GEÇIŞ DÖWRI
Direktor elinde saklap duran gazetinden ýüzüni aýyrman, kaşaň kabinetine ýygnananlara ýene-de bir gezek, öz aýdyşy ýaly, «äçgisiniň» üstaşyry göz aýlady-da, gapdala eglibräk, okuw işleri baradaky orunbasarynyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Soňundanam, hemişeki edähetine görä, birki gezek batly ardynjyrap, söze başlady:
— Obşam, ýoldaşlar, biz şu gün ör-rän wažnyý bir meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnanyşdyk — Ol elindäki saralyp giden gazeti ýokary galdyrdy-da, sözüniň üstüni ýetirdi: — Ýadyňyzda bolsa, mundan birnäçe ýyl ozal öz rodnoý dilimizi ösdürmek barada ýörite kanun çykypdy. Şol wagt ony hemmaňiz podderžiwat edip, tizden-tiz iş ýüzüne geçirmäge-de söz beripdiňiz. Şeýle dälmi?
Oturanlaryň ählisi «hawa» diýen terzde baş atdylar. Direktor birbada göwnühoş ýylgyrsa-da, basym agras keşbe girdi:
— Ta-ak, onda nämüçin düýnki ýygnakda ketdeler biziň suwumyza degdiler?
Birbada otagyň içine ümsümlik aralaşdy. Hemmeler pikirini bir ýere çugdamlaýan ýaly, aşak bakyp dymdylar. Diňe, niredendir bir ýerden aýnanyň öňünde peýda bolan äpet gara siňek ilkinji sözi alan dek, düşnüksiz wyzzyldady. Emma oňa diňe hol çüňkde gysmyljyrap oturan jaý süpüriji Näzik daýza mojugy bilen alarylyp bir seretdi diýäýmeseň, epeý-epeý pyýadalaryň hiçisi gabagyny-da galdyrmady. Gaýtam, her kim aşak bakyp, iki egninden dem alyp oturşyna düşnüksiz wyzzylda meýmiredi.
Ara düşen dymyşlygy ahyr direktoryň özi bozdy:
— Nu-u, uzak dymdyňyz-la?! Neuželi, aýtjagyňyz ýok? — Onuň nazary türkmen dili we edebiýaty sapagyndan okadýan mugallyma kaklyşdy: — Myradow, dawaý, sen aýt öz mneniýaňy.
Bir gapdalda oturan orta ýaşlaryndaky daýaw adam göwünli-göwünsiz ýerinden galdy. Äpet kellesini göwresine birikdirip duran gysgajyk boýnundan asan galstugyny düzedişdirdi-de, ýaltalyk bilen söze başlady:
— Karoçiý, ýoldaşlar, Dil hakyndaky kanuny goldaýandygymy men-ä şol wagt, heniz onuň proýektini ara alyp maslahatlaşan mahalymyzda-da aýdypdym. Potomu çto, şol kanunda biziň näçe ýyllap meçtat edip gelýän zadymyzyň hasyl bolandygyna srazu göz ýetiripdim. — Ol öz sözleriniň täsirini bilmek isläp, oturanlaryň ýüzlerine birlaý seredip çykdy. Hemmeleriň sessiz-üýnsüz, burny deşilen ýaly bolup aşak bakyp oturyşlaryny görende, ony kanagatlanmak duýgusy gurşap aldy. Birneme ekezlenip, gürrüňini dowam etdirdi: — Muňa garamazdan, başlyklar bizi tankyt edýän bolsa, dereginde bir zat bardyr, ýoldaşlar. Liçno özüm-ä şolaryňkyny praw hasap edýärin. Hakykatdanam, dil — halkyň baýlygy. Wot, şol baýlygam tas ýitiripdik biz, ýoldaşlar. Gorodlarda dagy käbir türkmen semýanyň çagalary ýeke agyzam bilenoklar öz rodnoý dilini. Öňem haýsydyr bir uçýonyý aýdyp geçipdir ahyryn, dilini ýitiren halkyň özem ýok bolar diýip. Ör-rän prawilno aýdypdyr şol, görseňiz. Biziňem dilimizi ýitirmegimize çud galdy. Söz zapasymyz çerezçur azaldy, birnäçe sözlerimiz arhaizmleşdi. Hälem şü Garaşsyzlyk diräýdi maňlaýymyzdan. Görüň-ä, öz rodnoý dilimize gosudarstwennyý status aldyk...
Ony ahyryna çenli diňlemäge direktoryň sabyr-takady ýetmedi. Ol ruçkasy bilen stoly ýuwaşja tyrkyldatdy-da, onuň sözüni böldi:
— Ýoldaş Myradow, häzir bize siziň leksiýaňyz däl-de, ýokardan edilen kritika bolan mneniýaňyz gerek.
Myradow bir kürtdürip durdy-da, nägilelik donuna gurşalyp, sözüni jemlemek bilen boldy:
— Eger, üns beren bolsaňyz, kritika bolan garaýşymy men başda aýdypdym. Başlyklar aýtsa galp aýtmaz, tizden-tiz ondan netije çykarmaga girişmeli.
— Beýle bir oda-köze düşübermelem dälmikä diýýän — diýip, matematika mugallymy Gylyjow ýerinden galdy: — Meniň düşünişimçe, biz — mugallymlar oba ýerlerinde peredowikler, intelligensiýanyň beýik wekilleri hasaplanýarys. Şonuň üçinem öz rodnoý dilimizi mundan buýana-da ösdürmek, çistilemek üçin ilki bolup biziň aktiw göreşmegimiz gerek. Çünki bu işde mugallymlara uly rol degişli bolup durýar. Ýöne... bir zadam unutmaly däl. Kanun boýunça biz şu wagt geçiş döwrüni başdan geçirýäris. Onsoň bu ýerde garym-gatym gürleýäňiz diýip tankyt etmek, yrsaramakdan gaýry zat däl, ýoldaşlar.
Häliden müýnli ýaly bolup, aşak bakyşyp oturan mugallymlar onuň aýdanlaryny makullaýjy sözler bilen alyp göterdiler. «Prawilno», «Ketdeler, možet, geçiş döwrüni bilýän däldirler», «Ýaşasyn, geçiş döwri» ýaly sözler otagyň içinde ikiýana at saldy.
Soňam mugallymlaryň birnäçesi çykyp gürledi. Olaryňam ählisi, her bir ýagdaýdan baş alyp çykmagy başarýan matematika mugallymy Gylyjowa minnetdarlyk bildirip, tankydyň biadyldygyny, yrsaramakdan başga zat däldigini tekrarladylar. Geljekde şeýle ýagdaý ýüze çykaýsa, geçiş döwrüne düşünmeýän şol ketdeleri mugyra getirmek üçin has ýokarrakdaky guramalara arz etmegi karar etdiler. Şonuň bilenem maslahat tamamlanyp, gapydan kim öň çykmaşak başlandy.
Sähel salymdan otagda jaý süpüriji daýzanyň bir özi galdy. Hernäçe üns berse-de, häliden näme hakynda gürrüň bolanyna oňly düşünip bilmän oturan Näzik daýza «owf-f» edip ahmyr bilen başyny ýaýkady-da, eline sübsesini aldy. Soňam ähli gaharyny henizem düşnüksiz wyzzyldaýan siňekden çykardy...
1993 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar