07:24 Garpyzçy / hekaýa | |
GARPYZÇY
Çagalar edebiýaty
Howa yssydy. Muňa garamazdan bakjalykda işler gyzgalaňly barýardy. Köpler garpyz ýyganyndan gawun ýyganyny kem görenokdy. Sebäbi atyzlarda saralyşyp ýatan gawunlaryň bişenleri, "Men bärde, men bärde" diýýän ýaly garynlaryny pökgerdişip, gözüňe dürtülip durdy. Emma garpyzyňky başgaçady. Olaryň biri-birine meňzeşligi haýsysynyň bişendigini, haýsysynyň çigdigini saýgarmagy kynlaşdyrýardy. Aýdogdy garpyz ýygmak işine birneme ökdeläpdi. Ol indi alty ýyl bäri tomus rugsadynda özi ýaly okuwçylar bilen garpyz ýygmaga gatnaşýardy. Garpyzlary pitikläpdi, oňa diň salardy, reňkine üns bererdi. Her garpyzyň ýanynda biraz wagt eglenerdi, ýöne, olaryň bişenini saýlamagy başarardy. Aýdogdyny okuwçylar önümçilik brigadasynyň agzalary-da, oba adamlary-da gowy görýärdi. Soňabaka adamlar Aýdogda „garpyzçy“ diýip ýüzlendiler. Bu oňa garpyz tanamakda we çalt ýygnamakda ussatlygy üçin aýdylýardy.Bir gezek şeýle bolupdy... Daýhan birleşiginiň başlygy körpe bakjaçylaryň ýanyna gelip, işiň gidişi bilen tanyşdy. Soňam okuwçylara ýüzlenip: - Hany, ýigitler, bize-de bir iýer ýaly garpyz getirseňizläň!—diýdi-de, ýany bilen getiren myhmany güjüm agajynyň goýry kölgesine alyp bardy. Okuwçylaryň hersi bir garpyz getirdi.Orta dört-bäş garpyz üýşdi. Başlyk birinji garpyzy öňüne alyp, uly höwes bilen kesmäge durdy. Ol birhili aljyrajak ýaly etdi. Kesip oturan garpyzyny bir gapdala süýşürdi-de, indiki garpyza el uzatdy. Syr bildirmän olaryň ählisini diýen ýaly kesip çykdy. Emma olaryň hiç birinden hem göwni suw içmedi.Garpyzlar ala-gyzyl, çigdi. Myhman başlygyň ýagdaýyny aňan ýaly: - Ýoldaş başlyk, garpyzlary şähere ugradýas welin, heniz howlugýan-a däldiris-dä!—diýdi. Aýdogdy ýerinden çalasyn galdy.Golaýynda hatarlanyşyp oturan misli gujak ýaly garpyzlardan birini baldagyndan ýolup aldy-da, getirip myhmanyň öňünde goýdy. - Daýy, ynha şu garpyzam çig bolsa, onda meniň şähere ugradan garpyzlarymyň bary-da çig bolmaly. Bu ýerde iň köp garpyz ýygýan men—diýdi. Başlyk boz-ýaz bolup, soňra gürledi: - Ýeri, ýeri oglum, göwnüňe alma. Bişeni bar, çigi bar. Gördüň-ä, Durdyňkam, Merediňkem çig çykdy ahyryn. Gerek däl, ählisem birdir, oglum. - Ýok, meňkinem... Bu ýerdäki oglanlar diňe gawun ýygýanlar ahyry. Başlygyň deň ikä bölen garpyzy köz ýaly gyzyldy. Ony görüp töweregindäkileriň hem agzy suwjardy. Myhman bu gezek şähdaçyk gürledi: - Körpe, seň adyň näme? Kimiň ogly borsuň? - Aýdogdy. Bally mugallymyň. - Berekella, Aýdogdy jan, berekella.Sen-ä tüýs garpyzçy ekeniň! - Daýy, berekellany entäk iýensoň aýdyň, eger garpyz tagamsyz bolsa, soň öwgiňize ökünäýmäň! - Gaty dogry gürrüň. Başlyk garpyzdan bir bölejik kesip aldy-da, agzyna atdy. Soňam agzyny şukguldadyp durşuna şeýla diýdi: - Ýigitler, alyň, her haýsyňyz bir bölek şeker gant... Aýdogdy keýpihon güldi. Soň ol garpyzdan gerk-gäbe bolan başlygyň ýanyna bardy. - Başlyk aga, gaýraky gektaryň garpyzlarynyň şu günler ýygnaýmaly wagty bolupdyr. Güni gijikdirmän, şo taýdan ýygaýsak näme? Onsoňam, indi bu ýerde bişen garpyzlar seýrekledem-ä! - Aýdogdy, goý seniň diýeniň bolsun. Ýöne sen ýaňkyň syryny hökman ýoldaşlaryňa-da öwretgin, bolýamy?—diýdi. Soňam guwançly ýylgyrdy-da, myhman bilen özlerine garaşyp duran maşyna bakan ýöneldi. Başlygyň bu ýylgyrmasy Aýdogdynyň keýpini hasam göteripdi. Ol bir ýerden güýç alan ýaly, oglanlary yzyna tirkäp, goňşy karta ýetmäge howlukdy. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |