13:41 Gorkut ata eýýamynyñ beýik serkerdeleri | |
Gorkut ata eýýamynyň beýik serkerdeleri 1. Bilge han – 716 – 734-nji ýyllarda hökmürowan bolan. Göktürkmenler soltanlygyny täzeden döretmekde uly orun eýeledi. Bilge han özüniň bize ýeten ýazgysynda şeýle ýazdy: «Meniň patyşalyk edýän halkym doýa garna iýip, göwresini ýapmaga egin-baş tapyp bilmän ýören bir ejiz we nalajedeýin harlk dildir». Ýagdaý hakykatdan-da şeýledi. Işler bulaşyp, döwletiň synmagyna sähelçe pursat galdy, ýöne Bilge han aýgytly, käte bolsa ýowuz çäreleri görüp, onuň dowam etmegini gazandy, ajaýyp goşun döretdi. Eýýäm 717-nji ýylda ähli Merkezi Aziýa ýene-de göktürkmenleriň elindedi. VII asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda Bilge han hytaý goşunlaryna garşy ussatlyk bilen geçirilen, uly rowaçlyk bilen tamamlanan ýörişleriň birnäçesini amala aşyrdy. Şondan soň ilatynyň sany-sajagy bolmadyk ägirt uly döwlet göktürkmenlere paç tölemeli boldy. 2. Sülük Çabyş Çor – 715 – 137-nji ýyllarda hökmürowan bolan. Türkmenleriň Türgeş döwletiniň (häzirki Özbegistanyň, Gazagystanyň ýerleriniň bir bölegi we Günorta Türkmenistan) hökümdary. Araplaryň Merkezi Aziýa aralaşmagyna garşy aýgytly garşylyk görkezdi. 728 – 729-njy ýyllarda ol Buharanyň eteginde, 732-nji ýylda bolsa – Samarkandyň we Kerminiň eteginde arap goşunlaryny derbi-dagyn etdi. Aslynda, şol döwürde arap goşunlaryna diňe Şülük han garşylyk görkezýärdi, beýlekiler eýýäm boýun egdirilipdi. Arap serkerdeleri ony «Abu Muzahim» (Zarba urujy) diýip atlandyrypdyr hem-de göwnüni awlamaga synanyşypdyr, emma ol ýan bermändir. 737-nji ýylda ony pula satylan esger haýynlyk bilen öldüripdir. 3. Bilge Kül Kadyr han – 840-njy ýylda tagta çykdy. Garahanly türkmenleriň soltanlygyny esaslandyryjy, özi türkmenleriň garlyk taýpasyndan. Ilki başda bu birleşme üçoguz (garlyklar, ýagmalar we çigiller) diýlip atlandyrylypdyr, garlyklar esasy bolupdyr. 753-nji ýylda Bilge Kül Kadyr han Altaýy, Ýediderýa sebitini, Toglasy, Günbatar Týan-Şany özüne tabyn edipdir. 840-njy ýylda ol «Garahan» diýen şejerebaşy adyny kabul edipdir we patyşalygyň ady-da şondan gelip çykypdyr. 4. Salyr Gazan – X asyr Türkmenleriň bäş taýpasynyň: salyrlaryň, saryklaryň, tekeleriň, ärsarylaryň, ýomutlaryň birleşmegi netijesinde emele gelen birleşmäniň baştutany. Örän güýçli pälwan hökmünde ol hakda Aziýada köp gürrüň edilip, rowaýatlar aýdylypdyr. Salyr Gazan eposyň gahrymanyna öwrüldi, şol ýerde halky gorap, oňa ýardam-hemaýat berýän hökümdar hökmünde taryplanýar. Şol serkerdä uly sarpa goýmak däpleri häzir hem dowam edýär. Salyr Gazan «öwlüýä» hasaplanýar. 5. Mahmyt Gaznaly – 998 – 1030-njy ýyllarda hökmürowan bolan. Gaznalylar döwletini esaslandyryjy Sebuk teginiň ogly. Heniz ýigit mahaly gahrymançylygy we edermenligi üçin «Döwletiň gylyjy» diýen hormatly ada mynasyp bolupdyr. Kakasy patyşalyk edýärkä goşunlaryň serkerdebaşysy boldy. Tagta çykandan soň öz basyp alan ýer-ýurtlarynda yslamyň ýaýramagynyň aýgytly tarapdary bolupdyr. Munuň üçin arap halyfy Kadyrdan «iýemin ad-daula ua-amin al-milla» (döwletiň daýanjy we diniň ynamdar adamy) diýen derejäniň berilmegine, şeýle hem hökümdarlygynyň ol tarapyndan ykrar edilmegine mynasyp bolupdyr. Soltan Mahmyt Gaznaly berk düzgün-nyzamly goşun döretmek üçin örän köp alada we tagalla edipdir, goşun gulamlarynyň parahat ilaty talamagyna ýol bermändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |