17:42 Han bilen işçi hekaýaty | |
HAN WE IŞÇI HEKAÝATY
Goşgular
Bir adam diýipdir baryp bir hana: “ Kömek eýle, menem gireýin sana. Bu gün tapsam, ertir alada aşym, Kyrk ýaşa ýetmänkä çalardy başym. Pukara, sadaja, garyp işçi men, Rehim eýle menden has-da güýçli sen”. Diýipdir-de, tagzym edip durupdyr, Başyn sejdä goýup, boýun burupdyr. Hanyň agras nazaryna hopugyp, Sandyrady Şir gelýän deý topulyp. Hortaň bedeninden sumat boldy güýç, Özi-de bolşuna düşünmedi hiç. Han diýdi: “Bolýa-da kömek edeýin, Ýöne saňa ýekeje zat aýdaýyn: Hemmäniň hukugy deňdir dünýäde, Gulluk edýäs ykbal atly binýada. Ählimiz hem şol binýady gurýarys, Käte-käte çenden aşa arýarys. Bu dünýäde berilýärkä puryja, Peýdaly bor agram salynsa güýje, Halal zähmet bilen göreşseň senem, “Kömek” diýip, ýüz tylla bereýin menem. Bir wagtlar seniň ýaly işçidim, Köp göreşdim, tälim aldym güýçlüden. Öz halal zähmetiň bolmaz minneti, Soň duýarsyň, onuň çäksiz hümmeti”. Tylla puly alyp işçi gaýdypdyr, Öz ýanyndan han gysgançdyr öýdüpdir. Ýüz tyllany sowupdyr ol ençe gün, Täzeläpdir öýi bilen üçegin. Hanyň aýdanlary serden uçupdyr, Tutuş ömri garyplykda geçipdir. Düşünmändir sözüň mähnetdigine, Dünýäň manysynyň zähmetdigine. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Dowamat / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Yetimiñ sowaly / Goşgular - 08.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |