22:23 Magtymguly Pyragy | |
MAGTYMGULY PYRAGY
Goşgular
Eý, akyldar adyñ tutsam, Ýürek joşýar, dynmaýar hiç. Göwün guşum göge galkyp, Asla aşak inmeýär hiç. Set-müñ sapar aýtsam adyñ, Ýene mährim ganmaýar hiç, Müñläp-müñläp ýazsam, galam Bir saparça sanmaýar hiç. Seniñkiden alyp ylham, Gyşda, ýazda synmaýar hiç. Çünki, hemmäñ ýürek ýagy, Garagöznüñ garasy sen. Jana deñdeş mähribanlañ Iñ saýyrdyñ, seresi sen. Añ-paýhasyñ, merdem sesiñ Mesgen tutan deresi sen. Tüm dünýäde zähmetkeşiñ Gözün diken çyrasy sen. Saña bolan sarsmaz söýgi Döwülmeýär, tänmeýär hiç. Joşýar indi nesillerñe, Arzuw eden toýuñ seniñ. Dolup-daşýar Türkmenistan - Uç-gyraksyz öýüñ seniñ. At-owazañ galyp arşa, Göge ýetdi boýuñ seniñ. Gitse-gelmez ýola gitdi Gören tupan-gaýyñ seniñ, Türkmen Altyn asyrynda, Ýeñiş sazy dynmaýar hiç. Hudaýguly ALLAMYRADOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||