GAÝRAT ET!
Gör-ä muny! Kerim duşup bilmän ýören adamyna tötänden duşdy oturyberdi. Öň näçe gezek duşuşjak boldy. Bahana-sebäp gytmy. Her sapar bir saý-sebäp bilen duşuşmak pikiri yza süýşürildi. Soňabaka bu baradaky pikiri çaň basana döndi, ýatdan çykyşdy gitdi. Gowy däl. Elbetde, gowy däl. Bir obada önüp-ösdüler. Şol gumly köçede aýaklary bilen alatozan turzup ylgapdylar. Ana, şol tozanyň aňyrsynda indi oglanlyk galypdyr. Olaryň şäherde ýaşap, örňäp ýörenlerinden bärem alty-ýedi ýyl geçipdir. Bir şäherde ýaşap, bir gezegem duşuşmadyk diýseler, oňa ynanjagam az boljak ýaly. Her kimiň başynda müň hyýal bar ahyryn. Şolaryň yzyndan ýetjek bolsaň, ömrüň gädilip dur. Duşulmadyk bolsa ýene ýaşalar ýörlerdi. Duşuşyga olaryň ikisem begendi.
– Baý-baýow, Juma, senmi bu, asyl.
– Kerim!
– Saňa üýtgäpdir diýýärdiler. Sen-ä birjigem üýtgemänsiň.
– Senem üýtgemänsiň.
Şuňa meňzeş gürrüň, hal-ahwal soraşmak ep-esli wagta çekdi. Köp zatlaryň başy agyrdyldy.
– Beýdişip ýolda durmaly-la, ýör, öýe baraly, çaý başynda arkaýyn gürleşeris – diýip, Kerim dillendi.
– Ýör – diýip, Juma bada-bat ylalaşdy. – Çagyrsaň, öýüňe bararyn. Barman näme. Köp ýyl geçensoň duşuşýarys. Nähili ýaşaýanyňy görerin. Ýöne özüm-ä çagyryp biljek däl.
Kerim Jumanyň ýüzüne seretdi.
– Näme üçin diýjek bolýaňmy? Üçini kän onuň. Ilki bilen-ä aýalym myhmançyl däl. Onsoňam öýümiz daryşganlyk. Ýekeje otag, iki adam barsa, oturara ýerem galanok. Çagalaram, tüweleme, dört sany. Öýe sygmajak bolýarlar. Ýöne saglyk bolsa, kooperatiwden jaý almakçy. Bäş otagla nobata durus. Oňa-da pul gerek. Aý, oňa bermeli pul-a eýýäm ýygnadygam. Pul ýygnamagam aňsat däl, Kerim jan. Pul diýeniň suw ýaly bir zat eken. Aýaňy açsaň, hiç zat galanok. Aýlyk bilenem önüberenok. Bir tarapyňy söwda-satyga diremeseň, bolar ýaly däl. Şoň üçinem, şäherden delräk zat tapsam, oba eltip satdyrýaryn. Ejem satýar. Ýöne umumy ýaşaýyş jaýdakylaryň ugry ýok. Sähel bir iş edeniňi aňsalar, başlyga baryp ýamanlaýarlar. Käşgä ýamanlanyňa görä, jübiňe bir zat düşse, onda başga gep. Goňşylarym ugursyz adamlar. Bar zatlaryna hem ýok diýýärler, ynsapsyzlar. Aýalym sag gapdaldaky goňşymdan nahara atar ýaly bäş-alty sany kartoşka sorady. Utanman «Ýok» diýýär. Men onuň bir setke kartoşka getirenini gözüm bilen gördüm. Otluçöp diýersiň, bahasy bir köpük, şony sorasaňam, ýüzüňe seredip ýok diýýärler. Adamlarda utanç galmandyr, Kerim jan.
– Özüň alaýsaň bolmaýarmy?
– Wah, boljak-la! Ýöne şu mahal tarhanlyk edere bolanok. Aýalym bir maşynjagaz alaýsak diýýär. Menem ony makullaýaryn. Tapanja pulumyzy amanat kassa basýarys. Şu ýyl alaýmagymyz mümkin. Gutlap bir zatlar eltmeli bolarsyň.
– Elbetde.
– Kerim jan, adamlar mahaw-how. Bizde pul bardygyny aňyp, käte karz sorama gelýärler. Bir hepdeden bereli diýýärler. Meniňem karz soralsa, janym çykýar. Dünýäde ýek ýigrenýän zadym karz bermek. Näme üçin bereýin, peýdasy näme? Amanat kassada dursa welin, peýdasy uly. Goýanja puluň üstüne prosent münüp dur. Karz beren adamyňdan prosent-ä beýlede dursun, algyňy almagam görgi.
Kerim belent küňreli derwezäniň gapysyny açdy.
– Şu giň howly seniňkimi? Bä, gowy eken. Meniňki bolaýsady...
– Howlynyň eýesi meniň bilen işleýär. Oňa Meýdan aga diýýärler. Ol jaý alýançaň, meniň ýanymda ýaşaber diýdi. Menem onuň iki otagly jaýynda bolýan. Maňa ýene iki aýdan üç otagly jaý berjekler.
– Şumy? – diýip, içeri giren Juma goş-golamlary nebsewürlik bilen synlady. – Mende-hä munça goş ýok.
Orta saçak ýazyldy. Juma howlukmaç iýdi, içdi. Aňyrsyna il gonansoň, onuň aladasy artdy.
– Ýaňy jaý berilýär diýdiňmi?
– Onuň suwagyny-zadyny edip ýörler.
– Biziňk-ä entek gurlanogam – diýip, Juma gamly seslendi. – Jaý berler ýaly, sen nirede işleýäň-aý?
– Aýakgap fabriginde.
– Bä, onda aýakgabyň-a mugtdur. Maňa bereňogam. Gysganjyň çykypdyr seniň.
– Mugt zat ýok...
– Köne aýakgaply baryp, täzesini geýip gaýdyberseň bolanokmy? Barlap goýberýänleriňem göwnüni taparlar. Olaňňam bokurdagy deşikdir ahyryn. Bä, siziň işiňizde derrew baýasa boljak ekeni – diýip, Juma keýpihon ýylgyrdy. – Gowuja-gowuja aýakgap çykaryp iber oba. Obada elden bir zat almaly bolsa, adamlar hezil edýärler. Olara magazinden zat almasa bolany.
Kellesi güwläp ugran Kerim gaşlaryny çytdy.
– Näçe alýaň?
– Aýlykmy? Üç ýüz töweregi.
– Üç ýüz?
Kerim baş atdy.
– Degişýäňmi?
– Çynym.
– Onda nä başda aýtmadyň? Men-ä iki ýüz manada daňlyp otyryn. Üç ýüz manat aýlygy bolsa, jaý berseler, menem işe baraýyn. Häzirki işleýän ýerimden jaýam ýok. Kooperatiwdenem pul seçip jaý almaýyn. Gowy bolaýdy şüý-ä. Üç ýüz manat aýlyk bilen pensiýa çyksaň, aljak pensiýa puluň hem köp boljak.
– Ýaňy otuz ýaşadyk. Pensiýa nireden ýadyňa düşüp ýör seniň?
– Hemme zady hasaba almaly, Kerim jan. Bihasap zat bolmaly däl. Pensiýa ýaşyna-da ýetenimizi duýman galarys. Ynha meniň dört çagam bar. Ýene bir çagamyz bolsa, soň aýalym elli ýaşynda pensiýa çykyp bilýär. Uly utuş. Şoň üçinem, ýene bir çaga garaşýas. Soň nokat. Men dekretden öň aýalymy-da siziň fabrigiňize işe ýerleşdireýin. Dekret puly köp bolar. Soňam işläbersin. Aýda alty ýüz manat. Gapdaldanam şonuň ýarysy düşse... Kerim jan, sen bir gaýrat et, bizi şol işleýän ýeriňe ýerleşdir.
– Meniň gerek ýerim ýok ol ýerde. Men ýönekeý bir işçi. Özüň bar. Fabrige işçi gerek.
– Sen gaýrat et. Men eýesiz mal ýaly bolup ýörmäýin. Onsoňam seniň özüňe-de uly abraý bolar. Işçi ýetmän durka, gowy kadr getirdi diýerler.
– Ýene üç-dört günden zähmet rugsadyna çykýan. Şoňa çenli barsaň kadrlar bölümine elteýin.
– Gijikdirip ýörmek nämä gerek. Men hut ertiriň özünde aýalym bilen ýanyňa bararyn. Seni nädip tapmaly? Ýöne sen bizi iň gowy, düşewüntli sehine işe girmäge kömek et. Gep şonda. Gaýrat et! Menem gadyryňy bilerin.
– Onuň üçin bir ýyl, ýarym ýyl işläp, özüňizi görkezmeli bolarsyňyz.
– Gaýrat et!
Juma işe başlady. Günortan naharyna çykylanda ol Kerimiň ýanyna ýylgyrjaklap geldi.
– Hany, naharlanmaýasmy?
– Naharlanmaly bor.
– Men-ä işe täze başlan adam. Senem üç ýüz manat alyp işläp ýörsüň. Şoň üçinem aýlyk alýançam gaýrat edersiň-dä.
– Bolýar.
Ony direktor ýanyna çagyrdy.
– Jumany nädäýipsiň? Aýlygymyz gowy diýip ony bu ýere getiripsiň. Indi ony umumy ýaşaýyş jaýyndanam çykarypdyrlar. Dört çagalary bilenem olary hiç kim kwartirant alanok. Bir iş etjek bolaňyzda oýlanyp ederler. Indi saňa berilmeli jaýy Juma beräýmesek boljak däl. Özüň nähili görýäň şu pikiri? Ýagdaýa dogry düşün. Gaýrat et-de, nobatyňy oňa ber.
Kerim direktoryň «Gaýrat et» diýmesine geňirgendi. «Ol öň beýle sözlänokdy ahyryn» diýip içini gepletdi.
– Olaryň kör-köpük pulam ýok. Seniň ýagdaýyň bolsa oňuşmazça däl. Asyl saňa jaý geregem däl.
Kerim direktora geňirgenme bilen bakdy.
– Giň howlyň barka, etažly jaýy näme etjek?
– Meniň howlym ýok.
– O nähili ýok?..
– Men Meýdan agalarda wagtlaýyn ýaşap ýörün.
– Hä, şeýlemi? – diýip, direktor biraz oýa batdy. – Barybir, gaýrat et. Seniň iki çagaň bar. Jumanyň bolsa dört çagasy bar. Onuň aýaly hem göwrelimiş. Olaryň ýagdaýyna özüň gowy düşünýäň. Dört çagany ekläp-saklamagam gerek. Onsoňam, Jumany işe getiren özüň. Indi özüň oňuş. Özem şu meseläni hut şu wagt çözeli. Men olardan bizar boldum. Är-aýal her gün şu ýerde. Çagalarynam getirýärler. Yzan-çuwan bolşup meni halys basdylar. Sen meni şu aladadan dyndyr. Gaýrat et. Olara haýpyň gelsin. Saňa bolsa ýene bir ýyldan bereris. Meýdan bilenem özüm gürleşerin.
Şol günden bir hepde geçip-geçmänkä iş wagtyň ahyry direktor Kerimi ýene ýanyna çagyrdy.
– Sen ol obadaşyňa aýt, beýdip baýap bolmaz. Tiz it masgarasy bolar.
– Näme?
– Ol hiç doýanok. Ynha bir aýyň içinde iki gezek ele düşdi. Birinji gezek indi şeýle iş etse, işden çykarjakdygymyzy aýtdym. Barybir, ýene öňňin alty sany köwüş bilen tutuldy. «Çagalaryň hatyrasy üçin gaýrat et!» diýip duransoň, ýene eglişik etdik. Ýöne indi eglişige garaşmasyn. Ol her gün köne çepekli gelip, täzesini geýip gidýär diýen habar gulagyma degýär. Seniň getiren adamyň, özüň düşüniş.
Kerim direktoryň ýanyndan keýpsiz çykdy. Onuň Juma bilen baglanyşykly bolýan zatlara hiç ynanasy gelmedi. «Öňem köp gepleýärdi, ýöne beýle däldi» diýip, içini gepletdi. Fabrigiň çykalgasyndan çykan galmagala diňşirgendi.
– Gaýrat et, gaýrat et!
– Heý, onça-da gaýrat etmek bolarmy? Öň näçe gezek gaýrat etdim. Indi mende gaýrat galmady. Aýyr birligiňi! Ýör direktoryň ýanyna.
Ýaşy durugşan daýaw kontrolýor göwşül sumkasy köwüşden doly Jumany öňe düşürip gelýärdi. Juma Kerimi görüp begendi.
1972 ý.
Osman ÖDE.
Hekaýalar