14:14 Keýik tagzymy / hekaýa | |
KEÝIK TAGZYMY
Hekaýalar
Aýböwür sebitlerine ýagan gar üç günläp diňmedi. Belent-pesleri bir meňzeş tep-tekiz eden gar dynansoň bolsa sowuk gazabyna tutdy. Agşama ýakyn demirgazyk- günbatardan öwsüp başlan şemal uzak gijesi bilen dünýäni agdar-düňder edäýerli göründi. Gurbangül eje ýyly otagda çagalaryny daşyna üýşürip daşarda şuwwuldaýan şemala gulak asyp oturyşyna: - Dädem pahyr «Şemal gaýradan öwüsse, ahyry boran bolarmyş» diýip, bir aýtgy aýdardy-diýdi. Garrybaý aga gözlerini bir nokada dikip oturyşyna: - He-eý, kempir, men gyrdaky janawarlary alada edip otyryn-diýdi.-Aýaz gazabyna tutsa, olaryň güni kynlaşar. Gürbangül eje sapaklaryna taýýarlanyp oturan çagalaryna birlaý göz aýlap çykdy-da: - Hernä Allajan apy-tupan tiziräk sowlup, howa ýazylyp gitsin - diýip dileg etdi. Emma gyşyň aňzagy gazabyna tutdy. Ähli ýere galyň düşen gar doňup galdy. asmandaky bulutlaram edil buz bölegi ýaly göm-gök öwüsýärdi. Iýer ýaly bir düýp çöpem tapman, açlygyndan erbet kösenýän keýik sürüsiniň haly harapdy. «Ajyň aňy bolmaz» diýleni boldumy ýa-da ol janawarlar adamlary hossar bildiler, garaz keýikler ýüregini baglap gyrdan aşak oba indiler. Türkmen sährasynyň bu enaýy janawarlary dyza ýetýän garda batyp-çomup, obanyň etegindäki öýleriň malýataklaryna girip, penalaýardylar. Ertiriň çydamsyz aýazynda bir-birine gysmyljyraşyp, ýerde ýatan ot-çöplerden tamşanan bolýardylar. Garrybaý aga ertir ir bilen içmegini egnine atyp, daşaryk çykanda, duldegşir goňşusy Abdy garanyň malýatagynyň ýanynda zowzanaklap ýörendigine gözi düşdi. Garrybaý aga «Ýene näme bolduka, düýnem-ä gowuçylykdy» diýip, öz ýanyndan hüňürdäp duşuna: - Sakaldaş saglykmydyr-diýip, goňşusyna habar gatdy. Abdy gara: - Salawmaleýkim Garrybaý aga, gowulyk, gowulyk-diýip gyssanmaç jogap gaýtardy.-Hudaý berjek bolsa, beräýer eken, ediljek aw-şikärimiz öz aýagy bilen üstümize gelipdir. Garrybaý aga goňşusynyň sözlerine birbada düşünip bilmedi. Oňa çenli Abdy gara aňyrdan görünen ogluna: - Mergen jan basym bol, goşany getir-diýip buýruk berdi. Garrybaý aga şol bada düşündi. Keýikler Abdy garalaryň malýatagyna giripdir. Garrybaý aga sesini çykarman goňşy mellek bilen aradaky çilden ädip geçip Abdy garanyň golaýyna bardy. - Saňa bir zat aýdaýyn inim, bu janawarlar senden pena sorap gelipdirler, neneň edip olary oka dözjek sen! Garrybaý aganyň janygyp aýdan sözleri Abdy gara täsir etmeýän ýalydy,gaýta ýylgyrýr: - Sakgaldaş, men öz etjek işimi özüm bilerin, kanuna garşy gidemok, aw möwsümi, keýik bolsun, towşan bolsun, tapawudy ýok aw etmäge hakym bar-diýdi.-Gowsy azar berme. Ertiriň çytnak aýazyna ýüzüni dildirip duran Garrybaý aga: - Abdy han, seniň gara nebsi:ň gulydygyňy öňem bilýärdim-diýdi.-Ýöne beýle naýynsapsyň öýdemokdym. Şol mahal Abdy garanyň ogly eli tüpeňli öýden çykyp olara garşy ýöräp gaýtdy. Abdy oglunyň getirip eline beren goşasyny güjeňleýän ýaly ýokary göterip: - Garrybaý aga-diýdi.-Malýatagyma giren keýikler üçin arrygyňy gynap oturma, öz etjegimi gowy bilýän. Garrybaý aga Abdy garanyň gözlerine dikanlap garady: - Ene-ataň bermedik akyny men berip bilmerin, bileniňden galma, ýöne bir zat bar aýdyp galaýyn, şol janawarlara sowuk nili uzadan wagtyň öz ýeke perzendiň göz öňüne getir. Garrybaý aga soňky sözüni aýdyp, yzyna aýlandy. Abdy gara «Haý, aklyny çaşyran garry» oň yzyndan agzyny gyşartdy. Howa dogrudanam çakyr aýazdy. Asmanyň ýüzüne keçe ýaly ýazylyp ýatan bulutlar ýerinden gozganmajak ýaly sarsanokdylar. Agylyň çüňkünde bäş-alty sany keýik bir-birsine gysmyljyrşyp durdy. Olaryň Abdy gara dikilen naýynjar nazarlary ýüregiňi gyýýardy. Abdy gara olara garap durşuna golundaky goşany döwüp ok sürdi: - Oglum, hany agyla girip keýikleri maňa tarap kowsana! Men bolsa ýekejesinem goýman pürreläýin. Garrybaý aga lapykeç ýagdaýda öýe dolanyp, ýaňy gyzgyn ojagyň gyrasyna geçipdi. Gurbangül eje eli çäýnekli içeri girdi: - Kakasy, daşarda eglendiň-le? Garrybaý aga aýalynyň soragyna jogap bermäge ýetişmedi. Daşarda dünýäni göçürere getirip gümpüldi eşidildi. Onuň yzýanam goh-galmagal eşidilip ugrady. Bir erbetligiň bolandygyny duýup Garrybaý aga zöwwe ýerinden galdy. Abdy garanyň ulyiline zörledip aglaýan sesinden haýygan Garrybaý aga şol tarapa ylgady. Ak garyň üstünde Abdy garanyň ogly sessiz-üýnsüz gana bulaşyp ýatyrdy. Abdy gara bolsa ony gujaklap aglaýardy: - Mergen jan, jan oglum öz elim bilen eden işime gara, ýekeje balamy özüm öldürdim. Garrybaý aga gelişine aşak oturyp Mergeniň gan damaryny barmagynyň ujy bilen barlady. «Jany bar, Hudaýa şükür». - Tiz bol, maşyny otla, tiz kömege-de jaň et. Aňyna gelen Abdy gara aglamjyrap öýe ylgady. Alňasap iki ýana ylgaşlap ýörşüne: «Hudaý gözümi gapdy, keýik diýip tüpeňlänim öz gara bagrym, öz jigerbendim boldy, taňrygargan ekenim men...» diýip, samraýardy. Gar-ýagyna garaman hä diýmän tiz kömek maşyny ýetip geldi. Wagtynda ýetişen lukmanlar ýaraly ýigidi ajalyň penjesinden alyp galdylar. *** Şol günüň ertesi howa maýlap başlady. Ýalbyrap Gün çykdy. Gurbangül eje jaýyň tarnawyndan aslyşyp duran buz bölejiklerine garap: -Ile-güne döneýin-diýip, guwanjyny daşyna çykardy.-Obanyň içinde malýataklaryna giren keýikleriň otuna-suwuna seredip oturan adamlar köp eken. Bu gün tebigaty goraýjylar gelip oba ilatyna sag bolsun aýtdylar. Tebigaty goraýjylar keýikleriň toplanýan ýerlerine eýýäm bede düşürendiklerini aýdypdyrlar. Indi howada maýlap başlady, keýikler indi günlerini görüp biljek. Garrybaý aga Abdy garanyň agylyna giren keýikleri awtoulagyna ýükläp gyra alyp gaýtdy. Ýol ugrundaky gary eräp ugran aňňat-aňňat alaňlary synlap barşyna: «Kalbymyza ýagýan doňýüreklik garyny ynsanperwerlik nury bilen eredip bolarmyka. Senden pena sorap seni özüne dost, hossar saýyp gelen haýwana ynsan bolup hyzmat etjek bolmaly.» diýip, içini gepletdi. Entek gar bilen basyrnyp ýatan gyryň etegine gelip saklanan awtoulagdan ýagty dünýä çykan keýikler güneşli howada öwrenişip bilmän durdular. Aýaklary gurşan bolmaly... Garrybaý aga guwanç bilen bu enaýyja janawarlara seredip durşuna «Wah-h, meniň sähramyň perişdeleri, melekleri» diýip gözlerine ýaş aýlady. Ol kän eglenmän yzyna dolandy, ýöne ýolda ýene bir ýola ulagyny saklap, gapdalyndan galman gelýän keýikleri synlady. Keýikler Garrybaý aganyň ulagyna ýakynlaşyp, öň aýaklaryny jüp tutup mäşerik ýalyjak kellelerini aşak egýärdiler. Olaryň bu hereketi edil bu ajaýyp adama tagzym edýän ýalydylar. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||