08:08 Gözüñ bolmasa-da görüp bolýar!.. | |
GÖZÜÑ BOLMASA-DA GÖRÜP BOLÝAR!
Geň-taňsy wakalar
Sankt-Peterburg döwlet tehniki uniwersitetiniñ fizika boýunça professory, tehniki ylymlaryñ doktory Konstantin Korotkow körleriñ endamyndaky hamy arkaly görmäge ukyplydygyny aýdýar. Mental bilimiñ Russiýadaky ähmiýetini nygtap geçen K.Korotkow gözleri görmeýän çagalaryñ ýörite okadylýandygyny we olaryñ bu usul arkaly göýä gözi görýän adamlar ýaly okaýandyklaryny gürrüñ berýär. Şol sanda ol: "Hemmeler bu bilimi alyp bilmez" diýip aýratyn nygtap geçmegi hem undanok. Üstünde durulýan usul şu pikire esaslanýar: Gözler görenok. Biziñ görän synamyz - beýnidir. Gözler bizi diñe daş-töweregimizden alýan maglumatymyzy beýnä daşaýan serişdedir. Şeýle ýagdaýda adamyñ organizmi bir bitewi sazlaşyk esasynda beýnä maglumat daşaýan serişdä öwrülip bilýär. Hatda teniñiz hem bu işiñ möhüm bölegidir.... K.Korotkow: "Şeýle çagalar adaty okuw şertlerinde okap bilýärler. Maglumat göz bolmazdan göni beýnä geçirilýär" diýýär. Okuw geçirilip durka birnäçe barlaglary alyp barandygyny aýdýan K.Korotkow energiýanyñ çäklerinde üýtgeşik transformasiýanyñ amala aşýandygyny we añ ýagdaýlarynyñ özgerip başlaýandygyny anyklady. Barlaglar sapak dowam edip durka energiýa derejesiniñ ýokarlanýandygyny, munuñ her sapakda öñkä görä hasam artýandygyny subut etdi. Bu ýagdaý yzygiderli ýagdaýa öwrülensoñ, sapak wagty energiýa çäklerinde üýtgeşiklik geçmeýändiginem anykladylar. Bu metod arkaly hereket edýän mekdepleriñ sany bolsa 30-a ýetipdir. Aýratynam Şweýsariýada we Bolgariýada muña uly üns berilýär. Kämillik ýaşyndan geçenleri-de okadyp boljagyny aýdýan K.Korotkow sözüni şeýle dowam edýär: "Meniñ özüm bu bilimi aldym. Öñler äýnek ulanardym, indi ulanamok. Endamyñyz arkaly beýnä maglumat ugratmak kyn däl. Gözler optiki sistema-da bolsa-da beýniñizi täzeden gurap bilýär we hamyñyz arkaly görüp bilersuñiz". 1960-njy ýyllarda «Technology for Youth» žurnalynda ol Roza Kuleşowa atly aýal hakynda makala çap etdiripdi. Ol aýalyñ hamy arkaly görme ukyby bardy. Ol gözleri dañylgy halda-da kitap okap bilýärdi, ellemek arkaly reñkleri saýgaryp bilýärdi. A.Nowomeskiý, N.Sudakow, Şewelýew we beýleki alymlar duýgy ýoly arkaly hamy bilen görmäge ukuply birnäçe adamlaryñ bardygyny subut etdiler. Olaryñ käbiri diñe mutad şertlerde däl-de, şol bir wagtyñ özünde, gara reñkli gabyñ ýa-sa demir gutynyñ içindäki närseleri görmek ýoly hem oñyn netijeleri berdi. ■ Goşmaça maglumat üçin seret: 1. E.Jandan "Aýdyñ görüjilik ukyby", saýtdaky linki: http://www.kitapcy.ga/news/aydyn_gorujilik_ukyby/2018-07-29-1632 Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |