05:30 Köneürgenjim | |
■ Köneürgenjim
Goşgular
Ata mekanym diýilip, Söýülip Juda söýülip, Belent başyma goýulan, Göwher täjim, Köneürgenjim. Eşdilip geçmişiň ýaňy, Gördüň Çingiz, Teýmirleňi, Minarasy beýik diňi, Bir buýsanjym, Köneürgenjim. Batyr Aly äriň ýurdy, Ýusup-Ahmet şiriň ýurdy, Üçýüzaltmyş piriň ýurdy, Tagzym sejdäm, Köneürgenjim. Ýada salsam ýekän-ýekän, Ýatyr munda ýedi arkam, Sen köňlümde ata mekan, Göz guwanjym, Köneürgenjim. ■ Gadymy galalar Geçmişiň ýaňyny süňňünde saklap, Dymyp otyr munda gadym galalar. Ajap arzuwlary köňlümde bekläp, Men olaň gaşyna barýan salama. Seleňläp, Seňňerläp belent diwarlar, Buýsanç bilen gysyp gerdenlerini. Wagtyň gazabyndan eýmenmän durlar, Äleme şan edip merdemligini. Üstünde şemallar eýleýär owaz, Geçip giden nä heňňamlar, nä zaman. Ýykylyp-ýumrulan diýmeseň biraz, Mertlik bilen durlar ahyr mizemän. Sap-sap bolup gelen sansyz ýagynyň, Sarsman durup darkaşyna döz gelen. Örki deýin, Durky deýin Zeminiň, Bu gün ynha hakydamda çözlenen- Gadymy galalar-mertlik nyşany, Geldi size maňlaýymy diräsim. Bu bagtyýar döwrüň mertebe-şany, Sizde jemlenipdir gadym mirasym. ■ Nejmeddin Kubra Gadymýete nazar aýlan hyýalym, Ýene alyp gitdi darkaşly döwre. Döş gerip gorapdyr dogdyk Diýaryn Ulug pirleň piri Nejmeddin Kubra. Gürgenç galasyny gabap ýatan ýow, Mertligine haýran galýar bu halkyň. Dört tarapdan lowlasa-da ot-alaw, Mertleň ruhy tug deý galkyp dur, galkyp. Ýurt başa täç etdi gerçek ogluny, Ala meýdan çaýkananda al gandan. Watan üçin jan bermäge howlugyp, Pirden pata aldy gadym pälwanlar. Gollarynda gylyç, şir kimin bolup, Gaýtdy Kubra ganymlaryň üstüne. Haşamly tuguny golundan alyp, Depeledi, saldy aýak astyna. Arman... Gurban boldy penjesin gysyp, Penjesinde basybaljyň baýdagy. Kubraň barmaklaryn bir-birden kesip, Baýdagyny yza alypdyr ýagy. Gözde Watan keşbi müdimi doňan, Din üçin jan berip şehit bolupdyr. Hatda jany tenden çykandan soňam, Ol duşmana garşy durup bilipdir. Gorapdyr Watany Dini-imany, Şanly ömri meňzeş aýdyma-şygra. Öz döwrüniň iň gaýduwsyz ynsany, Mertligiň nusgasy Nejmeddin Kubra. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |