19:02 Keý-Kowusyñ pähimlerinden | |
KEÝ-KOWUSYÑ PÄHIMLERINDEN
Sözler
● Bu dünýäde gowy adamlar şire meñzär, ýaman adamlar bolsa, it gylykly bolar. It tapan zadyny şol ýeriñ özünde iýer, şir bolsa awuny başga ýerlere äkidip iýer. ● Eý oglum, dünýäde bolan, bolmadyk ýa-da bolup biläýjek zatlaryñ ählisine adam ogly akyl ýetirip bilýändir. Ol diň Allatagalanyñ işlerine akyl ýetirip bilýän däldir. Başga zada akyl ýetirip bolar... ● Dünýäniñ bar keýpi-sapasy öñ görmedik zatlaryñy görmekde, öñ iýmedik zatlaryñy iýmekde, öñ tapmadyk zatlaryñy tapmakdadyr. ● Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz. ● Akyl bilen baýlyk toplap bolar, emma baýlyk bilen akyl toplap bolmaz. ● Kimdir biri bilen jedelleşjek bolsañ, ony dymmak bilen ýeñmelidir, çünki samsyklara berilip bilinjek iñ gowy jogap dymmakdyr. ● Nadan adamy adam saýmagyn, emelsiz alymy hem alym hasap etme. ● Gözden düşmejek bolsañ, çem gelen zada şaýatlyk etjek bolup ýörmegin. ● Her bir işde ortarakda bolgun. ● Syryñ başgalara äşgär bolmasyn diýseñ, başgalaryñ syryny açmagyn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |