňa, «ardylan käşir» ýa-da «peýkamly ýigit» diýerdiler. Ýöne ol ýeke bir üsti-başyny däl, ýaşaýan otagynam diýseň tämiz saklaýardy. Melemtil reňkli agaç pol haçan görseň ýalpyldar durardy. Krowadyň üstünde, ýa ýerde bulaşyp ýatan artykmaç zat göze ilmezdi. Haýsy köýnegi haýsy balak bilen geýmeli bolsa jüpläpjik, şifoneriň içinde asyp goýardy. Köwşüni çykaryşy ýaly, syryp-süpürip krowadyň aşagyna salardy-da, aýagyna şypbyk sokardy. Öz düzgünine kaýyl bolmajak adam bilen otagdaş bolmaýardy. Şeýle hem ol çümhörekdi. Biz ýaly garnynyň içi boş durmasa bolýa diýip öňünden çykan zady sümüriberenokdy. Az hem bolsa «uz» naharlardan iýmäni gowy görýärdi. Iýip otyrka öňünden çigidiň gabygy ýaly sogan ýanyjagy çyksa-da, «boldum» diýip gaýra çekilip oturyberýärdi. Häsiýeti ynjygrakdy. Gaharjaňrakdy. Kejirräkdi. Ugruna ýykylaýmasaň oňuşmak kyndy. Gürlände gyjyrdap, janyndan syzdyryp, ýumruklaryny düwüp gürlemek endigi bardy. Şeýle-de bolsa ýigitligi gowudy. Biri bilen gaty-gaýrym aýdyşaýsa-da, ara düşen sowuklygy dert-azar basymrak aradan aýyrmak bilen bolýardy. Belki, şonuň üçindir, institutymyzdaky naharhananyň bufetçisi Nina daýza ony hernä: «Alan maşgalaň seň köňül açaryňy tapyp bilse-hä, gül ýaly ýaşar, tapyp bilmese welin, dat gününe» diýerdi. «Ýagşy ýigidiň ady köp bor» diýlişi ýaly, çyn ady Dostmämmet bolsa-da, ýörgünli ady Dostdy. «Dostum» diýip ýüzlenýänlerem bardy. Menem oňa hut şeý diýip ýüzlenýärdim. Ýöne biz onuň bilen hakykatdanam dostduk. Bir otagda ýaşardyk, tapanjamyzy bile iýerdik, içerdik, boş wagtlarymyz şähere bileje aýlanardyk, sport jemgyýetlerine gatnardyk. Beýleki okuw jaýlarynyň ýatakhanalaryndan gyz gözlärdik. Kanikul döwürleri biri-birimiziňkä myhmançylyga giderdik. Asyl biz öýlenenimizde-de bir döwürräkde öýlenipdik. Ýöne ýatakhanalara hernäçe gatnasagam, nesibä görä, ikimizem obadan öýlenmeli bolupdyk. Okuwy gutaransoň, ikimizem Aşgabatda galypdyk. Men-ä aspirantura giripdim, o-da öz institutymyzda mugallym bolup işe ýerleşipdi. Şonuň üçinem ilki-ilkiler ýa meniňkide, ýa onuňkyda, ýa ikimize-de aralyk dostlarymyzyň haýsam bolsa biriniňkide ýygy-ýygydan duşuşardyk, studentlik ýyllarymyzy ýatlaşardyk, derdinişerdik. Emma durmuşyň ownuk hysyrdylary basmarladymy, ýaşlykdaky badyhowalygyň mesenesi peselip, şowunyň bady gaýdyşdymy ýa gartaňlygyň garly gerişlerine tarap gadam basyp ugrandygymyzyň täsiri ýetişdimi, garaz, kem-kemden aragatnaşygymyz seýrekleşip başlady. Soňky ýyllarda bolsa düýbünden kesildi.
Ine-de, men oňa duýdansyz ýerden, Aşgabadyň täze gurlan mähelleleriniň birinde, awtobus duralgasynda gabat geldim. Özem, ol edil meniň münjek awtobusymdan, onda-da münjek gapymdan düşdi.
Egninde çepiksije göwresine bedenterbiýeçiniň keşbini berip duran goňrumtyl, ýeňleriniň we balak gonçlarynyň gapdaly uzaboýuna gidýän goşa ak zolakly sport eşigi. Aýagynda ýumşak, çal reňkli krasowka. Sag elindäki sary, ýüpek toruň içi alma, nar, şeýle hem ukrop, petruşka ýaly otlardan, ir-iýmişlerden doly. Bir bogdak gök soganyň ýaşlary toruň deşiklerinden çoguşyp çykypdyr-da, halynyň seçegi ýaly sallanyşyp dur. Aşakda bir ýerde içi jenjel suwundan doly ýaşylymtyl çüýşäniň ýylmanak, gaba göwsi Günüň şöhlesine käte bir ýaldyrap gidýär. Iň ýokarda bolsa ullakan, süýnmek ak bulka somalyp dur.
Şol zatlardan çen tutup, men onuň şu töwereklerde ýaşaýan bolaýmagynyň mümkindigini güman etdim. Öň welin, ol düýbünden başga ýerde ýaşaýardy. Ýöne öňki jaýyny köp otagly jaýa çalşan bolmagy ýa-da bagty çüwüp, ýene bir jaý edinen bolmagy mümkin. Ol meni görenden agzyny dik tutup, boş elinem ýokary galdyrdy-da, göwresine gelişmeýän, öňkülerindenem has gyryljak çykýan ýogyn sesi bilen:
― Oho-o-ow-w!.. ― diýip gygyrdy. Bir ganatyny gerip gelşine, boýnumdan aslyşdy. Eýýämhaçan keýpini kökläpmi ýa entek öten agşamkysyndanam doly açylyp ýetişmänmi, gowy görýän dostuna duşan keýpli adamyň jylawsyz joşguny bilen ýaňagymdan «şapladyp-şapladyp» ogşady. Awtobusyň gürrüldisine eşidilmez öýtdümi, nämemi, ulili bilen gygyryp hal-ahwal soraşdy. Öwran-öwranam egnime kakdy, bagryna basdy. ― Dogrudanam senmi-aý bi? ― diýip, gaýta-gaýta ýüzüme çiňerildi. Birdenem golumdan tutdy-da, sen-men ýok, çat maňlaýymyzdaky seleňläp duran dokuz gatly jaýa tarap idenekledip ugrady. ― Ýör, häzir öýe barýas... Ýok diýdigiňem, gulagyňy tama çüýlärin...
Keýpini bozasym gelmedi. Onsoňam ol birinjiden-ä, meni, barybir, sypdyrjak däl. Ikinjidenem, dynç güni bolansoň, üýtgeşik bir howlugýan ýerimem ýokdy. Bu wagtam gadymy akyldarlaryň biriniň golaýda, şu çet mähellede açylan ýadygärligini görmäne gelipdim-de, indem onuň sellesini ýylan kömelegi ýaly edip oturyşyndan göwnüm suw içmän, lapym keç halda yzyma hyýallanyp durşumdy. Köpden bäri görmän ýören gadyrdan dostuň bilen bir zaman gürrüň edişmekligiň çaý başynda iç döküşmekligiň nägadar lezzetiniň bardygyny bolsa özüňiz bilýäňiz.
Ýöne girenimizden soň assyrynlyk bilen synlaýan welin, ol öý asyl meniň öňki gören öýüme meňzänok. Içinde göze görnüp duran gymmatbaha zat ýogam bolsa, arassalygyndan, öý goşlarynyň tertipliliginden ýaňa jaýyň diwarlaryndan nur dökülýär. Düşeklerinden mähir göterilýär. Bir bakanyňdan, maşgalanyň öz öýüne yhlaslydygy, çagalaryndan, ärinden hyzmatyny gaýgyrmaýandygy, gaýtam, şol zatlardan lezzet alýandygy bildirýär. Bir görsem, ärine birje gezegem aýtdyrman, eýýämhaçan çaý-çörek getirip, düşek ýazyp, ýassyk oklaşdyryp ýören, göräýmäge dostumdan kän ýaş görünýän syratly maşgala-da onuň öňki maşgalasy däl. Aşhana eltilen sary toruň daşynda «jagylda-jugul» bolşup ýören oglanjyk bilen gyzjagazam maňa düýbünden nätanyş. Ikisem körpeje. Oglanjyg-a bolaýsa bäş, gyzjagazam üç ýaşlarynda.
Meniň düşnüksiz oýlara gümra bolup oturanymdan bihabar Dostum bolsa, onsuzam daşymyzda petek-peýman bolup ýören aýaly her gezek içeri girende, şu gün özüniň iň gowy görýän dostunyň sataşandygyny, näme hezzet-hormaty bar bolsa, gaýgyrman edibermelidigini ýüregedüşgünçlik bilen öwran-öwran gaýtalaýar. Käte ony saklaýar-da, studentlik döwrümiziň gyzykly wakalaryndan käbirini gyssagara gürrüň berýär. Aşhana gidip, sähelçe eglendigem ýeňillik bilen ýerinden gopýar-da, yzyndan baryp, käbir zatlaryň öňüni ýa soňuny şol ýerde, gapdalynda durup gürrüň berýär. Soň ýene-de onuň bilen bilelikde gaýdyp gelýär. Şeýdip ýörşüne, arasynda meniň iş ýagdaýlarym, maşgala durmuşym, çagalarym barada hem soraşdyrýar. Ylmy derejelerim bilen gyzyklanýar.
Ahyram ol meniň iňkise gidip oturanymy aňdy-da, endigine görä ernini bir tarapa gyşardyp, köpmanyly ýylgyrdy.
― Hä-ä-ä... Düşünýän, düşünýän. Geň galýanyňy aňýan. Häzir barysyny gürrüň bereýin. Azajyk howlukma... ― Dostum häliden bäri daşynda gaýmalaklap ýören oguljygyny eline aldy. ― Ine, şu meň babam. Babajan. Düýn şuň doglan gününi belledik. ― Dostum güldi. ― Bu günem «pohmel» güni. Sen ýaman gowy gabat geldiň. ― Ol oglunyň ýaňagyndan ogşady. ― Sen kimi gowy görýäň-aý?..
Çagajyk demi-demine ýetmän jedirdäp başlady.
― Kakamy gowy göýýän, ejemi gowy göýýän, jigimi gowy göýýän... hemmeleýem gowy göýýan. ― Babajan maňa tarap barmagyny çommaltdy. ― Daýynam gowy görýän...
Şol wagt men elim boş gelendigim üçin erbet utandym.
Oňa çenli üsti ozaldanam dürli naz-nygmatlardan doly saçaga nahar geldi. Naharyň gapdaly bilen hälkije toruň içinden göwsüni güjeňleýän çüýşe-de häzir boldy. Dostum çagalaryny ejeleriniň ýanyna ugratdy. Nahardan alanymyzdan soň, çüýşä elini ýetirdi. Açdy. Guýuşdyrdy. «Al onda-da, al onda» bolşup, birküç ýola ýelmänimizdenem ýuwaşlyk bilen:
― Bilýänem dälsiň, gardaş... ― diýdi-de, birhili aýtmasyz zady aýdýan ýaly, aşak bakyp böwrüni diňledi. ― Aý, howwa-da, eşitmeseň nädip biljek. Habar ýetireýin diýsem, bu bir söýünçli habar däl. Ine, onsoň gabat gelen-hä şeýdip, maýyny tapyp aýdýan, eşitmedigem, näme, gezip ýör şol öňki durmuşydyr öýdüp. Mesliginden şeýdip ýörendir öýdýänlerem, gelip käýýäp gidýänlerem bar. Dostum uludan demini aldy. ― Howwa, gardaş, öňki aýalym bilen aýrylyşdym. Gaýtdym. Ýöne men şo maşgaladan näme närazyçylygymyň bardygyny özüň ýaly öňki durmuşyma belet biri bolaýmasa, düşündiribem biljek däl. Ullakan zat ýogam ýaly. Ýogam asyl. Ýöne bolmady. Bilşiň ýaly şol bir bolgusyz, owunjak zatlaryň üstünde günümiz bir bolsa, urşumyz iki boldy. Näçe garaşsamam, üýtgän zat bolmady. Iň ýamanam ol maňa näme ýakmaýan bolsa, birsyhly şony gaýtalady ýördi. Pylan zat pylan ýerde durmasyn diýdiňmi, şondan soň şol zat haçan görseň şol ýerde durandyr. Her gezegem janyňy ýakyp, gykylyk edersiň, şol zady şo ýerden aýyrdarsyň, degnasyna degsin diýip, bilgeşländen has agyrrak sözlerem aýdarsyň. Emma ertesi görseň, şol zat ýene-de şol öňküje ýerinde durandyr. Haýsy nahary gowy görmeýän bolsaň, bassyr şony bişirer. Höwes edýän tagamyňy welin, gapdalynda eliň taýakly dursaňam bişirmez. Onsy ýok diýer, munsy ýok diýer, juda başga bahana tapmasa-da, kelläm agyrýa diýer-de, dula geçägede süýner ýatyberer. Şondan soň etinden et kesseňem turzubilmersiň. Sebäbi kejir adamyň süňňem agyr bolýa. Ýa-da, ine, dükandan et getirer. Özi getirer ýa sen getirip biýrsiň. Görelde gören maşgala bolsa, şony birmeýdan serip goýar, doňuny çözer, syrdap-syrdap ýorkalaryny, damardyr siňirlerini aýrar, soň ýukarak kesişdirip duzlar, diňe şondan soň ýer bolsa holodilnigiň doňdurýanyna, bolmasa-da, agzy berk gaba dykyp kamerasyna salar. Ol welin beýtmez. Getirişi ýaly daşyndan dükanyň kagyzynam aýyrman, basar holodilnigiň biline. Mesgemi, süzmemi ýa gök-önümmi, miwemi, içinde öň näme duran bolsa, barysyna çig etiň ýakymsyz ysy çykar gider. «Beýtme» diýseňem: «Onda iki holodilnik al, birine et, beýlekisine başga zatlary salar ýaly» diýer. «Ýagdaý bolsa, onam ederis, ýöne häzirlikçe gaýrat et, iň bolmanda, ýorkalaryny bir aýyr» diýseňem, «O zatlaryny aýyrsaň, et bibereket bolýa, ýarysyny dagy zyňmaly bolýa» diýer. «A-how, bendäň çagasy, barybir, iýip otyrkaň agzyňdan çykaryp zyňmaly bolýa, ýuwutsaňam aşgazanyňy zaýalaýa, iýýänem ýeke men däl, öz çagalaryň, maňa nebsiň agyrmasa-da, şolara bir agyrsyn diýip» janyňdan syzdyrarsyň. Emma agşamlyk öňüňe nahar alarsyň welin, görseň, içindäki etiň ýarysy ýene-de ýorkadyr, damardyr, siňirdir. Bir çetinden dişläp, beýleki çetindenem çekersiňem welin, eliňden sypyp maňlaýyňa, gözüňe, ýaňaklaryňa şarpyldar durar. Ne tagam bardyr, ne-de tagsyr. Ine, onsoň elmydama gözüň iliň gazanyndadyr, bir üýtgeşijek zat iýip bolmazmyka diýip. Içerisini nähili saklaýandygyny-ha özüňem bilýäň. Iň bärkisi, ýorgan-düşeklerini galdyranda, bir tarapy agyp ýatandyr. Şony dagy käte özüm galdyryp, özüm epläp, «Ine, şular ýaly bolmaly şu zatlar» diýip öwredibem görýän. Gaharyma käte içerinem süpürip görkezýän. Aýda-diýe ýadap, bizar bolýan-da, etinem syrdap berýän... Ol bolsa «Bor, indikide şu seň görkezişiň ýaly ederin» diýmäge derek, gaýtam, süsüşjek öküz ýaly, gözlerini-gözlerimiň içine dikýä-de, «Sen aýallaryň işine goşulýaň» diýýä... ― Şol wagtam orta täze nahar geldi. Üýtgeşik tagamyň ýakymly ysy içerä ýaýrady. Işdäleri odukdyrdy. Dostumyň çepiksize göwresi herekete geldi. Inçejik elleri çüýşä tarap uzady. Guýuşdyrdy. Içdik. Gyzgyn, goýy nahardan işdämenlik bilen garbanyp oturyşyna, Dostum agzy bişdimi, nämemi, birki ýola «wagyr-wagyr» etdi-de, sözüni dowam etdirdi. ― Şonça ýyllap bile ýaşaşan ýanýoldaşyňy ýamanlap oturmagam birhili welin, nädeýin, menem öz mähriban ojagymy bagrymdan önen çagajyklarymy keýpine terk edip gaýtmanymy, iň bolmanda, özüň ýaly ýakyndan gatnaşan adamlaryma bir düşündirmeli ahyry. ― Şondan soň ol hasam bat alyp ugrady. Ýüzüni çytdy. Kiçijik ýumruklary düwüldi. ― Öýden çykjak bolup eşikleriňi eliňe aldyňmy, ýa köýnegiň bir ýeri ýyrtykdyr, ýa-da jalbaryň iligi sallanyp ýatandyr, iň bolmanda, kirdir. Ýuwlan bolsa-da, ýa-ha kiri açylan däldir, ýa-da ütüklenmedikdir. Ütüklän bolsa-da, hökman bir ýerini ýakandyr. Ýene-de ýeňsedamarlaryň ok ýaly bolar, ýene-de gygyrarsyň, ýene-de dünýäň gepini tapyp düşündirersiň. «Şu zatlary men sesimi çykarman şu durşuna, geýip gitmekçi bolaýanymda sen meni öýden goýberjekmi? Şeýdip işe barsam, köçä çyksam, seň abraýyňa zyýan gelmezmi? Aýaly sölüte ekeni, äriniň üsti-başynam oňaranok ekeni diýmezlermi? Şu zatlara seredip, seň öýüňi nähili saklaýanyňa çenli çen bilen baha bermezlermi?» diýersiň. Ol welin müýnürgemekden geçen, gaýtam, gözlerini dik-depesine dikip, ýüzüni-gözünem bir eýmenç çytar-da: «Seň niýetiň meni kowup, başga birini almak. Şoň üçinem maňa azar berýäň» diýip, düýbünden ters-ters gürrüňler tapar. Gyjyna-gyjyna işe gidersiň. Işde-de uzynly günüňi gyjynyp geçirersiň. Işden gaýdanyňda-da, gyjynyp gaýdarsyň. Öýe-de gyjyna-gyjyna gelersiň. Öýde özüňe ýene-de nähili dawa-jenjelleriň garaşýandygyny ýatlap hopurgarsyň. Işikden töre çenli iki gözüňe ýumup geçersiň. «Hiý, şuň maňa nebsi agyrmazmyka, rehimi inmezmikä?» diýip tama edersiň. Emma ol welin ertesi irden ýüzüni-gözüni bürüşdirip durşuna, ýene-de şol öňküje eşiklerini öňki durşuna eliňe tutdurar. Bar, indi meň eşiklerim jähennem diýeli, çagajyklarynyňkam, özüniňkem şoň ýalydyr. Gyş günleri daş çykyp gelensoň, meňkini ýa çagalarynyňkyny-ha däl, hatda öz köwşüniňem palçygyny arassalamaz. Özünem iň bolmanda, bukurak ýerde gizläbem goýmaz-da, edil işigiň agzynda görene-göz edip goýar. ― Dostum aşak bakyp dymdy. Aýalynyň hapa köwşi edil şu wagtam gözüniň öňünde duran ýaly, birhili suslandy. Maňlaýyna gytaklaýyn düşüp duran tarlary göni, melemtil, ýalpyldap duran saçlaryny sag eliniň aýasy bilen sypalady. Soň başyny galdyryp bir gyra seretdi. Şol oturyşyna-da, ernini gyşardyp, ajymtyk ýylgyrdy. Öňkülerine görä has pessaý gürledi. ― Senem-ä ýadatdym welin... Şonda-da... Munça bolanyna görä içimi doly egseýin... ― Söze täzeden başlamazdan öňinçä, ol aşhana tarap owsun atdy: ― Çaý! ― Agzyny ýygnap ýetişmänkä-de, maşgalasy eli mejimeli, bir çäýnek çaýy gapdalynyň käseleri, süýjüdir kökesi bilen bilelikde göterip gapydan girdi. Suwa gonan durna ýaly, usullyk bilen saçagyň gyrasyna çökdi. Elindäki mejimäni emaý bilen ýerde goýubam ýerinden turdy. «Ýene näme gerek?» diýýän manyda äriniň ýüzüne seretdi. Onuň elini galdyranyny görübem gapydan çykdy. Getirilen gap-gaçlaryň tämizligi tutuş içeriniň arassalygy bilen utgaşdy. Dostum käselere çaý guýuşdyrdy.
― ...Ine, onsoň gardaş, şol birmeňzeş sebäpleriň üstünde turan birmeňzeş dawalar, jenjeller günüň-gününe şo-ol dowam etdi oturdy. Aýlar geçdi, ýyllar aýlandy, emma içeriniň düzgüni üýtgemedi. O-da: «Gel-aý, şuň janyny ýakyp ýörmäýin-le, ugruna bolaýaýyn-la» diýmedi, menem: «Aý, barybir, şuňa gep ýokjak däl, içeriniň mazasyny alyp ýörenden, goýaýaýyn-la, şu tükeniksiz dawany diýmedim. Nädip diýeýin? Onuň ol düzgünine çydap, sesimi çykarman nädip gezeýin? Nädip ol öýden girip çykaýyn? Ol öýüň agyr howasy, hapasy, bulam-bujarlyklary meni iýip barýar ahyry. Meni şol wagt öýde diňe iki zat saklaýardy. Bir-ä onuň ir-u-giç akylyna aýlanjakdygyna bolan umyt, birem çagalary atasyz goýmaly däl diýen düşünje. ― Dostum meniň boşadan käsäme çaý guýdy-da, gözlerini jüýjerdip ýüzüme seretdi. ― Eýsem, ol şo hereketleri nämüçin edýädi? Öý-işlerini düýbünden bilmeýändigi üçinmi? Bilse-de, edesiniň gelmeýändigi üçinmi? Ýa meni ýigrenýändigi üçinmi? Beýnimi iglede-iglede, meni sandan çykarmak üçinmi? Ärini ruhy taýdan maýyplamagyň, çagalary ata mährinden mahrum etmekligiň nämelere barabardygyny bilmeýändigi üçinmi? Ertir-agşam gaýtalanyp duran şol bir gohdan, galmagaldan, sögünçden, taýakdan lezzet alýandygy üçinmi? Edýän duýduryşlarymyň özüni kowup, başga aýal almak üçin däldigini, egerde göwnümde şolar ýaly zatlar bar bolsa, hiç bir bahanasyz, sessiz-üýnsüzem aýrylyşyp bilýändigimi, şeýtmäge kanuny suratda hakymyň bardygyny bilmeýänligi üçinmi? ― Ol barmaklaryny ýeke-ýeke büküp, öz soraglaryna özi jogap bermäge başlady. ― Birinjiden-ä, öý işlerini, hakykatdanam, bilmeýändigi, bilýänje zatlarynam göwünli-göwünsiz edýändigi üçin. Ikinjidenem, edesiniň gelmänligi üçin, hiç zat başarmaýandygyny, atasy öýünde hiç zat öwrenmändigini boýnuna alasynyň gelmeýändigi üçin. Kemçiligini düzedesi gelmändigi üçin. Gaýtam, hakyky içeriniň buýr-bulaşyk, akan-da-dökän, hapa, gap-çanaklaryň çyr-çyrşak, egin-eşikleriň ýa ýyrtyk, kir bolmalydygyny, erkek adamynyň bolsa, aýaly öňünde näme goýsa iýip, eline näme tutdursa geýip, sesini çykarman, boýnuny sallap gezibermelidigini maňa subut edesiniň gelendigi üçin. Haýsy heleýiň äri şolar ýaly binamys bolsa, şol heleýi dünýäde iň bagtly heleýleriň biri saýandygy üçin. Meň ýaly «aýallaryň işine goşulyp ýören» iňre äre duşandygy sebäpli, özüni dünýäde iň bir bagtsyz, erksiz, sowet hökümetiniň aýal-gyzlara beren hak-hukuklaryndan binesip galan kemmaňlaý heleýleriň hasabyna goşandygy üçin. ― Dostum arkan gaýyşdy-da, aýasy bilen maňlaýyna «şap-şap» ýelmedi. ― Sebäbi, ine, ine, şuň içi dar. Içinde göwher bar. Aňyrsynda görüm-görelde ýok. Terbiýesi ýok. Düşünje düýbünden başga. Akyl-a bir ýok, nakyla-da eýeribilenok. «Ile gülki bolandan, äre tilki bolmany» başarybilenok. Gepiň gysgasy, keç. Kejeňek. Keçjal. Onuň özünem, menem, çagalaram kyn güne salan, bir öýüň ýykylmagyna sebäp bolan esasy zat, ana, şol. Maňa ýakmaýan zatlary birsyhly gaýtalap gaharymy getirip, gazabymy joşduryp, öz üstüne gygyrtman, urdurmak, sökdürmek bilen, onuň bar tutan maksady men-ä çagalarymyň öňünde barypýatan zalym, özünem ýersiz ýere ärinden gep çekip, azar görüp ýören, biçäre, naçar edip görkezmek. Her edip — hesip edip çagalaryny menden daşlaşdyrmak, olaryň kalbynda maňa bolan ýigrenç duýgusyny oýarmak. Şonuň üçinem ol ähli güýjüni çagalarynyň aňynda eziji äriň we ezilýän aýalyň obrazyny döretmeklige gönükdirdi. Onuň pikiriçe, kemala gelen güni çagalarynyň hemmesi men deýin ganym atanyň haýryndan geçip, ömürboýy ärinden ejir çekip gelen ejeleriniň tarapyna geçmelidiler. Arkasynda gala bolup durmalydylar. Meniňem iki gözümiň içine seredägede: «Biz senden bizar bolduk, irdik. Sen ýaman. Sen bize gerek däl. Şu çaka çenli ejeme ezýet berip geleniňem besdir. Biz indi ony saňa horlatdyrmarys. Özüňem gülberiňi al-da, göteril şu öýden!..» diýmelidiler. Şondan soň ol çagalary bilen emin-erkinlikde, arkaýyn, ýaýnap ýaşamalydy. Meniň bolsa oňa gözüm gitmelidi. Öýlenmek, öý-işik bolmak hakda-ha gürrüň ýok, hatda günümem görübilmän, onda-munda bitimi şänik ýaly edip, birki ýyl onda-munda entänimden soň, öz ýalňyşyma düşünip, gaşyna gaýdyp barmalydym, dyzyna çökmelidim, nähili ýaşasalaram azar bermejekdigimi, aralaryndan girip-çykyp ýörsem başga zatlaryna kaýyldygymy aýdyp, boýnumy burmalydym. Dogry, kimem bolsa, nähilem bolsa, ejeleri häli-şindi gözleriniň öňünde urlup-sögülip ýörse çagalaryna ýakmaz. O düşnükli zat. Ýöne öýde günüň-gününe goh-galmagal bolup dursa, çagalaryň ýürekleriniň çakylyp, deň-duşlarynyň ýanynda sussypes, göwünleriniň çökgün boljakdygyna welin akyly çatanok. Biziň üçin gündelik endige öwrülen şol dawa-jenjelleriň olary, hakykatdanam, bizar edendigine, irizendigine düşünenok. Men bolsam käte gazabym hetden aşyp, olaryňam üstüne gygyrýadym. Gizläp nädeýin, el galdyrýan gezeklerimem bolýardy. Şolar ýaly-da olar öýüň içinde çyr-çykylyk, zir-zowran boluşýardylar, gözjagazlaryny gorkudan dolduryp, meniň her bir hereketime howatyrly garap, sesimi sähelçe gataltdygym, zagyrdyklaşyp durýardylar. Şonda meniň ýüregim gyýym-gyýym bolýardy. Käte bolsa çet ýere çekilip aglaýardym. Kem-kemden ite dönüp barýandygym üçin özümi ýigrenýärdim. Çagalarymyň öňünde özümi günäkär saýýardym. «Iň bolmanda, şujagazlaryň hatyrasy üçin sesimi çykarman gezibereýin-le» diýip öz-özüme söz berýärdim. Emma, barybir, özüme erk edip bilemokdym. Şol öýe kellämi sokdugym, ganym gaýnap, depäme çykyberýärdi. Ejeleriniň bolsa çagalarym bilen arama sowuklyk düşdügisaýy göhi gelýärdi. Heşelle kakýardy. Haýsy birine käýesem ýa haýbat atsam, «barma şoň ýanyna» diýip, telim günläp öz ýanynda saklaýady. Ärini ýekgörünji edip görkezmekligiň hatyrasyna çagalarynyň ruhuny öçürmäni hiç zatça görmeýärdi. Ol goňşy-golamlar, gelen-gidenler babatda-da şol syýasatyny ýöredýärdi. Öýde bolýan gykylyk-galmagaly şoňalaryňam öz gulaklary bilen eşitmekleri üçin, elinden gelenini edýärdi. Adam gara gelen wagty, goh turuzmak üçin, ýakmaz ýeriňden tutmany gowy görýärdi. Uruş-sögüş başlandygy, meň sesimiň goňşulara-da ýetmegi üçin, ylgap äpişgäniň öňüne ýa-da gapynyň agzyna barýardy. «Wa-a-aý!» diýip, uly gykylyk turzup, daş çykýan gezeklerem bolýardy. Şonuň üçinem, «Mydama meň üstüme gygyryp ýöreniňi il-günem bilýä» diýip, maňa gyjalat berip ýörmäni gowy görýärdi. Özem şony birhili buýsanç bilen aýdýardy. Emma ärinden birsyhly taýak iýip, sögünç eşidip ýören aýal barada il-günüň näme pikir etjekdigi barada welin, oturagada oýlanyp bilenok. ― Dostum gözlerini gyrpman, bir nokada seredip oturdy-da, uludan demini aldy. ― Başda dürs terbiýe almadyk maşgalany goluňa gelenden soň düzetmek kyn bolýan ekeni, gardaş. Elbetde, bolýanam bardyr, ýöne zandyýaman bolsa, bolanok ekeni. «Zandyýamany dowzaham düzetmez» diýenleri çyn ekeni. Ýöne bir zada geň galýan. Instituta giren kämil çagany bäş ýylda alym edip ýetişdirýäler, sirkde sähel wagtyň içinde islendik haýwana müň dürli endikler öwredýäler, emma ýigrimi ýyldanam gowrak wagtyň içinde men şo bendä çigidiň gabygy ýaly zadam öwredibilmedim. ― Dostum ortadaky ak läläniň içinde duran sap-sary almany gök saply pyçak bilen deň ikä böldi-de, ýarysyny maňa uzatdy. Öz paýyny paşyrdadyp iýip oturyşyna, öňküsine görä birneme ýeňillik bilen sözüni dowam etdirdi. ― Her niçigem bolsa çagalar onuň ojagaz, «iki häkimlilik» syýasatynyň çoçgaryna-ha çolaşmadylar. Ýöne «Eje, seň şu bolşuň bolanok, ters, kakamy nähak ýere käýindirýäň, başarmaz ýaly zady talap edenog-a şolam senden, ýykylaý bir azajyk ugruna bakan» diýibem bilmediler. Elbetde, men olaryň ýagdaýyna düşünýän, çaga üçin ata-atadyr, ene-enedir. Olar üçin olaryň ikisem deňdir. Birinden biriniň ýüzüne gelmek ýa biriniň taparyny çalyp, beýlekisiniň garşysyna gitmek kyndyr. Ýöne meni gynandyran zat, şol içerä ejeleriniň etmeli, ýöne etmedik hyzmatlaryny kemala gelensoňlar, alagada özleri edibermediler. Düzedibermediler. Mahlasy, içeriniň tertip-düzgüni olar ulalansoňam üýtgäbermedi. Gaýtam, ejeleriniň käbir ýaramaz endikleri, içýakgynç häsiýetleri olarda-da görnüp başlady. Mysal üçin, meň bilen tersleşen wagty ejeleriniň telim günläp gepleşmän, meň oturan jaýyma gelmän, torsarylyp ýörmek edähedi bardy. Şol döwür ol çaý-nahar berjegem bolsa, çagalaryndan ibererdi, bir zat sorajagam bolsa, şolara soratdyrardy. Bir görsem, çagalaryň arasynda-da şol düzgün emele gelipdir. Ana, şonda men özümiň janymdan syzdyryp beren arassa terbiýelerimiň hiç biriniňem ýokman, ejeleriniň ýoknasyz gylyklarynyň uçdantutma barysyna geçibilendigine geň galdym. Gynandym. Herhal, umydy elden bermedim. «Çagalary öý-işik bolup ugransoňlar-a akylyna aýlanard-a şü» diýip ýene-de garaşdym. Ol bolsa uluja oglumyzy öýerenimizden alty aý hem geçip-geçmänkä, nobatdaky tersleşikleriň birinde meni öňküdenem beter haýranlar galdyryp: «Gyzyň, gelniň barka sen nämüçin ýeke maňa gygyrýaň» diýdi. Şonda meni «şagga» der basdy. Oturdym. Maňlaýymy tutdum. «Äri bilen är ömri bile ýaşaşybam bir karara gelmedik heleý, indi gyzydyr gelni bilen itenişip ugran bolsa dat günüňe» diýip budumy burdum. Bolmajagyna gözüm ýetdi. Tutuş ömrümi şeýdip goh-galmagalyň içinde geçiresim bolsa gelmedi. Şonuň üçinem birmeýdan sesimi çykarman, çykalga gözläp başladym. Ömürboýy gykylyga, galmagala öwrenişilen içerde şondan soň mazarystanlygy ýada salýan elhenç bir ümsümlik, öňküdenem beter ýakymsyz sowuklyk peýda boldy. Hemişe o galmagaldan bu galmagala çenli bolan gysgajyk aralykda käte bir göze görnüp gidýän ysgynsyzja şagalaň, şowhunam zym-zyýat boldy. Çagalaryň ýüz-gözlerinden şatlyk alamatlary uçdy. Hakykatdanam, göwnüçökgün bolup ýetişen çagalarymyzyň gülen wagtlaryny az gördüm. Käte oturyp: «Aslynda, şular gülüp bir bilýärlermikän beri» diýip oýlandym. «Olary ýetim goýmajak bolup, uruş-sögüş içinde, gowy günleriň gelerine garaşyp geçiren ömrüm hakykat ýüzünde olar üçin zyýanly bolan bolaýmasyn, şularyň gülüp-oýnap ösmekleriniň hatyrasyna bu içerini meniň has irräk terk etmegim gerek bolan bolaýmasyn?» diýip oýlandym. Ahyram, belki, «Entegem bir wagtydyr» diýdim-de, niýetimi çagalara mälim etdim. Dogrusy: «Biziň indi boljagymyz boldy. Ikiňiziň tükeniksiz tutluşyklaryňyzdan ýaňa çagalygymyzyň hözirini görüp bilmedik, indiden soň gideniňde-gitmäniňde biziň üçin tapawudy ýok» diýerler öýdüp gorkdum. Emma keçäniň gülüni dyrmalap oturyşlaryna, maňlaýlary ýere degdi gitdi, gysyla-gysyla çiginleri bir gysym boldy welin, birindenem ses çykmady. Ahyrsoňunda nahary hemişe meň bilen bileje iýýän uluja oglum tisgine-tisgine sowuk demini aldy-da, «Biz seň ýagdaýyňa düşünýäs, kaka...» diýdi. Bu sözler atadan bizar bolan çaganyň sözleri däldi. Bu sözler özleri üçin özüni dowzaha atan ata dowzahdan çykmaga idin berýän perzendiň adalatly sözleridi. Ol sözleriň aňyrsynda: «Biz senden närazy däl, kaka. Sen öz borjuňy berjaý etdiň, bizi ýetim goýmajak bolup, özüňi şunça muşakgatlyklara dözdüň, kemala getirdiň. Indem, näme, öz ýagdaýyňa özüň seret» diýen many bardy. Men oňa düşündim. Minnetdarlyk bildirdim. Haýsy biri öýlense-de, durmuşa çyksa-da, nirede bolsamam, ýetişip, atalyk borjumy berjaý etjekdigimi, toýuny sowup, ak pata berip durmuş ýoluna ugratjakdygymy aýtdym. Şeýdibem gaýtdym. Gyzjagazlarym hünübirýan aglaşyp galdylar. Naharyny elmydama ejesi bilen iýýän, «Çilim çekme» diýip käýýänim üçin telim wagtlap meniň bilen gepleşmän ýören kiçi oglum bolsa ýeňsesini tüňňertdi-de, ol otagda düňderilip ýatan ejesiniň ýanyna bakan loňkuldap ugrady. ― Dostum ýene-de bir gezek uludan demini aldy-da, sowap giden çaýyny bir gezekde owurtlady. Täzesini guýdy. Maňa-da guýdy. Çüýşäniň düýbündäki bolaýsa adama bir gezek ýelmärlik araga gözüniň gytagyny aýlady. Emma ellemedi. ― ...Elbetde, öýüňden örküňi üzmek aňsat däl ekeni, gardaş. Edil ýüregim sogrulyp galan ýaly boldum. Ýöne yzyma dolanmaga bognum ysmady. Şol wagt men özümi şonça ýyl tussaglykda oturyp, indem erkinlige çykyp barýan adam hökmünde duýdum. Şol erkinligi ýeke özüme däl, çagalaryma-da, belki, aýalyma-da alyp berendigim üçin bolsa begendim. Şol begenjem meň süňňüme azajyk ýeňillik berdi. Goý, indi ol isledigiçe ýaşasyn. Islese hapa gark bolsun, islese gende geýinsin. Gapdaldan söz eşitmän, göwün solpusyndan çyksyn. Çagalaram, näme, olar indi edil ata ýa enä elgarama ýaş-ýuş çagajyklar däl. Olara indi özbaşdak durmuş garaşýar. Esasy zat, ana, şol!.. ― Dostum şu ýerde sözüni kesdi-de, öz sözüni meniň tassyklaýandygymy ýa tassyklamaýandygymy aňmakçy bolýan ýaly, ýüzüme uzak wagtlap seredip oturdy. Men sesimi çykarmadym. Çykaryp biljegem däldim. Çünki onuň öz dünýäsi bardy. Başga biriniň içki dünýäsine aralaşyp, hereketlerine baha bermäge bolsa hetdimem ýokdy, hakymam. Muny Dostumam aňan bolsa gerek, aşak bakdy-da, sözüni ýuwaşjadan dowam etdirdi. ― ...Şeýdip ýeke ýaşaberdim. Birbada kyn boldy. Oba gitmäge bolsa gep-gürrüňden çekindim. Ahyram, ine, şu öýüň eýesine, ýaňky ikimize çaý-çörek getirip beren maşgala sataşdym. Bu görgülin-ä durmuş hasam ir silterlän ekeni. Alty aýam ýaşaşyp-ýaşaşmankalar, adamsy düşnüksiz ýagdaýda aradan çykypdyr. Sebäbini özem takyk bilenok, menem çintgäp oturmaga çekinýän. Ýöne bendäni juda gowy görýän ekeni. Ýadyna düşen wagty: «Wah, bir nyşanjagazam galaýmady-da!» diýip aglaýa. Kim dirikäň öldürjek bolup janyňy ýakyp ýör, kim ölensoňam yzyňda gan aglap, öz janyny ýakyp ýör» diýip, şolar ýalyda menem hapa bolýan. Hudaýa şükür, günümiz gowy. Iki sany çagamyz bar. Alla berse, ýene-de bor. Göwünleri çökmesin diýip, çagalarymyzyň ýanynda sesimizi gataldamzok. Biz asylam biri-birimize sowuk söz aýdamzok. On-on iki ýaş tapawudymyzyň bardygyna garamazdan, birkemsiz düşünişýäs. Birek-biregiň göwnüne ýakmajak zady edemzogam, aýdamzogam. Şojagaz ýönekeý ýörelgä eýerip bilseň, durmuş diýlen gaty bir kynam däl ekeni. «Giň tutana giň dünýä, dar tutana dar dünýä» diýlişi ýaly, köp zat iki tarapyň arkalaşygyna bagly ekeni. Ownuk dawalaryň tükezzybana tutan ýerinde welin, öz öýüň özüňe dowzahdanam beter görner ekeni. ― Dostum häliden bäri elinde saklap oturan polotensasy bilen maňlaý derini süpürdi. Ýüzüme seredip ýylgyrdy. ― O zatlary sen özüň bilýäň-ä... Gördüň-ä... Beled-ä...
Dostumyň öňki durmuşyna-da, öňki maslagasyna-da men, elbetde, beletdim. Her gezek sübsesini eline tutduryp üstüne düblemese, aýalynyň içerini süpürmeýändiginem, keçä gaçan nan owuntyklaryny, nahardan dökülen şire-şepbikleri çagalary bilen deňine depeleşip ýörýändiginem bilýärdim. Dogrusyny aýtsam, Dostumyň göwni üçin baraýmasam, şol öýe barasymam gelenokdy. Çünki içeri-hä hapalygynyňam üstüne haçan barsaň buýr-bulaşykdy. Her burçda-da nämedigini bilmersiň, azyndan bir gujak köne-küşül üýşer ýatardy. Aşhanasynyň petiginden düş-düş kerepleri sallanyşar durardy-da, özem aşagynda ýanbaşyny garagäz edip aş keser oturardy. Çaý-nahar getirdigem, orta goýan saçagynyň gatlaryndan, gap-gaçlaryň gyralaryndan, nanyň maňyzlarynyň arasyndan saçakçylar örerdi-de, hersi bir tarapa ýumlugyşar giderdi. Şolar ýaly-da Dostum namysdan ýaňa çym-gyzyl bolup aşak bakardy. Ýumruklaryny düwüp titrärdi. Ýerinden turagada, aýalynyň üstüne topularly görnerdi. Ýöne meň hatyram üçin saklanardy. Menem syr bildirmejek bolup, ýüzümi iki ýana sypajakladardym. Gürrüňi başga ýana sowmaga bahana gözlärdim. Oňa çenlem Dostumyň aýaly dogrudanam bilgeşleýin edýän ýaly, gyralary gara ýanyk, arkasy durşuna gyzyl kesek bolup duran ýarty nany dik duran ýerinden öňümize oklardy-da, tasanjyrap çykyp giderdi.
Gepiň gysgasy, şol maşgalanyň tertip-düzgünini gözüm bilen görmedik bolsam, Dostumyň sözlerine men, hakykatdanam, ynanmazdym. Özüni aklajak bolup tapyp ýören toslamasydyr öýderdim. Eden işinem unamazdym.
Ýöne men şol maşgalanyň kejirligi beýle uzaga çeker, äri bilen beýdip, öz ojagyny girdaba giriftar edýänçä gidişer oturar öýdüp, ýatsam-tursam oýuma-da getirmeýärdim. Kem-kemden düzeler, ýalňyşyna düşüner, ondan-mundan görelde alar öýdýärdim. Dostumam edil şol sebäbe görä, beýdip maşgalasyny taşlar, öýüni, çagalaryny terk eder diýip oýlamaýardym. Emma, ine, ýerliksiz kes-keseler, ýoknasyzlyklar ahyrsoňy bir öýi çagşadypdyr, birgiden çaganyň boýnuny burdurypdyr. Atanyň ýüregini sarsdyrypdyr. Şol urgy meň Dostumyň başdaşyna-da ýeňil düşendir öýdemok. «Oýnuň» soňy çyna ýazandan soň, ol, elbetde, öz eden işiniň telekdigine düşünendir. Ýöne indi giç.
...Men uludan demimi aldym. Yzyndanam töwir galdyrdym-da, Dostumdan rugsat soradym. Kynlyk bilen ýerimden turdum. Agyr ädimler bilen gapa tarap ugradym. Meniň gitmekçi bolýanymy aňyp, henizem şol ýerde bir zatlara güýmenip ýören zenanam aşhanadan çykdy. Hoşlaşdy. «Gelip duruň, çagalaryňyzam, aýalyňyzam alyp geliň» diýdi. Bu sözi men onlarça ýyl gatnaşanam bolsam, Dostumyň öňki aýalyndan ýekeje gezegem eşitmändim. Şol aralykda bir ýerden «jompul-jompul» edip, Babajanam peýda boldy. Elini uzatdy. Oňa çenli tigirlenipjik gyzjagazam geldi. Men olaryň ikisinem alyp, ýaňajyklaryndan ogşadym. Kiçijik eljagazlaryny elime alyp ýuwaşja silkeledim. Soň ýere düşürdim. Hormat üçin henizem gapdalymyzda duran zenana ýene bir gezek «Sag oturyň» diýdim-de, elimi gapa ýetirdim. Daş çykdym. Dostumam çykdy. Men oňa elimi uzatdym. O-da uzatdy. Şol wagt onuň gözlerinde çyg göründi. Ýöne ol çyg başdaşyndan, başky ojagyndan, ilkinji perzentlerinden aýra düşen adamyň ajy gözýaşlarymy ýa gijem bolsa, orta ýolda öz göwün söýen maşgalasyna gowşan adamyň begenç gözýaşlarymy, ine, şony welin bilip bilmedim.
Köçä çykanymdan soň men şol lapymy keç eden ýadygärligi ýene bir gezek görmezlik üçin, dokuz gatly jaýyň ters tarapyna öwrüldim-de, awtobusa birküç duralga dagy aňyrda münmek üçin pyýadalap ugradym. Beýnimiň içinde bolsa, Nina daýzanyň birmahallar Dostum barada ýüreginden syzdyryp aýdan sözleri dygysyzlyk bilen şo-ol gaýtalandy durdy, gaýtalandy durdy.
1997 ý.
Hekaýalar