MEN DÜNÝÄNI DÜZETJEKDIM...
Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.
Gözedürtme gijelerde
Diňledim arşyň demini.
Juda kän kösendim ýerde
Tapman köňlümiň emini.
Soň täjir aldy ýanymy,
Ony utmaga çalyşdym.
Galan ömrümiň ýaryny
Kagyzdyr syýa çalyşdym.
Ýüz öwürdi ezizlerim,
Içimi dökdüm ýatlara.
Meni heniz-henizlerem
Ýakýar şol ajy ýatlama.
Men dünýäni düzetjekdim,
Eden arzuwym puç boldy.
Ýaş wagtym ölüp gitjekdim,
Bolmady.
Soňam giç boldy.
***
Sallançagy aýyrdylar böwürden,
Ony, gör, nirädir gitdiler alyp.
Galdy onuň öňki ýaz deý döwürden,
Tama degip oýan ýeri garalyp.
Enäniň gözýaşy kepänokdy teý,
Ol busup otyrdy dünýäni görmän.
Çaganyň daşyna oralan mütgel,
Onuň arlygyna meňzeşdi örän.
Neneň gowy boljak,
Aýtmak gerekmi?
Wah, aglaýsa,
Wah, çyrlaýsa oýanyp.
...Obany örüzýän agy sesleri,
Bilenokdy bir çagany oýaryp.
■ Heýkeltaraş
Heýkeltaraş öz heýkelin ýasady,
Ömrüni sarp etdi ýonup hem ardyp.
Soňam taýýar bolan işini synlap,
Özüni dünýäde duýdy ol artyk.
■ Şemally gije
Töweregiň meňzi örän tutuksy,
Şagallar ýürege düşýär ses edip.
Açyk penjiräniň serpip tutusyn,
Biri käte-käte gidýär seredip...
***
Suwuň ysy gelýär ak gülälekden,
Gyzyl gülälekden damjak bolýar gan.
Ondan oňa perwaz urýar kebelek,
Otlar ülpüldeýär teşnelik aňman.
Emele getirýär ýaşyl düşegi,
Ter baldaklar öl topraga baslygyp.
Hemem ortarada göwnühoş garga
Çokalaýar ölen gargaň maslygyn.
* * *
Öljegime ynamym ýok. Ýene-de ýagmaly diňen.
Gün ýaşandan garaşýaryn täzeden atmaly daňa.
Dogry, maňa duş gelenok o dünýäden geldim diýen,
Ýöne gelmedim diýenem heniz-ä duşanok maňa.
Bilip ýa-da bilmän maňa eden bolsaňyz hyýanat,
Gorkmaň heniz diri wagtym günäňizi geçirerin.
Diýselerem: "Daň atanda hökman gopmaly kyýamat",
Pul iýip durmasyn diýip, çyralary öçürerin...
* * *
Günem göge ulaşypdyr,
Indi ýerden galman hiç.
Täleý öňden bulaşypdyr,
Dogry ýoly bilmen hiç.
Ýamana at dakyp bilmen,
Ile dogry bakyp bilmen,
Hesret ýükün çekip bilmen,
Hezil edip gülmen hiç.
Peýda ýok, etsemem puşman,
Bu dünýä bilen oňuşman,
Geçdim bir gün sogrulsa jan,
Yza nazar salman hiç.
Aklym ötgür yza berdi:
Ýok pikirler dyzaberdi,
Dünýä her pursat özgerdi,
Mundan many alman hiç.
Aslyň bolmasa perişde,
Çetde durmak kyn bet işden,
Ömrüm gaýdypdyr inişden,
Pellehana gelmen hiç.
Keseki saýyp bu pany,
Mekan edindim asmany,
Bilsemem ýyldyzlaň sanyn,
Ýeňiş sazyn çalman hiç.
Günälini daşlamadym,
Ýalandan göz gaşlamadym,
Men jahanda ýaşamadym,
Şol sebäpli ölmen hiç.
* * *
Bu mahal ähli zat görünýär maýda,
Maýda gülki, şatlyk, adam ykbaly,
Göwnüňe bolmasa, gögem golaýda
Ýyldyzlaram ýere damaýjak ýaly.
Içeri girýärin, üýtgäpdir jaýym,
Kalbym aýdym aýdýar hem tutýar ýasy.
Bu mahal bir şahyr berendir janyn,
Ýa dünýä inendir jahanyň şasy...
■ GELIN
Miweler ýygnalyp,
Hasyl sowulyp,
Daragtlar gollaryn gerende gyşa,
Deň-duşunyň arasyndan sogrulyp,
Oba gyzy çykyp gitdi durmuşa.
Ol gyz şonda edep üçin aglady,
Gözýaşlary patrak kimin seçildi.
Gyzlyk bilen gelinligiň arasy
Sanaýmaly minutlarda geçildi.
Ynjalanok giň otagda aýlanyp,
Gyzlygyna uçup gidýär hyýaly.
...Otyr gelin durşy bilen şaý bolup
Tokaýy küýseýän arça mysaly.
***
Geçmişimi durmaýaryn ýazgaryp,
Çünki seniň nazaryňdan ýandym men.
Öz kalbyma ýazanymy az görüp,
Bir çynara seň adyňy ýazdym men.
Ondan bäri köp ýyl ötüp gidipdir,
Bezäpdir daragtlar ençeme ýazy.
Seň adyň çynardan ýitip gidipdir,
Galypdyr kalbymda çakgyň yzasy.
■ GELNIME
Bolar, gülüm, bar zat gülala-güllük,
Bir ömre ýeterlik bolar bagtymyz.
Men aýlykly ýerde ederin gulluk,
Dynç almaga ýeterlik bor wagtymyz.
Bäş otagly jaý bererler merkezde,
Özem ol jaý bolar bazara ýakyn.
Uly ýelpewaçlar işlär her ýerde,
Yssyda ýaşamak bolmaz ýaly kyn.
Gulagmy gorjalap, goýup ezýetde,
Kitap çykartmaga ederler mejbur.
Bu zatlaryň daşyndanam, elbetde,
Halkyň arasynda bolaryn meşhur.
Bir günem ýatyrkam öýüň töründe
Dünýäniň gowgasy başymdan sowlar.
Soňam çäge ýerde gazlan görümde
Maňa azar bermez ýerasty suwlar.
■ BAHAR GOŞGUSY
Gök ýüzünden gara bulut syryldy,
Asman öňküsinden ýokary galdy.
Ýaz şemaly bu topraga gelşine,
Guşlary çykardy bagyň gerşine.
Ähli zat ösüşde bir pursat durman —
Dagyň depesine howlugýar duman.
Höwes edip bu ajaýyp ahwala,
Zemin bägül boýy galdy asmana.
■ AZAŞAN ŞEMAL
Bulutly gijede azaşan şemal
Yz gözläp aýlandy ullakan çöli.
Emma bar azaby boldy biderek,
Görmedi tanyş ot ýa tanyş çöpi.
Ol aýlandy ýördi uzyn gijesi
Aňman uly tozan getirýänini.
Ah, yz gözläp duýanokdy betbagt
Şol yzlary özi ýitirýänini.
■ MARAL SUW IÇDI
Teşne maral epgek, jöwzaly günde
Halasgär güzeriň bardy başyna.
Onuň gözel keşbi aýna deý suwa
Özün urdy barşyna.
Maral birdenkä-de tisgindi,
onuň
Gözi düşdi suwda başga marala.
Garaýşy ejizdi hem-de ezizidi,
Ot bermezçe däldi duýgur damara.
Yşk lowlady ak maralyň gözünde,
Hyruç bilen suwa baka egildi
Hem diýseň ynamly, diýseň dözümli
Doýman sordy suwmaralyň lebinden...
■ ENEME
Her gün ýatmazyňdan öň
Ýa eliň boşan wagty
Magtymgulynyň kitabyn ―
Hasrat gatançly bagty
Bererdiň-de elime:
«Hany, okap ber» diýerdiň.
Ana, şeýdip dil açardy
Köňlüňe çöken derdiň.
Her gün agşam gaýtalamsoň
Magtymgulynyň sözlerin.
Belläp alyp haýsy ýerde
Ýaşarýan bolsa gözleriň,
Saýlap okardym şol ýeri.
Sen hem hiç zat soramazdyň.
Terkidünýä setirlerden
Meni asla goramazdyň.
Bagtsyzlykdan başga bagtyň
Ýokdugyny duýdurdyňmy?
Ýa soňky diýjek sözümi
Şeýdip, başda diýdirdiňmi?
■ ESGERIŇ OGLY
Duşman güllesinden ölüpdi esger.
Yzda gelni galdy gözlerin ýaşlap
Hem ýör bir ýaşlyja çagasy ýaşap.
Hesrete ýan bermän, gowşurman elin,
Gijesi, gündizi işledi gelin.
Çatmada gundalgy ýatardy ogly,
Ol bolsa kolhozyň bugdaýyn ordy.
Soňra... urşuň yzyýanynda... baharda...
Eli sypyndygy, tapsa bahana.
Gelin gürrüň berdi şat günler hakda,
Meýdanda açylýan şoh güller hakda.
Gapdalynda diňläp ýatardy ogly.
Oýunjaklar gurşap durdy daşyny.
A oglan olardan uzaga gaçdy
Hem galdyrman ençe günläp başyny,
Tüpeňjik ýasandy guran agaçdan...
■ GÖZELLIK
Aklymy terk etmez, çykmaz huşumdan
Gözelligiň öňsüz-artsyz şalygy.
Gamyşlaň tozgasy dumly-duşumdan
Ýagýar hem syraýar bu şemally gün.
Barýaryn inçemik ýodany yzlap,
Birden sülgün uçýar edil öňümden.
Ah, meýdan perisi, gaçma-da dazlap,
Ýöre ahyr, haýda ahyr deňimden.
Ürkme beýdip,
Menden görmersiň zyýan,
Men ýöne bir gözelligiň aşygy.
Neneň ajap — Günüň şöhlesi parran
Geçýär giň sahranyň, gör, üstaşyry.
Seret gök asmana durup astynda,
Onuň kir-kimirsiz giňligne seret!
Ähli zadyň serhedi bar aslynda,
Diňe gözellige çekilmez serhet.
***
Köňlüm, çyrşan goşgymyza göz aýlap,
Diýme sen: «Biziňki ugruna ýaly».
Çyn goşgular kynlyk bilen döreýär
Daşdan syzyp çykýan mumyýa ýaly.
Dag takady bir ýürege sygmaly,
Dag bolmakda bolsa şonçarak iş bar.
Daglar: «Men» diýenok,
«Men» diýen kesiň,
Men-menligin edýär äleme äşgär.
Daglar otyr diýme sessiz-sedasyz,
Ýok,
bu daglar birsalym hem dymmaýar.
Tämizligi görenlere göz edip,
Olaň gursagynda çeşme dyňzaýar.
Köňlüm,
Beýgelmäge höwes edewer,
Hem diýme: «Biziňki ugruna ýaly».
Goşgularmyz kynlyk bilen döresin,
Daşdan syzyp çykýan mumyýa ýaly
***
Hudaýym, bagyşla, parhlylyk et-de!
Men ýaşap bir bilermikäm Jennetde.
Kaýyl bolarmykam almasam jeza?
Oňup bilermikäm çekmesem jepa?
Öz ýalan şatlygym, özgäniň derdi
Maňa ýaşamaga bahana berdi.
Başda girip gam-gussanyň goýnuna
Goşulmadym ýalançynyň oýnuna.
Geň ýeri özümi duýamok erbet,
Ahmyryma ýanap, içýärin şerbet.
Günlerimi sanap manysyz öten,
Kalbymy päkleýän boş şowhun örten.
Göwnüm güman içre, mesgenim çetde,
Men ýaşap bir bilermikäm Jennetde?!
***
Halyň neneň, rahat ýatyrmyň, enem,
Geldim gutlamaga täze jaýyňy.
Arkaýyn bol, seniň günäli ogluň
Sargaýşyň deý iýýär nandyr çaýyny.
Ene, ölmüň manysyna düşene
Dünýeden gitmekde hesretem ýokdur.
Iň soňky ýol – özge azapsyz ömre
Hem özge şatlyga äkidýän ýoldur.
Ene, mundan başga näme diýeýin,
Derkarmy nä gözleriňi ýaşlamak.
Bu täze dünýäňde,
Täze jaýyňda
Saňa nesip etsin baky ýaşamak.
***
Biserhet älemiň jany däldir janymdan aýry.
Şatlygymam, hasratymam bozar älemiň ýüzün.
Bitakat ýüregim bolar ne bäri, ne-de aňry:
Ne kenara gyssanar, ne lezzet alar ýüzüp.
Hantama däl dostdan vepa, duşmandan ýamanlyga.
Sebäbi, soragymyň jogaby başga zatda.
Sebäbi, maýda hasaby salaýsaňam ýanlyga
Ne çalyndan içiň sowar, ne gönenersiň ýagdan.
Men azajyk akylly özgä ýol gorkezerden.
Men azajyk pähimsiz terk ederden şa ýoly.
Ýagşylar, ýamanlar bilen suw içýän bir güzerden.
Bir görseňä ýagşy men, bir görseň ýaman ýaly.
Adamlardan daşda bolsam, bolardym men perişde,
Ýyldyzlardan daşda bolsam, hokman bolardym zalym.
Bilýärin aýan bolmaz kimligim irde-giçde:
Gara duman içinde sessiz bugarar salym.
Özgäniň bagtyny görüp, höweslärin bagtymy.
Özgäniň hasratyn görüp , hasrata ýar bolaryn.
Kä şatlygym göge sygmaz, kä gan öýer bagrymy.
Ilimde ganat baglaryn, ilimde har bolaryn.
Asly owadan kebelek saklamaga janyny
Haşal otuň reňkine boýap gezer ganatyn.
Ýöne men gaýtalanmaz ýüregimi, aňymy
Duşmandan gizlemerin ejiz düşen halatym.
Meniň ýazgymy okap, şa unutsa şadygyn,
Gul öz guldugyny bilse, zerre armanym bolmaz.
Uly ili güldürmäge ýetmez meniň şatlygym,
Ýöne ajy hasratymam özgä agramyn salmaz.
***
Otyryn agaç tapçanda,
Üstümde asman gümmezi.
Käsämdäki ajy çaýda
Içýän ýarym Aýy ezip.
Agşam çagy ýurdum günden
Ýaňy öwürdi ýüzüni.
Haýran edýär günbe-günden
Ýagty jahanyň düzgüni.
Muňa näme diýjek ýeri,
Iýseň, iý-de otur gamy.
Ajy – haýryň miweleri,
Süýji – günäniň tagamy.
Daglaryn, düzün gezmeli,
Bir gün unutmaklyk üçin.
Örän geň – muňa gelmeli
Yzyňa gitmeklik üçin.
Käte kelle döwýäris biz,
Günä näme, näme sogap?
Bar kişiniň soragy bir,
Ýöne her kimde bir jogap.
Köňlüm, şatlanaly biraz,
Muňa gelme ýok täzeden.
...Eräp gidipdir ýarym Aý
Buz bolan çaýly käsede
Orazgylyç ÇARYÝEW.
Goşgular