KIME BERGIM BAR?
Soňky wagtlar özümi halys alada aldyryp, depämde bir put ýük göterip ýörene dönäýdim. Ýöne nädeýin, hernäçe başymy dik tutaýyn diýsemem bolanok-da, içigargalmyş. Käteler-ä baryny owarrama urup gezibereýinem diýýän. Arman... öňümden algydarlarymyň biri çykaýýar-da. Ana, onsoň bäbenegim ýene-de köwşümiň tozup ugran burnuna gönügäýýär.
Beý diýsem olar duşan ýerinde algysyny sorap, boýnuma otly tagan ildirip durandyram öýdäýmäň. Ýo-ok, zor etseler gytçylykdan, gymmatçylykdan zeýrenerler. Şonuň özem ýeterlik, telpek sokarynda şygyrdysy bar adama. Onsoňam bi zamanda doganyňam bolsa, möhletsiz-ä bir köpügem beräýmez, hernäçe güpülänem bolsaň, aýdylan puryjaňda-da sen üzlüşip bilmersiň. Wah, meňki ýaly bergiň däl-de, bergiliň müňe ýeten bolsa-ha hasam kyn. Asyl onsoň, uzak gije şar çişirýäne dönäýersiň, owfuldap.
Käteler oturyp-turup goňşymyz Beglä gözüm gidýär. Är-aýal ikisi iki ýerden aýlyk ýagdyryp durlar. Arada garnitur alanlarynda eden bergilerini dagy aý ýaryma ýetirmän üzdüler goýaýdylar. Meniň welin, aýalymyňam eden işi ürküzen gurbagasyna degenok. Instituty tamamlap ylmy iş alan boldy-da, şol nakyl çöpläp ýörşi. Adamçylyk-da, käwagt janym ýanyp:
— A-how, goýsana şu peýdasyz pişäňi. Beýdip gep çöpläp ýöreniňden, Begliniň aýaly ýaly nep çöple, pul topla. Gör-ä, hem işleýä, hem söwda-satyk edýä — diýýän.
Onuň welin, azaryna-da däl. Gaýtam:
— Könelerimiz «Bir menzile gitmez ýüküň egrisi» diýip ýöne ýere aýdan däldirler. Olaryň bu şady-horramlygyna bakma, «Süýji-süýji iýmäniň, ajy-ajy gägirmesi-de bardyr» — diýýär.
Alaç ýok, ylalaşaýmaly bolýan onsoň. Ana, şeýdip, öz aýdyşy ýaly, her gün ruhuňy göteriji nakyl eşidäýmeseň, bergiňi üzüşmäge-hä jinnek ýalyjagam haýry ýok onuň.
Hol gün dagy işden ýadap gelip, agşamlyk çaýyň başynda hezil edip çörek bilen sogan iýip otyrkam, gelýär-de göwünlik beren bolýar:
— Mergen, halys nebsim-janym agyraýýa saňa. Beýdip gussa gark bolup oturman, biraz giňräk bolarlar. Barybir, «Müň gaýgy bir iş bitirmez» diýipdirler.
Tersine, meniň bolsa peltäme ýag damdyrylana dönýär:
— Nädip giň boljak, nädip?! Tanyş-bilişlerden gaçyp gezmeli boldum-a, bergileriň derdinden.
Şeý diýýänem welin, gaýtam hil bir açyş eden ýaly, alyn dişlerini görkezýär:
— Mergen, «Akylyň bolsa akyla eýer, akylyň bolmasa nakyla». Gel, bizem pähim-paýhasly setirlere eýereli!
Zordan gaharyma basalyk berip, onuň ýüzüne alaryldym:
— Nähili setirmiş ol, bize nepi degjek?
— «Bergiň müňe ýetende ýumurtgaly börek iý» — diýipdirler...
Gaharyma laňňa ýerimden galyp, sesime bat berenimi duýman galypdyryn:
— Bergiň däl-de, bergiliň müňe ýetende näme iýmeli?
— Men-ä nakyl aýdýan.
— Beýle nakyllaryňy eltip jara dök. Heý-de, diňe meniň aýlygym bilen, bergimiz ýok bolanda dişiňe degjekmi ol aýdýanyň. Ylmy iş diýen bolup, bar bilýäniň kitaphana bilen öý. Setanda-seýranda bazara-da çykyp gör-ä. Şänik ýaly ýumurtgalary alty manatdan satýarlar güzledip.
— Wiý, näme tutaşyberdiň. Men-ä «Dile geldi, bile geldi» diýlenini edip, hälki bir aýdyp goýberäýdim.
— Aýdyp goýberäýdim... — Gahardan ýaňa saňňyl-saňňyl edip, onuň diline öýkündim. Soňam şol wagt kelläme gelen bir nakyly sugşuryp goýberdim: — Diliňe gelenini otaryp durmaly bolsa, nakyldan kän zat ýok. «Ýetmiş aýalyň akyly bir jüýje horazyňkyça bolmazmyşam» diýipdirler...
Ol tarsa ýerinden turdy:
— Göwnüme degýäň, oglan. Men-ä saňa gowusyny etjek bolýan. — Şondan soň bat bilen otagdan çykyp giderli görünse-de, garaşmadyk ýerimden, birdenkä sesini ýuwaşadaýdy: — Arman, ylym gyzmalygy halanok-da. Hany, ýaňkyňy ýene bir gaýtala.
Men «Bir topalaň turuzasy gelýär-ow» diýen pikir bilen näme etjegimi bilmän, gapdalda ýatan gazete güýmenen boldum.
— Agzyňa suw alana dönäýdiň-le.
«Goýaly-la şu gürrüňi» diýmek üçin başymy galdyrdym welin, görsem, stolda duran bloknot bilen ruçkasyny eline alyp dur. Biygtyýar ýylgyryp, nakyly gaýtalamaly boldum. Şondan soň olam birneme ýazylyp, «günämi» geçdi.
— «Altyn puluň bolmasa, altyn sözüň ýokmudy?» diýleni, meniň-ä saňa pul kömegini edip bilmesemem, dil kömegini edesim gelýär. Onsoňam, «Düýä haýt diýmegem medet» diýipdirler...
Köp gaýtalanyberse iň gowy zadyňam gyzygy gaçaýýan eken. Dogrymy aýtsam, özüm-ä aýalymyň ýerli-ýersiz sugşuryp duran nakyllaryndanam bizar bolupdyryn indi. Aram-aram-a öz-özüme-de igeniberýän, «Ýeri, bilimli aýaly başyňa ýapjakmydyň» diýip. Onsoňam, has uly bergä batmagyma-da şonuň nakyly sebäp bolupdy ahyryn. Şindiler pikir edip oturýan welin, nakylyny aýtmadyk bolsa şo gezek yrylmasamam yrylmazdym. «Näm boldy, beýle?» diýýäňizmi? Ýüregiňizi ele alybermeseňizläň. Rast başladymmy, içimi gowzatmasam özümem ynjaljak däl indi.
...Toý edelimiz bäri beýle hyzmat görmämsoň, düýbüniň bir çöpi baryny-ha aňypdymam-la. Ýöne, edil beýle bolaýar öýtmändim. Şonuň üçinem «Işdäňi saklama-da, iýsene» diýip, bir eýläme, bir beýläme geçip hozanak bolýan aýalyma parhsyzlyk bilen seredip, garnymy baýatdym. Naharyň yzyndan ajyja çaý süzüp ýatyşyma-da, «Sakawyň soňuna seret» diýlenini edip, özüniň dillenerine garaşýan. Pikir edişim ýaly, uzak dymyp bilmedi:
— Mergen, meni gowy görýäniň çynyňmy?
Syr bildirmejek bolup, gödegrägem bolsa, jogabyny berdim:
— Ýigrenýän bolsam ýaşaşmazdym-a.
— Onda men-ä «mus-muslap» durman, «mustapasyny» aýdaýjak.
— Aýdyber, iki gulagym sende.
— Öňem-ä az-owlak bergimiziň baryny bilýän, Mergen. Şonda-da il hatary geýinseň gowy-da.
Gepiň nirä gyşarýanyny aňyp, göwünli-göwünsiz dillendim:
— Ilden kem geýinýänsiň-ä öýdemok welin, sen gowusy «mustapaňy» aýtsana çaltrak.
— Gyzlar ýapon jemperini moda edipdirler...
Ýerimden gobsunanymy duýman galdym:
— Şo-ol alty müňlügimi?
— Ah-heý, o diýýäniň kaperatiwiňkä.
— Onda sen nähilisini diýýäň?
— Hakyky importnysyny.
— Bahasy näçemiş onuň?
— Ýigrimi bäş müň diýýäler.
— Näçe-e?!.
Birbada gulaklaryma ynanmasamam, aýalymyň aýdany çyn bolup çykdy. Kes-kelläm garşy boldum:
— Onça puly men nireden tapaýyn?!
Aýalymam tutan ýerini goparman goýarly däl:
— Tapylar-la. «Yhlasa — myrat» diýip ýöne ýerden aýdan däldirler. Dostlaryň hersinden az-owlakdan çöpleşdiribem ýygnarsyň, çynyňy etseň.
— Ýeri, ýygnadymam-da, ony üzmekde-de gep bar-a.
— Ah-heý, soňuny alada etmesene, bir topar zadym bar, sataryn şolary. «Töwekgeliň işini Taňry oňar» diýleninem unutma.
— O-owf, ozalky bergilerimi nädip üzjegimi bilmän ýörkäm, tapaýýaň-ow senem bir zatlar...
— Ýeri, Mergen, zeýrenmesene. Bor diýäýde. Hemmesiniňem bir alajy bolar, enşalla. Onsoňam «Batga batsaň boýuňça» diýipdirler-ä.
Birden gowşanymy duýman galdym:
— Onyň-a dogry-la...
Aslynda-ha aýal diýeniň bir zada jyny düşmesin. Jyny düşdügi bes, soň onuň öz perdesinden gopaýmasaň, iňirdisi ýatyrmaz. Iň gowusy-ha, başlanyndan şonuň sazyna sesiňi goşubermelidir. Dagy bolmajagyna gözümi ýetiremsoň, menem yrylmaly boldum. Ine, şeýdibem uly ýüküň aşagynda galdym oturyberdim.
Ondan bäri aý aýlanyp ýyl geçdi. Diňe aýlygym bilen bergimi üzüp bilmejegime gözüm ýetensoň, günlükçilige baş urdum. Boş günlerim iliň gapysynda kireýine işledim. Ahyram bir sähetli gün iň soňky algydarym bilenem üzlüşmek nesip etdi. Şol gün meniň bolaýşymy bir görsediňiz. Ony ýazyp beýan edip bilmesemem, öňümden çykanlaryň «zyrrym däli gördük» diýendiklerini-hä aňýan. Ýeke özümiň kä ýylgyryp, kä hiňlenip gelşimi gören bolsa, ýöne-möne däliniň-ä özem haýygardy şo wagt. Badymy gowşatman, sykylyklap öýe geldim. Begenjime, bergimden artan pulumam aýalymyň üstüne seçdim. Ýeldirgändir öýden borly, ol elini ýakasyna ýetirip, içini çekdi-de:
— Bularyň näme, Mergen? — diýdi.
Men içki joşgunyma bäs gelip bilmän:
— Pul, göreňokmy, pul — diýdim: — Ýa-da puluň nähili zatdygynam unudaýdyňmy?
— Ony-ha unudamok welin, Merediňem elli ýedi manadyny üzlüşäýmeli ekeniň.
— Hemmesini üzlüşdim, hemmesini. Ýene-de algydarym bolsa aýt.
Aýalym az salym içini hümledip durdy-da:
— Meniň-ä ýadyma düşenok — diýdi.
— Düşmezem — Begenjime döşümi ýumrukladym: — Sebäbi meniň başga hiç kime bergim ýok. Eşidýärmiň, hiç kime hiç hili bergim ýok.
Aýalym görgülem begenjinden iki bolup bilmedi:
— Hudaýa şükür, indi-hä arkaýyn ýatsaň gerek.
— Gümansyratmaň näme, Arapreýhan ýaly ýataryn bu gün...
Diýşim ýaly, kellämi ýassyga goýan badyma süýji uka gidipdirin. Az salymdan gündizki begenjim düýşümde janlanyp ugrady. Näçe wagtdyr dişime degmedik, şonuň üçinem tagamy ýadymdan çykyp giden palawmydyr manty ýaly naharlardan gerk-gäbe doýup, ýeke özüm goşa ýassyga tirsekläp, gök çaý süzüp ýatyrmyşym. Edil şol wagtam gapy kakyldy. Men muňa birjik-de keýpimi bozman, şadyýan gygyrdym:
— Giriber-how kimem bolsaň, gapy açykdyr.
Mähetdel etmän, gara geýimli, gözleri içiňden geçip barýan, eýmenç sypatly ýaşuly iç işikde peýda boldy. Ol, göýä könetanyş ýaly, mürähete-zada-da garaşman, gapynyň içki söýesine arkasyny berip, çommalyp oturyberdi. Beýle myhmana garaşmanymdanmy ýa-da onuň tüýsüniň düzüw däldigini bada aňanymdanmy, garaz, içime garynja goýberilen ýaly, ziňkildäp gitdim. Türkmende gapydan geleniň habary üç günden soň alynýandyr diýselerem, salamdan öň sowal berenimi duýman galypdyryn:
— Gapyňy ýalňyşaýan-a dälsiň, ýaşuly?
Ol birjikde äwmän, içiňden geçip barýan nazaryny göni didelerime dikip, güňlenç seslendi:
— Ýok, ýalňyşamok, ogul. — Soňam çalaja ardynjyrady-da, sözüniň üstüni ýetirdi: — Men amanadymy idäp geldim.
Iň soňky algydarym bilen ýaňyja üzlüşemsoň, galyberse-de beýle eýmenç garry bilen hiç mahal algy-bergi edişmämsoň, onuň ýalňyşyp gelendigine magat ynanyp, loh-lohlap güldüm:
— Haý, ýaşuly, görýän welin, aňkaň aşyp ýör öýdýän. Sen amanadyňy başga ýerden gözle, indi meniň hiç kime bergim ýok.
Nädersiň meniň sözlerime zaňňaryň ýekeje tüýi gymyldaýsa. Gaýtam, has beter çiňerilýär:
— Han ogul, oňatja pikirlen.
Menem näme, häliden aýalym bilenem oýlana-oýlana, başga algydarymyzyň ýokdugyna magat göz ýetiremsoň, ýüregim suwluja-da. Şonuň üçinem ebtini agdyryp duran nätanyş garrynyň öz öýümde «hoň-hoňlap» oturşyna girre gaharym geldi:
— Ýaşuly, pikirleneýin-pikirlenmäýin, ýöne seniň ýaly algydarymyň ýokdugyny-ha bilýän — Birdenem onuň bilen heniz tanyşlygam açmanym ýadyma düşdi: — Ýogsa-da, at-familiýaňyza kim diýerler siziň?
— Bizde familiýa diýeniň-ä ýokdur, ogul. Juda bilesiň gelýän bolsa, adymy-ha aýdyp bilerin. — Endigi borly, ol ýene-de çalaja ardynjyrady-da, turbadan çykýan ýaly güňleç sesi bilen sözüniň üstüni ýetirdi: — Bize Ezraýyl diýerler...
— Ez-ra-ýyl! — Gorkujygyma on iki süňňüm titräp gitdi. Saňňyl-saňňyl edip, onuň aýagyna ýykylanymy duýman galypdyryn: — Ýaňyja bergilerimi üzdüm, atam. Indi bir azajyk ýaýnap ýaşamaga puryja ber!
Janalgyjam bolsa, eňegime ata sakgaly çykan halyma zörledip duranyma dözmedi öýdýän, öňküsine görä sesini biraz ýumşatdy:
— Tur, ýigit, erkek halyňa gözýaşa gark bolup oturmak ejizlik bor. — Ol şeý diýip, buz ýaly elini egnime goýdy-da: — Hernäçe janyksaňam, algydaryň köpdür, ogul. Onda-da iň esasy algydarlaryňy unudypsyň — diýdi.
Men, henizem oňly bir zada düşünmän, gorkuly nazar bilen onuň ýüzüne seretdim:
— Dogrudanam, kime bergimiň baryny bilemok, atam!
Ol birazajyk gaharlanjak boldy-da:
— Şony bilmeýän kişä bihepbe diýerler. Ata-eneňe bergiň çohdur, ogul-gyzyňa parzyň köpdür... — diýip, sanaşdyryp ugrady. Soňam menden nazaryny sowup, özbaşyna diýen ýaly gürledi: — Galyberse-de, teniň topragyňkydyr, janyň Ýaradanyňky. Wagty gelse bu zatlaram bermeli bolarsyň...
Meni şagga der basdy. Bu gezek Ezraýylyň donunyň syýyndan ýapyşdym:
— Düşündim, atam, düşündim. Ähli hatamy düzetjek bolaryn. Ýöne maňa puryja ber!
Garaşylmadyk ýagdaýda Ezraýylyň kalbyna rehim indi. Ol hyk-çoklap ýerinden galyp, maňa seretdi-de:
— Bolýar, ogul. Ömrümde ilkinji gezek beglik menden galsyn. Saňa isledigiňçe puryja berýän. Ýöne bergileriňi üzjek bol — diýip, gözümden gaýyp boldy...
Men begenjime bogazyma sygdygyndan «Ur-ra» diýip gygyrypdyryn. Öz sesime özüm tisginip oýandym. Görsem, ýaňy turup ýüz görülýän aýnanyň öňüne geçen aýalym bärisine bakyp bälçireýär:
— Seniň-ä bergileriňi üzerligiň bar eken. Paraddan geçýän däldirin öýdeňok, zowladyp.
Ukudan oňly açylyp bilmän, iki elimi maňlaýyma diräp, äm-säm bolup oturşyma aýalyma jogap berdim:
— Berginiň ulusy öňde eken... — Soňundanam eşidiler-eşidilmez mydyrdadym: — Beh, bu dünýäň täsindigin-aý. Asyl, özüň özüňe amanat bolsaň nätjek?!.
1990 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar