20:53 Magtymgulynyň döredijiliginde halkyň yrym-ynançlarynyň, däp-dessurlarynyň beýany | |
MAGTYMGULYNYÑ DÖREDIJILIGINDE HALKYÑ YRYM-YNANÇLARYNYÑ, DÄP-DESSURLARYNYÑ BEÝANY Halkyň kök-damaryndan yzarlanylyp, namysyna-aryna siňip giden düşünjeler, yrym-ynançlar, däp-dessurlar şol halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen baglanyşyp, gündelik bolmaly adaty bir waka öwrülip gidipdir. Mysal üçin, täze dogan aýa sežde etmeklik, säher dogan güne salam bermek, boş öýe gireniňde-de salamlaşyp girmek, ýaş gelni, täze doglan çagany ýüzüňe sylmak we ş. m. köp sanly yrym-ynançlar bilen külli adamzat arkama-arka, nesilme-nesil geljege tarap umytly garap gelipdirler. Şu ýagdaýlar bilen baglanyşykly, kynçylykly pursatlarda özleriniň göwünlerini götermek islegi bilen “Umytly guş Käbä ýetmiş” diýen ýaly nakyllary-da döredipdirler. Diýmek, yrym-ynanç, däp-dessur adamynyň umyt yşygy. Adamlaryň kalbynda dörän, şinelän umyt yşygyny şöhlelendirmek, onuň täsirini has hem artdyrmak üçin olaryň manysyny datly setirlere salyp, adamynyň kalbyna tenekär ýaly damdyrmak zerur. Magtymguly sözlär, sözün soňlamaz, Türkmen halkynyň paýhas eleginde elenip, uzak asyrlary aşyp gelen gymmatly hazyna bolan, akylyňa akyl goşýan halk döredijilik eserlerini Magtymguly ussat ýaly öz döredijiliginde jaýba-jaý goýup, manysyny tiren ajaýyp şahyr az-azdyr. Magtymguly diýer, ýar-u hemdemge, Ol durmuşyň ähli taraplary babatda öz pikirini aýdýar, özü-de durşy bilen akyl-paýhasa eýlenen gudrat, tükeniksiz baýlyk, hazyna. Onuň döredijiliginde gadymylyk, halkyň her hili yrym-ynançlary, edim-gylymlary, dürli däp-dessurlary, türkmen maşgalasynda ulanylyp, däbe öwrülip giden durmuş hakykaty – ähli taraplaýyn beýanyny tapypdyr. Pähim eýleýen Magtymgulynyň sözüni, ýa-da: Türkmen maşgalasynda dowam edip gelýän däbe öwrülip giden alkyş-dileglere, dogalara, em-ýomlara, düýşlere, ýorgutlara, her hili yrym-ynançlara, olaryň halk arasynda ulanylyşyna Magtymgulynyň poeziýasynda biz kän gabat gelýäris. Pyragy, dünýä düýşdir, „Düýşe” meňzedilen bu pany dünýäniň bäş günlük ötegçidigini, munda diňe ýagşylyk etmelidigini, bimaksat ýaşap, hiç bir yz galdyrman ötüp gitmegiň ýaman işdigini şahyr öwran-öwran gaýtalaýar. Şahyryň özi barada aýdanymyzda, onuň ady diňe ýagşylykda ýatlanylyp, asyrlardan-asyrlara uzap, adamlaryň ýüreginde öçmejek yz galdyryp gelýär. Şahyryň maksady hem adamlaryň aňyna ýagşylyk etmekligi guýmak. „Ýagşylyk et-de, derýa okla, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler”, ine, şahyryň ýodasy-ýörelgesi. Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa, Magtymguly ýagşy işler etmekligi niýet edinen adamynyň türkmeniň yrym-ynanjyna görä, ir turup, üstüne gün dogdurman, Allatagala ýalbaryp, ýamanlardan daşlaşyp, ýagşylara ulaşyp, şeýtanyň şerini başa bardyrman, diňe ýagşylyk etmelidigini öwran-öwran nygtaýar: Säher tur, Hudaýa ýalbar, Her bir adamynyň içinde ýamanlyk bolýar, şol ýamanlyklardan (göriplikden, açgözlükden, men-menlikden, mahlasy her hili ýaman niýetlerden) saplanmadyk adam hiç wagt ýagşylyk edip bilmez. Şu ýerde Muhammet pygamber bilen bagly bir rowaýaty ýatlasym gelýär. Muhammet pygamber entek 5-6 ýaşly çaga wagtynda goýun bakmaga gidenlerinde ak eşikli perişdeler, onuň ýüregini sogrup alyp, süpürip, arassalap ýerine salýarlar, ýamanlykdan arassalaýarlar. Şonuň ýaly Magtymguly hem içinden ýamanlyklary aýryp, saplanmadyk adamdan, hiç ýagşylyga garaşmaly däldigini ýörite nygtaýar: Ýagşylyk tamasyn etmäň, Türkmeniň yrym-ynançlarynda ir bilen turup güne salam bermek, üstüňe gün dogdurmazlyk, täze dogan güni, aýy ýüzüňe sylyp, Allatagala sygynmak barada, „Ýeri-gögi ýaradan, aýy-güni döreden” diýip dileg etseň, başlan işiň şowly bolýandygy hakda aýdylýar. Magtymguly hem şu ideýa gulluk edip, ir turmaklygy, Haka sygynyp, diňe ýagşy işlere baş boşmagy adamlara ündeýär, şu pikire ýygy-ýygydan gaýdyp gelýär: Säher wagty gapyl bolmaň adamlar, Asy bolma, günähinden dynawer, Magtymguly halk arasynda ýörgünli bolan bu yrym-ynanja örän berk eýerip, bu mesele barada ýygy-ýygydan ýatlaýar: Tur säher, Taňryga ýygla, ýa-da: Adam ogly ýatma gapyl, Alkyş-dilegler, Allatagala nalyş etmeler, dogalar Magtymgulyda örän ýerlikli ulanylypdyr. Ol hem ähli adamzat ýaly Alla sygynýar, ondan dileg dileýär, doga okaýar: Magtymguly mydama, doga kylar dergaha, ýa-da: Istese deň-duşlar başa altyn täç, Halk döredijiliginde alkyş-dilegler örän gadymy görnüş hasaplanýar. Baryp ilkidurmuş adamlary awçylyk, soňra ekerançylyk bilen meşgullanyp başlanlaryndan, gepleýiş dili kämilleşenden soň alkyş-dilegler hem ýüze çykyp başlapdyr. Adamlar awa gidenlerinde biri-birine „Aw ganly bolsun!”, „Tohumyň müňlesin!’ diýip, alkyş-dileg eder ekenler. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapan gap-gaçlarynyň ýüzünde „bereketli bolsun!”, „şu gabyň eýesi uzak ýaşasyn!”, „şu gapda nahar iýeniň tagamy inine siňsin!” diýen ýaly ýazgylaryň duş gelýändigini arheolog alymlar belleýärler. Gargyşym daşlarny mum deý erider, ýa-da: Magtymguly özi baradaky pikirlerini şeýle beýan edýär, şonuň bilen birlikde alkyş alýan adamynyň işiniň mydama oň boljakdygyny, gargyşyň ýaramaz netijelere getirjekdigini sözüni aňlan adamlara gaýtalap-gaýtalap düşündirmäge synanyşýar, öwüt-nesihat berýär: Ömri-saly artar alkyş alanyň, ýa-da: Ýamany goý, ýagşylara göz ildir, Iline-gününe diňe ýagşylyk islän, mydama ýagşylygyň gözleginde bolan ýagşy niýetli şahyryň haýsy bir setirini mysal alsak, olar diňe pähim-paýhasa eýlenen, ýagşy alkyş-dilegleri şahyr iliniň-gününiň hatyrasyna ulanýar: Hudawende, gerçe nebsim ýamandyr, Şahyryň alkylşary, Alladan dileýän dilegleri diňe özüne degişli däl, ol il-gün adamsy, ile-güne hem Alla sygynmagy, Biribardan dileg dilemegi ündeýär. Ine, türkmen öýünde her günde aýdylyp däbe öwrülip giden alkyş-dileg, doga-töwürleriň Magtymgulyda gabat gelşi şeýleräk. Magtymgulynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän ideýalaryň, many-mazmunyň ählisi hem gözbaşyny halk döredijiliginden alyp gaýdýar. Her bir türkmen, her bir musulman öz okaýan doga-töwirlerinde, her nahardan soň „ýagşylara ýanaşdyr, ýamanlardan azaşdyr”, „azdyrmasyn, azana duçar etmesin” diýip, Biribardan dileg edýändir. Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa, Ajalyňdan gorkup girseň ummana, Başga bir goşgusynda bolsa: Magtymguly, sen dembe-dem, Beýik Magtymguly halkyň Allatagala şükür etmek, kysmatyna kaýyl bolmak ýörelgesini hem öz döredijiligine siňdiripdir. Ozalbaşda her kime Allatagalanyň beren ryzky, döwleti bolýar, şoňa kaýyl bolmaly, nebsiňi şaglatmaly däl, nebsi goýberseň, adamzadyň isleginiň soňy gutarmaýar: Ýer ýüzi doldurmaz gözüň hanasyn, ýa-da: Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun, Halal-haram meselesi Magtymgulyda iň ýörgünli ulanylan meseleleriň biridir: Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap, Magtymguly şeýle täsin, gudratly setirleriň üsti bilen adamlary halallyga çagyrýar, adamzat näçe mal-mülk, baýlyk ýygnasa-da, ahyry barjak ýeri o dünýä, bu dünýäde halal ýaşasaň, ahyretiňi gazanarsyň, imanly bolarsyň. Emma öz ryzkyna kaýyl bolman, halaly-haramy seljermän, „herne tapsa, gözüni ýumup ýuwdup otyran” adamzat balasyndan Beýik Perwerdigär hem närazy bolýar. Ahyrynda bu pany dünýäden hemme kişi, baýy-garyby galman gitmeli, adamzat bu pany dünýäde ötegçi myhman. Dünýäni gyzgyn tutmagyl, Şahyr diňe ryzkyna kaýyl bolup, halal ýaşamak ideýasyny öňe sürýär, üstünden asyrlar geçenligine garamazdan, Magtymgulynyň ajap poeziýasy adamzady dogry ýola çagyryjy şamçyrag ýaly lowurdap dur. Magtymguly, bu günüňe şükür eýle, Başga bir setirinde Magtymguly: Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr, Musulman sen, habar algyl, Zülaldan, Halkyň gündelik ulanylyp gelýän yrym-ynançlaryndan başga her hili däp-dessurlary hem Magtymgulynyň döredijiliginde ýeterlik orun alypdyr. Aýratyn hem adamzadyň iň soňky ýoluna ugraýşy, naçarlaryň saç ýaýyp aglaýşy, ses edişi – bu zatlaryň dessur bolup galyşy hakda şahyr şeýle pikir ýöredýär: Ryzk wekili geler, ryzkyň ýok edip, Kim bardyr ki, pelek bagryn bozmamyş, Bu pany dünýäniň ahyrynyň ölümdigi Magtymgulyny oýlandyrýar, ol ajaly kepen biçiji haýýat atlandyrýar, ajal kowalasa, hiç gutuldyrmajak awçy – saýýatdyr: Günde kepen biçer bu ajal – haýýat, Bu saýýatdan gutuljak adam – baýam, garybam ýok, hemmesiniň barjak ýeri bir ýer, ajy ölüme-de adam ogly çydamaly bolýar, çünki bu aýralyk hemmeleriň başynda: Aýralyga adam ogly neýlesin? Şeýlelikde, türkmen maşgalasynda ýerine ýetirilýän her hili däp-dessurlar ajaýyp goşgy setirlerinde beýanyny tapypdyr. Pähim-paýhasa eýlenen bu ajaýyp setirler halkymyzyň ýoluny ýagtyldyp dur. Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |